20:36 Nedir şa hakynda rowaýatlar | |
NEDIR ŞA HAKYNDA ROWAÝATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ ŞALARYŇ KELAMY – KELAMLARYŇ ŞASYDYR Älemde ýaşaýan hemme adamlara mälim we äşgärdir: «Hemmäňiz çopansyňyz we her biriňiz raýatlaryň ýaşaýşyna jogapkärsiňiz!» diýen sözleriň mazmunyna lakyklykda beýik ýaradanyň merhemet saýasynda serwerlik –ýolbaşçylyk derejesini tapan biziň ýaly pespäl bendeleriň bolmagy hor-homsulara we aýak astyna atylanlara kömek bermeklik we olaryň gam-gussasyny paýlaşmaklyk üçindir. (Nedir şanyň permanlaryndan). Şalaryň şasy Nedir şa hakyndaky halk rowaýatlary onuň öz dogduk mekany Türkmenistanda ilkinji gezek aýratyn kitap görnüşinde neşir edilýär. Nedir şanyň häsiýetlerini her taraplaýyn açyp görkezmäge ýardam edýän bu kitapça okyjylaryň ünsüni özüne çeker diýen umydymyz bar. ▶ ŞALARYŇ ŞASY NEDIR ŞA HAKYNDAKY ROWAÝATLAR Nedir şa! Dört yklymy basyp alany üçin dört jygaly täji başyna geýen Nedir şa! XVIII asyryň birinji ýarymynda gul bolup Hywa bazarynda satylanlygyndan, tä şalaryň şasy diýen derejä ýeten Nedir şa indi üç asyr bäri dünýäniň taryhşynas alymlaryny aňkardyp gelýär. Nedir şa barada Eýranda, Arabystanda, Hindistanda, Ýewropa ýurtlarynda, Ermenistanda, Azerbaýjanda, Dagystanda, Moskwada, Sankt-Peterburgda köp-köp ylmy kitaplar, çeper eserler çap bolup çykdy we çykýar. Emma onuň öz dogduk mekany Türkmenistanda ne ylmy iş bar, ne çeper eserler. Bolaýmaly ýaly. Sebäbi, ol iňlis alymy Lokkart ýazmyşlaýyn, Kabkanda däl-de, ondan 16 mil demirgazyk gündogarda we Muhammedabatdan 3 mil günorta-gündogarda Destgir diýen bir gyşlakdanam gaýrarakda 1688-nji ýylyň 22-nji noýabrynda dogulýar. Bu aýdylýanlar Nediriň doglan ýeri häzirki Kaka şäheriniň töweregi diýdirýär. Ikinjiden, Nedir elmydama, hatda 1740-njy ýylda Delide şalaryň şasy diýen ady alanda-da özüniň türkmendigini, tüýs türkmendigini töweregindäkilere guwanç bilen aýdýar. Nedir özüniň Türkmendigini birnäçe permanlarynda aýratyn nygtap hem magtanyp ýazýar. Nedir şanyň zamandaşy bagdatly alym Abdylla ependiniň öz kitabynda ýazyşyna görä, Nedir şa beýleki myhmanlar bilen türkçe gürleşse, Abdylla ependi bilen türkmençe gürleşipdir. Ýene şu alymyň ýazyşyna görä, ähli metjitlerde okalýan hutbada Nediriň türkmendigi nygtalypdyr. Nedir şa Hindistanyň patyşasyna ýazan hatlarynda-daözüniň türkmendigini nygtaýar. Nedir şa öýlenende öz tiredeşi –owşarlardan Baba Aly bek kösäniň ilki uly gyzyna, ol wepat bolansoň, kiçi gyzy Göwherşada öýlenipdir. Ine, şu mysallardan çak tutanyňda-da türkmenlerden öňe çykan, çawy eleme dolan patyşa barada ylmy we çeper eserler ýazylaýmaly ýaly. Belki onuň zalymlygyny nazara alyp, ünsden düşürendirler. Eýle bolsa, ýalňyş. Nedir şa hiç millete-de rehim etmändir, has hem Kawkaz milletlerine. Şonda-da ermenilerde, azerbaýjanlarda Nedirnamalar barmak basyp sanardan kän. Ylmy-taryhy kitaplar bilen birlikde, Nedir şanyň ýaşaýşy, gylyk-häsiýeti, edermenlik-batyrlygy, parasatlylygy we harby işjeňligi barada halk arasynda onlarça rowaýatlar ýaýrapdyr. Şol rowaýatlaryň ençemesi gös-göni türkmenler bilen baglanyşyklydyr. Gynansak-da, ol rowaýatlar şu çaka çenli ne folklorçylar, ne-de taryhçylar tarapyndan toplanypdyr, ylmy-derňew obekti-de bolup bilmändir. Şol rowaýat-gürrüňlerden käbir mysallar: 1). Nediriň Hywada dört ýyllap gul bolanlygy we ony Ahala Keýmir körüň öz ýany bilen alyp gaýdanlygy barada. 2). Ugurly gazak bilen Keýmiriň arasyna jetlik düşenligi barada rowaýat. Ugurly gazak diýilýän Nedir şanyň iň ýakyn serkerdeleriniň biri. Ol 1738-nji ýylda Dagystanda Nedir şanyň süýtdeş dogany Ybraýym han bilen bile bir günde söweşde ölýär. Gazak tiresi ýemrelileriň bir bölegi diýsek, onda Ugurly gazagam türkmen bolup çykýar. 3). Nedir şa Keýmir köri gulluga çagyranda «durna gökde, duzak ýerde» diýen rowaýat. 4). Nedir şanyň dogumly, iň tilsimçi, iň edermen, iň ýetişikli serdary, garamagynda 14 müň ýomut, gökleň we beýleki tirelerden nökeri bolan Hanaly gökleň we Döwletmämmet ahun (Magtymgulynyň kakasy) barada rowaýat. 5). Nedir şanyň öz uly oglunyň gözüni oýduryşy baradaky rowaýat. 6). Nedir şanyň yrymçylygy baradaky (käkilikler hakda) rowaýat. Garaz, bizde-de rowaýatlar az däl ekeni. Ýöne üns berilmändir. Soňky ýyllarda taryh ylmynda obektiwlik, ony owadanlaman, taraşlaman, gowy-erbedini saýlajak bolman, bolşy-bolşy ýaly ýazyp beýan etmek barada biziň türkmen alymlarymyz köp çykyşlar edýärler. Şonuň üçin biziň türkmen ilimiziň taryhyna belli bir derejede täsir eden Nedir şa barada türkmen okyjylary hakykaty bilmelidirler. Ynha, indi hödürlenýän şu eliňizdäki rowaýatlar Nedir şanyň gylyk-häsiýetini, oglanlygyndan tä öldürilýänçä eden işlerini, rehimsizligini, nebisjeňligini, akylynyň kesgirdigini, garadan gaýtmazdygyny bilmäge okyjylara kömek eder. Olar dürli taryhy, edebi we gaýry çeşmelerden, halk arasynda bolan gürrüňlerden, ylaýta-da Muhammethusaýyn Kuddusynyň «Nedirnama» atly örän gymmatly we ähtibarly kitabyndan toplanyldy. Aşyrpur MEREDOW, filologik ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň Ylym we tehnika boýunça döwlet baýragynyň laureaty. * * * ▶ NEDIR ŞANYŇ YNANJY Nedir şa her bir zadyň sebäbini adamlaryň ezelden maňlaýyna ýazylan ýazgydy bilen baglanyşykly diýip düşünipdir. Hatda käbir derňewçiler Nediriň çozuşlar arkaly köp gyrgynçylyklar eden mahaly özüni ar alyjy Allatagalanyň islegini ýerine ýetirýän adam diýip bilipdir. Şuny aňladýan şeýle bir gürrüň hem ýaýrapdyr. Günleriň birinde Nedir şanyň bolýan öýüne bir ok atylypdyr, şol oka bolsa bir tike kagyz ýelmenen eken. Kagyzyň ýüzünde-de şeýle ýazgy bareken: «Eger patyşa bolsaň, raýata mähribanlyk, ýagşylyket, eger pygamber bolýan bolsaň, halas bolmaklygyň ýoluny bize görkez, eger hudaý bolsaň-da, halka rehim et». Nedir şa haty ýazany tapmak üçin näçe tagalla etse-de, tapmansoň, şol hatdan birnäçe nusga göçürip, goşun esgerleriniň arasynda ýaýratmagy tabşyrýar. Şol hatyň yzyna aşakdaky jogaby-da goşmagy buýurýa: «Men raýatdan hamaýat eder ýaly patyşa däl; men halas bolmaklyk ýoluny görkezer ýaly pygamberem däl; men bendelerine rehim eder ýady hudaý hem däl. Eýsem, men ýeňiji Allatagalanyň elinde bolan bir gural, men günäkärleri jezalandyrmak üçin geldim!» ▶ ŞANYŇ ŞAHYNŞAHA HYZMAT EDIŞI Deli şäherinde Hindistanyň patyşasy Muhammet şanyň we hindi emirleriniň we ýaşulularynyň huzurynda Nedir şaha hyzmat etmek, ony hormatlamak üçin guralan bir köşk meýlisinde, tötänden köşk hyzmatkärleriniň biri mejmede çaý we kofe getirýär. Ol hemişeki endigi boýunça, mejmäni ilki bilen Muhammet şanyň öňünde goýýar. Hind şasy we emirleri hyzmatkäriň ýalňyşandygyna düşünip: «Çaýy näme üçin ilki Nedir şanyň öňünde goýmadyka?» diýip ynjalyksyzlanýarlar. Emma Muhammet şa çalasynlyk bilen mejmäni alýar-da, ony özi Nedir şanyň öňüne eltip goýýar we: «Hyzmatkäriň maksady şa şahynşaha hyzmat etmelidir diýmek eken» diýip, hyzmatkäriň ýalňyşyny düzedýär we onuň bu hereketiniň ýaramaz täsir galdyrmagynyň öňüni alýar. ▶ HOWSALANYŇ ARADAN AÝRYLMAGY Nedir şa uzak ýurtlaryň birine goşun çekip barýarka, goşunyň öň hatarynda barýan esgerler ýolun ortarasynda dikilen bir gazyga gabat gelýärler. Şol gazygyň ýüzünde «Kimde-kim şu gazykdan aňryk geçse, heläk bolar» diýlip ýazylan eken. Şu ýazgyny gören goşun öňe gitmekden saklanýar. Bu ýagdaýy yzrakdan gelýän Nedir şa habar berýärler. Şonda ol ýaňky gazygy ornundan sogrup, ony goşunyň öňünden göterip gitmegi buýurýar. Şeýlelikde, esgerlerhiç hili ynjalyksyzlanman, şol gazygyň yzy bilen özýörişlerini dowam edýärler. ▶ BAŞARJAŇLYK WE MYNASYPLYK Nedir Maşadyň golaýyndaky «Hoja Rebyg» diýen ýerde ýerleşýängoşun polkunda gulluk edýän mahaly, Tähmasyp mürzäniň köşgünde hyzmat edýän Pethaly han bilen başarjaňlyk we laýyklyk ugrunda bäsdeşlik edýär ekenler. Serdarlaryň ýygnanan çadyrynyň birinde «Nedir bilen Pethaly hanyň haýsy biriniň başarjaňlygy we serdarlyga laýyklygy köpräk» diýen temada gürrüň edilýär eken. Şonda serdarlaryň biri «meniň başarjaňlygym we laýyklygym olaryň ikisinden-de köpräkdir, eger olaryň ýagdaýy mende bolan bolsa, ikisini-de aradan aýrardym» diýýär. Bu gürrüňi eşidenleriň biri ony Nedire habar berýär. Nedir bolsa şol sözi aýdan serdary öz çadyryna çagyrýar we oňa jalbaryny çykarmagy buýurýar. Soň bir iňňe getirdip, şol serdaryň otyr ýerine dürtüp başlaýar. Serdar çydap bilmän aýylganç gygyrýar. Şonda Nediriň özi balagyny çykaryp iňňäni öz otyr ýerine dürtmegi oňa tabşyrýar. Emma iňňe Nediriň guýrugyna çümmäň döwülýär. Çünki köp wagtlap at üstünde gezeni sebäpli guýrugynyň hamy galňap giden ekeni. Şonda Nedir ýaňky serdara ýüzlenip: – Indi başarjaňlygyň we laýyklygyň nämedigini bilen bolsaň gerek – diýýär. ▶ NEDIRIŇ GAÝGY-GAMY WE ŞATLYGY Nedir patyşalyk edýän wagtyňda, bir gün gymmatbaha geýimlerini geýip otarka, birden bir zat ýadyna düşüp, ilki aglapdyr, soňam gülküsi tutupdyr. Şol ýerde bolan Mürze Mihdi han (şanyň mürzesi) buýagdaýyň sebäbini şadan sorapdyr. Nedir şa şeýle jogap beripdir: –Üç ýaşly oglankam, enem-atam örän garyplykda ýaşaýardy, meniň-de egnimde eşigim ýokdy. Kakam ejemiň egren ýüplerini satyp, maňa üç gyrana bir geýim satyn alyp berdi. Men şol geýimi geýip, köçä çykdym-da, öz deň-duşlarym bilen oýnamaga başladym. Meni öz başlyklary hasap edýäni üçin, olar maňa tabyndylar. Şol pursatda başga bir köçäniň oglanlary bilen urşup, özüni edermen we batyr görkezen bir oglan meniň ýanyma geldi. Ol ýalaňaçdy, onuň geýmini egninden ýyrtyp sypyryp, alyp giden ekenler. Men, onuň görkezen edermenligi üçin, öz egnimdäki täze geýmimi oňa bagyşladym. Haçan-da öýümize dolanyp gelenimde, kakam meniň geýimsizdigimi görüp, maňa azar berip başlady, meni jaýyň üçeginden tanap bilen asyp goýdy. Ahyrsoňy ejem meni bu azapdan halas etdi. Bu gün bolsa, meniň şeýle dabaraly derejä ýetenimi görer ýaly, enem-atam ýok. Ine, şunuň üçin gam çekip agladym. Ikinji tarapdan bolsa, görýärin, Allatagala maňa her hili näz-nygmatlar berip, patyşalyga ýetiripdir, demme zat bilen üpjün edipdir. Şuňa bolsa, begenip güldüm. ▶ TÄÇ BAGYŞLAMA Rowaýatlara görä, Nedir şa Hindistanyň şasy Muhammet şany ýeňip, Deli şäherine girende, onuň hormatyna bir meýlis guralýar we şoňa ýurduň atly-abraýly adamlary-da gatnaşýarlar. Şolmeýlisde Nedir şa Muhammet şanyň gymmatbaha göwherler bilen bezelen täç-telpegini onuň kellesinden çykaryp, özi geýýär we içine demir goýlup tikilen öz telpegini bolsa oňa geýdirýär, telpek giň bolany sebäpli, onuň burnuna çenli ýetýär. Muhammet şa şunuň ýaly şalyk sylagynyň berilmegine derek, Hindistanyň 250 ýyllyk gaznasyny Nedir şa peşgeş edýär. ▶ NEDIRIŇ GUDRATY Nedir şanyň goşuny Hindistany ýeňip, Deli şäherine girenlerinde, ilatdan olja alyp başlaýarlar.Soň Nedir olja almagy bes etmeli diýip, buýruk berýär. Şondan soň bir hindi aýaly içi göwherden dolybir gapyrjagy getirip, şonuň içindäki göwherleriesgerlere paýlap bermegi Nedir şadan haýyş edýär. Nedir şa munuň sebäbini soraýar. Hindi aýaly şeýlejogap berýär: –Esgerler talaň edýän wagty, iki esger meniň öýüme gelip, şu gapyrjagy aldylar we ony açyp, içindäki göwherleri öz aralarynda paýlaşjak bolup duran wagtlary birden jarçynyň «patyşanyň buýrugy boýunça olja almagy bes etmeli, hiç kimiň malyna el uzatmaly däl» diýen sesini eşitdiler. Şol pursatyň özünde ýaňky esgerler göwherli gapyrjagy ýerinde goýup, öýden çykyp gitdiler. Siziň şeýle gudratyňyz we esgerleriňiziň buýruga şeýle tabynlygynyň hatyrasyna men şu göwherleri size peşgeş berýärin!–diýýär. ▶ MEN MERMER DAŞYNY ÇEKÝÄRIN Nedir mürze atly taryhçy özüniň Tebriziň taryh atly kitabynyň 89-njy sahypasynda Daşken (daş gazýan manysynda) obasynda bolan Tebriziň mermer daş magdanyny wasp edenden soň şeýle ýazýar: «Meniň atdaşym Nedir şa magdandan uly daşlary kesip, Horasana äkitmegi buýrupdy. Ol daşlar ymam Ryzanyň we özüniň gabrynyň üstünde salynjak jaý üçin hem-de Kelatda gurulýan ymaratlarda peýdalanylmalydy. Olaryň bir toparyny äkidipdiler, birnäçesi-de ýoldady we ýene bir topar daşlar kesilip, äkitmäge taýýar edilip goýlupdy. Edil şol wagtlar şahynşany şehit etdiler. Daşlar nirede bolan bolsa, duran-duranýerinde galdy». Awtor sözüni dowam etdirip, ýene-de şeýle ýazýar: «Ýaşlykdan bir zat ýadymda galypdyr: aýdymçy aýallar şol daşlary çekýän öküzleriň dilinden özleriniň ýakymly we gyzgyn sesleri bilen aşaky şygry aýdym edipaýdardylar: «Men mermer daşyny çekýärin, Nediriň zulmuny çekýärin». ▶ GOÝNUŇ GOL SÜŇKI Nedir ýaş wagtynda Horezm sebitinde özbeklere ýesir düşýär. Ony horezmli bir maldar çarwa satan ekenler. Ol maldar bolsaNedire sährada bakmak üçinbirnäçe goýun tabşyrýar. Nedir her gün çöle gidip, çopançylyk bilen meşgul bolýar. Birnäçe wagt geçýär. Hojaýyn Nediriň özüni alyp barşyndan, sözünden, oý-pikirinden parasatlylyk we paýhaslylyk alamatlaryny aňyp başlaýar. Ol bir gije düýş görýär. Görse, Nedir Eýranyň patyşasy bolupdyr, köp goşun toplap, özbekleriň bar güýjüni derbi-dagyn edip, özlerini-de dürli muşakgatlara sezewar edipdir. Şol günüň ertesi hojaýyn Nediriň ýanyna gelip, gören düýşüni aýdýar-da: – Eger men seni azat etsem, deregine sen näme edersiň? – diýýär. Nedir aýdýar: –Eger bir wagt serdar ýa-da soltan bolaýsam, nähili hajatyň we haýyşyň bolsa ýerine ýetirerin. Şonda hojaýyn aýdýar: – Şu berýän wadaň üçin maňa bir nyşan ber! Nedir goýnuň gol süňküni tapyp getirýär, şonuň ýüzüne daş bilen birnäçe söz ýazýar we hojaýyna berýär. Şondan soň hojaýyn Nediri (boşadyp, öz watanyna ugradýar. Ýyllar geçýär, Nedir ilki goşun başlygy bolýar, soň patyşalyga ýetýär. Hindistany basyp alandan soň, özbekleri boýun egdirmek maksady bilen Horezme we Buhara goşun çekýär. Buharany alandan soň, Horezme gelýär. Şu pursatda Nediri azat eden hojaýyn aradan çykan eken. Ol ölmezinden öň Nedir bilen bolan wakany ogullaryna gürrüň berip, onuň beren gol süňküni olara beripdir we: «Eger şunuň ýaly adam Horezme geläýse, sizem kynçylyga uçraýsaňyz, şu süňki oňa görkeziň, hökman ol size kömek eder» diýipdir. Nedir şa Horezmde özbek gozgalaňçylaryny tutup başlaýar. Şonda hojaýnyň ogullary özlerini halas etmek üçin kakalarynyň beren süňküni bir taýagyň ujuna dakyp, Nedir şanyň ýanyna ugraýarlar, olaryň yzy bilen ýene-de bir topar özbek şol tarapa ugraýar. Şanyň huzuryna baryp, kakalarynyň aýdan sözlerini Nedir şa ýatladýarlar. Nedir şa bolsa beren wadasyna wepa edip, olara hiç kimiň zat degmezligini buýurýar. ▶ GONAK GYRDY Nedir şa Tebriz şäherini basyp almak we ol ýerden osmanly türkleri çykarmak üçin, şol sebite goşun çekýär. Haçan-da, şäheriň golaýyna baranda, osmanly esgerler 8-10 adamdan ybarat toparlara bölünip, şäher baýlarynyň öýlerinde ýerleşipdirler diýen habary eşidýär. Nedir şa şol myhman kabul eden baýlary çagyrýar we olara: «Her kimiň öýünde osmanly esger bar bolsa, olary öldürmeli» diýip buýurýar. «Eger-de men şähere girenimden soň, meniň permanymy ýerine ýetirmedik bir adam bardygyny bilsem, ony öldürjekdirin»diýýär. Baýlar şähere öwrülip baranlarynda, öýlerinde näçe osmanly esgeri bolsa, ýa öldürýärler ýa-da şäherden çykaryn kowýarlar. Şondan soň «gonak gyrdy» diýen düşünje halk arasynda durnukly söz düzümine öwrülýär we şeýdip, Nedir şa hiç hili uruşsyz, aňsatlyk bilen Tebriz şäherini eýeleýär. ▶ DÜNÝÄDEN ÖTEN «Muntahab-at-tawaryh» atly kitapda aýdylyşyna görä, seýit Bagyr Halhaly diýen bir alym düýşünde hezret Alyny görýär, ol Nejepde öz guburynyňbaşynda bir kürsiniň üstünde oturan eken, töwereginde bolsa bir topar nurana adamlar duran ekenler. Birden hezret Aly «ol adamy getiriň!» diýip yşarat edýär. Bir salymdan soň Nedir şany getirýärler, ol öli ýaly bolup, Alynyň garşysynda durýar. Hezret Aly oňa käýeýär, eden ýaramaz işlerini ýüzüne basýar. Nedir şa sesini çykarmaýar. Soňundan başyny galdyryp, şeýle diýär: – Eý weli-alla, rugsat berseňiz, bir agyz sözüm bar. Hezret Aly: «Aýt!» diýýär: Şonda Nedir şa: – Eý, emiril-mümünin, hemme aýdan zatlaryňyz dogry, men olary inkär edip biljek däl, emma şuňa garamazdan, men seniň we şaýylaryň duşmanlarynyň gözüni kör edere barabar iş etdim –diýýär. Aly: – Hany, aýt, näme iş etdiň? – Siziň guburyňyzy remont etdim, ony tylla bilen bezedim, ol dört-töwerege nur saçyp dur. Hezret Aly şu sözleri eşidende, töweregindäki adamlara ýüzlenip: – Dogry aýdýar, muny onuň üçin taýýarlanyp goýlan jaýa äkidiň – diýýär. Ol adamlar Nedir şany aýdylan ýere eltýärler. Ýokarda ady tutulan seýit-de şol jemagatyň yzyna düşüp gidýär. Nedir şany eltip, bir ajaýyp baga girizýärler. Seýit-de şol baga girýär. Görse, Nedir şa şahana geýimlerini geýip, tagtyň üstünde otyr eken. Seýit onuň ýanyna baryp, salam berýär, gutlaýar we oýun-maza salyp: – Özüňi azapdan oňat halas etdiň! – diýýär. Nedir şa: – Eý, seýit, meniň hezrete aýdan sözlerim aýny hakykatdy –diýýär. ▶ KEÝMIR KÖRÜŇ EDERMENLIGI Nedir şa türkmenleriň garşysyna eden bir urşunda olaryň kabyla başlygy serdar Keýmir köri özi bilen girewhökmünde alyp gidýär. Şeýdip, ol türkmenleriň Etege we Darageze hüjüm etmekleriniň öňüni almak isleýär. Şondan birnäçe wagt geçenden soň, tötänden türkmenler Darageze hüjüm edýärler. Nedir Keýmirden bu hüjümiň sebäbini soraýar. Keýmir: – Bilemok, meýilleri bolandyr, edendirler-dä – diýýär. Şonda Nedir: «Sen poh iýýärsiň» diýýär. Keýmir kör: «Han aga, pohy, garga iýýändir, gargany bolsa gullar iýýärler» diýip jogap berýär. Nedire Keýmir körüň bu batyrlygy ýaraýar, şeýdibem ol gutulýar. ▶ ALMA GULAK Nedir şa Hemedandaka osmanlylar bilen eden bir urşunda her bir esger osmanly esgerleriniň gulagyny ýa-da burnuny kesip getirse, şoňa on tümen pul sylagyny bermeli diýip buýruk çykarýar. Şondan soň, Nediriň goşuny çaltlyk bilen öňe süýşüp başlaýar we esgerler yzly-yzyna gulak, burun getirip, sylag alýarlar. Şeýdip, 48 kilometr öňe gidip, bir dagyň etegine baranlarynda, Nedir şa «Alma gulak» diýip buýruk berýär. Şondan bäri ol daga «Alma gulak» at galýar. ▶ OGRY WE MUGRY Bir azançy minaranyň üstüne çykyp azan aýdýan eken. Nedir ony görüp: «...bu näme diýip gygyrar?» diýen: Ol «mugry» (ýagny mukry– «Kuran» okaýan) diýip, jogap berýärler. Nedir ol sözi ogry sözi bilen ýalňyşyp, «beýle bolsa, minaranyň «üstünden aşak zyňyň» diýýär. Adamlar «ogry däl-de, «mugry» diýip düşündirýärler. Onuň azandan öň «Kurandan»bir bölek kyragat edýändigini, ýagny okaýandygyny aýdýarlar. Şonda Nedir: «Eger onuň gykylygy hiç kime zyýan etmeýän bolsa, ilatyň sygyr, goýnuna päsgel bermese, goý, ol näçe islese gygyrybersin» diýen. ▶ ÝELKENLI GÄMI Nedir şa Dagystana goşun çekjek bolanda, Kaspi deňzinden gämi bilen geçmegi oňa maslahat berýärler. Nedir: «Gämi näme bilen hereket edýär» diýip soraýar. «Onuň hereketi ýele bagly» diýip jogap berýärler. Şonda Nedir: – Men özümiň we goşunymyň ygtyýaryny ýele berip bilmen –diýýär we gury ýerden hereket etmegi buýurýar. ▶ BUGDAÝ BAŞAGYNDAN JYGA Nedir şa wagtynda öz deň-duşlarynyň arasynda özüni şeýle bir salyhatly alyp barypdyr, hatda hemme oglanlar oňa boýun bolupdyrlar we onuň buýrugyny ýerine ýetiripdirler. Nedir hemişe bir bugdaý başagyny jyga hökmünde telpegine baglap, özüni häkim we soltan şekilinde görkezer eken we men siziňşaňyz, siz-de meniň esgerimsiňiz, özüňizi duşmanlar bilen uruşmaga taýýar etmelisiňiz diýer eken. Oglanlaryň hemmesi oňa boýun sunýan ekenler. ▶ NÄME DIÝSEŇIZ DIÝIŇ, EMMA IŞLÄŇ Nedir şa Owganystana goşun çekende, üstünden aşmasy kyn bolan beýik daglardan geçmeli bolupdyr. Şonda topçular toplaryny eginlerine alyp, dagyň üstüne çykarmaly bolupdyrlar. Şol kyn ýagdaýda iki sany topçy toplaryny dagyň ýokarsyna alyp baryşlaryna, öz aralarynda pyşyrdap: «Nediriň bize ýüklän bu muşakgaty nähili kyn iş» diýşipdirler. Ýeňselerinden ýöräp gelýän Nedir olaryň sözüni eşidipdir we: «Näme diýseňiz diýiberiň, emma toplary dagyň ýokarsyna çykaryň» diýipdir. ▶ BIR HALTA DARY WE HORAZ Osmanly döwletiniň ilçileriniň biri Nedir şa bilen bolan bir duşuşykda özi bilen bir halta dary getirip, ony ýere sepýär. Onuň beýtmekden maksady, biziň goşunymyz şu darylaryň sany ýaly köpdür diýmek eken. Şonda Nedir şa buýrup, birnäçe horaz getirdýär. Horazlar az wagtyň içinde hemme darylary çokup gutarýarlar. Şeýdip, Nedir şa ilçä jogap berýär. Onuň maksady, biziň bir edermen uruşyjymyz siziň ýüz-müň esgeriňize taý geler diýmek eken. ▶ ÄDIKDE NÄDIP ARPA ÖSÝÄR Nedir uruş wagtynda birnäçe günläp aýagyndan ädigini çykarmaýan eken. Käwagt atyna arpa berende, birnäçe arpa dänesi onuň ädiginiň içine düşüp, aýak deriniň çygyndan gögerip çykar eken. Gije-gündiz at çapdyryp gezensoň, Ädiginde arpa gögerýärdi oň. ▶ KELLEBAŞAÝAK Uruşlaryň birinde Nedir şanyň ogly Ryzaguly mürze-de kakasynyň ýanykda eken. Bir gün nahar wagty ol saçak başyna gelmeýär. Nedir munuň sebäbini soraýar. Ol: «Halym oňat däldigi üçin biraz süýtli bulamak iýdim» diýýär. Nedir şa: «Bulamak bilen uruşda ýeňiş gazanyp bolmaz, kellebaşaýak iýseň, güýjüň artar» diýýär. Aýtmaklaryna görä, Nedir şanyň iýmiti köplenç kellebaşaýak bolupdyr. ▶ NEDIRIŇ HÖKÜMI Bir goşun çekişlikde Nedir şanyň esgerleri köp ýol ýörändikleri zerarly, juda ýadap surnugýarlar we Nedirden dynç almaga rugsat bermegini haýyş edýärler. Emma ol kabul etmeýär. Duşmana ýakynlaşýandyklary hem-de ýadawlyklary sebäpli, Nedir her bir esgeriň öz ýany bilen bäş batman daş götermegini buýurýar. Onuň bu buýrugyny esgerler kynlyk bilen ýerine ýetirýärler. Bir gije-gündiz ýol ýöränlerinden soň, duşmana gabat gelýärler. Şonda Nedir şa daşlary ýere taşlap duşmana hüjüm etmegi buýurýar. Esgerler daşlaryny zyňyp, özlerini ýeňil duýanlary üçin, duşmana gaýduwsyz hüjüm edip, ýeňişgazanýarlar. ▶KADYR WE NEDIR Bir gezek Nediriň goşunlary Lut çölünde, Kirman-Maşat ýolunda Naýbent bilek Raweriň aralygyndaýerleşýän Kepbeýi-Nediri diýen ýerde dowamly we güýçli ýagyşa uçraýarlar, birnäçe derdesere sezewar bolýarlar, azyklary-da gutarýar. Bu ýagdaýa Nediriň gahary gelip, gazap bilen asmana tarap top atmagy buýurýar. Netijede bulutlar pytrap, ýagyş diňýär. Nediriň beren buýrugy we ýagşyň diňmegi esgerlere örän geň we möjüze ýaly görünýär. Şonda Nedir öz-özüne buýsanyp, «Huda-ýa, eger sen Kadyr (gudratly) bolsaň, men-de Nedirdirin (Na:dir – ýagny seýrek duş gelýän)» diýýär. Şundan soň esgerleriň Nedire bolan ynanjy öňküsinden-de artýar. ▶ URUŞ PLANY Nedir ýaş wagtynda öz ýoldaşy bilen sährada goýun bakyp ýören eken. Ol bir çete çykyp oturýar, öz ýanyndan oýlanyp, topragyň ýüzüne ençeme çyzyklar çekýär. Oýlanyp otyrka, birden ýoldaşy gelip, oňa päsgel berýär, pikirini başga ýana sowýar. Nedir oňa: –Näme üçin päsgel berdiň, Hyraty almaga goýmadyň –diýip, topragyň ýüzüne çeken uruş planyny oňa görkezip, –ine, bu ýer-ä Maşat, ony basyp aldym, soň Hyrata hüjüm etmek niýetim bardy, emma sen päsgel berdiň –diýýär. Ýoldaşy oňa gülüp, «Sen däliräpsiň öýdýän» diýýär. ▶GARRY KEMPIRIŇ NESIHATY Nedir şa Bagdada eden hüjüminde ýeňlip, yzyna– Hemedana gaýdyp gelýärkä, ýolda aç-hor ýadap, bir garry kempiriň öýüne barýar we ondan iýmäge bir zat bermegini soraýar. Kempir gaýnap duran gazandan bir käse aş getirip, Nediriň öňünde goýýar. Nedir sabyrsyzlyk edip, haýdan-haý gyzgyn aşdan içýär, netijede agzy, dodaklary bişip ýaralanýar. Bu ýagdaýy gören kempir oňa; «Sen-de Nedir şa ýaly, howlukmaç hereket etdiň, eger ol Bagdat urşunda howlukmaç öňe gitmedik bolsa, ýeňlişe sezewar bolmazdy. Sen-de eger biraz garaşyp, sabyr eden bolsaň, aş sowardy, ilki käsäniň gyrasyndan içen bolsaň, kem-kemden onuň ortalary-da sowardy, soň ortasyndakylara-da ýeterdiň we hemmesini içerdiň, agzyň we dodagyň-da ýanmazdy» diýýär. Nedir kempiriň bu nesihatyndan netije çykarýar we soňky uruşlarynda, ylaýta-da Bagdada eden soňky ýörşünde kempiriň nesihatyna amal edip, ýeňiş gazanýar. ▶ NEDIRIŇ GOŞUN BAŞLYKLYGY Nedir şa özünden öň geçen patyşalaryň taryhyny, ylaýta-da Çengiz han bilen Emir Teýmur Körekeniň başdan geçirenlerini bilmege köp höwes bildirýän eken. Günlerde bir gün hatda ol: «Eger men, Çengiz we Emir Teýmur üçimiz bir döwürde ýaşan bolsak, şonda Çengiz patyşa bolan bolsa, Emir Teýmurem wezir, menem goşun başlygy bolan bolsam, hökman bütin dünýä biziň üçimize boýun bolardy» diýipdir. ▶ MUGTA-DA DEGENOK Nedir bir ruhany adam bilen behişt barada gürrüň edýär. Ol ruhany behişdiň gözelligi we ajaýyp zatlary hakda köp gürrüňler edýär. Nedir şa: –Behiştde uruş, ýeňiş we üstün çykmak-da barmy? –diýip soraýar. Ol adam: – Ýok, behiştde diňe parahatlyk, ylalaşyk bar. Agzalalyk, uruş-sögüş diýen zat düýbünden ýok–diýýär. Nedir şa: – Onuň ýaly bolsa, behişt diýýäniň mugta-da degenok–diýipdir. ▶ JOGAP BIRDIR Bir gezek Nedir şa: «Her kim meniň üç sany soragyma dogry jogap berip bilse, uly sylag berjek. Emma biderek jogaplar berip, wagtymy alsa, öldüriljek» diýip yglan edýär. Ençeme wagtgeçýär, hiç kim onuň soragyna jogap bermek üçin synanyşmaga milt edip bilmeýär. Ahyrsoňunda bir sähraýy adam köşge gelip, Nedir şanyň soraglaryna jogap bermäge taýyndygyny aýdar. Gije ony köşge eltýärler. Nedir şa özüni tanatman, bir ýüzbaşynyň şekilinde onuň ýanyna gelýär. Gürrüň arasynda ol Nedir şa bilen görüşmegiň çetindigini, onsoňam soraglaryna jogap berip bilmese, nähili howply ýagdaýa uçrajakdygyny oňa duýdurýar: Soň bolsa: –Meselem, men senden barlag üçin häzir üç sowal soraýyn, eger dogry jogap berip bilseň, ertir şanyň huzurynda-da onuň soraglaryna-da jogap bermegiňe we ýeňjegiňe umyt etseňbolar – diýýär. – Birinjiden, jogap ber: Nedir adylmy ýa-da Anuşirwan? Sähraýy adam delil getirip, Nediriň adylrakdygyny subut edýär. Ýüzbaşy ikinji soragynda Nediriň şahsyýeti ulumy ýa-da Şaapbasyňky diýip soraýar. Sähraýy adam Nediriň şahsyýeti uly diýip subut edýär. Ýüzbaşy: «Üçünji soragymşeýle: Nedir batyrrakmy ýa-da hezret Aly» diýýär. Bu gezek sähraýy adam gahar bilen: –Bu sowalyň ýerliksiz. Özüni Aly bilen deň saýarça Nedir kimmişin? – diýýär. Şol günüň ertesi ýaňky sähraýy adamy Nedir şanyň huzuryna eltýärler. Ol üns berip seretse, Nedir şa şol öten agşamky gören ýüzbaşysy eken. Şoňa görä, ol aljyraýar, özüni ýitirýär. Soň Nedir şa öten agşamky soraglary ýene soraýar we şol öňki jogaplary eşidýär. Emma üçünji soragyň jogabynda: – Gurban, öten agşamky jogap gaýtalanmasyn we şol aýdylan söz bilen kanagatlanylsyn – diýýär. Nedir onuň sözünden hoşal bolup, ona sylag berýär. ▶ NEDIRIŇ PERMAN BERIJILIGI Şa Tähmasyp özüniň ýakyn adamlarynyň biriniň üsti bilen Nedire ol entek ýönekeý goşunbaşyka perman gönderip, şony ýerine ýetirmegi buýurýar. Nedir perman getiren şol adama şeýle jogap berýär: –Bar-da Şa Tähmasyba aýt, men enemden boýun egiji däl-de, perman beriji bolup dünýä inendirin– diýýär. ▶ŞIKAÝATÇYNY NEDIRIŇ HOPBA EDIŞI Haçan-da, Nedir Hyrata hüjüm etmek maksady bilen Maşatdan çykyp, Feriman diýen ýerde goşun toplap ýörkä, bir adam Maşat häkiminiň ýanyna baryp, şikaýat edýär, ýagny hökümet perraşlarynyň biriniň zor bilen üç gyran puluny alandygyny aýdýar. «Eger arzyma ýetişip, pulumy alyp bermeseňiz, Nedire habar ederin» diýýär. Şonda häkim gaharlanyp, ol adamy masgaralap, şeýle diýýär? – Nediri arkaňa hopba edip, Hyratdan şu ýere getirseň, puluňy şonda alarsyň–diýýär. Arzaçy hem tizlik bilen Ferimana Nediriň ýanyna barýar we bolan wakany hem-de häkimiň jogabyny oňa jikme-jik aýdýar. Nedirem gaharyna şol wagtyň özünde ol adam bilen atlanýar-da, derrew Maşada gelýär. Häkimiň diwanyna golaýlanda atdan düşýär-de, Nedir arzaçyny arkasyna hopba edip, dogry häkimiň ýanyna girýärler. Häkim bu halaty görüp, gorkusyndan tarpa-taýyn ölýär. Nedir şikaýat edeniň arzyna ýetişiklik edip, ýene-de öz goşun ordasyna öwrülip barýar. ▶ HAKANYŇ KELLESI Bir gün ýurduň uly we görnükli adamlarynyň gatnaşmagynda Nediriň huzurynda guralan bir meýlisde Mürze Mihdi han saçagyň gapdalyndan geçip barýarka, onuň aýagy tötänlikde içi çorbaly bir käsä degäýýär we käse düňderilýär, çorba bolsa saçagyň üstüne dökülýär. Mürze Mihdi han bu bolan säwlige gaty utanýar we Nediriň gazabyndan hem gorkýar. Şonda ol eden işi üçin ötünç soramak maksady bilen, duran ýerinden şeýle beýdi düzüp okaýar: Käsäni Hytaý hakannyň kellesi bildim baýak, Bolganym çün bu köşgüň iti awa kakdym aýak. Nedir şa Mürze Mihdi hanyň bu ötünçli goşgy beýdi ýaraýar, oturanlar-da oňa sag bolsun aýdýarlar, ony öwýärler. ▶ NEDIR ŞANYŇ MUŞAKGATLY DURMUŞDAN ZEÝRENMEGI Nedir şa Hindistany basyp alan badyna, hind patyşasy Muhammet şanyň huzurynda öz muşakgatly durmuşyndan zeýrenip şeýle diýýär: – Men Hindistana goşun çekip başlanymda, tä maksada ýetýänçäm, geýmimi çalşyrmaryn diýip kasam edipdim. Şol kasamymy subut etmek üçin bolsa, ynha siziň öňüňizde şol eşigimi çykarýan –diýip, kirlän, ýyrtyk-ýyrtyk bolup giden köýnegini oňa görkezýär. ▶ DIÝME, GETIR Nedir şa Dagystana goşun çekende, birnäçe wagtdan esgerleriniň puly gutarýar, olara aýlyk bermäge-de pul galmaýar. Şonda Nedir şa mejbur bolup, düýe hamyndan pul ýasamagy buýurýar, şony-da kümüş puluň deregiňe ýöretmeli edýär. Şol hamdan edilen puluň ýüzüne bolsa, «Düýe hamy, Nediriň hökmi, diýme, getir» diýen sözleri ýazýarlar. Bu pul birnäçe wagtlap rowaç bolupdyr. ▶ MUHAMMET ŞANYŇ DILDÜWŞÜGI Nedir şa Deli şäherini alanda, hind şasy Muhammet şa onuň garşysyna dildüwşük edýär. Bir meýlis gurap, şoňa Nedir şany-da çagyrýar. Goňşy jaýda bolsa bir topar ýaragly adamlary goýup, olara: «Her haçan men el çarpsam, tiz geliň-de Nedir şanyň işini görüň» diýip buýurýar. Hüjüm etjek şol adamlar meýlisiň dowam edýän zamanynda näçe garaşsalar-da, Muhammet şanyň el çarpmasyny eşitmeýärler. Meýlis gutarandan soň, munuň sebäbini ondan soraýarlar. Şonda Muhammet şa şeýle diýen: – Nediriň merdana keşbi, haýbaty we güýç-kuwwatyny bildirip duran kaddy-kamaty maňa jady ýaly şeýle çuň täsir etdi welin, birdenkä el çarpaýsam, ol sizden öňürti meni öldürer diýip bildim. Şoňa görä, el çarpmadan saklandym. ▶ NEDIR ŞANYŇ YSYRGANMAK DUÝGURLYGY Darageziň otuz kilometrliginde ýerleşýän Durunger obasyndan bir adam ýerli häkimiň zulmundan şikaýat etmek üçin, Ispyhana Nedir şanyň ýanyna gidýär hem-de ýany bilen bir batman Durunger tüwüsini sowgat äkidýär. Ispyhanda näçe tagalla etse-de, Nediriň huzuryna baryp bilmeýär. Alaçsyz galyp, şanyň aşpezhanasyna barýar we (Nedir üçin getiren sowgat tüwüsini kabul etmeklerini soraýar. Aşpez tüwini alyp, şol gije-de ondan palaw bişirip, Nedir şanyň saçagyna eltýär. Aşpez palawly tabagy Nedir şanyň öňünde goýan badyna, Nedir şa: «Heý, Durungerden bu ýere gelenadam barmy? Palawyň tüwüsi Durunger tüwüsiniň ysyny berýär-le» diýip soraýar. –Hawa, Durungerden bir adam geldi we bir batman tüwi sowgat getirdi – diýip jogap berýärler. Nedir şa öz ysyrganmak duýgusynyň ýitidiginden hoşal bolýar, şikaýata gelen adamy ýanyna çagyrýar. Netijede onuň arzyna ýetişiklik edip, şol ýeriň häkimini wezipesinden boşadýar, oňa bolsa hakyny alyp berýär. ▶ ÜÇÜSINIŇ-DE AKYLY BIR MEŇZEŞ Hemedan bilen Senendejiň 108 kilometr aralygynda, Dilberanyň demirgazyk tarapynda, Isfendabat raýonynda bir oba bar, ol häzirki wagtda «Nedir şa» atlandyrylýar. Onuň golaýynda bir çeşme bar. Günlerde bir gün şol obanyň aýallaryndan biri ýaňky çeşmäniň başynda küýzesine suw dolduryp oturan eken: Birdenkä, Nedir gelip, çeşmäniň gyrasynda atdan düşýär. Ilki atyny ýakýar, soň şol aýalyň küýzesini alyp, özi suw içýär. Nediri tanamadyk ol aýal oňa seredip: «Seniň akylyňam, Nedir şanyňkam, meniň adamymyň hem akyly –üçüsi-de bir meňzeş eken» diýýär: Nedir şa bu sözi eşidip, çuň oýa gidýär. Soň ol aýaldan haýyş edýär: –Men uzakdan ýadap geldim, eger mümkin bolsa, öýüňde biraz dynç alaýyn. Aýal kabul edýär, ony öýüne eltýär, öňünde çaý-nahar goýýar. Nedir: – Çeşmäniň başynda aýdan sözleriň manysyny aýtmasaň, men seniň naharyňy iýjek däl–diýýär. Aýal alaçsyz galyp, aýdan sözleriniň manysyny düşündirmeli bolýar: –Sen ýoldan ýadap hem-de derläp geldiň, bedeniň gyzgyn we derlidi. Atyň-da derläpdi. Şeýle ýagdaýda näme üçin sowuk suw içýärsiň, nähoşlajakdygyňa akylyň ýetenokmy? Ilki biraz dem-dynç alyp, özüňhem atyň deri gaýdýança garaşyp, soň ýuwaş-ýuwaşdan bedeniňi sowadyp, şondan soň suw içmelidigiňe we atyňy ýakmalydygyňa düşüneňokmy?– diýýär. Ikinji sözüniň manysy şeýle: Nedir şa uruşlarda örän howlukmaç we ulumsylyk bilen hereket edýär. Munuň üstesine-de tejribeli we iş bilýän adamlary öýde goýup, tejribesiz ýigitleri özi bilen urşa alyp gidýär. Şonuň netijesinde-de ol Bagdat urşunda ýeňildi. Meniň ärimiň akylsyzlygy barada bolsa, şuny aýtmak ýeterlikdir: Ol meniň ýaly näzenin aýalyny öýde goýup, mydama teblehanada atlar, eşekler, gatyrlar bilen gümra bolup ýör. Bu sözleri eşidip, Nedir şa gülýär, ol aýalyň akyl-huşuna, edermenligine aperin aýdýar we şol obany oňa bagyşlaýar. Häli-häzire çenli şol obanyň ýer eýeleri ýaňky aýalyň nesillerindenmişin. ▶ ÝEŇIŞ WADASY Nedir şa bir ýere uruşmaga barýarka, ýolda bir oglanjyga sataşýar-da, ondan adynyň kimdigini soraýar: Oglanjyk: «Fathullah («Hudaý ýeňşi») diýýär. Nedir onuň näme sapak okaýandygyny soraýar. Oglanjyk «Kurandan», «Innä fatahna...» («Hakykatdan biz açdyk ýeňşi») süresini okaýandygyny aýdýar. Nedir gidýär. Birnäçe wagtdan uruşda ýeňiş gazanyp, yzyna öwrülýär. Ýene-de ýolda şol oglanjyga sataşýar. Ondan adyny soraýar. Oglanjyk adym «Mihdi» diýýär. Näme sapak okaýandygyny soranda, «Kuran» okaýandygyny aýdýar: Nedir: – Birnäçe wagt mundan öň soranymda, başga zat diýdiň-le –diýýär. Şonda oglanjyk: – Ol wagt siziň urşa barýandygyňyzy bilýärdim. Uruşda size ýeňiş gazanmaklygy arzuw-umyt etmek isledim. Häzir bolsa, öz kakyky adymy we okaýan kitabymy aýtdym – diýýär. ▶ ÝAŞULYNYŇ YNANDYRMASY Nedir ýaş wagtynda, Horasanyň demirgazyk sebitlerinde türkmenlere we özbeklere garşy uruş edýän döwründe, bir gezek bir ýaşuly adama sataşýar. Ol adam Nediriň haýbatly syratyny, kuwwatly bedewini we söweşjeň sypatyny görüp oňa: – Seniň bu belent pikiriň we güýç-kuwwatyň, edermenligiň ýerli çaknyşyklara sarp bolmagyna meniň haýpym gelýär. Sen bar güýjüňi we edermenligiňi ýurduň paýtagtyny eýeläp, halka köp sütemler edýän duşmanlara garşy gönükdirmeli ahyry– diýýär. Bu sözler Nedire şeýle bir täsir edýär, ol şol sözlerden ylham alyp, ýurduň duşmanlaryny ýok etmäge taýýarlyk görüp başlaýar. ▶ NEDIRIŇ HÖKÜMINIŇ GÜÝJI Delide Nedir şanyň höküminiň güýji nakyla öwrülipdir. Ol aşakdaky wakanyň esasynda döräpdir. Nedir şa Delini basyp alanda, onuň esgerleri şäheri talap, olja alyp başlaýarlar. Nedir talaňy bes etmeli diýip buýruk berýär. Jarçylar permany hemme esgerlere yglan edýärler. Bu höküm şeýle bir tiz ýerine ýetirilýär, hatda bir aýalyň gulak halkasynyň bir taýyny olja alan esger Nedir şanyň permanyny eşiden badyna gulak halkanyň ikinji taýyny almakdan saklanýar. Soň şol aýal Nedir şanyň ýanyna gelip, gulak halkasynyň ikinji taýyny oňa bagyşlaýar. Nedir şa wakany bilenden soň, esgeri ýanyna çagyryp; «Näme üçin gulak halkanyň bir taýyny alyp, ikinji taýyny almadyň?» diýýär: Esger: – Haçan-da ikinji taýyny almaga el uzadanymda, seniň hökümiňi eşitdim we ony almakdan el çekdim – diýip jogap berýär. ▶ DÖRT ŞAHLY AK BALYK Nedir Maşady basyp adandan soň, özüniň geljekde ýerine ýetirmeli işleri we owganlar bilen etmeli uruşlary barada halkyň arasynda düşündirişler geçirýärdi we Ardaşir Babekan ýaly her gije düýş görýärdi. Bir gije düýşünde bir ördek bilen dört şahly ak balyk görýär. Ördegi atyp urýar, ýanyndaky adamlar näçe talaş etseler-de, şol dört şahly ak balygy tutup bilmeýärler. Ahyrsoňunda Nedir ony aňsatlyk bilen tutar. Ertesi gören düýşüni aýdanda, düýş ýorujylar: «Sen patyşa bolarsyň» diýýärler. Mürze Mihdi han dört şahly ak balygy dört ýurt diýip ýorupdyr. Ol ýurtlar Eýran, Hindistan, Horezm we Tährandan ybaratdyr. Şol ýerleri bolsa Nedir basyp alypdyr. ▶ NAGT JOGAP Nedir şa Nejebe baranda, şol ýeriň alymlaryndan biri–ýandakçy Seýit Haşym bilen duşuşýar (ol ýandak ýygyp güzeran göreni üçin şeýle lakam bilen meşhur bolupdyr). Oňa: «Siz dünýäden, baýlykdan geçip, örän jomartlyk edipsiňiz» diýýär. Seýit bolsa, dessine: «Ahyretden geçip, jomartlygy-ha siz edipsiňiz!» diýip, jogabyny nagt beripdir. ▶ GAPLAŇ BILEN URUŞ Nedir şa Ýerewanyň ýanynda Zengi-çaý diýen ýerde Abdylla paşa bilen uruşmaly bolýar. Türkleriňgoşun sany Nediriňkiden birnäçe esse köp eken. Olhowatyrlanýar. Emma uruşdan bir gije öň Nedir düýşünde gaplana meňzeş elhenç bir janawar görýär. Ol Nedire topulýar. Nedir goranýar we janawaryň boýnundan tutup, ony ýykjak bolýar, birbada başarmaýar, janawaryň aýaklary gazyk ýaly ýere pugta direnip durýar. Nedir şol aldym-berdimli ýagdaýda kömek sorap, esgerlerine ümleýär. Emma entek esgerler gelip ýetişýänçä, ol öz baldyr zory bilen ýaňky haýwany ýykyp ýeňýär. Şol günüň ertesi uruş başlanmazdan ön, Nedir gören düýşüni serdarlaryna beýan edýär we hökman ýeňiş gazanjakdygyny buşlap, olarda umyt döredýär. Şu iş bolsa, osmanlylaryň ýeňlip, Nedir şanyň ýeniş gazanmagyna sebäp bolýar. ▶ GORKAKLYK WE BATYRLYK Bir gün Nedir şa özüniň birnäçe ýakyn ýaranlarybilen awa gidýär. Ol gün ýaşaýança hiç bir aw awlap bilmeýär. Onuň ýaranlaryndan biri çölde aw awlap ýörşüne, bir obaly adama gabat gelýär. Ol adam bir gaplaň awlan eken. Ondan gaplaňy satyn alýar we Nediriň ýanyna gelip, göýä öz awlan awy hökmünde, ony Nedire görkezýär. Emma Nedir şa onuň şeýle edermenlik edip biljekdigine şübhelenýär, ony gorkuzýar: «Eger özüň awlaman ýalan sözleýän bolaýsaň, temmi ediljeksiň» diýýär. Nedir birden aýylganç ses bilen onuň üstüne gygyrýar. Ol adam gorkusyndan ýaňa reňki agaryp, haldan düşüp ýykylýar. Nedir wakany yzarlap başlaýar. Iň soňuňda gaplaň satan obaly awçyny tapýar. Ony barlap görmek maksady bilen, onuň üstüne-de aýylganç ses bilen gygyryp topulýar. Ol adam Nediriň bokurdagyndan tutup, özüni gorap başlaýar. Bu ýagdaýy gören Nedir: – Şol gaplaňy hökman şunuň ýaly batyradam awlap biler – diýip, obaly adama sylag berýär we beýleki ýalançy adamy bolsa jezalandyrýar. ▶ BAGT SE YKBAL Nedir şanyň goşunlary Genje galasyny gabanlarynda, onuň çadyry galanyň ýakynynda, duşmanynyň ok ýeterinde eken. Nedir çadyryňöňünde daşdan böwet – janpena ýasamaklygy buýurýar. Ol bir gün öz çadyrynda dynç alyp ýatyrka, birden ýerinden tarsa turýar-da, çadyrdan daş çykýar we diwanhana-çadyryna ugramakçy bolýar. Nedir çadyrdan çykan badyna duşmanyň top oky asmandan birbaş gelip, çadyryň içine, Nediriň ýatan ýerine düşüp ýarylýar we çadyry hem-de içindäki zatlaryň hemmesini derbi-dagyn edýär. Şunlukda, Nedir şa ölümden gutulyp, sag-aman galýar. ▶ HAFYZYŇ GUBURYNYŇ REMONTY Nedir şa owganlary ýeňip, olary Şirazdan çykarandan soň, şol ýerde birnäçe gün galýar. Şol wagtda onuň parasatly ýarýanlarynyň biri Nedir üçin Hafyzyň diwanyndan pal açýar. Netijede aşaky gazal gelýär: Hemme dilberlerden alsaň-da ýaraşar sen paç, Çünki älem huplarynyň başyna sen täç. Humar gözlerinden pitneli hemme Türküstan, Zülpüň towuna berer Hind bilen Hytaý hyraç. Bally agzyň Hyzr suwna mydamalyk berdi ömür, Dodagyň süýjüsi Müsür gandyndan aldy rowaç. Bu pal Nedir Şa örän ýaraýar. Şol bada Hafyzyň hem-de Şahçyrag guburlaryny daş-töweregi bilen remont etmekligi buýurýar. ▶ ESGERIŇ BAŞARJAŇLYGY Eýran goşunlary Bagdada hüjüm eden mahalynda Nikçe diýen ýerde bolan uruşda türk goşuny ýeňlişe sezewar bolýar. Uruş gidip duran wagty Bendaly Owşar atly Nediriň esgerlerinden biri türk esgerleriniň birini öldürip, onuň kellesinem kesip, atynyň boýnundan asýar we uruşmagyny dawam edýär. Urşa gyzygan bu esger kem-kemden öz goşunlaryndan daşlaşýar. Gün ýaşýar, garaňky düşýär. Ol ýoluny ýitirip, çölde sergezdan galýar. Netijede bütin gije ýol ýöremeli bolýar. Ertesi daň atanda seretse, ol Bagdat şäheriniň diwaryna golaýlan eken. Görse, uzagrakdan birnäçe türk esgeri gelýär. Bendaly çaltlyk bilen atyň boýnundan asylgy kelläni bir çetde gizläp, asla aljyramazdan, ezberlik bilen olara garap: –Men Nedir şanyň tarapyndan wekil, Ahmet paşa tabşyrmaly sargydym bar – diýýär. Duşmanyň esgerleri ony hormat bilen Ahmet paşanyň ýanyna eltýärler. Bendaly onuň bilen ýüzbe-ýüz bolanda, Nedir şanyň adyndan şeýle diýýär: –Bu boluş bolmaýar, ýa-ha galadan çyk-da, söweş et, ýogsa-da şäheri tabşyr. Ahmet paşa şeýle jogap berýär: –Nedir şa aýt, Eýran ýurdunyň ygtyýary seniň eliňde, ol ýerde näme edeýin diýseň, edip bilýärsiň, emma meniň bu ýerde öz ygtyýarym ýok. Bagdady saňa tabşyrmak üçin osmanly kaýsaryndan –patyşasyndan men buýruk almaly. Şondan soň Ahmet paşa ýaňky esgere gadyrly hezzet edip, soňundan-da ýanyna birnäçe osmanly esger goşup, oňy sag-salamat Nediriň goşunyna ýetirýärler. Şeýdip, ol esger özüni ölümden halas edýär. Bu habar Nedir şa ýetende, ol öz esgerine taňryýalkasyň aýdyp, ony sylaglaýar. Soň Diýarbekiriň Fettah atly serkerde häkimi Ahmet şanyň ýanyna iberip: «Esgeriň elten sargydy meniň tarapymdan däl. Ol özüni halas etmek üçin şeýle zady toslap tapypdyr» – diýdirýär. ▶ NEDIRIŇ HAÝBATY Nedir şanyň serdarlaryndan biri öýünde otyrka, ony Nedir ýanyna çagyrýar. Ol gorkup, howsala düşýär. Aýaly ony bu halatda görüp, «Näme beýle gorkýarsyň, Nediriň aýaly bilen meniň gatnaşygym bar, ol-a Nedirden beýle gorkanok» diýýär. Serdar: –Nediriň aýalynyň ondan gorkmazlyga haky bar, çünki ol ony her günde sada görnüşde görýär. Emma men bolsam Nediri tagtyň üstünde, başy täçli, ýany ýaragly, dabaraly, haýbatly görnüşde görýän. Şonuň üçin meniň ondan gorkmaga hakym bar–diýip jogap berýär. ▶ DILEG BITIRÝÄN DEPE Hemedanyň ýakynynda «Hajatrewa» (Dileg bitirýän) diýen bir beýik depe bar. Gadym eýýamdan Hemedanyň ilaty öz dilegleriniň ýerine ýetmegini islänlerinde, şol depäniň üstüne çykyp, dileg edýän ekenler. Nedir şa osmanlylar bilen eden uruşlarynyň birinde, söweşe ugramazynyň öň ýanynda öz serdarlary bilen şol depäniň üstüne çykyp, aşyk oklap pal atýar we: «Eger aşygy çüwemde, ol alçy gopsa, biz uruşda ýeňeris, ýogsam-da ýok» diýýär. Tötänden aşygy çüwende, ol alçy gopýar. Nedir şa bu paldan hoşal bolup, türklere garşy gaýduwsyz söweşýär we olary ýeňýär. Şondan soň şol depe şöhrat gazanyp başlaýar. Nedir şa onuň üstünde bir jaý hemsaldyrýar. ▶ PUGTA DÜZGÜN-NYZAM Kawkaz uruşlarynyň birinde Nedir şaýyň serdarlaryndan birnäçesi onuň guran aýşy-eşret meýlisine gatnaşýarlar. Şol günüň ertesi owşarlaryň garakly taýpasyndan we Nediriň ýakyn adamlaryndan bolan serdarlaryň biri iş wagty şanyň huzurynda gülýär. Muny gören Nedir onuň alyn dişlerini çekmekligi buýurýar hem-de: – Dynç alyş meýlisinde azat bolsaň-da, resmi ýagdaýda hökman düzgün-nyzamy saklamalysyň–diýýär. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |