09:51 Bohlul bilen Abu Hanyfanyñ dawasy | |
BOHLUL BILEN ABU HANYFANYÑ DAWASY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gün beýik ymam we alym Abu Hanyfa medresede oglan okadyp oturan eken. Bohlul-da bir çetse oturyp, onuñ sapagyny diñleýär eken. Abu Hanyfa sapagyñ dowamynda: "Ymam Japar Sadygyñ* aýdan üç zady bar, men şolar bilen ylalaşmaýaryn" diýýär. Ol üç zat aşakdakylardan ybarat: Birinjisi: Ol şeýle diýýär: "Şeýtan dowzahyñ odundan azap çeker". Emma şeýtanyñ özi otdan ýaradylan ahyryn! Şeýle bolaa ot nädip oña azap bersin?! Bir jyns öz jynsyndan ezýet çekmez! Ikinjisi: Ol "Hudaýy görüp bolmaz" diýýär. Emma bar zat görünmeli bolar ahyryn! Şeýle bolsa, Hudaýy-da göz bilen görüp bolar. Üçünjisi: Ol "Bir işi edip, derdesere düşýän adam öz etmişine özi jogapkärdir" diýýär. Emma hakykat munuñ tersinedir, ýagny her bir bendäniñ edýän işi Hudaý tarapyndan we bendäniñ özüne bagly däldir. Haçanda Abu Hanyfa bu sözlerini aýdyp tamamlanda, Bohlul ýerden bir kesek alyp, alyma tarap zyñýar. Tötänden, ol kesek Abu Hanyfanyñ göni mañlaýyna baryp degýär we ony ynjydýar. Bohlul bu ýagdaýy görüp, ol ýerden gaçýar. Aby Hanyfanyñ okuwçylaru ony kowalap tutýarlar, haluf bilen garyndaşlygy bolany sebäpli, ony halyfyñ ýanyna äkidýärler we bolan wakany oña gürrüñ berýärler. Bohlul bolan wakany boýun alýae we Abu Hanyfany çagyrsalar, onuñ soraglaryna hut öz ýanynda jogap berjekdigini aýdýar. Haçan-da, Abu Hanyfa häzir bolanda, Bohlul alyma ýüzlenip: - Menden näme sütem gördüñ? - diýýär. Abu Hanyfa: - Mañlaýyma kesek bilen urduñ, mañlaýymy ýardyñ, kellämi agyrtdyñ - diýýär. Bohlul: - Şol agyryny maña görkezip biljekmi? - diýýär. Abu Hanyfa: - Heý-de agyryny görkezip bolarmy? - diýýär. Şonda Bohlul: - Seniñ özüñ wujudy bar zat görünmeli diýýärdiñ we ymam Japar Sadygyñ pikirine garşy çykýardyñ. Allatagala bar bolýan bolsa, ony görüp bolmazlygyñ näme manysy bar? - diýýär. - Galyberse-de, sen öz jedeliñde utulanyñy boýun almajak bolup, kesek kellämi agyrtdy diýýärsiñ. Aslynda beýle däl ahyryn, çünki kesegem, seniñ özüñem toprakdan ýaradylan. Şeýle bolsa, sen nädip öz jynsyñdan ezýet çekip bilýäñ? - diýip nygtaýar. Üçünji matlap barada-da Bohlul: - Seniñ özüñ bendeleriñ edýän işleri Hudaý tarapyndandyr - diýdiñ. Onda nädip meni günäkärläp biljek, näme üçin menden şikaýat edip, meni halyfyn huzuryna getirtdiñ we menden tawan almak isleýärsiñ - diýýär. Abu Hanufa Bohlulyñ bu makul sözlerini eşidip, onuñ bilen ylalaşmakdan başga alajy galmandyr. ______________________________________ *Ymam Japar Sadyk - On iki ymamyñ altynjysy. Ymam Muhammet Bakyryñ ogly. 83-nji hijri-kamary (702 ý) ýylynda Medinede dogulýar. 148-nji (765-766 ý) ýylda-da şol ýerde aradan çykýar. Örän dogruçyl adam bolany üçin, oña Sadyk lakamy berlipdir. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |