00:34 "Seniñ üçin iñ gowy zat - iýmek we iýeniñi çykarmak..." | |
"SENIÑ ÜÇIN IÑ GOWY ZAT - IÝMEK WE IÝENIÑI ÇYKARMAK..."
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Günlerde bir gün Bohlul Harunerreşit halyfyñ ýanyna barýar. Şonda Harun: - Eý Bohlul, dünýäde hemme nygmatlardan oña nygmat näme? - diýip soraýar. Bohlul: - Seniñ üçin iñ oñat nygmat iýmek we iýeniñi çykarmak - meýdana gitmekdir we dine ynanýan dindar adamlar üçin bolsa, Hudaýa ybadat etmekdir - diýip jogap berýär. Bohlulyñ bu sözüne Harunyñ gahary gelip, öz jellady Mesrura ony türmä salmagy we el-aýagyny kündeläp, zynjyr urmagy, ertesi bolsa, onuñ dilini kesip getirmegi buýurýar. Şu buýrugy berýär-de, öz içki jaýyna girip gidýär. Mesrur alaçsyz galyp, Bohlulyñ aýagyny zynjyrlap zyndana taşlaýar. Şol gije halyf şamlyk naharyny iýenden soñ, içi agyryp başlaýar, emma içi gatanlygy sebäpli, näçe meýdan etmek isleseler-de, içi ýöremeýär. Halyfyñ ýörite tebibi näçe dermanlar içirse-de, hiç peýda etmeýär we ölüm howpy abanýar. Birdenkä-de, halyfyñ ýadyna Bohlulyñ onuñ üçin iñ oñat nygmat iýmek we iýeniñi çykarmak diýen sözleri düşýär. Şonuñ üçin tizlik bilen Bohluly boşadyp getirmeklerini buýurýar. Haçan-da, Bohluly Harunyñ huzuryna getirenlerinde, Harun zarynlyk bilen onuñ aýagyna ýykylyp: "Men seniñ bet dogaña giriftar boldum, gutulmagym üçin bir doga et" diýip towakga edýär. Bohlul: - Meniñ dogamyñ öwezine näme berjek - diýýär. Harun: - Islän zadyñy bereýin - diýýär. Bohlul: - Doga etmegim üçin halyflygy we bar hemme baýlygyñy bermeli - diýýär. Harun kabul edip: - Patyşalygy we hemme baýlygymy saña bagyşladym, Hudaýyñ haky üçin meni şu azapdan gutar - diýýär. Şonda Bohlul hem doga edip, Allatagaladan Haruny şu azapdan halas etmegini dileg edýär. Bohlulyñ dogasy kabul bolýar. Halyfyñ içinden ýel çykyp, içi ýöreýär, duçar bolan azabyndan gutulýar. Soñ Bohlul Haruna garap: - Eý Harun, gam çekme, seniñ patyşalygyñ we baýlygyñ maña gerek däl. Şonuñ deregine Bagdatdan Mekgä gidýän ýoluñ her menzilinde kerwensaraý we suw howdanyny gurdurmagy senden talap edýärin - diýýär. Aýdyşlaryna görä, Harun Bohlulyñ şol islegini kanagatlandyryp, Bagdatdan Mekgä çenli bolan ýolda kerwensaraýlar we suw howdanlaryny gurmaklyga buýruk berýär. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |