TOPRAGA ÖRKLENEN SUNGAT
Türkmenistan geçmişiñ uly taryhy wakalarynyñ jümmüşinde bolmak bilen, adamzat medeniýetiniñ, sungatynyñ örän gadymy ösen ojaklarynyñ biridir. Ol hakykaty 1903-1904-nji ýyllarda miladydan öñki 5-1-nji müñýyllyklaryna degişli bolan ýadygärliklerinde (Änewiñ gadymy depelerinde we gadymy Merwde) arheologik barlag işlerini geçiren we 1908-nji ýylda şol işleriñ netijesini jemlän belli amerikan alymy-geolog Rafael Pampelliniñ işinde-de görmek bolýar. Onda Türkmenistanyñ gülläp ösen gadymy medeni mirasynyñ başlangyjynyñ Mesopotamiýadan, Müsürden, Hindistandan we Hytaýdan (ir) öñ bolmasa, giç däldigi bellenilýär. Umuman, Türkmenistan, diñe bir irki ýa-da ösen Orta asyrlar döwründe däl, eýsem, adamzat taryhynyñ ösen medeni mirasynyñ Nuh zamanynyñ täze daş asyryny (miladydan öñki 7-6-njy müñýyllyklaryñ sepgidinden) we tutuş miladydan öñki 5-nji müñýyllykdan - miladynyñ 650-nji ýylyna (Oguz han eýýamy) çenli aralygy öz içine alýan döwre degişli dünýä meşhurlygyny gazanan ajaýyp taryhy-arheologik ýadygärliklere baý ülke.
Diñe bir Daşoguz welaýatynyñ çäginde miladydan öñki 6-njy asyrdan - miladynyñ 4-nji asyry aralygyna degişli taryhy ýadygärlikleriñ ençemesi bar. Özlerem, her asyryñ anyk (hakyky) şaýatlary bolup hyzmat edýän ýadygärlikler. Olardan Küýzeligyr (Ýetimgyr), miladydan öñki 6-njy asyra degişli bolup, Jeýhunyñ aşak akymynda ýerleşýän ülkäniñ ~ Horezmiñ binagärlik sungatynyñ gözbaşynda durýan ýadygärlik hasaplanylýar. Ýadygärlik welaýatyñ Akdepe etrabynyñ çäginde, Ýasygyryñ günbatar eññidinde, uly bolmadyk bölek gyryñ üstünde ýerleşýär. Ylmy işlere Küýzeligyr ady bilen giren bu ajaýyp ýadygärligi ýerli halkyñ Ýetimgyr diýip atlandyrmagyna Ýasygyrdan bölünip aýrylan bölek ~ kiçi gyr bolanlygy üçin bolsa gerek.
"Galalygyr-1" Ýetimgyrdan, takmynan, 15 çakyrym gündogarda, Ýasygyryñ üstüniñ orta gürpünde ýerleşýär we miladydan öñki 5-nji asyra degişli saýylýar. Ol gala Jeýhunyñ aşaky akymyndaky ülkäniñ ~ Horezmiñ ahamenilere tabyn bolmahy bilen baglanyşykly gurlan binagärlik, satrap merkezi bolmaly diýlip çaklanylýar. Ýerli halkyñ Küýzeligyr ~ Aýrytam diýip atlandyrýan "Galalygyr-2" ýadygärligi Ýetimgyrdan 6 çakyrym demirgazyk-gündogarda, Ýasygyryñ demirgazyk-günbatar ýapgydynda (eññidinde) ýerleşip, miladydan öñki 4-2-nji asyrlara degişli, külli Horezm ülkesinde iñ irki ybadathana toplumyny düzýär. Şol ybadathanadan tapylan ajaýyp sungat eserleri bilen köpçüligi tanyşdyrmagy makul bildik.
Galanyñ durky gönüburçly, deñtaraply üçburçlyk, gapdal diwarlarynyñ uzynlygy 195 geze barabar. Diwarlarynyñ düýbi (esasy) şekilli, belentligiñ (gyryñ) erñegi bilen baglanyşdyrylypdyr. Gyryñ ýapgydynda uly inedördül, çylşyrymly gala girelge toplumy bolup, takyrdan gyra, takmynan, 20 gez belentlikde ýerleşýär. Häzire-bu güne çenli saklanyp galan diwarlaryñ abadanlygy dürli böleginde dürli-dürli.
Ýadygärlikde geçirilen gazuw-agtaryş işleri onuñ ybadathana, ýagny, dini däp-dessurlar bilen baglanyşyklydygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Girelge toplumy, toprak dökülip galdyrylan ýapgyt çykalgadan, girelgäniñ (derwezäniñ) öñündäki meýdançadan ybarat. Gala diwarynyñ günbatar böleginde dini tagçalar bolup, olaryñ biriniñ öñünde galdyrylan toprak (meýdança) bar. Onuñ ýanyndan, toýundan ýasalan, döwlen we güýçli (howurly) ýangynda galan iki tutawaçly, düýbünde, içindäki "keramatly" suwuklygy içmek üçin (içi gowalç), iki sany emzik görnüşli "düwni" bolan "bulguryñ" (ritonyñ) döwükleri, fantastiki haýwanlaryñ kellejikleri ýaly, jübüt haýwanlaryñ galyndylary bilen bezelip, gabyñ erñegine beklenen tutawaç bölekleri tapylan.
Galadaky iñ uly ymarat ~ tegelek ybadathana bolup, galanyñ diwarynyñ gabadynda, derwezeden (girelgeden) sag tarapda ýerleşýär. Tegelek ybadathananyñ töweregi 24 gez bolup, olam gala diwarlary ýaly iki gez galdyrylan topragyñ üstünde gurlupdyr. Onuñ daşky diwarynda peýkam uçlugy görnüşinde gözaralar bolup, demirgazyk tarapyndan uly, nal görnüşli, girelgeli küñre (diñ) birleşýär. Ybadathananyñ gurluşyk usullarynda birnäçe aýratynlyklary bolup, ýaşaýyş we hojalyk jaýlarynyñ gurluşygynda, esasan, agaç ulanylypdyr. Käýerlerde hojalyk we gurluşyk çukurlary, hatda önüm galyndylary bilen has çuñlaşdyrylan ýarym ýerzeminlerden guýlan we taplanan mis, bejerilen demir gurallar we ş.m. tapyndylar, esasan, uly jaýlaryñ gurluşygynyñ döwrüne degişli. Ybadathanada iki sapar uly ýangyn heläkçiliginiñ bolandygyny aýtmaga ýeterlik maglumat bar. Olar demirgazyk-gündogardan aralaşan maldarlar - saklar bilen baglanyşykly bolmaly diýip çaklanylýar. Ybadathanada duş gelýän esasy seneleýji zatlar şykgy toýundan ýasalyp bişirilen gap-gaçlardan başga-da misden ýasalan üç ganatly peýkam uçluklar, guşak tokalary, ýadygärligi miladydan öñki 4-2-nji asyrlar bilen senelemäge mümkinçilik berýär.
Ybadathanadan tapylan ajaýyp sungat eserleriniñ naýbaşylary, dini we dabara gaplary bolan bulgurlardaky (ritonlardaky) haýwan şekilleriniñ hatarynda düzümi garamtyl (çal) toýundan bolup, üsti suwuklyk bilen örtülen we sürtülen (ýylmalan-timarlanan) gaplar, gabyñ erñegine seplenen ýerinde şiriñ (arslanyñ) kellesi görnüşli köp sanly tutawaçlar, baý bezelen, ýumurtga görnüşli gaplar ~ amforlar (ritonlar), aýal kellesi görnüşli seplenen tutawaçlaryñ bölekleri we beýleki köp sanly ýerli şykgy toýundan ýasalan, güberçek tarapynyñ ýüzüne surat çekilen suw gaplaryna (mytaralara) syrçaly (reñkli) suratlaryñ çylşyrymly görnüşleri çekilen, heýkelleriñ baý toplumy, birnäçe täze görnüşleri: tans oýnaýan adamyñ gabyñ ýüzüne çyzylyp çekilen keşbi (şekili), ybadathananyñ töründäki böleginiñ ýokarsynda galdyrylan şem gaplarynyñ (çyranyñ) bölekleriniñ kän sanlysy tapylan.
"Galalygyr-2" ybadathanasyndan tapylan arheologik tapyndylaryñ iñ ähmiýetlileriniñ hataryna hatly (ýazgyly) küýze bölekleri (astraklar) girýärler. Ýazgyly gap böleklerine howply ýangyndan zeper ýetenem bolsa, ylym üçin tapdyrgysyz goşant bolup hyzmat edýärler. Olardan başga-da, ýangyna duçar bolmadyk birnäçe bir setirli ýazgylar, dört ýa-da bäş, dürli wagtlarda ýazylan ýazgyly hum diwarlaryna, suw gaplarynyñ güberçek tarapyna ýazylan ýazgylar bar.
"Galalygyr-" ybadathanasyndan birnäçe, öñ ylma belli bolmadyk, ajaýyp sungat eserleri-de tapylan. Olaryñ arasynda toýundan nepis ýasalan, nagyşlanan bulgurlaryñ (ritonlaryñ) aşaky gutaran tarapy, ýaly timarlanan, uýany bezelen atyñ kellesi, sakgal-murtly, kelle gabyna şah berkidilen "garsak" (şertli arwah) ~ heýkel keşpleri-de bar. "Garsak" (şertli arwah) diýlip atlandyrylýan heýkeljagazlar Müsüriñ ähli döwúrleri üçin mahsus bolmak bilen has irki döwürlerden bäri köp ýurtlara, şol sanda Türkmenistanda ýaýran sungat eseri saýylýar. Miladydan öñki IV-II asyrlar bilen senelenýän (Uzboý sebitinden tapylan Müsür faýansyndan taýýarlanylan heýkeljagazlaram - "garsak" (şertli arwah) hem Türkmenistan bilen Müsüriñ etno we medeni gatnaşyklarynyñ has irki döwürlerden bolandygynyñ anyk mysalydyr. Şol bir döwre degişli ýadygärliklerde: Günorta Türkmenistanda - Nusaýda bulgurlaryñ piliñ süñkünden, Demirgazyk Türkmenistanda - Galalygyrda - Aýrytamda bolsa şykgy toýundan diýseń nepis ýasalandyklary-da, ol sungat eserleriniñ ýerli önümleridiginden bir nyşan bolmaly diýsek, hakykatdan öte geçdigimiz bolmaz. Şykgy toýundan taýýarlanylan ululy-kiçili suw gaplarynyñ (mytaralaryñ) güberçek tarapynda ýerleşdirilen sungat eserleriniñ birinde çep tarapynda ýerleşdirilen agaja bakan barýan bugranyñ (iki örküçli düýäniñ) üstünde oturan adam, gapdaly naýzaly hem-de irki döwre (miladydan öñki 4-2-nji asyrlara) degişli gysga gylyçly, aty mazaly bezelen esger, ýaýran agajyñ şahasynda duran görnüşli sugun, agajyñ öñünde, töweregi dag bilen gurşalan ýerde naýzaly adam bilen hyýaly haýwanyñ söweşi, ölýän hem direlýän sugun görnüşli tebigat hudaýy barada gün sanawynyñ (kalendar) taslamasy. Ony (suguny) ýaýyñ oky bilen gün hudaýy atypdyr.
Umuman, ýadygärligiñ gatlaryndan tapylan esasy tapyndylar hasyllylyk bilen baglanyşykly geçirilýän dini däp-dessurlar bilen bagly bolup, her bir gadymy döwletiñ dini merkeziniñ bolşy ýaly, "Galalygyr-2" ybadathanasynda-da dini däp-dessurlar bilen döwlet işleriniñ utgaşdyrylyp alnyp barlan ýeri bolan bolmaly, sebäbi ýadygärlikde hojalyk mazmunly ýazgylarda duş gelýär. Şeýle uly dini merkeziñ, bir döwre degişli şäheriñ içinde ýerleşmegi, Demirgazyk Türkmenistanda miladydan öñki 4-2-nji asyrlarda ýaşaýyş-durmuđ taryhy uly gyzyklanma döredýär. Ybadathananyñ senesi türkmenleriñ kangly taýpasynyñ guran döwletiniñ başlangyç döwrüne gabat gelýär. Ol döwletiñ miladydan öñki 4-nji asyrdan ~ miladynyñ 1-nji asyryna çenli dowam edendigini ýazuw çeşmeleri we arheologik maglumatlar makullaýarlar.
Onuñ üçin-de ol ajaýyp ybadathanany, miladydan öñki 4-nji asyryñ başlarynda Demirgazyk Türkmenistanda Oguz han Türkmen neslinden bolan kangly taýpalarynyñ guran döwleti bilen baglanyşdyrylsa, hakykatdan öte geçildigi bolmaz. Miladydan öñki 328-nji ýyllarda Aleksandr Makedonskiý Baktriýa (Samarkanda) aralaşanda, Köneürgenç (Horezm) şasy Farasman 1.500 esgeri bilen onuñ ýanyna baryp, üstünligi bilen gutlaýar. Ol bolsa öz gezeginde demirgazyk türkmenistanlylaryñ (kanglylaryñ) ahamenileriñ düzüminden, has irkiräk döwürlerden, bölünip aýrylandygyndan alamatdyr. Miladydan öñki 247-nji ýyllarda Oguz han Türkmen nesliniñ nebereleri parlaryñ, dazlaryñ (dahlaryñ) we beýleki türkmen taýpalarynyñ ýolbaşçylygynda gurlan, soñy bilen uly imperiýa öwrülen, rimliler bilen darkaş guran, takmynan, 500 ýyla golaý döwleti dolandyran, türkmeniñ beýik Parfiýa döwleti dünýä meşhurlygyny gazanýar.
Hemra ÝUSUBOW,
taryh ylymlarynyñ doktory, arheolog.
#edebiyatwesungat_2005
* * *
■ Düýn, 2018-nji ýylyñ 17-nji dekabrynda aradan çykan belli taryhçy alymymyz, arheolog Hemra Ýusubowa Beýik Allatagaladan rehmet dileýäris. Jaýy jennet bolsun, nur içinde ýatsyn!
Merhuma iman, hossarlaryna sabyr-kanagat dilegi bilen: @Kitapcylar saýty.
Taryhy makalalar