12:56 Marguş şekilleri | |
MARGUŞ ŞEKILLERI
Taryhy makalalar
Ýa-da olaryñ syry hakynda söhbet Türkmen taryhynyñ bäş müñ ýyllyk şöhratly taryhyny jikme-jik öwrenip, bu günki nesillere ýetirmekde Saparmyrat Türkmenbaşynyñ edenatalyk aladasy biz-taryhçylar üçin uly görelde boldy. Ruhnamada "Biz türkmen halkynyñ mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyñ taryhyñ gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyñ öñünde biziñ ogullyk borjumyzdyr" diýlen setirler biziñ taryhymyzy uly joşgun, buýsanç bilen öwrenip başlamagymyza höwes döretdi. Türkmen topragynda gadymyýetde gurlan döwletleriñ hatarynsa ady tutulýan Marguş döwletiniñ taryhy iññän gyzyklylygy bilen özüne çekýär. Bizem şu makalamyzda Ruhnamada agzalýan Marguş döwleti hakynda gazuw-agtaryş işleri netijesinde ele salnan gymmatly tapyndylar - Marguş şekilleriniñ mysallarynda söhbet etmek isleýäris. Murgap derýasynyñ aşaky akymynda ýerleşýän ülkä zoroastrileriñ keramatly kitaby "Awestada" Möuru ýa-da Möurw diýilýär we Ahurmazda hudaýy tarapyndan iń gowy ýurtlaryñ arasynda üçünji orunda ady tutulýar. B.e.öñki VI asyryñ ahyrlarynda dünýä meşhur Ahamenit şasy Darýuş ýa-da Dariý Beýik tarapyndan galdyrylan ýazgyda haýsydyr bir Marguş atly ülkäniñ ady tutulýar. Alymlaryñ köp sanlysy ol ülkäni Murgap derýasynyñ jülgesi bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne bu ülkede ýaşanlaryñ öz mekanyny nähili atlandyrandyklary belli däl. Olaryñ, ýagny, murgaplylaryñ dili, megerem, günorta eýranlylaryñ (Bisütün) dilinden tapawutly bolmagy mümkin. Ýokarda bellenilişi ýaly, "Awestada" Murgap derýasynyñ aşaky akymyndaky ülke Möuru ýa-da Möurw diýlip atlandyrylypdyr. B.e.öñki üçünji müñýyllygyñ ahyrlaryndan - ikinji müñýyllygyñ ahyryna çenli, ýagny maddy medeniýetiñ ösen derejesi bolan bürünç asyrynda Murgap derýasynyñ aşaky akymy, ýagny, Baýramalyda 60-100 km. demirgazykda ýerleşýän ýurt b.e.öñki müñýyllygyñ başlarynda haýsydyr bir tebigy betbagtçylyga ýa-da gurakçylyga duçar bolandygy sebäpli, ilatyñ günorta dowamly süýşüp, b.e.öñki VII-VI asyrlarda, häzirki Baýramalynyñ ýanyndaky gadymy Merwiñ harabaçylygynda ýerleşýän Erkgalanyñ töweregine jemlenendigi taryhçylar-arheologlar we geomorfologlar tarapyndan anyklanyldy. Munuñ hut şeýle hem bolandygyny beýik şahyr Magtymgulynyñ "Harap eýlär" diýen goşgusyndaky "Merwi rik basar" (rik-rig-gum, çäge) diýen jümlesiniñ-de makullaýandygyny biz "Akyldaryñ arheologiýasy" ("E-s", 3.III.1995 ý.) diýen makalamyzda-da ýañzydypdyk. Başgaça aýdanyñda, Marguş ülkesi b.e.öñki 522-nji ýylda Fraadyñ ýolbaşçylygyndaky Margianada bolan gozgalañyñ Bisütün ýazgysyndaky beýanynda ilkinji we iñ soñky ýola ýatlanylýar. Şonuñ üçin-de b.e.öñki 522-517-nji ýyllara degişli bu maglumaty irki döwre (b.e.öñki III-II müñýyllyklara) degişli bolan Baýramalydan 60-100 km. demirgazykdaky Murgap derýasynyñ irki döwre degişli aşaky akymyndaky ýadygärlikler bilen baglanyşdyrmaklyk nätakyklyk bolar. Eger-de Bisütün gaýasyndaky ýazga esaslanyp Marguş ýurduny göz öñüne getirmeli bolsa, gadymy Margiananyñ harabalygynda ýerleşýän Erkgalanyñ mysalynda (paýtagtlygyndan) şol töwerege Marguş diýilse, hakykata laýyk bolar. Ahamenitlerden öñ gündogarda haýsydyr bir gadymy farslara degişli bolmadyk döwlet birleşmesiniñ bolandygy barasynda grek-rim ýazuw däplerinde ýatlanylýandygyndan ugur alnyp, onuñ Jeýhunyñ aşaky akymyndaky ülkede - Horezmde ýa-da Baktriýada bolan bolmagyny taryh ylmy ähtimal hasaplaýardy. Ýöne ol pikir arheologik maglumatlar bilen tassyklanylmaýar. Emma Orta asyr danalary Abulkasym Ferdöwsiniñ we Abureýhan Birunynyñ eserlerinde ýatlanylýan gadymy döwre degişli rowaýatlardaky şalaryñ atlarynyñ arasynda başga hiç ýere ady saklanylmadyk Tahmuraspyñ (Tahamurt) hem ýatlanylmagy diýseñ täsin. Orta asyryñ Fakih, Istahri, Makdisi ýaly taryhçylary Tahmuraspy Merwiñ düýbüni tutan, hatda başga birnäçe ýurtlarda-da gala esaslandyran şa hasaplaýarlar. Eger-de bu pikire görä, ahamenitlerden öñ gündogarda haýsydyr bir döwlet, birleşme bolan bolsa, onda ol birleşmäniñ paýtagtyna diñe bir Baktriýada ýa-da Amyderýanyñ aşaky akymyndaky ülke - Horezm ýurdy däl-de, eýsem, gadymy Merw bolupdyr diýmäge hem ylmy esas bar! Muña Murgap derýasynyñ gadymy aýagynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli ösen medeniýeti (siwilizasiýasy) bolan ülke-de, b.e.öñki VII asyrdan häzirki Baýramaly sebtinde jemlenen Merwiñ harabaçylygyndaky tutýan meýdany 20 ga, töweregi diwar bilen gurşalan görnüşinde, galyñlygy 1,5 metr medeniýetli gatlakdan soñky gurlan diwaryñ içinde beýikligi 8,15 metre ýetýän iki sany uly göwrümli alañyñ ýerleşendigi (belki, olar jemgyýetçilik jaýlary bolandyr), şeýle hem, beýgeldiler goranyş diwarly, daşky diwary 13 metre çenli galñadylan berkitmeli Erkgala galanyñ-da, "Awestada" ýatlanylýan Möuru (Möurw), b.e.öñki VI asyryñ ahyrlaryna degişli Bisütün dag ýazgysyndaky Marguş, soñy bilen Margiana (Merw) diýlip atlandyrylmagy-da köp babatda şaýatlyk edýär. Eger-de, b.e.öñki 522-nji ýylda Fraadyñ ýolbaşçylygyndaky ahamenitleriñ sütemine garşy Merwde bolan gozgalañy-da ýatlasak, şol gozgalañ bilen baglanyşykly Bisütün ýazgysyndaky Marguş ülkäni-de diñe ahamenitlerden öñ, Gündogarda, haýsydyr bir döwlete mahsus birleşme bolan ýurduñ gürrüñi-de, Erkgalanyñ mysalynda, paýtagt hökmünde gadymy Merw bilen baglanyşdyrylsa hakykatdan üzñe bolmaz. B.e.öñki II müñýyllyga degişli köpsanly arheologik ýadygärlikleriñ esaslarynyñ biri, Togalak-21 ybadathanasyndan tapylan arheologik tapyndylaryñ arasynda steatit daşyndan ýasalan tumara siñdirilen täsin sungat eseru babatda çap edilen 10-a golaý işde ýüzleý maglumat berilýär. Biz şol tumarda şekillendirilen sungat eserleri barasyndaky pikirimizi ýaýmagy makul bildik. Bu gadymy şekiller barada bar bolan ylmy işlerde: "Ybadathananyñ günorta böleginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, öz artky aýaklaryny ýalap duran düýe görnüşinde daşdan ýonulan tumar tapyldy; tumaryñ ýüz (güberçek) tarapyndan görnüşi boýunça has çuññur kesilip ýasalan, inçe nusgaly düýäniñ göwresi we has-da kellesiniñ bölekleri dogry şekillendirilipdir, kellesindäki jygasy tagt-dabara üçin bezelendigini añladýar, tumaryñ ýüz tarapy güberçek görnüşinde berlen bolsa, arka tarapynda diñe molap duran öküziñ ýonulyp çekilen suraty saklanyp galypdyr: öküze ýokardan üç sany bürgüt hüjüm edýär we şol öküziñ üstünden bir adam böküp geçýäe; gynansak-da, şol böküp barýan adamynyñ diñe aýaklarynyñ şekili saklanyp galypdyr; bu tumaryñ esasynda dag geçisiniñ awlanyşy şekillendirilipdir, ol bolsa giçki akkat silindr görnüşli möhürleriñ biri bilen jikme-jik meñzeşdir" diýlip ýazylýar. Ozaly bilen, halal mallardan sygyr malyndan özgesiniñ, hasam düýäniñ dili bilenem gaşanmaýandygy hemmämize mälim. Kellesindäki jyga diýilýäni bolsa, bugranyñ iki gulagynyñ arasyndaky depe we çüwdesindäki (ýeñsesindäki) tüýi bolmaly. Tumaryñ güberçek tarapyndaky artky aýagyny dili bilen ýalap duran iki örküçli düýäniñ görnüşi diýilýäni bolsa, kesilip ýasalan, inçeden gelen, ajaýyp sungat eseri, ýagny, bugra bilen aždarhanyñ söweşi görkezilipdir. Bugra "bili bir gysym bolan" ykjam görnüşinde. Aždarha bugranyñ garpyşyga taýýar satanyna - dyzyndan we söbüginden ýokarda gurşalyp, bugrany ýykmak niýeti bilen düýrlenip ugraýar. Aždarhanyñ kellesi bugranyñ tutar (sol) art aýagynyñ söbüginiñ üstünde hekgerdilip, bugranyñ açyk agzynyñ içinde ýerleşdirilipdir. Aljyraññylykdan gözi hanasyndan peträp çykyp barýan bugra janhowluna aždarhanyñ kellesine agyz uran bolmaly. Aždarhanyñ kellesi bugranyñ "hatap" ýaly açylan agzynyñ içinde mynjyramasa-da, elhal ýagdaýdadygyny aýyl-saýyl etmek kyn däl. Elhal ýagdaýa düşen aždarhanyñ arkan öwrülendigini-de aýyl-saýyl etmek bolýar. Taryhy ýylan şekilleri bilen iş salyşýan alymlar S.Sammakow bilen Ç.Ataýew hem ol aýdylanlary makullaýarlar. Hakykatynda, bu sahnada gadymy döwre mahsus bolan iki sany müdimi gapma-garşylygyñ - garañkylyk bilen ýagtylugyñ, ýagşylygyñ we ýamanlygyñ özara göreşi görkezilipdir. Başga bir şolar ýaly tumarda ýeke-täk bugranyñ küýkerip, esräp, çyrpynyp durşy görkezilipdir. Ýokarky suratlandyrylan tumarda, aždarha bilen bugranyñ söweşinde öñki din wekili bugra görnüşindäki duşmançylygy görkezipdir diýsek, bugranyñ mes bolup, ýeke-täk esräp duranydan, zoroastrizm dininiñ ýeñendigini görmek kyn däl. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda mundan iki ýarym müñ ýyl ozal sary düýesini idip Marydan ugran Zaratuştra hakynda ýazýar. Arheologlaryñ, şol sanda W.I.Sarianidiniñ tagallasy bilen Murgap derýasynyñ aşaky akymynda emele gelen gadymy mekanlar, ol ýurtdaky ýokary derejede we köp babatda özboluşly ösen medeniýet, gadymy Gündogara mahsus bolan gülläp ösen ýurt bolandygy makullanyldy. Belki, ol ýurt Zaratuştranyñ taglymatynyñ ösmegine ýardam eden ülkeleriñ esasylarynyñ biri bolandyr? Zaratuştra pygamberiñ dörän wagty bilen Murgabyñ aşaky akymyndaky ülkäniñ ýadygärlikleriniñ seneleriniñ gabat gelşi-de diýseñ täsin. Biziñ pikirimizçe, tumaryñ arka (ikinji) tarapyndaky sungat eseriniñ ylmy teswirlenişi-de hakykata laýyk däl. Hakykatdan-da, öküz gahar-gazaba münen ýagdaýda görkezilipdir. Öküziñ töweregini köp sanly güberçek asman jisimi - ýyldyzlar gurşaýar. Serrelip ýatan adamyñ bilinden aşagy görkezilipdir, şol sanda zynjyr görnüşli bellikden aşakda-da ýykylyp-sürşüp barýan adam şekilleri bar. Üç sany jennet-symrug guşy öküzi ugradýan bolmaly. Onuñ içinde-de, tumaryñ arka tarapyndaky sahna-da, güberçek (ýüz) tarapyndaky eseriñ dowamy bolup, Aý hudaýy öküziñ ot-ýalyn (ýyldyzlar) we jennet-symrug guşlarynyñ ugratmagynda, zoroastrizm dininiñ pygamberi Zaratuştra (Bugra) kömege gelip, zoroastrizm dinini kabul etmejek bolýanlary ýola salmaga gelen Asman-Aý hudaýy hökmünde düşündirilse, hakykatdan üzbe bolmaz. Gadymy gündogarlylaryñ dini düşünjelerinde giñden ýaýran, öküziñ şekili adatça, dürli asman nyşanlary bilen baglanyşdyrylýar. Birnäçe ýerlerde asman öküzi Aý hudaýy bilen baglanyşykly bolup, ähli hudaýlaryñ arasynda oña aýratyn hormat goýlupdyr. Aý hudaýy köplenç, asman öküzi görnüşinde-de şekillendirilipdir. Altyndepeden tapylan öküziñ altyn kellesiniñ ýerli ilatyñ dini garaýyşlaryny añladýandygyny taryhçy alymlar belleýärler. Tumaryñ esasyna (aşaky insiz tarapyna) siñdirilen üçünji sahnada, haýsydyr bir "keramatlaşdyrylab görnüşe" iki sany umga (dag tekesi) öñ aýaklaryny diräpdir. Umgalaryñ biri gañrylyp, ýetip gelen ite seredýär. Awçynyñ özi görkezmedigem bolsa, ýaýyndan atylan iki okuñ biri umganyñ egnine ýeteñkirläpdir. Ikinjisi bolsa, kellesiniñ ýokarsyndan gyratlaýyn geçirilipdir. Umgalaryñ awçy bilen itden gorkman, awçy özüne golaý aralyga geleninde-de parahatlygy, bimasa bolmazlygy tebigatyñ ýaradanlarynyñ parahatçylykda ýaşap bilýändiginiñ görkezilişini ýadyña salýar. Bu şekil ýokarky gürrüñini eden iki sahnamyzyñ dowamy hökmünde saýylsa, hakykatdan üzñe bolmaz. Sözümizi jemläp aýtsak, bu gymmatly Marguş şekillerinde zoroastrizm dini taglymatynyñ taryhy ýolunyñ, garaýyşlarynyñ çeper beýany şöhlelendirilipdir diýesimiz gelýär. Hemra ÝUSUBOW, arheolog-alym. 19.04.2002 ý, "Edebiýat we sungat" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||