23:26 Boşluk ýok ýer bilen asman arada... / goşgular | |
BOŞLUK ÝOK ÝER BILEN ASMAN ARADA...
Goşgular
Dogduk depäm, Güwleme" / goşgular toplumy ■ Gaýdyp gelmek Ýürek bilen geçip aradaşlygy, Dogduk depäm, geldim bu gün goýnuña. Bu ýol sarp etdim bütin ýaşlygy, Daglar deý götärdim münseñ boýnuma. Göwünde göterdim, göterdim, diýar, Gelere-gidere ýoluñ galmandyr. Obamy dikeltmek maksat hem hyýal, Hasabat sorajak iliñ galmandyr. Daglaryñ göbegi - obam Güwleme, Seni demne sordy haýsy aždarha? Teselli barmydyr göwni döwlene, Ýüregimiñ derdi möwjeýär barha. Eden işim nädip goýaýyn orta, Gidipdir illeriñ seniñ çar ýana. Ýazmadylar adyñ hatda pasporta, "Bu oba indi ýok" diýip, bil, jana. "Obañ ýok" diýeniñ galat sözleri, Gözler ynansa-da, ynanmaz ýürek. Ony görjek bolsañ, dargatman saklan Obadaşlañ kalbyna aýlanmak gerek! ■ Güwleme Dogduk obam, Güwleme, Meñzär köküñ köwlene. Ojaklaryñ öçürlen, Iliñ yrak göçürlen. Obam daglaryñ täji, Didäm didar mätäji. Köñlümiñ şähri sende, Ejemiñ mähri sende. Kyn bolan däldir diñe - Aýra düşmek iliñe, Saña-da kyn düşendir, Dag ornundan süýşendir. Süri-süri keýikler, Bakandyrlar beýikden. Käkilikler zarlandyr, Zaryn sesi armandyr. Gussa batan arçalar, Çaýlar gözi arçalan, Ter çemenli awlaglar, Il göwnüni awlanlar, Bol miweli baglaryñ, Döşün sypan daglaryñ, Galandyrlar göz dikip, Adam başarýar ýykyp... Aýralygyñ dagyndan, Obadaşlañ ahyndan Gözýaşym döküp gizlin, Aglasam ýatyp ýüzin, Öz ogluñy geñleme, Dogduk depäm, Güwleme! ■ Obam Göçmek däl, göçürmek ýoñ bolan döwür, Aýrylypsyñ ilden, iliñem senden. Jülgäniñ güneýi - garalan böwür Ile sütem edip geçipdir çenden. Dirilikden nyşan - it ýatyr pallap, Ýüregimden düşýär daşa ýañ, obam. Sende ýaşapdyryn diñe bir ýyllap, Kyrk ýyllap kalbymda ýaşaýañ, obam. Soñra ýurt tutunan ýeriñ keseki, Ojagy däl, ýürekleri otladyp... Pytrap ýatyr köne tamlañ kesegi, Pytrap giden ykballary ýatladyp... ■ Obadaşlaryma Bu gün geldim ahyr göçülen ýurda, Diýar - göwnüñiz deý giñ jülge eken. Siziñ kalbyñyzda baslygan derde, Men indi düşündim, bagrymda tiken. Sizi özge ýurda göçürseler-de, Galypdyr kalbyñyz şu ýerden çykman. Ýüzlerçe ojagy öçürseler-de, Jülgede galypdyr nijeme ykbal. Jennetiñ nusgasy bu dogduk depäm, Sowupdyrlar ondan toýy-bazary. Haçan ýüreklerden gözýaşlar kepär, Ölinçäkdir aýralygyñ azary. Bilýän niçelerñiz gelip bileñzok, Duşuşyga ýürek tap gelmez öýdüp. Hakdyr ömrüñize atylany zäk, Sizi göçürenleñ dünýäsi göýdük. Niçeler göz ýumdy mekanyn zarlap, Kyýamat dälmidir göwün maýrylsa?! Manysyn ýitirýär dünýäde bar zat, Türkmen dogduk depesinden aýrylsa. Diýara söýgimde bolmaz hiç ýalan, Bagrymda elenen aýdýan sözlerim... Orak orlup, döwek döwlen Diñgalañ[1] Dikip otyr ýoluñyza gözlerin. ■ Ojak Dogduk mekan asla çykmaýar ýatdan, Daban bilen sypap daglaryñ serin. Yzlaý-yzlaý tapdym göçülen ýurtdan, Ine, öýümiziñ oturan ýerin. Ýatyr, gör, ýyllary çekip üstüne, Ejemiñ öçürmän saklan ojagy. Ýyllary ýorgan deý syryp dessine, Ojaka ot ýakdym aladañ çagy. Şu ojak başyndan örýän köp eken, Ýetimi-ýesiri küren obanyñ. Biz göwsünden, olar bolsa, ömüri, Alypdyrlar ellerinden käbämiñ. Şu ojak başynda oturyp ejem, Tikipdir oglunuñ toýuna tuty. Toýdan häzir irdir diýmändir hijem, Perzendi kiçijik bolsa-da gaty. Käkilik perinden düşekçe tikip, Guzynyñ ýüñünden salyp ýorgany, Oglunyñ toýuna uly jar çekip, Çagyrjak ekeni Etrek-Gürgeni... "Oba gören däldir beýle çeperi", Tananlar dişleýär hälem hyrçyny. "Eden işi bir sungatyñ eseri - Çeken keşdesimi, dokan horjuny". Ýigrimi sekiz ýyl ýanypdyr ojak, Ejemiñ yhlasy bolup kesewi. Ýekeje ogluna geripler gujak, Özüne alypdyr degen keseli. Ýüzüme çabyrap ojak başynda, Ojaryñ ýalny däl, ejemiñ mähri. Ady ýerleşende mazar daşynda, Bir dünýä gowzady göwnümiñ şähri. Guş-gumry säheri oýaran zaman, Bakdym tüñçä gaçan asman Aýyna. Ýene-de öñürtdi ejem, mähriban, Oýarjakdym welin säher çaýyna. Şeýle owaz añdym guşlañ dilinden: "Bolarmy perzendi enesiz goýmak?! Hany men çekeýin, janym, eliñden, Tur oglum, tur balam, sowady gaýmak!". ■ Daýyma I. Bagryñ badaşypdy bu daglar bilen, Daglara baglydy ömrüñ-ykbalyñ. Üzmediñ örküñi dogduk depäñden, Çolaryp galsa-da, dagda çar ýanyñ Ogullar uzakda, gyzlar uzakda, Dagsyz ýaşamaklyk uly dertmidi? Daglaryñ ornuny tutmady hiç zat Baglanan örküñi ýyllar kertmedi. Beýik Pyragynyñ nazary siñen Daglar boldy täsin ömrüñ şaýady. Doglanyñda buşluk berlen daglarda, Ýene şol daglarda berdik aýady. "Kömegiñ injiri" diýýärler, ine, Bu injir il üçin ezizlän zadyñ. Durmuş seniñ üçin bolmandy süýji, Ýöne süýji zatda galypdyr adyñ. II. Sen dogandan, men ejeden aýryldym, Dogduk depäniñem çekdik ahyn kän. Çagakam dolardym men gujagyña Ýene gujagyñy gerdiñ jahylkam. Gujagyñda bardy ejemiñ mähri, Gözleriñ gözlerne biçak meñzeşdi. Geçmişde galmady, diri wagtyñda Eneli dünýäm señ dünýäñe geçdi. Bagryña basanyñ ýeke men däldim, Köpler dolup, giñäp gitdi gujagyñ. Öçürmediñ bu daglarda, jülgede, Obadaşlañ taşlap giden ojagyn. Gujagyñ giñelip, bolupdyr gowak, "Kömegiñ gowagy" diýýärler ine. Dursuñ gelenlere gujagyñ açyp, Doldum gujagyña, jan daýy, ýene! III. "Gezmek - ömürden" diýleni, Gören ýokdy ýatanyñy. Daban bilen ölçäp çykdyñ Mekanyñy-watanyñy. Bu daglaryñ degresinde Barmyja basmadyk ýeriñ? Sygynyp beýik daglara, Göterdiñ sen ýükün neriñ. Bu ýerden irmän gatnapsyñ, Şeýlemi daglyñ kadasy. Dag biline guşak ýoda, Ady: "Kömegiñ ýodasy". Ýoda ýañy salnan ýaly, Ýörelse ýitýärmi näme?! Goýup giden şol ýodañdan? Gadam urdum men dünýäñe. ■ Ejemiñ joralary Garrylary ýagşy günüñ, Ejem janyñ joralary. Agyr günlerden alamat, Ejem janyñ joralary. Jan käbämi gören gözler, Oglun görüp, bolar dözmez, Ömür ýasar bugdaý sözden, Ejem janyñ joralary. Azdyr näçe etsem taryp, Sözleri dür, özi aryp, Her birisi janly taryh, Ejem janyñ joralary. Şeýle mährem, şeýle sada, Jan käbämi salyp ýada, Geljege - ýol, düýne - ýoda, Ejem janyñ joralary. Agyr günleñ şarpygyny, Dadyp, saýlan harpygyny, Düzen durmuş harlygyny, Ejem janyñ joralary. Ojaklara mäkäm pena, Ady dillerine sena, Döz geldiler müñ bir bela, Ejem janyñ joralary. Ynanýar ejeme derek, Guwanýar ejeme derek, Maña onlap ene ýürek, Ejem janyñ joralary. Toýda - bezeg, ýasda - arka, Bir-birege goýar sarpa, Özüm ýetim duýman barka, Ejem janyñ joralary. ■ Göçülen ýurduñ ahy Eýranyñ hany däl, Hywanyñ begi, Ynkylap adyndan sözleýän ýagy, Kürsüsi dag ýaly, Hökümi güýçli, ilden öýkelimi, ýa ilden öçli, Buýruk berdi: - Göçürmeli obany, Göründen galdyryp ata-babany. Taýak bilen señseledip çopany, "Ýurdum" diýip, boş gürrüñi tapany, Zenany-ebtady salyp öñüñe, Getirmeli raýonyñ deñine. Ýogsam oba oturanmyş belentde, Goý mekan tutunsyn golaý kentde. Ýerden süýräp, alyp gaýdyñ çagasyn, Çaý içim salymda oba dagasyn! Olar mal yzynda mal bolup giden, Gowaça ekişde taplansyn beden... Wekik ýabylydy, eli gamçyly, Telärli, Güwleme, Hartut, Ýalçyly - Il barysy dagdan indi eñşeşip, Pyganly sesleri bagryñy deşip. Egnin gysýar daglar - asman sütüni. Owal görmändiler beýle sütemi. Gara daglañ gara bagryn dagladyp, Sürdüler il baryn zaryn ýygladyp. Muny gören bolsa molla Zelili, Ýaşa gark ederdi külli zemini. Oba gamçylandy, dagdan aýryldy, Ýüzlerçe ynsanyñ köñli maýryldy. Täze döwrüñ hansumagy ýowuzdy, Iliñ derisin däl, ýüregin ýüzdi. Oýunjak bolupdy iliñ ykbaly. Ölmez ödi gündi - sesiñ çykmany... Ak pagta Ak bagta ýetrip bilmedi, Dişler ýyrşarsa-da, köñül gülmedi, Barha güýjäp aýralygyñ azary, Köñülde tutuldy obañ mazary. ■ Dogduk depe - Bejertmeli saglygyñy, Gitseñ gowy bor kurorda. Alman lukman töwellasyn, Gidýärin göçülen ýurda. Biter tendäki ýaralar, Bilsem göwnümi seýikläp. Dogduk depä togap kylmak, Ynsan üçin iñ beýik däp. Dogduk depäñ her bir çöpi Ýüregime däri-derman. Hem gozgaýar köne derdim, Göçülenne çekýär arman. Pederler däl eken bihal, Ýurt tutunyl bilýän eken. Kalbyñ eken dogduk depe, Dogduk depe - dünýäñ eken. Dolanarmy indi döwran, Sowulypmy ajap çaglar? Göçlen ýurduñ sakçysy deý Otyr munda belent daglar. Göýä taryh kitabynyñ Setiridir jülgeleri. Alyp gider geçmişine Ýurdun küýsäp her geleni. Ýürek bilen okaberseñ? Her bir daşy berer many. Dag bolup keserip ýatyr - Atalañ ömür beýany! ■ Daglar Sežd eýleýip geldim size, Gudrat baryn gördüm, daglar! Geçmiş ýeli kakdy ýüze, Asmana gol berdim, daglar! Geçmiş ýatyr boýnuñyzda, Geljek otyr boýnyñyzda, Keramatly goýnuñyzda, Ah, göçülen ýurdum, daglar! Dünýä döräp siz barsyñyz, Dömüp, ýer göwsün ýardyñyz, Duşman öñünde durduñyz, Mekany siz merdiñ, daglar! Atalardan miras ýerler, Göwün joşup, ser göterler, Gaýalar - dälmi pederler, Güne kalbym serdim, daglar! Diñ salyp çeşmäñ sazyna, Damja deý siñdim ýazyña, Ötenleñ aýak yzyna, Biten güli tirdim, daglar! Gussam - kämilik sesinde, Gaýdyp gelmek höwesinde, Şäheriñ ýat köçesinde, Sizi zarlap ýördüm, daglar! Derdinişsek - dälsiñiz lal, Hiç kimsäge salmadum al, Lebzimi saklap men halal, Jülgelerñe girdim, daglar! Ol gadym pederler ýaly, Sürüp gelmedim men maly, Üstüñe yhlasdan doly, Hyýallary sürdüm, daglar! Yzlap deräñi-goluñy, Kalbyma sarap ýoluñy, Atalaryñ ykbalyny, Daşlaryñdan dördüm, daglar! Ýaza galan gary görüp, Bol dökülýän nury görüp, Al-asmany dury görüp, Ýagşylyga ýordum, daglar! Göwnümdäkin diýsemdim men, Ýat suw içip, suwsadym men, Beýikleri küýsedim men, Ownuklardan irdim, daglar! Inersiñiz dert ýükläre, Synan göwnüm seýikläre, Tagzym edip beýiklere, Dyza çöküp durdum, daglar! Arka diränler eseldi, Sizi undanlar peseldi, Ak göwnüme täk teselli, Hem egsilmez derdim, daglar! Mertebesi dag dek galan, Bedewi Aýa ýol salan, Ata-babamyñ dem alan, Howasyndan sordum, daglar! Şuglasyna taban Aýyñ, Üstüñde tapyp ýagdaýyn, Atalañ eken bugdaýyn, Hyýalymda ordum, daglar! Bulut aglar giden ile, Ahmyr meñzär porhan sile, Çykdym, kuwwat geldi bile, Düşenimde ardym, daglar! Dagan obam nepesimde, Taryh bilýär ýazyk kimde, Diñgalanyñ depesinde Köñül öýün gurdum, daglar! ■ Diñgalanyñ köteli Är işini bitiren, Diñgalanyñ köteli. Ili aşa ýetiren Diñgalanyñ köteli. Bugdaý ekilen meýdan, Il ondan şoña haýdan, Dagdan nan alan daýhan Diñgalanyñ köteli. Ol asmana merdiwan, Ýüregimuñ derdi kän, Waka baryn gördi kän, Diñgalanyñ köteli. Başynda adan jemlän, Ýöwsel, namardy geñlän, Daglara gerden deñlän, Diñgalanyñ köteli. Gündiz Günüñ kirpigi, Gije Aýyñ kirpigi, Barlap görer hörpüñi, Diñgalanyñ köteli. Şahyr göwnüm söz diýmiş, Degresinde ir-iýmiş, Dagdan inseñ - ak iniş, Diñgalanyñ köteli. ■ Soñudagy "Eý, söwdügim, Soñudagy". Magtymguly. Pyragynyñ söwdügi sen, Belent başly Soñudagy. Köñül berip, öwdügi den Set müñ ýaşly Soñudagy. Goýnuñda köñlüniñ joşy, Ýaşyña sepleşer ýaşy, Sensiñ onuñ mazar daşy, Çeşmi ýaşly Soñudagy. Tikenli sim döwrüñ çaýry, Aýra saldy Gyzylbaýry, Ykbalyñyz boldy aýry, Bagry başly Soñudagy. Ara daş däl el ýetere, Ýollar bekli il ötere, Tagzym kyl şahyr pedere, Galkan döşli Soñudagy. Hyýallary - ganat, peri, Şahyr ýatmaz tutup ýeri, Başyñdadyr belent seri, Şahyr başly Soñudagy. Arkadagy il merdiniñ, Şaýady sen yşk derdiniñ, Niçik göterdi gerdeniñ, Bagryñ daşmy, Soñudagy? Beýgeldiñ sen götereñde, Başyn göge ýetireñde, Baky galdyñ setirinde, Bulut gaşly Soñudagy. Zybanyna bolduñ sena, Il-gününe bolduñ pena, Wasp etmesem bolar günä, Göwnüm joşdy, Soñudagy. Ajap dessanyn dagydan, Gussam ýetik şol agydan, Bir nyşan sen Pyragydan, Goýny göçli Soñudagy. Ili üçin ýanyp-ýyglan, Şahyr sizi ýere myhlan, Siz müdimi, biz bir myhman, Köñli joşly Soñudagy. ■ Hojajombaz gonamçylygy Kimler obasynyñ dulunda süýnüp, Tutupdyr bu ýerde baky mesgeni. Kimler alyslarda ýurdun täzeläp, Atalañ ýanyna gaýdan gös-göni. Düşenip, Örtünip mele topragy, Ýatyr munda näçe arka nesiller. Durmuş bolsa bu dünýäniñ ýüzünde, Muña gelýänleriñ yzy kesilmez. Düýbu tutulypdyr Nuh eýýamynda, Munda doga okan ol Garry molla. Rowaba boljak deý geljege sary, Otyr mazarystan hut ýedi ýolda. Aýatda sataşýar mundan gidenler, Diýara baş egýär garry-ýaşlary. Ýonulyp getirlen, gör, nirelerden, Dag ýurduna ap-ak mazar daşlary?! Baýyrlañ egnunde mazarystanlyk, Tümmekler göwünden doldurlan humlar. ...Diriler gezip ýör dürli ýurtlarda, Dogduk depä gaýdyp gelýär merhumlar. ■ Ýalñyz bag Ýalñyz bag galypdyr göçen obada, Şahasy depäñde ýaý berip duran. Hiññldik uçardy onda çagalar, Alkyşlar alardy hiññildik guran. Sowlupdyr şowhuny ýalñyz daragtyñ, Hiññilligi şemal uçýar kyrk ýyllap. Hemmesin götärdi bagym täzeden, Ah, şol çagalary bolsady ýygnap. Aýralykdan saralypdyr ýapraklar, Bag - köküni kalba uran ýatlama. Bilenlere geçmişinden alamat, Ýöne bir otyran agaç ýatlara. Rehim eýleýän dek bu ýalñyz baga, Guşlar şahasynda düzlüp durýarlar. ...Arman, agtyklary şol çagalaryñ Elleri paltaly haýdap barýarlar. GUDOK HAKDA BALLADA "Gyzylarbat gudogna örmeýän ýurduñ Barlygna Täç eje geñ galýan ýyllar". Gurbandurdy Geldiýew. Şol gudogyñ sesi siñdi baglara, Şol gudogyñ sesi siñdi añlara. Şol gudogyñ sesi salýardy ýola, Ugradardy säher uly ykbala. Gudok ümsümligi örüzer işe, Işine taýýarlyk görýändir säher. Gudok gygyrdymy çykmaly ýola, Bolýan däldir onsoñ eglenmek sähel. Çagyrardy işe, sesi batlydy, Gurbatymyz oñ sesinden kem däldi. Gudok bir maksada gulluk etdirip, Gudok adamlaryñ başyn jemlärdi. Gudok gygyrmasa, Gün dogmaz öýdüp, Gudok gygyrmasa, ýaşmaz öýdüp Gün. Şonsuzam oýanýan ýurduñ barlygna Şol Täç eje ýaly uýmazdy göwün. Köçeler dolardy adam silinden, Olar titi däldi şu gün deý beýl-ä. Mazutly eşikleñ ajaýyp ysy, Durmuşyñ demidi urardy beýnä. Ynsanlary oýarardy şol gudok, Ynsaplary oýarardy şol gudok. Watanyñ sesidi gudogyñ sesi, Atanyñ sesidi gudogyñ sesi. Işçi ýüreginiñ batly urgusy, Watanyñ olara baky sargydy. Atalar uruşda, eneler işde, Çagalary gudok oýarýan ýyllar. Ynanýaryn sesi peselen gudok öñki deý gygyrsa, oýanar ýyllar. ______________________________ [1] Garrygalada bir dagyñ ady. "Nohur täsirleri" / goşgular toplumy Atdaşym A.Seýuitnurowa ■ Nohurda Daglar göge galtaşýar Nohur atly obada. Bulaklar gaýnap joşýar Nohur atly obada. Ýatladyp dur çynarlar, Ýaşap geçdi çyn ärler, Niýetiñden tanarlar, Nohur atly obada. Hasaply her daban ýer, Gara daşdan önýär zer, Mañlaýyñdan damsa der, Nohur atly obada. Myhmana hezik eder, Dar jülge giñär gider, Gelenem göwnär gider, Nohur atly obada. Kalba girer bada-bat, Oba bolmaz gowa ýat, Her daşy bir rowaýat, Nohur atly obada. Daglar daglara bakar, Suwam belende akar, Gowy gowyny tapar, Nohur atly obada. ■ Ypaýgala Jennet diýseñ kemsinersiñ, Jennetdenem zyýada. Tarypyñ kem gelse birden, Bagyşlarmyñ sen ýa-da?! Yhlasym-a däldir kemter, Zehindedir bar bela. Gürrüñ açsak niçik bolar, Geçmişden Ypaýgala,! Bütewi gala ekeniñ, Bölüpdirler oñuşman, Bolañsoñ Iki paý gala, Heşelle kakan duşman. Ulaldyp öýke-kinäni, Ikä bölüp bir synany, Daglañ daşyn daglapdyrlar, Soñra köýüp aglapdyrlar... Ýeñil düşen iki bölek Galalara zabt eýlemek. Häzirem türkmen ilimde Bar bir-biriñi çeýnemek. Gözlerim bu daglar bilen, Syr alyşdy, köp gürleşdi. Iki gala ýüregimde Öñküsi deýin birleşdi. ■ Degirmenli dere Eger gelseñ bu derä, Degirmenler garşylar. Geljek galar yzyñda, Geçmiş durar garşyñda. Degirmenler monjuk deý Düzülipdir bu derä. Aý-günleri aýlapdyr Harazlar ýöräp-ýöräp. Aý-günler ýöräp-ýöräp, Harazlary aýlapdyr. Degirmenler derede Ile ömür paýlapdyr. Il-gün üýşüp bulagy Sowup barýan ýolundan. Akdyrypdyr gaýanyñ Edil orta bilinden. Belentden inen suwlar Degirmeni işleden. Ömür uzak bor eken Deriñ döküp, işleseñ. Daşy oýup, münderläp, Edipdirler akaba. Neneñ ömür bermejek, Şunuñ ýaly azaba. Bil-baldyryñ güýjünden Çekipdirler minneti. Ýagşy güne ýetiren Degirmenler milleti. Ýürek urgusy deýin Togtamandyr hereket. Bu ýerden urba alan, Şu günlerki bereket. Dagyñ süññünden döräp, Siñip otyrlar daga. Bikärlige gynanyp, Guwanyp ajap çaga. Gojalar bilýär gadryn, Degirmeni taryplar. Ýaş-ýeleñe gara daş, Bolup bilse taryhdyr. Eger gelseñ bu derä, Degirmenler garşylar. Geljek galar yzyñda, Geçmiş durar garşyñda. ■ Nyýazbikeuçan gaýasynda - Dur dogan, dur dogan, Uçma gaýadan. Diñe göreş bilen Söýgi aýalar. Dur dogan, dur dogan, Etme ejizlik. Ýeñmesin ýene-de Nejis nejislik. Dur dogan, dur dogan, Ýokdur ganatyñ. Ýatla, ýar kalbyna Gonan halatyñ. Dur dogan, dur dogan, Ýokdur etmişiñ. Ýarasy bolma sen, Geljek, geçmişiñ. Dur dogan, dur dogan, Bäs gel matlaba. Ýaryña ýetmersiñ Özüñ oklab-a. Dur dogan, dur dogan, Ölüm aşakda. Ýar söýgüsi bilen Päliñ duşakla. Dur dogan, dur dogan, Daglar aglaýar. Gara ýüñ bulutlar Güni baglaýar. Dur dogan, dur dogan, Zarlaýar çeşme. Geçme sen dünýäden, Söýgüden geçme. Dur dogan, dur dogan, Güýçlüdir yşkyñ. Gaýadan uçup däl, Uz ýöräp düşgün. Dur dogan, dur dogan, Gülmesin duşman Söýgiñ ejizlänin Bilmesin duşman. Dur dogan, dur dogan, Gum bor gülbeden. Garyplar garap dur Garyp külbeden. Dur dogan, dur dogan, Olar köýmesin. Gaýadan goýberme Ýaryñ söýgüsin. Dur dogan, dur dogan, Ömüriñ nusga. Nusgalyk ömüriñ Bolmasyn gysga. Dur dogan, dur dogan, Otlanma otsuz. Gara gaýa galsyn Öñki deý atsyz. Dur dogan, dur dogan, Ýar bilen tapyş. Gitme sen dünýäden, Kalbymdan ýapyş! ■ Şaglawuk Gaýanyñ saçy tözlenip, Dökülipdir gerdeniñden. Topugyna düşýär gelip, Galdyrasyñ ger zeminden. Gaýa - aýna, şemal darar, Darar, älemgoşar dörär, Gözelligi kalba sanjar, Gudrat çabraýar deminden. Bolar eken munça hyjuw, Şaglawuk bir dem salnan suw, Gel-de argyn kalbyñy ýuw, Paýhas durlanar eminden. Daglaryñ zemine yşky, Göçürmäge taýýar goşgy, Ýada düşýär söýgim - başky, Ötsem şaglawuk deñinden. Şaglawukly gözel dere, Müñ hyýal getirip sere, Özlerin oklap şähere, Ogullar zarlar soñundan. Seçer durar hünjülerin, Hünjä öwrer ünjüleriñ, Bir ajaýyp künji ýeriñ, Aýrylmak kyndyr öñünden. Daşyp durup kalbyñ diñlär, Ýürekdeşleñ başyn jemlär, Wagtyñ azdyr, küýseg kem däl, Ýylda bir gelseñ keminden. Göwün syryñy paýlaşsañ, Dostlaryñ bilen çaýlaşsañ, Dünýäde jaýdar jaýlaşsañ, Bakylyk alyp elinden. Sypap-sypap zülpleriñi, Synlap-synlap dik seriñi, Jady suwuñ köp ýerini, Çykaryp bolmaz añyñdan. Gaýtalap şygryn atdaşyñ, Eren baga öwrüp daşyn, Sypap-sypap gaýañ döşün, Çykýar dünýäniñ keýpinden. Ir-iýmişli degre ýany, Oba sary salar ýoly, Çelgi alan tapar ýaly, Hiç sowulmaz öz ýolundan. Ýigrim bäşiñ dälisimi, Şahyr ýürek ýalysymy, Bu daglaryñ namysymy, Dörän ahmyryñ müñünden? ■ Muhammetguly Atabaýewiñ mekdebinde Atabaý aganyñ iñ uly ogly Biçak okumyşdy, çyn sowatlydy Kemsidip çetine kän degseler-de; Kalbyny işinden hiç sowatmady. Göterjekdi il-gününiñ ykbalyn, Ylym köşgün gurup çynar astynda. Gojaman çynarlar juwan çynaryñ Boldumy ölmüne sebäp aslynda?.. Bäşinjin aldyryp otyr dört çynar, Ak mekdebi basyp gara bagryna. Tarypyny etseñ Muhammetgulyñ Her şahasy setir boljak şygryña. Çynar bolup al-asmana dyzap dur Muhammetgulynyñ beýik höwesi. Köpden bäri munda kakylmaýar jañ, Sapaga çagyrýar taryhyñ sesi. Goh ýok, galmagal ýok, diýseñ ümsümlik, Artykmaç bu ýerde özgäniñ sözi. Indi mugallymsyz taryh sapagyn Gelene geçip dur mekdebiñ özi. * * * Dostlaryñ gallap dursa, Bu daglarda daşyñy, Goşga öwresiñ geler, Nohuryñ her daşyny. Dodaklaryñ kepemez, Gözellige teşnesiñ. Goşga öwresiñ geler, Nohuryñ her çeşmesin. Bäş barmak deý bäş dere, Oba getir ýöreseñ. Goşga öwresiñ geler, Nohuryñ her deresin. Saklaýarlar sarpasyn, Gojalaryñ öwdüniñ. Dosty bolasyñ geler, Nohuryñ her ýigdiniñ. Daga düşünip bolmaz, Her gerşinden aşmasañ. Nä körüñ bar Nohurda, Eger gelip joşmasañ?! ESENGULY Kasym Nurbadowa Obalar meñzeýär biri-birine, Bir-birine şeýle meñzeş şäherler. Esengulyñ ekiztaýyn tapmarsyñ, Gelenler geñ galyp, bakar säherler. Gözleriñe dolar aýakly jaýlar, Bütin oba gitjek ýalydyr birýan. Agşam görseñ, işden gelen ýalydyr, Säher görseñ, göýä ol işe barýar. Oba dynjyn alýar aýak üstünde, Aýak üstünde ol işlän mahalam. Deñize çümdürip gurupdyr jaýy, Şu obanyñ ýerin ilki tapanam. Esenguly mydam aýak üstünde, Myhmanyñ ýoluna dikilen gözi. Hyzmat eder aýak üstünde durup, Myhmanyn oturdar, oturmaz özi. Obañ geçmişinden gürrüñ açsalar, Gojalar erteki sözleýän ýaly. Esenguly galyp daraklygyna, Çekilen deñizi gözleýän ýaly... WATAN Agrasdyr ol uly göwresi ýaly, Watan öwgülere mätäç däldir hiç. Ýüregiñ söýgüsi goluña geçse, Ynanar Watanyñ şoña ir-u-giç. Watana gerek däl nähak pidalar, Somlamak gerek däl gara başymy. Her bir ogly üçin uly göwresin Silkip dökýändir ol gözde ýaşyny. Söýüp Watanymyñ ýazyn-gyşyny, Şu paýhasa gulluk edýän her zaman: Oñ üçin goýmaly bolmalyñ başy, Watan üçin başy saklalyñ aman. TÜRKMENIÑ KALBYNA DÜŞÜNJEK BOLSAÑ... Türkmeniñ kalbyna düşünjek bolsañ, Göwnüniñ ganatyn - synla bedewin. Özüne at daksañ, ýylgyryp oñar, Bedewne at daksañ, ol eder göwün. Türkmeniñ kalbyna düşünjek bolsañ, Göwnüniñ aramyn - diñle dutaryn. Geçmişi saýýandyr tarynyñ birin, Geljegi saýýandyr onuñ bir taryn. Türkmeniñ kalbyna düşünjek bolsañ, Göwnüniñ giñligin - synla sährasyn. Sähradan okarsyñ onuñ ykbalyn, Bu sähra sowýandyr toýuny-ýasyn. Türkmeniñ kalbyna düşünjek bolsañ, Göwün gözelligin synla halysyn. Gözüñ gözellige meýmirär gider, Dünýäni durşuna gören ýalysyñ. Türkmeniñ kalbyna düşünjek bolsañ, Göwün belentligin synla daglaryn. Kalbynyñ törüne geçiber onsoñ, Myhman, sen şolara uýan çaglaryñ. * * * Gitdi Watanyn taşlap, Bagtyn gözläp yrakdan. Oda düşdi ýat ilde, Ne bardan ol, ne ýokdan. Bagty diýip düşünen, Baýlygyny tapdy ol. Baýlyk bilen bagtynyñ Garagyny gapdy ol. Günler geçdi düşündi, Nämedigne diýaryñ. Tirkedi durnalara, Ýaz göçende hyýalyn. Çyglamady gözlerin, Gözýaş dökdi köñüli. Tutdy Watanyñ ahy Gözleriniñ öñüni. "Ýandak bilen gözýaşyñ, Süpürmeli bolaýma", Diýlenini ýatlady, Geldi serhet golaýna. - Watan ýandagy bilen, Ah, süpürsem göwüni!.. Ykbalyna meñzeşdi, Tiken simleñ düwüni. URUŞ ÝYLLARYNYÑ ÇAGALYGY Uruş turdy gül ömrümiñ başynda, Adam baryn sordy durdy durdy demine. Gidenleñ suraty - gözleñ ýaşynda, Uruş çagalygam saldy çemine. Uruşdan uzakda girdik uruşa, Atalaryñ, agalaryñ yzyndan. Uruş müñ külpetler getirip başa, Dört ýyllap düşmedi çaga dyzymdan. Göreşdik Watany goraýan soldat, Hor bolmasyn diýip, azyk-huruşdan. Çagalar gülende bu dünýäm abat, Çagalygym gaýdyp gelýär uruşdan. ÖMÜR Kesekiñ topragna gözün gyzdyryp, Alysa gaçyryp ömür ýyldyzyn, On sekiz ýaşynda gitdi dünýäden, Dostum, adam ömri ne beýle uzyn?! Watanyñ topragyn gorap bir gerçek, Hüjümde kesekiñ topragna geçip, On sekiz ýaşynda gitdi dünýäden, Dostum, adam ömri gysga, gör, niçik?! URUŞDAN SOÑKY AHWALAT Bu öýde ýaşaýar ene hem ogul, Üç adamlyk töläp jaý üçin haky. Üçünji ýaşaýar diwar ýüzünde - Surat bolup galan ol esger baky. Bu öýde ýaşaýar ene hem ogul, Diwardaky surat - umydyñ keşbi. Ene ineriniñ boýna guwanýar, Agyn kakasynyñ özi deý deşli. Olar ynanýarlar diriligine, Ynanýarlar biri-birinden beter. Uruşdan gaýdandyr biraz gijiräk, Bir gün-ä, bir gün-ä ol gelip ýeter... Ene hem özünden, hemem oglundan Bir syry gizleýär, Gizleýär gaty: Ýygşyrypdy arkasynda suratyñ, Ýarynyñ ölmüne güwägär haty. MEÑZEŞLIK Säher turup, gözüm açan badyma, Ol daga seretmek boldy endigim. Goja başy ak telpekli ak gyşda, Ýaz geýýär bulutdan gara telpegin. Bir görsem dag otyr üç oglun jeñde Aldyran atam deý dik tutup başyn. Bir görsem dag ýatyr Watany goran Üç agam deý berip topraga döşün. GÜLLER Bahar güni mazaryna gerçegiñ, Güller bitdi ýüreginden nem alyp. Dört ýyllap uruşda arzylanlary, Çykypdyr topragyñ üstüne galyp. Säher şemalyna ýüpek gülleriñ, Ülpüldeşýär gyzyllary, aklary. Ak güller - enäniñ kümüş saçlary, Al güller - ýarynyñ al ýañaklary. ESGERIÑ HEÝKELI Niçe ýyldan bäri şol bir ädimi, Bagdan bakyp dur ol öýüne sary. Daşarda galypdyr esger müdimi, Düşegin içerden salyp ýör ýary. Oglundan ýaşdygyn bererler aýdyp, Kyrk ýyldyr gidenne ýigrini ýaşa. Özi öýe girse giräýer öýdüp, Urşy saklap dur ol öwrülip daşa. HYÝAL Ýaza ýetip, keýpin çaglan Guşlaryñ gelipdir bagty. Gözellige kalbyñ baglan Ýaz gününde köñlüñ ýagty. Gözüñ gözelligi tirip, Ses goşsañ saba ýeline. Häzie bir ertekä girip, Düşünseñ guşlañ diline. * * * Şaglap gelen mele suwuñ öñüne, Jylawlamak üçin basdylar bendi. Suwuñ togtanyna gyýyldy kalbym, Bendiñ bekligine kalbym begendi. Suwuñ erjelligi, ýatmady ol dek, Bir yş tapyp ahyr böwüsdi bendi. Bendiñ çat açanna gyýyldy kalbym, Suwuñ hyjuwyna kalbym begendi. SÄHRADA Daglaryñ öýmesi al-elwan şapak, Buşlaýar zemine Günüñ dogjagyn. Säher ukusyndan oýanýan bilbil, Nem içip, ogşaýar gülüñ dodagyn. Ganatlary bilen Günüñ kirşine Kakyp, guşlar düzýär ajaýyp mukam. Säher gözelligin gözüñde jemläp Ýaşamakdan uly bagt barmykan?! Gaýdyp gelenime begenýän ýaly, Gülden beslenipdir düzdür beýikler... Sährada galdyran çagalygymy, Hanha, alyp gaçyp barýar keýikler. HAZARA Ýok, göbek ganymam saña dammandyr, Taban murtum başga ýerde syryldy. Göwnümde tolkunýar mawy ummanlar, Ýaşlygym kenarña dañlyp dur indi. Pata alyp geldim saña gumlardan, Durun jemalyñdan sowman gözümi. Çarlagyñ ganatyn ogşan gomlardan, Uzak ýyllar gözläp tapdym özümi. * * * Göwher gyryndysy sepildi deñze, Deñziñ ýüzi tylla zerden gaýmaklan. Ýüregim bendiwan bu gözel meñze, Daş et, ykbal, şu görnüşden doýmakdan. Deñziñ boz şemaly ýüzüñi ýalap, Säherde deñiz deý giñeýär göwün. Ýygnar dañyñ elwan şapagna dolap, Deňziñ düýbündäki ýyldyzlary Gün. * * * Bu gün göwnüm özüñki deý çaýkanýar, Bir-birine için döker dertdeşler. Seniñ goldawyña mätäç men, deñzim, Telim gaýy başdan sowup, mertleşen. Men saña içimi dökeýin, deñzim, Ýöne gyrmança deý zyñma kenara. Zyñsañ, ejizlänmi edersiñ aýan, Gorkýan derdim baryp ýeter ol ýara. * * * Men sähraly Hem dagly Ikisiniñem deñ ogly. Bu dünýä inen çagym Ýassyk bolupdyr dagym. Sähra bilen gundaglap, Ykbalymy şolara Goýupdyrlae deñ baglap! * * * Meñ gözüme dür dänesi, Gara dagyñ gara daşy. Gelenleri penalap dur, Gaýalaryñ galkan döşi. Käkilikler käkeleýär, Çeşmeleriñ gözbaşynda. Söýgi kalbym çekeleýär, Bir dagly gyzyñ gaşynda. Men dagly, dagda doguldym, Daglar arkam-diregimdir. Gursagyma sygmasa-da, Daglar kalbym - ýüregimdir. ELBRUSY SYNLAP... Gögi saklap duran deýin, Elbrus goşa başynda. Arşda dikip köñül öýün, Aýlanyp ýörüs daşynda. Goşa başyn täsin dagyñ, Her kim bir zada meñzedýär. Uzaklardan synlan çagyñ, Misli ak guw - uçup gidýär. Bir görseñem ene ýeriñ, Ak göwsüne edýär çalym. Ony gögüñ emşin görüñ, Şol görnüşden many alyñ. Biri-biriniñ höwrüdir, - Biri magşuk, biri aşyk. Ak gar juwanlañ göwnüdir, Barýar olar menzil aşyp. Belentden belende müñzäp, Al asmanda dagyñ göwni. Meñzeden zadyña meñzäp, Deñläp otyr olar egni. Bu daglara söýgim uly, Meñzetmäni tapdym añsat: Biri - şahyr Kaýsyn Kuly, Beýlekisi - Resul Gamzat. * * * - Ine, Lermontowyñ gaýasy şudur, Bu - şahyryñ gadam uran ýodasy. Gelen myhmanyna goýup çyn gadyr, Gürrüñ bermek kawkazlynyñ kadasy. - Şu ýerde şahyra duşupdyr peri, Şu gowakda düşlän şahyr şol çaglar... Beýleki daglardan üýtgeşik ýeri, Şahyr bilen tanalýarlar bu daglar. GÜÝZ GÜNI Sypyrdy başyndan sary öýmesin, Baglaryñ başyny aýlady güýzem. Güýzüñ sary dili açdy syryny, Beýle ýeñles däldi, agrasdy düýnem. Baglar eçilip dur sahylyk bilen, Tylla teññeleri seçýär gaýgyrman. Açgöz şemal bir ýerlere daşaýar, Nämä gerekdigin özem saýgarman. Soñky teññesine çenli barysyn Şemalyñ eline berip dur baglar. ...Berenni yzyna aljak bolýarmy Indi nä elini serip dur baglar? ETÝUD Aý asmanyñ çala çyzlan dodagy, Bägül deý Zemini öpýär näzirgäp. Ýyldyzlaryñ ýüpek nuruna ýuwnup, Barýar bu älemiñ göwrümi giñäp. Asman gymyldadyp Aý dodagyny, Deñze gaçan ýyldyzlary sanaýar. ...Iki Aýyñ arasynda oturyp, Ýigit Aý gaşynda bagtyn synaýar. KEŞDELER Gül bahar gül sähra çekipdir keşde, Nagyşlar salypdyr her dürli gülden. Ýarynyñ keşbini saklap göreçde, Gülleriñ süññüne siñipdir dilber. Günem bu sährada zülplerin çözlän, Gözüñ ganmaz sähra gyzyñ oýnundan. Keteni köýnegniñ ýakasyn gözläñ, Aslyşypdyr sähra gyzyñ boýnundan. JÖWZADA Gün dagy-daşy-da eredip barýar, Ýere çog dökmegiñ bilenok çenin. Topragyñ nemini demine sorýar, Sähra egne atýar sary çäkmenin. Keşde güller solýar teşne boluplar, Synasna siñdirip bahar günlerin. ...Wagtyndan gijigip ýagan bulutlar, Aglaýar agysyn solan gülleriñ. MIWELI BAGLAR Miwäni bol getiripdir Egipdir bag başyn ýere. Güýz serpaýyn ýetiripdir, Şemal kakýar agras sere. Yrýa miwelerin görüp, Geplejek-geplejek bolýar. Şahasyn ýere ýetirip, Olary çöplejek bolýar... TOMUS GIJELERI Bu gijeler gysgalypdyr, Karz berensoñ gündizlere. Dañlar atýar şeýle bir tiz, Ýañy duşañda gyzlara. Ýyldyzlary - däneleri, Asman göýä bir äpet nar. Gögüñ görkli synalary, Olar misli şem deý ýanýar. Ýok, meni derde goýanok, Uky almagyñ kynlygy. Bir gowy düýşe ýetenok, Gijeleriñ uzynlygy... AÝLY AGŞAM Asmanyñ guşagy - Akmaýañ ýoly, Ene süýdi bilen tümlügi dilen. Misli bakylyga çüýlenen ýaly, Bu asman gümmezi ýyldyzlar bilen. GAR Gyz ädimi bilen ýagýar gunduz gar, Kalba dolýar gyş gününin aklygy. Gar ýaganda bir üýtgeşik many bar, Ýere baksañ, belli munuñ haklygy. Aklyk, päkizelik giripdir güýje, Gara zatlañ bolsa gowşapdyr saly. Göwnüñe bolmasa zemine gije Ap-ak toý köýnegi tikilen ýaly. ÝAZ ETÝUDY Aý ýüze çekipdir gara nikaby, Bulduñ agylynda akja guzular. Ýyldyrym çakarly howanyn taby, Bulduñ kirpiginden hünji üzüler. Bulutlar zemine dikýär gözüni, Küýseýär daglaryñ ýyly gujagyn. Ýyldyrym daglara urup özüni, Otlap berýär çopanlaryñ ojagyn. * * * Ýaganok, damanok goýry bulutlar, Daglaryñ başyndan aýra bulutlar. Gapjygyna oklap Günüñ teññesin, Öñünden alybam muzduñ hemmesin, Ýa olar ýagjagam bolanok çyndan, Ýa el üzesleri gelenok Günden. Bulutly asmanda zeminiñ gözi, Göge galyp barýar asyl öñ özi. Daglaram kem-kemden asmana galýar, Bulutlañ böwrüni deşip, ynjalýar... ÜÇ PIKIR Bir husyt asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar teññe bolsady eger, Eýe bolsam özüm umman baýlyga, Karun bordy ilki başyny egen." Bir aşyk asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar monjuk bolsady eger, Söýgi bilen daksam ýaryñ boýnuna, Ýarym şatlygyndan erärdi meger." Bir daýhan asmana seredip diýdi: "Bu ýyldyzlar tohum bolsady eger, Heziller edinip topraga sepseñ, Nana mätäç galmaz, deriñe deger." SÄHER Gündogarda ýagşy günüñ baýdagy, Şapagy saklaýar daglañ elinde. Guşlañ topugyndan säheriñ çygy Gözelligi öwýär guşlañ dilinde. Boşluk ýok gök bilen zemin arada, Guşlañ owazyndan dolupdyr dünýä. Dänä derek ýuwdup säher şapagyn, Guşlar şahalara böküşip münýä. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |