07:24 "Almany" ýalan çüýreder... | |
"ALMANY" ÝALAN ÇÜÝREDER ...
Publisistika
Owalbaşda "Almany'' goşa dyrnagyň içine almagymyň sebäbini düşündireýin: çünki ol Russiýa Federasiýasynyyň köpsanly syýasy partiýalarynyň biri bolan "Ýablokonyň“ türkmençe ady. Ine, rus häkimiýetlerine oppozisiýada durýan hasaplanýan şu partiýanyň lideri Sergeý Mitrоhin 2-nji aprelde "Swоboda – Swоbodnaýa Ýewropa“ radiosynda eden çykyşynda gepleşigi alyp baryjy žurnalist Mihail Sokоlowyň meçew bermeginde Türkmenistana dahylly ýalan, has anygy, töhmetçilikli maglumaty çyna berimsiz edip aýtdy. Bu iki jenabyň ýurdumyz hakynda aýdan çypdyrmalaryny ilki radiodan diňläp, soňra-da internet–saýtdan okap, häzirki wagtda ýürek keselim zerarly düşege baglanandygyma garamazdan, galama ýapyşmaga mejbur boldum. Sebäbi olary diňläp, okap dymmak mümkin däl. Meniň özümem şu radionyň türkmen redaksiýasy bilen ýigrimi ýyla golaý wagtlap, ilki habarçy, soňra-da synçy hökmünde hyzmatdaşlyk edip geldim, ýurtda bar bolan problemalar barada öz pikirimi beýan etdim, olaryň çözgüdine häkimiýetleriň ünsüni çekmek isledim. Hakykatyň hatyrasyna, olaryň ençemesiniň soňy bilen oňyn çözülendigini aýtmagym gerek. Dogrymy aýdaýyn: radionyň rus redaksiýasyny "Swоboda-Swobоdnaýa Ýеwrоpa“ radiostansiýasynyň otuza golaý redaksiýasynyň arasynda iň kämili, iň dogruçyly hasaplaýardym. Häzirem şu ynanjymdan el çekesim gelenok. Ýöne S.Mitrоhin bilen M.Sоkоlowyň gürrüňi edilýän gepleşikde akgöwünli watandaşlarymyzyň her biriniň degnasyna degjek ýalany dünýä ýaýmaklary ynamyma palta urýar. Köpbilmiş häsiýetli S.Mitrоhin "ruslaryň, rus dilli adamlaryň Orta Aziýada, Türkmenistanda, Täjigistanda betbagtçylykly ýagdaýdagyny'' agzyny dolduryp nygtady. Olaryň ýagdaýlarynyň Orta Aziýanyň beýleki döwletlerinde hänilidigi barada mende ygtybarly maglumatlar ýok, ýöne meniň Watanym babatda S.Mitrоhiniň aýdanlary hakykatyň ýele ýanyndanam baranok, başdan-aýak ýalan, zannyýamançylykly toslama. Sowet döwründe-de, hasam garaşsyzlyk ýyllarynda ruslary ýa-da rus dilli raýatlary, umuman, milli azlyklaryň wekillerini gysmagyň, kemsitmegiň faktlary bolmady, milletara sabyr-takatsyzlyk zerarly çaknyşyklar-a beýlede dursun, hatda durmuş, gün-güzeran derejesinde-de agzalalyk ýüz bermedi. Dogry, SSSR dargandan soň müňlerçe rus, rusdilli maşgalalar Russiýa Federasiýasyna göçüp başladylar, häzirem göçýän ýok däl. Munuň esasy sebäbini rus häkimiýetleriniň ozalky sowet respublikalaryndaky ruslara, rus dillilere "altyn daglary“ wada berenliginde, hasam göçüp gidenleriň aglabasynyň döwlet diline öwrülen türkmen dilini öwrenmegi islemändiklerinde görýärin. Gepleşigi alyp baryjy M.Sоkolow gürrüňdeşiniň ýalanynyň üstüni çyna berimsiz ýalan bilen ýetirip: "Türkmenistanda elhenç ýagdaý, adamlar rus pasportlaryndan mahrum boldular, olar ýurtdan çykyp bilenoklar“- diýip, damak ýyrtdy. Şeýle tekraryň hakykata laýyk gelmeýändigini her bir türkmenistanly bilýär. Şeýle ýalany diňe hakyky ýagdaýy bilmeýän, bilmegem islemeýän, maglumaty, informasiýany "Нronika Türkmеnistana“, “Gündоgar“ ýaly ygtybarsyz, daşary ýurt grantynyň hasabyna iş alyp barmak bilen, köplenç, töhmetçilikli habarlary ýaýradýan ''çeşmelerden'' susup alýan syýasatçy, žurnalist öz ýüzüne gara çekip aýdyp biler. Hawa, Türkmenistanda onuň Konstitusiýasyna laýyklykda goşa raýatlylyk ykrar edilmeýär. Goşa raýatlylyk hakyndaky Ylalaşyga 1993-nji ýylda iki ýurduň şol wagtky prezidentleri B.Ýelsin we S.Nyýazow tarapyndan gol çekildi. On ýyldan soň türkmen tarapynyň kanuny inisiatiwasy bilen ýokarda ady tutulan Ylalaşygyň täsirini ýatyrmak hakyndaky Protokola W.Putin we S.Nуýazow gol goýdular. Ýöne taraplar ençeme konsultasiýalar geçirip, şol Protokolyň täsirini näbelli möhlete togtatdylar, netijede goşa raýatlygy bolan raýatlar öňküleri ýaly wizasyz Russiýa Federasyýasyna hem-de onuň bilen wizasyz düzgünde gatnaşyk edýän ýurtlara baryp-gelmek mümkinçiliklerini sakladylar. 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyndan kanunlara laýyklykda Türkmenistandan daşary ýurtlara diňe biometrik pasport esasynda çykmak mümkin boldy. Kanun boýunça başga döwletiň raýatlygy hem bolan adama Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty berilmeli däl bolsa-da, türkmen häkimiýetleri, kadadan çykma hökmünde, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, rus pasportlaryny tabşyrmagy talap etmezden, goşa raýatlygy bolanlara-da ony bermek baradaky karara geldiler. Ýüzugra aýtsam, öz wagtynda türkmenistanlylara Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny bermekde Orsyýetiňem, Türkmenistanyňam kanunlarynyň-da, goşa raýatlylyk hakyndaky Ylalaşygyň özüniň-de bozulan halatlary az bolmady, şeýle hem RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri tarapyndan para-peşgeş almaklygyň köpsanly mysallaryna ýol berildi. Jenap M.Sоkolowyň "ýagdaýlaryň elhençligi, raýatlaryň rus pasportlaryndan mahrum bolandyklary, olaryň ýurtdan çykyp bilmeýändikleri'' hakyndaky nygtamasy-da asla ýapa degenok. Eger-de, goşa raýatlygy bolup, rus pasportyny tabşyranlar ýek-tük tapdyraýsa-da, olaryň mejbury ýagdaýda däl-de, öz erklerine meýletin tabşyrandyklaryny aýdyp bolar. Iki raýatlylygyna, milletine garamazdan, 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyndan soňra-da ýurtdan çykyp, ýurda gaýdyp gelip bilýärler. Gepleşigi alyp baryjy bilen onuň gürrüňdeşi biri-birini ýalanda goldamakda ýaryşýan ýaly, mojukdan mojuk çypdyrmany, gezekleşip, diňleýjiniň okyjynyň depesinden infertile. Jenap Mitrоhin ýalana aňyny aldyran şekilde: "Ol ýerde (Türkmenistanda diýip düşünmeli -A.B.) barypýatan eden-etdilik, adamlary öýlerinden çykaryp zyňýarlar. Biz bu meseläni telim gezek öz häkimiýetlerimiziň öňünde goýsak-da, myzaýyk edenoklar“-diýip, zeýrenen boldy. Bu tekrarlama hem barypýatan ýalan. Jenap Mitrоhin özüniň bu çypdyrmasyna ýekeje-de ygtybarly mysal getirip bilmez. Hakykat şeýle: geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda prezident S.Nyýazow ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky Permanyny ýerli ilat üçin ýatyryp, göçüp gidýänler (olar esasan ruslar we rus dilli raýatlar) üçin bolsa, güýjünde galdyrdy. Hiç kim öz öýünden kowlup çykarylmady, gaýtam, sähelçe manada hususylaşdyran kwartiralaryny ýerli ilata onlarça müň dollara satyp gitdiler. Türkmenistanda ýaşamaga galan ruslar we rus dilliler Türkmenistanyň raýaty hökmünde ýurduň Baş kanunynda berlen hukuklardan peýdalanyp gelýärler. Olara hiç bir mesele-de, aýratynam, ýaşaýyş jaý meselesinde zowal ýok. Türkmenistanda galan başga milletleriň wekilleri öz kwartiralarynda ýaşamagy dowam etdirýärler, ençemesi bolsa, aňrybaş abadanlaşdyrlan gymmatbahaly jaýlardan ýeňillikli şertlerde kwartira satyn aldylar. M.Sokоlow ýalançylygyň ýaryşynda gürrüňdeşinden kem galmajak bolup: "Bosgunlar bar, adamlar eýdip-beýdip (ýurtdan) çykýarlar, elhenç (ýene-de elhenç sözi-A.B.) zatlary gürrüň berýärler - bu hakykatdanam şeýle. Diňe bir ruslar däl, ýerli ilatam gaçýar. Bu jähtden ol ýerden gaýdýan migrantlar diňe ykdysadyýet bilen baglanyşykly däl“—diýip, sugşurýar. Türkmenistandan—bosgunlar? Jenap M.Sоkolow olary nirede gördükä? Hawa, migrantlar ýok däl, ýöne olaryň sany beýleki ýurtlaryňkylar bilen deňeşdireniň-de diýseň ujypsyz. Türkmenistandan Orsyýete iş gözläp barýanlaram juda az sanly. S.Mitrоhine, M.Sоkolowa “Türkmenistandaky ruslaryň, rus dillileriň ýagdaýynyň betbagtçylyklydygy, elhençdigi hakyndaky'' görnetin ýalanay çyna berimsiz ýaýratmak nämä gerek bolduka''- diýen sowal döreýär. Meniň pikirimçe, olaryň ikisi-de rus häkimiýetleriniň, syýasatçylarynyň, žurnalistleriniň we beýlekileriň Krymdaky wakalary ol ýerdäki ruslary goramak bilen baglanyşdyrýan tezisini ret etmek islep, arryklaryny gynaýarlar. Ýöne Sokolowyň hem, Mitrohiniň hem, hiç kimiň hem şol tezisi puslaryň, rus dillileriň Orta Aziýadaky, hasam Türkmenistandaky ýagdaýynyň ''betbagtçylyklydygy, elhençdigi hakyndaky'' toslama delil bilen ýalana çykaryp bilmejekdigini kesgitli aýdyp bolar. Sebäbi bu ''delilden'' rus häkimiýetleri Türkmenistanda (umuman, Orta Aziýada) ruslaryň, rus dilli adamlaryň betbagtçylykly, elhenç ýagdaýynyň öňüni almaýar, onsoň Krymdaky ruslaryň aladasyny edermi? - diýen many aňlanýar. Türkmenistanda bolsa, öňüni alar ýaly ''elhençligem, betbagçylygam'' ýok. Aslyýetinde, olaryň ýalany täzelik däl. Şundan iki hepdä golaý wagt ozal professor Igor Çubаýs ruslaryň Türkmenistandaky ýagdaýynyň ''agyňy tutdurýandygy'' hakynda gözýaş dökdi. Geçen ýyl özüni GDA ýurtlary boýunça ekspert saýýan Andreý Grоzin Fаrid Tuhbаtulliniň "Нrоnikа Turkmеnistana'' saýtynda “Türkmen häkimiýetleri özlerine giň göwrümli çukury ynamly gazýar"- diýip, edepsizlik bilen, welililik satdy. Žurnalist A.Dubnоw bolsa "Iks sagatdaky dowzah“ diňleýjileri, okyjylary bilen uzak wagtlap gorkuzyp geldi. Bularyň ikisi-de ýurdymyzda goşa raýatlylygyň kanuny ykrar edilmezligine, 2013-nji ýilyň iýulynda ýurtdan çykmagyň diňe Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty esasynda amala aşyryljakgyna şeýle netikaza reaksiýa bildirdiler. Şeýle mysallary näçe getirseň getirip oturmaly. Türkmen häkimiýetleri welin, akylly-başly hereket edip, ne kişi köýdürdiler, ne-de kebaby. Elbetde, abraýly radionyň efirinde hakykatyň ýerine aç-açan ýalan ýaňlananda gynanýarsyň, hasam ýalany M.Sоkolow ýaly ýokary hünärli žurnalistiň, S.Mitrоhin ýaly tejribeli syýasatçynyň dilinden eşdeniňde gyýylýarsyň. Bu olaryň özleniň-de, radiodir partiýanyň adyna-da abraý däl. Hawa, türkmen häkimiýetleriniň işinde kemçilikler ýok däl. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek babatda görülmeli çäreler, çözülmeli meseleler entek ýeterlik. Ýöne muňa, Türkmenistanda ruslaryň milli azlyklaryň, rus dillileriň ''betbagtçylykly, elhenç ýagdaýy baradaky'' toslama beýanat bilen ýardam edip bilmersiň. Meniň pugta ynanjyma görä, Türkmenistanda hukuk, demokratik döwletiň gutarnykly berkarar bolmagyna ýalan, hakykaty ýoýmak, sensasiýa kowalaşmak bilen däl-de, hoşniýetli, dogry maksatly tankyt, problemalary hemmetaraplaýyn gozgamak, olaryň çözgüdini agtarmak we salgy bermek, dogruçyl informasiýany ýaýratmak bilen hemaýat edip bolar. Aşyrguly BAÝRYÝEW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |