14:13 Kemçilik bar, kynçylyk ýok | |
KEMÇILIK BAR, KYNÇYLYK ÝOK
Jemgyýetçilik tankydy
Daşary ýurt metbugatynda çykyş edýän käbir synçylar Türkmenistanda daşary ýurtlara baryp-gelmäge niýetlenen biometrik pasportlary almagyň kösençlikdigini, aýratynam olary almak üçin migrasiýa gullugynyň talap edýän resminamalarynyň ondan geçýändigini, olary toplamagyň juda güzaplydygyny, köp wagtyňy sarp etmeli bolýandygyny tekrarlaýarlar. Eýsem, olaryň bu tekrarlary hakykata nä derejede gabat gelýär. Ine, biziň elimizde şeýle resminamalaryň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawy. Onda jemi on dört resminama göz öňünde tutulypdyr. Göräýmäge, bu synçylaryň talap edilýän resminamalaryň köpdügi hakyndaky pikirini tassyklaýan ýaly. Ýöne olaryň ählisi şol bir raýatdan talap edilmeýär. Biometrik pasport almakçy raýatlardan sanawdaky resminalaryň diňe başky ýedisi-sekizisi talap edilýär. Olary toplamak uzak wagtyňy alýar diýmek esassyz. 1-nji resminama Türkmenistandan çykmaga we Türkmenistana gaýdyp gelmege niýetlenen pasporty almak üçin ýa-da ony çalyşmak üçin arza. Bu arzanyň blankasyny migrasiýa gullugynyň işgärleri seniň tabşyran beýleki resminamalaryň esasynda dolduryp, raýata gol çekdirýärler. Migrasiýa edarasyna ikinji tabşyrylmaly zat 30-40 mm ölçegdäki bir fotosurat. Oňa düşge hiç bir kynçylyk ýok, düşdügiň ýarym sagada ýetirmän eliňe berýärler. Üçünji gerekli resminama Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy.Bu özüňden önýän-öýüňdäki zat. Onuň keserokopiýasyny almak itiň aňsady, migrasiýa gullugynyň özünde-de bu hyzmat ýola goýlan. Dördünji hökmany talap edilýän zat—dogulyş haskyndaky şahadatnama we onuň nusgasy. Onuň üçinem wagtyňy ýitirip otyrmaly däldigi, kösençligiň ýokdugy aýandyr. Dogry, käbir raýatlaryň raýatlyk pasportlaryndaky maglumatlar dogluş hakyndaky şahadatnamadakydan tapawutlanýar.Şeýle bu çaprazlyklary aradan aýyrýan resminama getirmek maslahat berilýär. Ony bolsa arhiwlerden gysga wagtda almaga mümkinçilik bar. Dogry käbir ýagdaýda bu işiň birnäçe günden bitýän wagty-da bolýar. Hemişelik ýaşaýan ýeriňden, ýagny haýsy salgyda ýazgyda durandygyň hakynda güwänama talap edilýän resminamalaryň bäşinjisidir. Jaý kireýleriň tölemekde bergiň ýok bolsa, bu güwänamany-da aňsatlyk bilen alyp bolýar. Sanawdaky altynjy resminama nika hakyndaky şahadatnama we onuň nusgasy ýa-da nikaň bozulandygy hakyndaky güwänama. Bu bu resminamany taýarlamakga uzak wagt, uly tagalla gerek däl, güwänamany almakda-da kösençlik ýüze çykmaýar, ol degişli edara tarapdan gysga wagtda beriýär. Sanawyň edijisinde harby bilet we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişlilik hakynda harby kimissarýatdan güwänama talap edilýär. Harby gullugy geçen ýa-da saglyk ýagdaýy zerarly parahatçylykly döwürde harby gullukdan boşadylan adamlar migrasiýa gulluga gullugyna harbi biletlerini görkezmeli,häzir harby gulluga çagyrylmaga ýaşy ýetmedik ýa-da harby gulluga çagyrylmak möhleti kanun esasynda yza süýşürlen ýaşlar bolsa güwänäma getirseler ýeterlikdir. Ýöne harby hasapdan ýaşy boýunça (50 ýaşdan soň) bireýýäm öçürilen raýatlardan olaryň harby biletleriniň hem-de nusgasynyň talap edilmegi nädogrumyka diýýän. Esasy gerekli resminamalaryň sekesinjisi bolsa şu pasporty almak üçin döwlet pajynyň tölenendigi hakyndaky kwitansiýadyr. Munuň hem hiç hili müşgili ýok. Banka baryp,sanlyja minutda töläp bolýar. Kwitansiýanyň hümmeti-güýji bir ýyla çekýär. Pajyň möçberi ujypsyz—30 manat. On alty ýaşyna ýetmedik çagalar, uruş we zähmet weteranlary,ähli toparly maýyplar bu tölegden boşadylýar. Sanawdaky dokuzynjy resminama 16 ýaşyna ýetmedik çagalara şu pasport alynjak bolnanynda gerek, ol onuň ene-atasynyň ýa-da kanuny wekiliniň pasporty we onuň nusgasydyr. Onunjy resminama 18 ýaşyna ýetmedik çagalar we kamillik ukyby bolmadyk rayatlar üçin zerurdyr, ýagny, olar üçin pasport almak barada ene-atasynyň haýsy-da bolsa biriniň ýa-da beýleki bir kanuny wekiliniň notarial edarada tassyklanan towakganamasy talap edilýär. On birinji resminama hem onunjy bilen utgaşyklydyr. Kanuny wekiliň hukugyny (kanununylygyny) tassyklaýan güwänamadyr. Raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegine şaýtlyk edýän güwänäma sanawdaky on ikinji resminamadyr. On üçünji resminama bolsa Türkmenistandan çykmak we Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin niýetlenen pasportyň ýitirilmegi ýa-da ogurlanmagy bilen ýüze çykýan ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Eger-de ol Türkmenistanyň territoriýasynda ýitirilse ýa-da ogurlansa bu barada Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň güwänamasy, pasport Türkmenistanyň çäginden daşarda ýitirilse ýa-da ogurlansa, onda Türkmenistanyňdaşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsulhanalarynyň watana dolanmak hakynda beren şahadatnamasy talap edilýär. Sanawa girizilen iň ahyrky on dördünji resminama Türkmenistanyň pasporty bilen birlikde daşary döwletiň pasporty (pasportlary) bar bolan raýatlar gaýry döwletiň (gaýry döwletleriň) pasportyny (pasportlaryny ýa-da olaryň öwezini tutuýan dokumenti we nusgasyny talap etmäge bagyşlanandyr. Şu sanawa beren gysgaça teswirimizden görnüşi ýaly, pasport almak üçin esasy talap edilýän resminamalar bir fotosuraty hasaba alanyňda-da sekizden geçmeýär. Olaryň hiç birini-de toplamak üçin gapy-gapy kakyp ýörmeli däldigi hem aýdyň görünýär. Häzirki wagtlarda nobatlaryň döremeginde-de häkimiýetleri günäkärläp otyrmak birtaraplaýyn bolýar. Raýatlaryň aglabasy şeýle pasportlaryň üç ýyldan gowrak wagtlap berlip gelinýändigine garamazdan, ony almakda geleňsizlik,biagrylyk etdiler.Inden gyzza-gyzza gelip,ýurtdan diňe şu pasport bilen çykaryljak bolnansoň, onuň ugruna çykdylar. Raýatlaryň aglabasy şol pasportlaryň häzir özlerine gerek boljakdygyna ýa-da gerek däldigine seretmezden, garaz, ony alyp goýmagyň aladasyna ulaşdylar. Bu-da nobatlaryyň uzalmagyna täsir edýär. Daşary ýurtlarda okaýanlaryň, gaýry döwletlerde ogryn-dogryn ýaşap işleýänleriň arasynda-da biometriki pasporty edinmedikler edinenlerden köpmükä diýýän. Onsoň häkimiýetleriň görýän çärelerine garamazdan, nobatlaryň onçakly gysgalybermegi kyn işdir. Talyplaryň daşary ýurtlardaky okuw jaýlaryna wagtynda dolanmaklary üçin olara pasportlary on güne çenli wagtda nobatsyz resmileşdirip bermek aýny wagtda görlen çäredir. Talap edilýän resminamalary dogry we dürs taýarlap migrasiýa gullugyna tabşyrmak indi olaryň özlerine baglydyr. Bu pasportlary bermekde hamala migrasiýa gullugynyň işgärlerine 600 dollar bermelidigi hakyndaky gürrüňem gybatdan başga zat däldir. Elbetde, häkimiýetleriň bu işi ýola goýmakda goňberen säwlikleri-de bar. Şu pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli edinmegiň zerurlygy ilata göwnejaý düşündirilmedi, köpçülikleýin informasiýa serişdelerinde täsirli,yzygiderli wagyz işleri geçirilmedi,bu iş kanunçylykda görkezilişi ýaly, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzda ýola goýulmady. Ildeşlerimiziň Türkmenistanyň içki pasporty esasynda ýurda erkin gaýdyp gelmegi barada hem ýeterlik alada edilmeýäne meňzeýär. Umuman daşary ýurtlarda işläp, okap ýören raýatlaryň meselelerini çözmekde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginden talaby güýçlendirmek wajypdyr. Käbir synçysumaklaryň-da öz daşary ýurt metbugatynda edýän çykyşlarynda Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmaga we ýurda gaýdyp gelmäge niýetlenen pasportyny edinmeginiň kösençlidigi hakyndaky hakytdan daş tekrarlary ýaýradyp,ilaty dowula düşürip ýörmeklerini bes etmegi gerek. Şonda iliň bähbidini aradyklary bolar. 18.07.2013 ý. Aşyrguly BAÝRYÝEW, hukuk meselelrini öwreniji žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |