TÜRKMEN ETNOGENEZINIÑ TARYHYNA ÝÜZLENIP
Her bir bilesigileji adam öz öten-geçenleri barada köpräk zat bilmegi isleýär. Olar onuñ añyrsyna şahsy buýsanjy. Edil şonuñ ýaly-da, her bir halk öz gelip çykyşy, taryhy kökleri bilwn gyzyklanýar. Şol kökler halkyñ ahlak we medeni özeni, watançylygyñ gözbaşy.
Halklaryñ gelip çykyşynyñ (etnogenez) problemalary juda çylşyrymly. Döwürleriñ jümmüşine näçe çuññur aralaşdygyñça halklaryñ taryhy ykballaryny yzarlamak kynalýar, ynamly maglumatlar azalýar, bilkastlaýyn bolmadyk we göre-bile ýoýulmalar köpelýär.
Türkmenleriñ gelip çykyşy umumy alamatlarda XX asyryñ birinji çärýegi mundan ozal aýdyñlaşdyrylypdy. Görnükli gündogarşynas, akademik W.W.Bartold "Türkmen halkynyñ taryhynyñ oçerki" diýen işinde türkmeni öwrenişiñ binýadyny goýupdy. Ol türkmenleriñ bagtynyñ iki gezek getirendigini belläpdi. Olaryñ hakyky ýazylyp bellenen taryhy Orta Aziýanyñ ähli türki dilli halklarynyñ arasynda iñ dowamlysydyr. Biz mongollardan öñki eýýamdaky türkmen uruglarynyñ atlaryny bilýäris, bu goñşy halklarda ýokdur. Hywa hany we taryhçysy Abulgazynyñ 1660-njy ýylda ýazan "Türkmenleriñ nesil şejeresi" diýen işi hem deñsiz-taýsyzdyr.
Gadymy taryhçylar türkler gelmezden ozal Orta Aziýanyñ günbatar böleginde baktriýleriñ, sogdularyñ, margianlaryñ, horezmlileriñ, parfýanlaryñ, massagetleriñ, dahlaryñ, parnlaryñ, girkanlaryñ ýaşandyklaryna şaýatlyk edipdirler. Bular diñe has iri taýpalar we halkyýetlerdir. Saklar diýen at bilen belli bolan maldarçylyk bilen meşgullanan taýpalaryñ biziñ eramyzdan öñki ikinji asyrsa giñ gerimde süýşmekleriniñ Margianada yz goýan bolmagy mümkindir.
Käbir gadymy awtorlar massagetleri margianlaryñ arasynda atlandyrýarlar. Ähtimal, massagetler diñe Zakaspini däl, eýsem gündogara uzaýan Garagumy-da eýelän bolsalar gerek.
Ähli sanalyp geçilen halklar eýrandilli bolupdyrlae we b.e.öñii birinji müñýyllygyñ başynda eýýäm bu ýerde ýaşapdyrlar. Türkmen halkynyñ gözbaşlarynyñ biri bolan ýerli gatlak, ynha, şeýledir. Emma häzir ylymda gadymy eýrandilli hindi-ýewropa ilatynyñ ýüze çykmazynyñ öñ ýanyndaky maglumatlar bar. Orta Aziýanyn we Eýranyñ arheologiýasynyñ XX asyrdaky ösüşine gysgaça syn bereliñ.
1904-nji ýylda amerikan ekspedisiýasynyñ Änewde geçiren gazuw agtaryş işleriniñ netijeleri çap edilýär. Irki mis-daş asyryndan bürünç asyrynyñ aýagyna çenli, soñra irki demir asyrynda gadymy ekerançylaryñ jemgyýetiniñ ösüşiniñ gidişi anyklanýar. Şondan bäri gadymy döwrüñ arheologik klassifikasiýasynyñ özeninde amerikalylaryñ bellän "Änew medeniýetleri" ýatyp, Änewdäki iki baýyr bolsa bütindünýä meşhurlygyny gazanýar. Ýuwaş-ýuwaşdan Änewds medeni gatlaklaryñ üç ýarym müñ ýylyñ dowamynda ýygnanandygy mälim bolýar. Iñ ýokary ösüşiñ biziñ eramyzdan öñki üçünii we ikinji müñýyllygyñ çatrygyndaky ösen bürünç döwründe bolandygy bellenýär. Namazga we Altyn şäher-döwletleri döreýär, jemgyýet irki gul eýeçiliginde bolupdyr. Änewliler, ähtimal, drawid maşgalasyna girýän dilde düşünişen bolsalar gerek. Ol uzak aralyga - Elamdan Hindistana çenli ýaýrapdyr. Gadymy ekerançylyk jemgyýetiniñ ösüşi ösen bürünç döwrüniñ ahyrynda - çen bilen biziñ eramyzdan öñki ikinji müñýyllygyñ birinji böleginde duýdansyz kesilýär. Şäher-döwletler weýran bolýarlar, şäher tipli köp ilatly punktlar az ilatly obanyñ keşbine girýärler, senetçilik pese düşýär. Şeýle ahwalatlar arheologlar tarapyndan Ortaýer deñzinden tä Hindistan aralygyndaky giden giñişliklerde anyklandy. Diýmek, nähilidir bir ähliumymy heläkçilik bolan bolmaly. Onuñ sebäpleriniñ töwereginde häzire bu güne çenli ylalaşyksyz jedeller gidýär. Alymlaryñ agramly bölegi onuñ şeýle bolmagyny ýewraziýa sähralaryndan bolan göçüp-gonup ýören maldarlaryñ köpçülikleýin süýşmeklerinden görýärler. Başga birleri şäher medeniýetiniñ pese gaçmagyny içki ösüşiñ haýsydyr bir krizisi bilen düşündirmek isleýärler. Güýjän we ahyrky netijede ikinji müñýyllygyñ üçünji çärýeginde ähli zadyñ işini gören ýowuz gurakçylyk baradaly paleoklimatik maglumatlaram ulanylýar.
Türkmenistanyñ belli arheologlarynyñ biri A.A.Maruşenko daýhanlaryñ siwilizasiýasyny maldarlaryñ çozup girmekleriniñ weýran edendigine ynanýar. Klimatyñ pese düşmegi-de öz roluny oýnapdy. Maldarlar ösüşiñ has aşaky basgançagynda durýardylar, emma olar has çakgan bolup, san taýyndan artykmaçlyk edýärdiler we günortada ýa-ha görülmedik, ýa-da az tanalýan haýwany - aty saklaýardylar. Diñe iki aýrybaşga taýpanyñ däl, eýsem, özara düşünişmedik, düşünişibem bilmejek iki sany biri-birine bütinleý ýat bolan dünýäniñ çaknyşandyklaryny aýdyñ etmek gerek.
Muña özeni tapawutly diller - drawid we hindiýewropa (gadymy eýran), öz durmuş ukladlary bolan hojalygyñ ekerançylyk we maldarçylyk tipleri, oturymly we göçme durmuş zeper ýetiripdi. Olaryñ biriniñ gurluşygy çig kerpiçden amala aşyrylan uzak möhletli obalary bolan bolsa, beýlekileri öz ömürlerini üsti ýapyk arabalarda we ýeñil gara öýlerde geçirýärdiler. Olaryñ ikisini ideologik gapma-garşylyk bölüpdir. Galyberse-de, öz watanlaryndan ýagşy daşlaşan gelmişekler basybalyjy, talañçy hökmünde täze ýerleri eýelemelidiler. Şonuñ üçin-de, ikisiniñ özara duşmançylykly gatnaşygy gutulgysyzdy. Maldarlar taryhda gadymy ekerançylyk siwilizasiýasyny weýran eden wagşylar hökmünde öñe çykýan hem bolsalar, öñki ideologik düşünje bilen terbiýelenen köp barlagçylar henize bu güne çenli gelmişekleriñ taryhy roly hakynda aýtmaga ýürek edip bilenoklar.
B.e.öñki ikinji müñýyllygyñ ikinji ýarymy giçki bürünç ekerançylyk medeniýeti - änewli daýhanlaryñ ýaşamagynyñ soñky stadiýasy hökmünde bellenendir. Emma alymlaryñ köpüsi olary eýýäm eýrandilli hasaplamaga meýilli. Täze dil demirgazykdan we demirgazyk-günbatardan maldarlar bilen gelipdir. Öñki bilen deñeşdireniñde onuñ pese gaçyş häsiýeti göz-görtele bolsa hem, giçki bürünç medeniýeti uzak dowam edipdir. Ol çozup girmesi b.e.öñki XIII-XII asyrlara degişli bolan eýrandilli maldarlaryñ uly tolgunmasy döwründe heläk bolupdyr.
Bolup geçen wakalar barada ýangyn gatlaklary we ekerançylyk obalaryndaky maldarçylygyñ tipiki keramikalarynyñ tapyndylary gürrüñ berýärler. Ilkinji gezek bu sähra keramikasyny amerikalylar Änewde belläpdirler, sähralylaryñ hökmürowanlyk eden wagty bolsa hatda "wagşy okkupasiýanyñ döwri" diýlip atlandyrlypdy. Wagtyñ geçmegi bilen sähralylar oazislerde daýhanlara öwrülýärler, olaryñ ýadygärliklerdäki gatlaklart bolsa irki demir asyr döwrüniñ, soñea gadymy pars Ahamenid döwletiniñ gatlaklanmasyna geçýärler. Biziñ ýazuw taryhymyz şondan başlanýar.
Şeýlelikde, eýrandilli taýpalaryñ taryhynda bellenen ata-babalar bu ýere bürünç eýýamynyñ iñ ahyrynda düşüpdirler. Häzirki wagtda ylym olar hakynda köp zatlary bilýär. Olaryñ obalarynda, düşelgelerinde, gadymy mazarçylyklarynda - ýewraziýa sähralaryndan başlap Orta Aziýanyñ hem-de Demirgazyk Owganystanyñ çölleridir daglary aralygynda telim gezek gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Baryp-ha 1923-nji ýylda olaryñ medeniýeti aýratyn bellenipdi we "andronow" diýlip atlandyrylypdy. Ony ýöredijileriñ gysgaça häsiýetnamasy, ine, şeýle: Watanda - maldarçylygyñ artykmaçlyklary mesaña-mälim bolan maldarçylyk - ekerançylyk hojalyk, gurak sähralardyr çöllere süýşmekleriniñ netijesinde bolsa - göçüp-gonup ýören maldarçylyga doly öwrülmekleri. Harby kolesnisalar bilen atly arabalar ulanylýar, kolesnisa we at üsti söweşleriniñ taktikalary özleşdirilýär. At, iki örküçli düýe, öküz, goýun kultlary ideologiýa aralaşýar, ölenleri daşy aýmançaly depelerde jaýlaýarlar.
Hindi-ýewropa maldarlary juda gymmatly bolan taryhy dokumentleri saklapdyrlar: olar Hindistanda "Weda" we Gündogar Eýranda "Awestadyr". Soñkusy XVIII asyryñ ylmynda meşhur bolupdyr. Ol "esaslandyrylan dana sözler" diýen manyny berip, Spitamen neslinden bolan Pouruşaspiniñ ogly Zaratu.ştra tarapyndan düýbi tutulan zoroastriý dininiñ kitabydyr. Ol taryhy şahsyýet bolan. Taryhçylaryñ çen etmeklerine görä, ol b.e.öñki XII-X asyrlarda ýaşap geçipdir. Arheologlar şol döwri okkupasiýanyñ döwri hasaplaýarlar. "Awestanyñ" içgin öwrenilmegi we lingwistik derñewler netijesinde arheologik maglumatlaryñ wajyp zatlar bilen üsti ýetirildi we biz indi sähraly-maldarlaryñ taryhyny erbet bilemzok.
Olaryñ ilki emele gelen ýeri Rus düzlüginiñ gündogar bölegi bolup, sähra giñişliklerini we Priçernomorýäniñ tokaýlarynyñ günorta böleginden başlap, Demirgazyk Uralyñ belentliklerine çenli eýeläpdirler. Hut şu sebitleriñ ýerleri "Awestadaky" beýan etmelere laýyk gelýär: ariý giñ meýdany, Ripeý daglary, alty sany köp suwly derýalar (Kama, Wýatka, Weýluga, Unja, Kostroma, Şeksna). Bu ýerlerde edil "Awestada" görkezilişi ýaly, Demirgazyk ýyldyzy süýr depäñde dur. Şol ýerde henize bu güne çenli awestiý kökli köpsanly atlaryñ - Hara, Mandara, Ripa - saklanmagy örän geñdir.
"Awesta" zoroastrizmi kabul eden bäş taýpany atlandyrýar: airýa, tuirýa, saýrima, saina, daha. Olaryñ birinjisi Eýrany, ikinjisi Turan düzlügini eýeläpdirler. Saýrimler sawromatlaryñ (sarmatlaryñ) ata-babalarydyr. Dördünjisi belli yz goýmandyr. Dahlar Parfýan döwletini döredenler hökmünde antiki taryhda uly ähmiýete eýe bolupdyrlar.
Käbir häzirki zaman taryhçylary ariý taýpasyna gereginden artyk ähmiýet berýärler, emma beýle etmäge hakyku taryhda hiç hili esas ýokdur.
"Awesta" we "Rigweda" hindi-eýranlylaryñ daş keşplerini uzyn boýly, agymtyl tenli, saryýagyz, olaryñ aýallaryny gök gözli, uzyn sary saçly edip suratlandyrýarlar. Bu adamlaryñ protoýewropeýsk tipi üçin umumy keşp Gündogar Ýewropanyñ uly regionyna mahsusdyr. Şolar bilen birlikde, gündogar mongoloid tipiniñ alamatlary-da çendanlar göze ilýär. Ol, hernäçe geñem bolsa, hatda Finlandiýanyñ we Demirgazyk Germaniýanyñ - ol ýerlerde bireýýäm, ähtimal, on müñ ýyldanam gowrak wagt ozal aralaşypdyr - ilatynyñ arasynda-da bar. Mongoloid alamatlarynyñ ujypsyz galyndysy demirgazyk andronowçylarda-da anyklandy. Beýle ýagdaý biziñ asyrymyzyñ başyndaky masaget ilatynda hem bar.
Bellenen aýratynlyklar gündogar mongoloidleriniñ özboluşly ownuk strukturalarynyñ Orta Aziýanyñ eýrandilli berk massiwine syzylyp geçendiklerini añladýarlar. Biziñ asyrymyzyñ birinji müñýyllygynda şeýle aralaşmanyñ masştaby çalt ösýär. Bu gunnlardan başlanýar. Ýöne olar Orta Aziýanyñ demirgazygy bilen geçýärler we hatda Horezme diñe gyradan galtaşýarlar, başga territoriýa täsirleri duýulmandyr. VII asyrda çozup giren araplar Nizaktarhanyñ (Tarhan Nizek - t.b.) häkimlik eden ýeri bolan Badhyzda we günorta-günbatarda, Misserianda türk(men) ilatynyñ massiwi bilen çaknyşýarlar. Ol ýerde türkmen serdary Sul häkimlik edipdir. (Bu boýunça goşmaça maglumat üçin Annatagan Nurgelgeldiýewiñ "Dehistanly oglan" powestine seret - t.b.). Onuñ uly güýji bolansoñ, araplar söweşi juda kynlyk bilen alyp barypdyrlar. Taryhy maglumatlaryñ kontekstinden gelip çykyşyna görä, türk(men)ler bu ýere köpçülikleýin ýagdaýza araplardan has ir, megerem, VI asyrda gelipdirler.
Taryh biziñ üçin ýene bir ştrihi saklapdyr. VII asyrda ermeni taryhçysy Sebeos maskutlaryñ türk taýpasyny ýatlapdyr, bu adatdan daşary gyzyklanma döredýär. Olaryñ asy - massagetleriñ ýoýlup atlandyrylyşy. Bu bolsa maskutlaryñ garym-gatym gelip çykyşly halkdygyny añladýar. Çeşmäniñ ony türki halk hasaplaýandygy üçin, bu düýp adyñ saklanyp, türki diliniñ ulanylandygyny güman etdirýär.
X-XI asyrlaryñ taryhçylary al-Makdisi we Mahmyt Kaşgarly oguzlara (olary-da türkmenler hasaplaýarlar) uly üns berýärler.
Aýratyn raýonlary we oblastlary eýelän türk(men)leriñ häkimiýeti-de basyp almaklary bolup biljek zat. Munda ilatyñ esasy bölegi entek eýrandilliligine galýarlar. Gaznawylar döwründe Owganystandyr Horasanda, garahanlylar döwründe Buharadyr Samarkantda, seljuklar döwründe Horasanda, Horezmşalar döwründe Horezmde şeýle bolupdy. Şeýle döwletlerdäki jemgyýetiñ eýrandilli toparlary hökmürowanlyk edýän türk(men) ýokary gatlagy bilen deñleşmek isläpdirler. Şeýle meýil erkin hem erkin däl ýagdaýda halkyñ has köp gatlagyny öz içine alypdyr.
Garyşyk tohum ýewropeid keşpli adamlaryñ öñki mongoloidligiñ gowşajyk galyndylary bilen goşulan süýri kelleli tipini kabyl edipdir. Türk(men) medeniýetiniñ, ilkinji nobatda, diliñ, durmuşyñ (bu oblastda-da eýranlardan, araplardan we beýlekilerden alnan zatlar bolsa hem) esasy alamatlaryny weli saklapdyr.
Hemra ÝUSUBOW.
# "Нейтральный Туркменистан", 1996.
Taryhy makalalar