11:59 Şol ganly Çotak nirede? | |
ŞOL GANLY ÇOTAK NIREDE?
Taryhy ýerler
Taryhda şeýle pursatlar bolýar, ägirt uly wakalaryñ amala aşmagyna, milletiñ ykbalynyñ başgaça çözülmegine, hamana diýersiñ, sähelçe, bir zat sebäp bolýar duruberýär. Dünýäni gyrgynçylyga salan birinji jahan urşunyñ 1914-nji ýylyñ 28-nji iýunynda Awstriýa tagtynyñ mirasdary Frans Ferdinandyñ Saraýewoda Serbiýa raýaty bolan bir adam tarapyndan öldürilmegi ol uly urşuñ başlanmagyna bahana boldy diýlişi ýaly türkmen taryhynda haýsydyr bir tötänlik soñy bilen yzyny düzedip bolmajak heläkçiliklere alyp barypdyr. XVI asyryñ başlarynda ekerançylyk üçin suw, maldarçylyk üçin öri meýdanlarynyñ ýetmezçiligi duýlup ugranda, türkmenler Horezm soltanlarynyñ hem galmyklaryñ talañçylygyna sezewar bolup başlapdyrlar. Olaryñ biri ýerli halkdan salgyt talap etse, beýlekisi häli-şindi türkmenleriñ üstüne çozup, olary çapyp-talap durupdyr. XVI asyryñ birinji çärýeginde Horezm soltanlygy türkmen taýpalaryny tutuşlygyna özüne tabyn etmek üçin, Balkan we Mañgyşlak türkmenleriniñ üstüne birnäçe gezek yzygiderli hüjüm edipdirler. Şol ýörişde Ilbars han has tapawutlanup, ol Horasany talap, ony özüne tabyn edipdir. Ganhor Ilbars ölenden soñ, onuñ kowum-garyndaşlarynyñ arasynda köşk ugrunda dawa hen onuñ talap alan ýerlerini goñşy döwletleriñ özüne ýañadan tabyn etmek meýli oýanypdyr. Şol aljyraññylykdan peýdalanan türkmenler Balkanda we Mañgyşlakda gozgalañ edipdirler. Balkan türkmenleri hanyñ salgyt ýygnaýjylaryny - beratdarlaryny öldüripdirler. Ol beratdarlar kyrk adam ekeni. Horezm hökümdary Sufiýan han hem onuñ dogany, köşk ugrundaky dawagäri Aktaý han özara dawalaryny goýup, gozgalañçy türkmenlere garşy gazaply öç alşa çykypdyrlar. Dagynyk gozgalañçy türkmenleri bölek-böleklikde gyrypdyrlar. Köp-köp bigünä adamlar, aýallar hem çagalar gyrlypdyr. Gozgalañçylaryñ ikinji bir bölegi - ärsarylar, salyrlar, tekeler, ýomutlar, saryklar, arabaçylar, gökleñler hem beýlekiler jemlenişip, suwsuz çöle çekilip, ahyrynda töweregi dag bilen gurşalan Çotak diýen tebigy galada saklanypdyrlar. Ol tebigy gala diñe bir darajyk ýoda bilen aralaşmak mümkin eken. Olaryñ ýerleşýän ýerine duşman goşuny aralaşyp bilmändir. Ol ganly uruş barada hywa ýyl ýyl ýazgyçylary Munis we Agehi, ondan öñräkde bolsa Hywa hany Abulgazy Bahadur han giñ maglumat galdyryp gidipdirler. Balkana ýöriş eden Sufiýan hanyñ dogany Aktaý soltanyñ ummasyz köp olja talap alandygyny aýdýarlar. Olaryñ talap alan mallaryny Hywa aşyrmagyñ özi-de uly derdeser bolupdyr. Şonda-da gana suwsan talañçy bosgun ilatyñ yzyndan galmandyr. Olar Çotak berkitmesini alyp bilmän, daşyny gabap, milleti suwsuz heläk etmek niýetine düşüpdirler. Ýerli şertlere örän belet, türkmenleriñ arasynda ýaşan hem olaryñ ýagdaýyny oñat bilýän Abulgazy Bahadur Hanyñ aýtmagyna görä, Çotak diýen gala Balkandan üç günlük ýol bolup, demirgazyk tarapda ýerleşýär diýilýär. Elbetde, şol gala çenli-de türkmenler bilen Aktaýyñ goşunynyñ arasynda ençeme söweş bolupdyr. Tebigy gala aralaşyp bilmedik Aktaý soltan olaryñ daşyny gabapdyr. Birnäçe gün geçensoñ, türkmenleriñ suw-sölleri gutarypdyr. Olara mejbury boýun egmek çäresi galypdyr. Türkmenler öz aksakgallaryny Aktaý soltanyñ ýanyna ýaraşyga iberipdirler. Soltan kethudalary kabul edip, şol öldürilen kyrk beratlaryñ her biriniñ kellesine müñ goýun talap edipdir. Türkmenlere bu ylalaşyga boýun bolmakdan başga çäre galmandyr. Şeýdibem öñki ummasyz oljalarynyñ üstüne ýene kyrk müñ goýny türkmenlerden almaly bolupdyrlar. Şonda 16 müñ goýny ärsarylar, 16 müñ goýny salyrlar, galan 8 müñ goýny bolsa tekeler, ýomutlar, saryklar, esenililer, arabaçylar, gökleñler töläpdirler. Elbetde, ýokarda ýatlan iki taryhy çeşmämiziñ hersi ol taýpalaryñ beren malyny dürlüçe görkezýär, ýöne malyñ umumy sany kyrk müñ goýun bolupdyr. Bu söweş türkmenleriñ agyr dagynyklygynyñ, maddy we ruhy ýitgisiniñ başy bolupdyr. XVI asyryñ 20-nji ýyllaryna çenli ýarym garaşsyz bolan halk şondan soñ, özygtyýarlygyny ýitiripdir. Türkmenler kese ýerli feodallaryñ agyr zulmuna düşüpdir. Şol agyr salnan salgyt ýylsaýyn barha agraldylypdyr, ýerli han-begleriñ, il ulamalarynyñ erki-ygtyýary elinden alnypdyr. Bu waka türkmen halkynyñ takdyryndaky agyr hem örän uzaga çeken baknaçylygyñ başlangyhy bolupdyr. Şonuñ üçinem Çotakda bolup geçen söweş öz möçberiniñ kiçiligine, bolup geçen wagtynyñ gysgalygyna seretmezden, türkmen taryhynyñ iñ möhüm sahypalarynyñ birisi bolup durýar. • Eýsem Çotak söweşi Türkmenistanyñ haýsy künjünde bolduka? Ol taryhy geografik ýer bilen iş salşan alymlar esasan Abulgazynyñ sözüne daýanypdyrlar. Sebäbi Abulgazy ol ýerde birnäçe sapar bolup görüpdir. Şonuñ üçin ol ýeri, oña barýan ýoly hem ýoluñ uzaklygyny Abulgazy takyk beýan edipdir. Onuñ aýtmagyna görä, ol beýik gyr bolup, galanyñ töweregi baýyrlyk-daglyk bilen gurşalypdyr. Ol ýere diñe dar ýoda barýan ekeni. Ol ýoldan bolsa ýeke ýükli düýe ötüp biljek ekeni. W.W.Bartold Abulgazynyñ aýdanlaryna salgylanyp, bu örän amatly galanyñ ýeke-täj ýetmezi suw-sölüniñ çetinligi bolsa gerek diýip belleýär. Eger suw hem bolaýanda, ol galany hiç bir ýagynyñ alyp bilmejegine göz ýetirýär. 1959-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyñ taryhynyñ birinji tomunyñ birinji kitabyny ýazan awtorlar hem W.W.Bartoldyñ beren häsiýetnamasyny gaýtalaýarlar. Ol tebigy galanyñ ýerleşýän ýeri barada şeýle düşündiriş berýärler. "Çotak dagynyñ nirede ýerleşýändigi mälim däl, emma, belki, Garabogazköl aýlagynyñ günorta-gündogar burçunda, Tüwar-Gyr guýusynyñ golaýynda ýerleşýän Çanak (Janak) gyrlarynyñ biri nazarda tutulýandyr" (422-nji sah.) diýip bellenilýär. Halkyñ taryhyna giren ol ýeriñ nirdedigi Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyñ arheologlaryny oýlandyryp geldi. Oturan-turan ýerimizde, köpi bilýän adamlaryñ ýanynda ol ýeriñ ideg-soragyny etdik. Bir gezek Balkanyñ gaýra ýüzünde, Begarslan dagynyñ günbatarynda ýerleşýän Gökdere diýen küren obanyñ ferma müdiri Berdinyýaz Aşyrgylyjow bilen Bulak diýen guýuda duşuşanymyzda, ýaz aýlarynyñ başy, mallardan owlak-guzy alynýan şol günleriñ birinde ol birnäçe ýyl öñ bir toýda ýerli ýaşulular bilen bolan gürrüñçilikden habarlydygyny aýtdy. "Ýaşululardan sorap biljek bolýan tebigy gala diýýäniñe meñzeş ýer Akgyryñ günbatar çetindäki burunlaryñ iñ ulusynda, Gyzylgaýa barýan gara ýoldan Ybyk guýusyna sowulýan ýolaýyrdyñ, ýagny Tersakanyñ demirgazygyndaky tumşuga baryp gör. Megerem, türkmenler Balkandan kowalanyp gaýdan bolsa, özlerem üç günläp kowalanan bolsa aralygy boýunça-da, ugry boýunça-da şol ýere gabat geläýmezmikän" diýdi. Biziñ ugrumyzam şol tarapa bolansoñ, eglenmän şol ýere baryp gördük. Ol hakykatdanam, tüýs bir tebigatyñ ýaradan taýýar galasy ekeni. Ine, uly gyryñ bir bölek burun-tumşugy. Inçe, 10-15 metrlik meýdança bilen "kesilip", ýene ikinji bir giñ meýdança emele gelýär. Şol 10-15 metrlik meýdançanyñam iki-üç metrlik ýerinden galanyny daşdan diwar bilen berkitme edipdirler. Oña tarap diñe bir ýükli düýe sygar ýaly ýol galypdyr. Şol darajyk, iki-üç metrlik geçelgäni saklasañ, içki tebigy gala asmandan inäýmeseñ ýa-da şol iki-üç metrlik geçelgeden geçäýmeseñ töwerekden başga barara ýer ýok. Ýerli halk ol ýeri Howlulyburun, kä halatda bolsa Berkitmeliburun diýip atlandyrýarlar. Ýeri gelende ýatlasak, şolar ýaly tebigy galalaryñ gadym zamanlarda-da, ulanylandygy mälim. Şolar ýaly gadymy-antiki galalaryñ iki sanysyny Uzboýyñ hanasynyñ sag kenarynda, Çölüń gyry diýilýän uly düzlügiñ günbatar ýanynda Afajyklar diýlip atlandyrylýan ýerlerde-de aýan edilipdi. Tebigy galadan soñky ýyllara çenli hem peýdalanypdyrlar. Mañgyşlak türkmenleriniñ XVIII asyrda hem şolar ýaly tebigy galalary ulanandyklary taryhy çeşmelerden mälim. Howlulyburun galasynyñ oturyşy, onuñ suwdan daş bolmagy, töwereginiñ berkligi Abulgazy Bahadur hanyñ ýatlaýan galasyna doly gabat gelýär. Aktaý soltan bilen türkmenleriñ Balkandan Çotaga - tebigy gala çenli aralykdaky çaknyşyklarynyñ iñ soñkusy hem agyry Gözliata guýusynda bolan bolmaly diýip çak etmäge esas bar. Balkandan kowalanyp, ýol ugruna birnäçe gezek çaknyşan türkmenler Çilmämmet gumunyñ demirgazyk-günbatar künjünde ýerleşen Gözliata düşelgesinde duşman bilen bellisini eden bolmagy mümkin. Gözliatadan Howlulyburun berkitmesi 20 kilometrlikde ýerleşýär. Gözliata düşelgesiniñ töwereginiñ köp ýeri baýyrlyk. Ondan günbatar tarapyndaky gyrdan inýän ýola Galmykýol diýilýär. Ýoluñ ikinji bir ady Galmykçapan bolupdyr. Duşman türkmenleriñ garaşylmaýan ugrundan - ýeñseden oba çozmaly, duýdansyz oba aralaşyp, halkdan öç alan bolsa gerek. Ine, şol çaknyşykdan sypan türkmenler özlerini Howlulyburuna gaçyp atmaly. Gözliata bilen Howlulyburun aralygyndaky çoññala (alaña) Garawuldepe diýilýär. Owaly bilen-ä balkanly türkmenler her bir duşmana, şol sanda mongollara-da, galmyklara-da, hywalylara-da galmyk diýip atlandyrypdyrlar. Bu ýagdaýy biz Balkan dagynda ýerleşýän XI we XIV asyrlaryñ galalary bilen baglanyşykly rowaýatlarda eşidipdik. Ýerli, oturymly halky talan şol dürli-dümen duşmanlaryñ geçen ýoluny-da Galmykçapan ýa-da Galmykýol diýipdirler. Şol sanda Aktaý soltanyñ ýörişini hem galmyklaryñ hüjümi diýip atlandyran bolmaklary mümkin. Ýöne Gözliata bilen Howlulyburun berkitmesiniñ aralygyndaky çoññala Garawuldepe diýilmegi, onuñ hem galmyklar bilen baglanyşdyrylmagy düşnüksiz. Sebäbi Günbatar Türkmenistana galmyklar diñe demirgazyk tarapdan aralaşyp bilmeli. Garawuldepe bolsa Akgyrdan has pesde ýerleşýär. Demirgazykdan gelýän duşmana Garawuldepäniñ garawulçylyk - gözegçilik üçin hiç bir dahyly ýok. Ilerden -Balkan tarapdan gelýän duşmana welin, onda-da Gözli ata tarapdan gelýän kowga Howlulyburundaky goranýanlar üçin ol garawuldepe hyzmatyny edip biljek. Şol sebäplere görä-de Gözliatadaky çaknyşykdan soñ ýa-da Gözliatadan çykan bosgunlar üçin, aralykdaky çoññal garawuldepe hyzmatynu bitirip biler. Biz Gözliatanyñ gapdalyndaky ýoly hem Aktaý soltan bilen bilen baglanyşdyrsak, ýer-ýurt atlary şol taryhy wakalar bilen baglanyşýar duruberýär. Nähilem bolsa, Gözliatadan agyr söweş geçen bolmaly. Belkem, Gözli ata Aktaý soltan bilen bolan şol çaknyşykda türkmen taýpa-tireleriniñ ýolbaşçysy bolandyr. Halkyñ garaşsyzlygy ugrunda göreşiji gahryman hökmünde halkyñ añyna giren bolmagy-da mümkin. Belki, ol edermenligi söýendir, özi-de şol edermenleriñ arasynda bolandyr. Sebäbi ol ýeri taryhy ýazgylar öz ýadyndan çykaryp, ýitirip ýörenem bolsa, halk añy ony hiç wagt ýadyndan çykarmandyr. Baryp birnäçe ýüzýyllyklaryñ dowamynda ol ýeri mukaddes saýyp, oña zyýarata baryp durupdyrlar. Suwsuz-sölsüz bu çet ýerdäki ýadygärlige Türkmenistanyñ dürli ýerlerinden gyşyn-ýazyn gelýän zyýaratçylary göreniñde, olary haýsy güýç bu ýere çagyrýarka diýip oýlanýarsyñ. 1994-nji ýylyñ 19-20-nji awgustynda bolsa Gözli atada umumyhalk sadakasyny berdiler. Halk hakydasy ýer-ýurt üçin başyny goýan şehitleriñ ruhy, megerem, halky bu ýere çagyrýan esasy güýç bolsa gerek. Halk ol ýeri öz añyndan öçürmändir, onuñ hatyrasyny biziñ günlerimize çenli saklap gelipdirler. Taryhy derñew bolsa şeýle gijä galyp, Çotak berkitmesini indi gözläp tapýar. Şeýlelikde, Howlulyburun berkitmesine Abulgazy Bahadur hanyñ ýatlaýan Çotagy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Howlulyburundan uzak bolmadyk aralykda Çat diýen Akgyrdan başga-da bir inişgelik bar. Emma ol ýerde tebigy gala görnüşli meýdança ýok. Ý.R.Winnikow Lebap türkmenleriniñ taýpa-tireleri barada gürrüñ edende, çekirler tiresinde çotakly diýen urugyñ bardygyny aýdýar. Belkem, şol urugyñ gelip çykyşy Akgyrdaky Çotak diýen tebigy galanyñ adynda baglanyşykly bolmagy mümkin. Bu ýere Çotak adynyñ galmagyna haýsy-da bolsa türkmenleriñ biriniñ taýpa-tiresiniñ sebäp bolmagy hakykatdan daş däl. W.W.Radlow "çatak" (çutak, çatag, çotug, çotak) sözüni birleşdirýän (соединящийся), galan, beýleki ýerlerden belent (возвышающийся на поверностью почвы участок) diýip düşündirýär. Gynansagam, Çotak ady-da, Howlulyburun ady-da bizde çap bolan sözlükleriñ hiç birinde ýok. Şol taryhy ýer mälim bolmansoñ, ol sözleriñ manysy-da öwrenilmändir. Ol ýeriñ gadymy Çotak ady häzir tutulmaýar. Sebäbi XVI-XVII asyrlardan soñ ol ýerlerde tebigy şerte görä millet azalypdyr. Megerem, şol ganly çaknyşykdan soñ ol goranyş galasy hökmünde ulanylan däl bolsa gerek. Howlulyburun diýilýän tebigatyñ döreden bu täsin künjegi milletiñ hakydasyndan öçmän, adamlaryñ üns merkezinde bolup, ruhy taýdan unudylman, sarpa goýlup gelnipdir. Onuñ şeýle bolmagyna halkyñ taryhynyñ, milletiñ şondan soñky görmeli, asyrlap hor-homsy talañçylygynyñ, baknalygynyñ sebäp bolan bolmagy mümkin. Hemra ÝUSUBOW, arheolog. # "Edebiýat we sungat" gazeti, # "Balkan" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |