09:30 Gerodota salgylansañ... | |
GERODOTA SALGYLANSAÑ...
Taryhy makalalar
Türkmen taryhyna nazar salanyñda ony takyk hem dogry öwrenmek meselesi, ýerli millete seredeniñde, beýleki halklary köpräk oýlandyrypdyr diýesimiz gelýär. Sebäbi Türkmenistanyñ iññän gadymy döwrüne, orta asyrlaryna nazar aýlanyñda, ilkinji edilen işleriñ, bar bolan ýazuw çeşmeleriniñ aglaba bölegi daşary ýurtly alymlaryñ paýyna düşýär. Watanymyzyñ taryhynyñ gözbaşy, onuñ ylmu esasda öwrenilip başlanan ilkinji döwri beýik grek alymy, taryh ylymlarynyñ atasy saýylýan Gerodotdan gaýdýar. Gerodot, biziñ bilşimiz ýaly, täze eradan bäş asyr öñ ýaşapdyr. Ol öz maglumatynda ýaşan döwründen ýüz ýyl öñki döwrüñ wakalaryny beýan edipdir. Biz taryhymyzyñ çylşyrymly sahypalaryny derñänimizde, şol beýik alymyñ maglumatlaryna, onuñ şägirtleriniñ işlerine salgylanmaly bolýarys. Taryhymyzyñ gümýrtik ýerleriniñ biri Uzboý meselesidir. Sebäbi bu derýa belli bir döwürde dolup-daşyp akypdyr. Soñra kesilip galypdyr, ýene-de az salym akyp, soñ bütinleý gurap galypdyr. Durmuşda nähilidir öz yzyny galdyrmaýan hadysa bolmaýar. Ol täsin derýanyñ hem yzy saklanypdyr. Bu hakda ýazuw çeşmelerinde maglumat galypdyr. B.e.öñki VI asyryñ habarlaryny suratlandyrýan Gerodot, biziñ eramyzyñ IV asyrynyñ Rim taryhçysy Ammian Marselline çenli bu derýa hakynda azda-kände aýyp geçipdir. Agzalan awtorlaryñ işlerinde Orta Aziýanyñ demirgazyk-günbatar bölegini, has takygy, Amyderýanyñ, Syrderýanyñ aýagyny we Aral, Kaspi, Sarygamyş suw howdanlaryny suratlandyrýan maglumatlar örän umumy häsiýetde beýan edilipdir. Şonuñ üçin bu mesele soñky asyrlaryñ dowamynda hem jedelli hasaplanyp gelipdir. Üstümizdäki asyryñ ortalaryndan arheologiýa ýadygärlikleriniñ giñişleýin öwrenilip ugramagy netijesinde, ýazuw çeşmelerinde ýatlanylýan derýalar we suw howdanlary barasyndaky maglumatlaryñ birnäçesi barasynda takyk pikirler aýdyldy. Hem-ä öñki belliklerimize goşmaça maglumat, hemem köp meseleleriñ çözgüdini aýyl-saýyl etmäge ýardam hökmünde, öñki habarlarymyza goşmaça pikirleri halk köpçüligine ýetirmegi makul bildik. Gerodotdan öñ ýaşap geçen Gekateý Kaspi deñzini Girkan deñzi diýip atlandyrypdyr. Kaspi deñzini şol at bilen tutanlaryñ ilkinji Gerodot hasaplanýar. Ol Kaspiniñ haýsydyr başga bir suw howdany bilen galtaşmaýandygyny aýtmak bilen, onuñ gündogarsynda ýerleşýän Araks atly derýanyñ kyrk golunyñ haýsydyr bir suw howdanyna ("batgalyga-aýlaga") guýýandygyny, ol ýurduñ ilatynyñ balygy çigligine iýip, düwleniñ derisinden eşik tikinýändigini belleýär. Araksyñ bir golunyñ açyk meýdandan-çölden akyp, Kaspi deñzine guýýandygyny aýdýar. Gerodot Araksyñ ugrundaky (aýagyndaky) adalaryñ birini Ortaýer deñzindäki Lesbos adasyna meñzedip, ol ýeriñ ilatynyñ ýaz aýlary dürli ösümlikleriñ köküni ýygnaýandyklarynu we iýýändiklerini belleýär. Gerodotyñ maglumatyndaky Araksyñ kyrk golunyñ haýsydyr bir suw howdanyna guýýandygyny aýtmagynda Sarygamyş suw howdanyny göz öñüne getirmek kyn däl. Ol ýerde ýaşaýan ilatuñ balygy çigligine iýýändigi häzirki döwürde birneme geñ görülýär. Ýöne iññän gadymy Horezmiñ ilatynyñ esasy iýmitiniñ balyk bolandygy belli. Beýle ýagdaý Sarygamyş sebitinde Gaññaiki, Tümmekkiçijik we beýleki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende aýan edildi. Elbetde, biz ol balyk süñkleri çigligine iýlen balygyñky diýmekçi bolmaýarys. Diñe balygyñ iýmit hökmünde köp ulanylandygyny aýtmakçy bolýarys. Eger balyk şeýle köp ulanylan bolsa, ol çigligine iýilmezmi diýen sowal ýüze çykýar. Şagadamyñ adamlary mundan bary-ýogy 70-80 ýyl öñki wakany ýatlaýarlar. Mälim bolşy ýaly, häzirki Türkmenbaşy şäherinde ýaşan ýapon ýesirleri balygy çigligine-hä däl, diriligine iýýän ekenler. Ownuk kilka balygyny olar janlylygyna ýuwdupdyrlar we onuñ baran ýerinde hereket edişine begenipdirler. Emma balyk diriligine ýaponlarda iýilýän bolsa, näme üçin bu ýerde iýilmeli däl, onda-da 25-26 asyr mundan gadym döwürde. Biz ýene şu günümize dolansak, çapak balygyny duza ýatyryp ýa-da kakadyp iýmekleri hem çigligine iýilmeginiñ bir görnüşidir. Sebäbi balyk eti gaty çalt ereýän, adam aşgazanynda örän siññitli bolan taýsyz ýokumly iýmitdir. Şonuñ üçin balygyñ çigligine iýilmegi geñ zat däl. Gepiñ gerdişine görä aýtsak, N.G.Çernyşewskiniñ "Näme etmeli?" romanynyñ baş gahrymany, ideal rewolýusioner saýylýan Rahmetow hem eti çala daglap iýmegi ündeýär. Şol çig etiñ hasabyna adamzadyñ beýnisi ösüpdir, pikirleniş ukyby ýokarlanypdyr. Ýeri gelende ýatlasak, türkmenlerde "Çig et et getirer..." diýen pähim bar. Olam tötänlik däl. Bu ýere yslamyñ gelmegi bilen, şerigat çig eti, gatda çig, bişmedik miwäni iýmegi hem gadagan edýär. Munuñ, elbetde, özüne ýetik sebäbi bar. Düwlen hakda aýdanymyzda, bu jandar barada bizde maglumat az. Türkmen ensiklipediýasynda hem sözlüklerde "düwlen" sözüni tapyp bolanok. Diñe merhum Şäher Borjakowyñ "Türkmen diliniñ deñiz we derýa leksikasynyñ gysgaça sözlüginde" ("Ylym", Aşgabat-1989, sah. 58) gysgajyk düşündiriş bar. Eger-de, düwleniñ derisi häzirki döwürde alynýan bolsa, öñki zamanda-da alnandyr. Şonuñ üçin bu iki häsiýetli alamat gönüden-göni Kaspi deñzi bilen baglanyşykly ilata mahsusdyr diýip aýdyp bileris. Türkmenistanyñ başga bir ýerinde ýa-da Orta Aziýada beýle mümkinçiligi bolan ýer-ýurt bar diýmek kyn düşer. Ozaly bilen Amyderýanyñ Aral hanasynyñ aýagynda-da, Sarygamyş gollarynyñ aýagynda-da b.e.öñki müñýyllygyñ ortalaryndan biziñ eramyzyñ III-IV asyrlaryna çenli ekerançylyk, maldarçylyk we senetçilik bilen meşgul bolan ilatyñ gür ýaşandygy soñky ýyllarda aýyl-saýyl edildi. Soñam Gerodotyñ ýatlaýan Araksynyñ (Amyderýanyñ-Uzboýyñ) aýagybda Ortaýer deñziniñ Lesbos adasyna menzeş ada bolandygy aýdylyp, ol ýurduñ ilatynyñ ýaz aýlaryndan meýdan ösümliklerini, şol sanda ösümlikleri-de peýdalanýandygyny aýtmagy hasam täsin. Sebäbi Balkan sebitlerinde ýerli halk häli bu güne çenli ýaz aýlarynda ýuwa, ýelmik, gaýtañgar (gataññyr), garla, kösük, selme, ysmanak, domalan, yşgyn, çomuç, çyryş ýaly ösümlikleri peýdalanýarlar. Düwleniñ derisinden eşik tikinýändikleri barasyndaky gürrüñe dolansak, onuñ Aral ýada Sarygamyş suw howdanlary bilen baglanyşykly bolmandygy bellidir, şol suw howdanlarynda ol haýwanyñ asla bolmandygy, Araksyñ (Amyderýanyñ-Uzboýyñ) aýagynda Kaspi deñzinden bolsa bolandygy belli. Onuñ üçin-de Gerodotyñ Ortaýer deñzindäki Lesbos adasyna meñzedýän meýdanyny Çeleken-Darja bilen baglanyşdyrsak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Ol derýalar we suw howdanlary barasynda W.W.Bartoldyñ belleýşi ýaly, Isgender Zülkarneýniñ, Selewkitleriñ we grek-Baktriýa döwletiniñ döwründe näçe köp iş edilenem bolsa, ol döwrüñ maglumaty Gerodotyñ maglumatyna garanyñda ösüş däl-de, eýsem, tesişdi. Sebäbi Aristobul Hazaryñ iki suw howdanyndan, ýagny, Girkan deñzini Kaspi deñzinden tapawutlandyryp, iki aýry-aýry deñiz diýen bolsa, grekleriñ aralaşmagy bilen iki adyñ (Girkan we Kaspiniñ) bir deñze degişlidigi aýyl-saýyl edilenem bolsa Kaspi deñziniñ haýsydyr bir suw howdany (okean) bilen galtaşmaýandygy aýyl-saýyl edilmändir. Gämi gatnawly Amyderýanyñ-da, Syrderýanyñ-da Kaspi deñzine guýýandygyny aýdanlaryñ ilkinjileriniñ biri Arrian (b.e.öñki IV asyr) bolmaly. Strabonyñ bellemegine görä, hatda Isgender Zülkarneýniñ ýany bilen alyp gaýdan hem-de onuñ ýörişiniñ maglumatyny has takyk beýan eden taryhçysy hasaplanylýan Aristobul hem Amyderýanyñ Hind derýasyndan soñ iñ uly, gämi gatnawly derýadygyny aýdýar. Patrakl, Erastofen hindi harytlarynyñ Girkan deñziniñ üsti bilen Ýewropa eltilýändigini aýdyp, Syrderýany-da Kaspi deñzine guýdurypdyr. Şol zerarly-da, häzirki zaman alymlarynyñ käbiri Araksy Syrderýa bolmaly diýip düşündiripdir. Olar esasy bulaşyklyk Araks bilen Ýaksartyñ atlarynyñ sazlaşyklydygyndan diýipdirler. Arrian Tanaisi tapawutlandyryp, Isgender Zülkarneýniñ Marakantdan (Samarkantdan) Tanaise (ýagny ýerli halkyñ Ýaksart diýip atlandyrýan derýasyna) - Syrderýa barandygyny we ol derýanyñ-da Girkan (Kaspi) deñzine guýýandygyny aýdypdyr. Strabon Tanaisiñ (Syrderýanyñ) we Meotiýiñ (Aral suw howdanynyñ añyrsynda, çarwa ilatyñ - daýlaryñ ýaşaýandygyny belleýär. Gutşmid bu habardaky Tanaisi we Meotiti diñe Aral we Syrderýa bilen baglanyşdyrmaguñ hakykata laýykdygyny aýdypdyr. Rim ýazyjysy Plininiñ maglumatynda "Derbikleriñ ýaşaýan ýurduny Baks kölünden sakasyny alýan Oks derýasy kesip geçýär" diýen jümle bar. Kwintt Kursiý Ruf bolsa massagetleriñ derbik taýpasynyñ Ahamenit şasy Dariý III-niñ gullugyna 40 müñ pyýada goşun we 2 müñ atly goşun berip bilendigini aýdýar. Kwintt Kursiý Rufyñ ýatlaýan derbikleriniñ, Strabonyñ ýatlaýan düzlügindäki massagetler bolmagy ähtimal diýen çaklamany öñ ýañzydypdyk hem-de olary Uzboýyñ sag tarapyndaky düzlüklerde - Gökdagda, Akgyrda, Beýnewde, Tekejikde, Bagarslanda, Çölüñ gyrynda, Goýmatdagda, Gaplañgyrda ýerleşdiripdik. Eger-de şeýle bolsa, onda Pliniñ ýatlaýan Baks köli Sarygamuş suw howdany we Oks derýasy Amyderýanyñ adyny göterýän Uzboý bolmaly bolýar. Biziñ eramyzyñ ikinji asyrynyñ grek alymy Ptolemeýde bolsa, pasikleriñ Oks bilen Ýaksartyñ aralygynda Oksiý daglygynyñ ugrunda ýaşandygyny aýtmagy köp meseläniñ çözgüdine ýardam edýär. Putşmit Ptolemeýiñ ýatlaýan "Oksiý batgalygyny" başgalaryñ ýatlaýan "Oksiý batgalygy" bilen deñeşdirse, ýagny Aral suw howdany bolmaly diýmekçi bolsa, başga birnäçe alymlar ol batgalygy Zerewşan derýasynyñ aýagyna eltmekçi bolýarlar. Emma Zerewşan gürrüñi edilýän zamanda, haýsydyr bir batgalygy, ýagny köli emele getirerden ejiz bolupdyr. Plininiñ maglumatynda ýatlanylýan pasikleriñ Strabonyñ apasiaklaryny, Ptolemeýiñ pasikiniñ we başga birleriniñ abi taýpalarynyñ aslynda birdigini I.W.Pýankow aýyl-saýyl edipdi. Biziñ ýene-de bir maglunata üns bermegimiz gerek. 1863-nji ýylda Wengriýanyñ Peşte akademiýasynyñ tabşyrmagy bilen ylmy maksatlar üçin Arminiý Wamberi Amyderýadan geçipdir. Bu meşhur syýahatçy Wengriýanyñ, Angliýanyñ hem ýene ençeme ýurtlaryñ akademiýasynyñ agzasy bolan tanymal alym Orta Aziýa gelmänkä ýigrimi töweregi dil bilýän eken. Onuñ ykjam taýýarlygy, Gündogar halklary barada çuñ düşünjesi bolupdyr. Şol alym hem Amyderýany Oksus diýip atlandyrýar. Eýsem ýerli ilatyñ diline oñat düşünen, türk we tatar dillerini oñat özleşdiren, pars-täjik dillerini bilýän bu alym geçen asyryñ ikinji ýarymynda bu derýa näme diýilýänini bilmedimikä? Özi türkolog we etnograf bolup, dilmaç hökmünde tanalyp, ony bilmezligi asla mümkin däl. Eýsem näme üçin onda-da Oksus sözüni ulandyka? Sebäbi onuñ okan ýunan gadymy çeşmelerinde bu derýa şeýle atlandyrylan bolmaly. Başgaça aýdanyñda, Araks-Oks diýlende Amyderýanyñ adyny göterýän Uzboý we "Saksi, Oksi batgalygy", ýa-da "Oksiý daglygy" diýleninde, Sarygamyş suw howdany bilen Uzboýyñ sag kenaryndaky daglyk (gyrlyk) - Gaplañgyr, Çölüñgyry, Tekejik-Begarslan, Beýnez-Akgyr, Gökdah we Uly Balkan bolmaly diýmäge doly esas bar. Hemra ÝUSUBOW. # "Türkmenistan" gazeti, 1996. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |