18:04 Sarniý-Etrek derýasy | |
SARNIÝ-ETREK DERÝASY
Taryhy ýerler
• ýa-da gadymy taryhymyza nazar aylap... Türkmenistanyň taryhynyň altyn sahypalarynyň biri saýylýan Dehistan (Maşat-Misseriýan), Günorta-Günbatar Türkmenistanda, Etrek derýasynyň aýagynda ýerleşýär. Arheologiýa ylmynyň gazananlarynyň we ýazuw ýadygärlikleriniň aýyl-saýyl edilmegi netijesinde bu mekanyň gülläp ösen wagty, esasan, iki döwür bilen senelenýär. Birinjisi, takmynan, miladydan öňki XIII-XII asyrlardan VI asyryň başlaryna çenli bolan aralygy, ikinjisi, miladynyň IV-V asyrlaryndan - XIII asyryň başlaryna çenli döwri öz içine alýar. Gündogaryň ilkinji keramatly kitaplarynyň biri bolan ''Awestada'' Ahuramazda pygamber tarapyndan 16 sany iň gowy ýurtlaryň sanawynyň hatarynda, dokuzynjy orunda (gadymy Merw üçünji orunda) Hnanta (Wehrkana) ülkesi ýatlanylyp, ol ýurda-da girkanlylaryň (gürgenlileriň) göçürilip eltilenligi aýdylýar. Düşündirijiler bolsa, öz delillerinde ol ülkä şertli, Girkaniýa ýa-da onuň bölegi bolmaly diýipdirler. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy ''Dehistanyň baýrynda, bady-sabany görsem'' diýip arzuw edipdir. Akyldarymyzyň ýokarda getirilen setirleri hem miladydan öňki XII-VI we miladynyň XI-XII asyrlaryndaky Dehistanyň özbaşdak welaýat merkezi bolan Madaw-Dehistan, XI-XII asyrlarda ýene-de ösen medeniýetiň we ykdysadyýetiň merkezine öwrülip, oguz türkmenleriniň Anuşteginler nesliniň Köneürgenç (Horezm) şalygynyň welaýat hökümdarlygynyň özbaşdak dolandyran we gülläp ösen merkezine öwrülen, şan-şöhratynyň dünýä ýaýrandygynyň beýany bolmaly. ''Etrek'' sözüniň türki dilindäki ''atrau'' sözi bolup, onuň-da, köle-deňze jarlardan düşýän, ýagny, Etrek derýasynyň öwrüm öwrüm çuňňur gorp atyp duran jarlardan akýan derýa, türki dillerindäki ''atrau'' manysy bolmaly diýlip düşündirilýär. Jarlaryň, gorplaryň, şol sanda, ençeme akarlaryň hemmesi (sil suwlary akýan jarlar) goşulmaýan ýa-da aýagynda hanasynyň birnäçe bölege bölünmeýän derýa boldumykan? Olaryň hemme derýalarda-da bolýandygyny hatda taryhy döwürlerde-de /miladydan öňki müňýyllygyň birinji ýarymyndan miladynyň III-IV asyrlaryna we XIII asyryň ikinji ýarymyndan /mongollaryň weýrançylygyndan soň/ - XVI asyryn birinji ýarymyna çenlide, wagtal-wagtal suwlanan Uzboýyň (Tüniderýanyň) Öwenekden - Kelköre çenli 575 çakyrymlyk (km. meýdanynda hanasynda, hasam Kürtüşbaba Dawaly aralygyndaky) Garagum bilen Üstgangumuň sepgidinden akýan meýdanynda öwrümli, çuňňur gorp atyp duran ýerler (jar) näçe diýseň bar. Soňam, X-XI asyrlaryň sepgidinde yaşan (dünýä meşhurlygyny gazanan) Abureýhan Biruny Amyderýanyň Sarygamyş gollarynyň iň çetkisini çepkisini, Üňüz Garagumuny saýalap akýanyny «Mazdubast» diýip atlandyryp, ondanam (takmynan, miladydan öňki müňýyllygyň başlaryna) çendenaşa bol suwuň akandygy zerarly, ýaşaýjylaryň (alanlaryň, aslaryň) oturymly ýerlerini-de suwuň basandygyny belleýär. Şu sebäbe görä, ýaşaýjylaryň Hazara tarap çekilmäge mejbur bolandyklary-da aýdylýar. Umuman, şolar ýaly ýerli (jarly) derýa hanalaryna «Atrau - «Etrek» diýilmeli bolunsa, ilki bilen beýik akyldaryň Magtymguly Pyragynyň ''Abu-Jeyhun harap eýläp Horezmi'' diýlip suratlandyrylýan tutuş Amyderýanyň hanasy, şol sanda onuň aşaky akymy saýylýan Tüniderýadan - Uzboýdan başga bir akara/derýa/ sop (nobat) ýetmese gerek. Iki zamanyň sepgidiniň belli grek alymy geografy-taryhçysy Strabonyň habarynda Oh (Ox) derýasynyň hem Oks ýaly öz gözbaşyny Hindistanyň daglaryndan alyp gaýdýandygy, Oks bilen bilelikde, ýagny, ýanaşyk akýanlygy aýdylýar. Başga bir ýerinde Nusaýyň deňinden - Parfiya döwletine golaý aralykdan akýandygy bellenilýär. Ýene bir ýerde bolsa daýlar bilen aparnlaryň (parlaryň) Ohuň (Uzboýuň-Tüniderýanyň) kenarynda ýaşaýandyklary, derýanyň aýagynda ýag-nebit çeşmeleriniň-guýularynyň (Hazar-Çeleken) bolandygy aýdylýar. Şeýle hem Oh derýasyna tarap gideninde, Girkaniýany-Gürgeni çöllükden bölýän derýanyň ady Sarniýa diýlip tutulýar. Miladynyň II asyrynyň geografy Ptolomeý bolsa Maksera atly deryanyn-da bolandygyny ýatlaýar. Olaryň ikisiniň-de Ohdan (Uzboýdan-Tünideryadan) günorta-günbatarda ýerleşip, deňze goşulýandyklary bellenilýär. Gadymy döwrüň ýazuw ýadygärlikleri bilen iş salyşýan S.A.Wýazygin olary/Sarniýa bilen Makserany/ Etrek bilen Gürgen derýalary bolmaly diyip çaklaýar. Sarniýa we Maksera derýalary Ohuň-Oksuň (Uzboýuň-Tüniderýanyň) aýagyndan günorta-günbatarynda deňze guýýandygy aýdylýar. Etrek we Gürgen derýalary bolmalydygyny aýdan alymlaryň pikirleri hakykata has golaý diyesiň gelýär. Etrek diýen geografik adyň gelip çykmagynda (döremeginde) Mahmyt Kaşgarlynyň, Armini Wamberiniň, Hüseyin Muhammetza-de Sadygyň we Pawel Pomeransowyň aýdanlarynyň hakykata has golaý diýip belle- mek bolar. Sebäbi şol bir mekanda (Etrek sebitinde) önüp-ösen saýylýan, XVII asyryň hakdan halatly türkmen şahyry Garajaoglanyň gazallarynda-da «saklaryň saý ildigi-eýedigi-arydygy» aýdylýar. Türkmenlerde sakar, salar, saryk, Sary, Sarybaý, Sary- nyýaz, Saryhan we beýleki şolar ýaly urug, tire, taýpa we adam atlary näçe diýseň, häli-bu güne çenli saklanyp gelen. Onuň üçin Hüseyin Muhammetzade Sadygyň, Strabonyň ýatlaýan Sarniýa atly derýasy-da Etrek derýasynyň gadymy ady bolmaly diyip bellesek, öte geçildigi bolmaz. Wagt Zemini tanalmaz derejede özgerdýär, täzeleýär. Wagtyň geçmegi bilen Etrek derýasynyň gadymy Sarniýa ady-da täzeçe atlandyrylypdyr. Biziň milli taryhymyz bu hakykaty täzeden dikeldip, ony ylmy taýdan has içgin öwrenmelidir. Hemra ÝUSUBOW, arheolog. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |