23:20 Hudaýyñ Taýagynyñ sesi ýokdur | |
HUDAÝYÑ TAÝAGYNYÑ SESI ÝOKDUR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Abbasylar dinastiýasynyñ taryhyny ýazan bir taryhçy şeýle ýazýar: Abbasy halyfy Hady* öz köşgüniñ eýwanynda bir topar ýakyn adamlary we sazanda-bagşylar bilen aýş-eşret meýlisini gurup oturan. Köşgüñ eýwany baga tarapdy. Bagda bolsa, bir garry bagban işläp ýören eken, ol gülleri sapmak bilen meşguldy. Halyf Hady haçan-da şerapdan doýup, kellesi mazaly gyzanda, oturan ýaranlaryna ýüzlenip: - Men şol işläp ýören bagbany nyşana alyp, šu oky onuñ arkasyndan girizip, gursagyndan çykaryp bilerinmi? - diýip soraýar. Meýlisde oturanlaryñ hemmesi biragyzdan: - Halyfyñ jany sag bolsun, siziñ ok atmakda deñ-taýyñyzyñ ýokdugyny hemmeler ykrar edýär, ýöne bir bigünä adamyñ ganyna galmak we bir maşgalany eklençsiz galdyryp, ýürek-bagryny ýandyrmak ynsapdan we jomartlykdan daş düşmekdir - diýýärler. Emma halyf hetdenaşa mesligi we ulumsylygy üçin, oturanlaryñ nesihatyna üns bermeýär we şol wagtyñ özünde ýaýyny çekip, janalgyç bir oky garry bagbana tarap atýar. Ok onuñ arkasyndan girip, gursagyndan çykýar. Bagban gana bulaşýar, şol demde-de jan berýär. Bagbanyñ aýaly we çagalary öli jesediñ daşyna üýşüp zarynlap aglaýarlar. Halyf şu elhenç ýürek awudyjy ýagdaýy görüp, eden işini puşman edýär we bagbanyñ maşgalasyny ýanyna çagyrýar, olara bir gysym pul berýär. Bagbanyñ aýaly: - Diýeli, meni pul bilen razy etdiñ, emma bu ýaş çagalar puluñ nämedigini bilmeýärler ahyryn, olar kakalarynyñ goltugyny hemme zatdan gowy görýärler, olary nädip razy etjek ww agylaryny goýdurjak - diýýär. Halyf ýene-de bir gysym puly ol aýala berýär we: - Nähili ýol bilen bolsa-da, olary aram et, köşeşdir - diýýär. Şeýlelikde, meýlis dargaýar. Halyfam öz ýatak jaýyna girip ýatýar. Emma turanda, aýagynyñ arka tarapynda bir ýiti agyry duýýar. Seretse, bir kiçijik çyban çykan eken. Şu ýarany bejertmek üçin Bagdadyñ, Kufäniñ we beýleki ýakyn şäherleriñ hemme tebipleriji çagyrýarlar, olaryñ hemmesi bu ýarany bejermekden ejiz gelýärler. Ýara iriñläp çişýär we porsap başlaýar, hatda hyzmatkärler onuñ ysyndan durup bilmeýärler we halyfyñ özi-de ynjalyp bilmän, Hudaýdan ölüm dileýär. Şeýdip, bir sagatdan soñ kynçylyk çekip aradan çykýar. Şonda bagbanyñ aýaly: - Geñ zat, Hudaýyñ taýagynyñ sesi ýok eken we şujagaz çybanjygyñ-da dermany ýok eken - diýýär. Şeýlekikde, mazlumyñ aryny birsalymda zalymdan almaga, ol her orunda we wezipede bolsa-da, oña jeza berip, belentlikden pese düşürmäge Allatagalanyñ gudratynyñ barlygy mälim bolýar. _____________________________________ *Hady - Abu Muhammet Musa el-Hady. Mätiniñ ogly, abbasylaryñ dördünji halyfy. 144-nji hijri-kamary (761-62) ýylynda dünýä inýär. 169-njy (785-86) ýylda kakasyndan soñ Bagdatda tagta çykýar we bir ýyl üç aý halyflyk edýär. Örän rehimsiz we zalym adam bolupdyr. 170-nji (786-87) ýylda ölýär. Dogany Harun onuñ ornuna halyf bolýar. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||