00:30 Durmuş dowam edýär bugdaýa görä... / goşgular | |
DURMUŞ DOWAM EDÝÄR BUGDAÝA GÖRÄ...
Goşgular
HOŞ SÖZ AÝDASYM GELÝÄR Goja ýetmejek ýaza, Hoş söz aýdasym gelýär. Çökder aldanan gyza, Hoş söz aýdasym gelýär. Öý-öwzarsyz güjüge, Çüýräp barýan güjüme, Dilden galan bir güñe, Hoş söz aýdasym gelýär. Diýmen oña küýli sen, Döwene suw küýzesin, Ýagşy sözi küýsedim, Hoş söz aýdasym gelýär. Zürýat zaryn çekene, Öñümden her çykana, Görüp, kese bakana, Hoş söz aýdasym gelýär. Bagtyn diýip haýdana, Orta ýoldan gaýdana, Ajy sözün aýdana, Hoş söz aýdasym gelýär. Jübi-kisesi boşa, Kellesiz kakabaşa, Özünden göwni hoşa, Hoş söz aýdasym gelýär. * * * Men ýazyp bilemok bolsa ümsümlik, Ol bitarap bolýar, belli däl kimlik. Gara gara garga gelip gonmasa, Gyş hakda çyn sözi ýazyp bolmaz-a, Günüñ kirpiginde bolmasa bulut, Ýagyşlar ýagmasa porhanlar bolup, Aýalyñ sürtmese igenç igesin, Eşidip durmasam, çaganyñ sesin, Olar sowan çaýyn kakyp, dökmese, At edip, arkaña jaýdar çökmese, Radio dünýäden bermese habar, "Mawy ekrandan" hem göz sowmak hatar, Gulaga gelmese dünýäniñ gohy, Ýüregiñ çekmese kän zada ahy, Men ýazyp bilemok, diñläp böwrümi, Diñlemesem bu dünýäniñ böwrüni, Men ýazyp bilemok gaçyp şäherden, Yhlasa goldaw däl ümsüm säherler. Ol bitarap bolýar, belli däl kimlik, Men ýazyp bilemok bolsa ümsümlik. TAPAWUT - Şepe, seniñ ýaşaýyşyñ dürs däl, Öýüñde ýok altyn, göwher, hrustal. Sakasynda bolup gözli bulagyñ, Ýok geýýän köwşüñden başga ulagyñ. Bal tutsañ-da, barmagyñy ýalaman, Barmak däl, goluñy bala bulaman, Durmuşyñ durmuş däl, gury azap-la, Ömür ýeke, günler bar hasaply... - Men ýaşamok sen deý pullary ysgap, Men ýaşaýan elwan gülleri ysgap! KYN SUNGAT Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Dost diýeniñ bir gün çykaýýar duşman. Ýagşylyk tamasyn etmedik kişiñ, Ýagşylyk edip ýör dilen çolaman. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Wepaly diýeniñ - wepasyz eken. Käbir adam mañlaýyñdan sypalap, Kalbyña çümdürýär zäherli tiken. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Ýagşylar köplükdir, ýamanlar azlyk. Tersine bolaýsa eger bu ahwal, Dünýäñ soñy geler, ýaşaýyş bolup. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Enaýy däl ýyldyzlary sanandan... Ýamanlary ýagşy diýip tanagyn, Ýagşylary ýaman diýip tanandan. ■ TANAP BOLÝAR Tanap bolýar her kimsäni bir zatdan, Gybatkeşi törpi ýaly dilinden. Aýagyndan - ýyldyrym deý atlary, Daýhanlary aýasyndan, elinden. Tanap bolýar her kimsäni bir zatdan, Gömülgenler gitmez ýeriñ ýüzünden. Guýrugyndan tanap bolýar tilkini, Jerenleri tanap bolýar gözünden. KAPASA Guşlara ýakynlyk düşüp küýüme, Kapasada bilbil aldym öýüme. Boljak boldum tebigata golaýrak, Bilbil dur dulunda bir zaryn saýrap. Bilbiliñ sesine daglanýar köñül, Bilbiliñ sesine aglaýar köñül. Saýrap, saýrap saldy kapasa kalbym... Näm üçin, näm üçin men bilbil aldym?! * * * Guşgursak däneler ömrüñ örküdir, Desterhanlar doly bugdaý çörekden. Ynamymyz ynamlaryñ berkidir, Açlyk indi asla tutmaz ýürekden. Gowy zat bollugy bugdaý-owkadyñ, Gowy zat açlygyñ bize ýatlygy. Pikirini edýän başga bir zadyñ, Artýan ýaly bugdaý sözüñ gytlygy. * * * MUKAM Goşa taryñ gudratynyñ çägi ýok, Bu dünýäñ çäginiñ bolmaýşy ýaly. Sazandanyñ barmagyndan çogup dur, Atalaryñ geçmişdäki ykbaly. Goşa tardan süýnüp çykýar bedewler, Gylyç gylja degip, çakýar ýyldyrym. Diýar üçin söweş gidýär şu pursat, Añyrsynda doñup galan ýyllaryñ. Goşa taryn gudratynyñ çägi ýok, Kalbyñy bökdürer, kalbyñy otlar. ...Tarlañ arasynda mertler direlip, Gör, näçinji gezek ölýär namartlar. * * * Duýgudan basylýar akyldyr paýhas, Niçik döwür boldy, niçik zamana? Kyýamat dälmidir eger hakykat, Galadyñ elinde gelse amana? Lebzini ýuwydýan az däl derman deý, Şeýdip hoşlaýan bar göýdük göwnüni. Bir kişä birbada çözdürjek bolýas, Müñüñ bileleşip düwen düwnüni. Ynamyn köýnek deý çalşyrýanlar bar, Geýinip çykýarlar ýagdaýa görä. Durmuş dowam edýär çörek bolansoñ, Durmuş dowam edýär bugdaýa görä. * * * Adamlar, nähili bolupsyñyz siz, Karamy ýazgaryp, edýänñiz karam. Nebisiñ jylawun ýazdyranlar kim, Halalyñ ornunda gomparýar haram. Adamlar, nähili bolupsyñyz siz, Göwnüñiz isleýän ýaly adalat. Ýöne her kim öz boýuna deñese, Adalatdan galarmyka alamat? Adamlar, nähili bolupsyñyz siz, Kanagat gaçypdyr sizden ne beýle? Watan saçavynda bereket bormy, Her bir kişi sowup dursa öz öýne? Adamlar, nähili bolupsyñyz siz, Ýat bolupdyr diñlemeklik özgäni, Goñşusyn gozgaýan köp-le, atalar Näletläpdir goñşusyny gozgany. Adamlar, nähili bolupsyñyz siz, Kütelipdir ýürekleriñ göreji. Köpelipdir göreşleri ýumrugyñ, Kemelipdir añ-paýhasyñ göreşi. * * * Bilýän, ýeñil bolmandyr hiç wagt señki... "Göbegimi özüm kesmeli boldum. Suwardym özümi, nemlendim özüm, Dünýäde öz-özüm ösmeli boldum. Onuñ şeýledigne asla şübhäm ýok, Bilýän nämedigin orak-döwegiñ. Öz göbegiñ özüñ keseniñ gowy, Ýöne elñe alyp ýörme göbegiñ. ÝETIMIÑ OÝLARY I. Ýetimligiñ kyn derdini, Bu durmuşyñ ýollarynda Göterdi ata gerdeni, Ykbalymyz gollarynda. Ine, agzym ýetdi aşa Ýöne burnum ganamady. Muşakgat ýagmady başa, Durmuş beýle gynamady. Ýetimdirin, it bolmadym, Ýigit çykanlygym hakdyr. Öz ilimde ýat bolmadym, Ilden aýry bagtym ýokdur. II. Ene bolup, ata ornun tutýan köp, Ata bolup, ene ornun tutýan az. Atam, şol azlaryñ biri bolupdyñ. Ajal kalbymyzda goýanynda yz. Ata bolup başymyzy sypasañ, Ene bolup, basdyñ bizi bagryña. Köp atasumagyñ edişi ýaly, Gidibem bilerdiñ halan ugruña. Gözmonjugy ýaly dört jigerbendiñ Zar etmejek bolup, asla hiç zada. Ýaş bolsañ-da, şindi, atam, şol ýyllar, Köp eşretden eliñ çekdiñ dünýäde. Gaýgyñam biz bolduk, şatlygyñam biz, Eneli çagadan kem ýermiz ýokdy. Hem ene, hem ata mährine ýugrup, Öz bagtyñy bize goýanyñ hakda! DURDY USSA Zergärdiñ sen, zer gadyryn bilerdiñ, Bilýäniñ zerarly bagryñ dilerdiñ. Gülýaka ýasasañ, Gün goşa bordy, Aýhalka ýasasañ, Aý bordy goşa. Käýarym, käýarym işlemäñ bardy, Köp zatlary alyp çalaran başa. Ol döwürde gadagandy sungatyñ. Işlemeli bordy mal ýatagynda, It-guşlar irkilip, il ýatanynda. Zerler çaýylardy, körük körärdi, Saña esasy zat - kesbiñ ýörärdi. Ýasatdyryp bilen saña bir zady, Begendirip biler ýakyny-ýady. Gelinleñ döşünde eliñ hünäri, Gyzlaryñ başynda eliñ hünäri. Barmaklarda eljñ degen ýüzükler, Gulaklarda aýhalkalar "ýüzüp ýör". Görkün artdyrardyñ onlap gelinleñ, Tutup durmasalar altyn eliñden. Ýykmaly bolardyñ köpleriñ göwnün, Eger diri bolan bolsañ sen bu gün, Synan göwünleri diklärdiñ hökman, Işlärdiñ şoñ üçin dükandan çykman... Zere gaplanmadyñ ulanyp käriñ, Gyzyla gapladyñ eliñ hünärin. Sen gitdiñ öwretmän ogluña kesbiñ, Näm üçin, zergärim, kesbiñi kesdiñ? Ol döwürde gadagandy sungatyñ, Gadagandan surnugandy sungatyñ. Mekdebim MEKDEBIM Klas - höwürtgämiz, Mekdep - bagymyz, Uçduk höwürtgäni, bagymyz taşlap. Ýyllar kesek deýin pytratdy bizi, Höwürtgämiz başga, bagymyz başga. Her kim bir maksadyñ ugrunda uçdy, Belli däl nirlere baryp gonany. Bardyr maksadyna ýeten ýa-da bar Arzuwyn düýnünde ýygnap goýany. Gonardan beýikdik, degmedi ýere, Söýginiñ ugrunda gedem dyzlarmyz. Özge şahalara baryp gondular, Bile ganat biten gözel gyzlarmyz. Bar indi her kimiñ öznüñ Dünýäsi, Gitdi her kim öwrülip bir ykbala. Birmahal ugradan gögüne bakyp, Mekdebimiz gözün dikýär ak ýola. Ak başyñy ak nurlara sypadyp, Gözleme, mekdebim, ýyldyzdan, Günden. Durmuş ganatlary ýere baglandyr, Geleris biz ýöräp ýeriñ üstünden. * * * Ýaşlyk ýyllarymyñ paýawlan wagty, Gara saçlarymyñ gyrawlan wagty, Kän zada seredýän indi başgaça, Durmuşyñ lezzeti diýseñ başga-la. Bilinmändir posalaryñ parhy hem, Şoñ üçin bagtdan kimsäñ rysgy kem. Gözümiz baglapdyr ýaşlyk ýelgini, Däl eken durmuşyñ ýollary göni. Indi beýniñ barha agralyp barýar, Ýol - egri, ädimleñ dogralyp barýar. Ýaşlygyñ başyna getirdiñ oýny, Howalanyp, ah, çal beýni, çal beýni, Geçip gitdi duýgulara eýlenip, Wagtyndan ir garramakdan eýmenip, Akyl käsesini doldurýar ýyllar, Indi gidip bolmaz öñki deý ýyndam. Ýeñil däldir dolan zady götermek, Dökmän-saçman ahyryna ýetirmek. RAZY MEN Razy men bu dünýäden – Ömürboýy pikir edip, Diýjek sözüm diýip gitsem, Beren duzuň doly haklap, Watan duzun iýip gitsem. Razy men bu dünýäden – Üşän wagty ojar bolup, Dostum üçin köýüp gitsem. Müň gözeli gowy görüp, Bir gözeli söýüp gitsem. Razy men bu dünýäden - Ýamanlara tiken bolup, Ýüreklerne batyp gitsem, Al gül bolup, ýagşylaryň Toýlaryny tutup gitsem. Razy men bu dünýäden - Ajal bilen dikleşemde, Aglap däl-de, gülüp gitsem, Dünýäde artyk bolmanmy, Kem boljagmy bilip gitsem. HAKDYR MAÑA BERÝÄN BAHAÑ... Hakdyr maña berýän bahañ, Hakdyr biçak ynjyklygym. Ýalñyz galan sözi üçin Dostumdanam dänjekligim. Hakdyr maña berýän bahañ, Bardyr çendan gyzmalygym. Çydamok men görsem eger, Erkeklerde gyz gylygyn. Hakdyr maña berýän bahañ, Badyr käte gödekligim. Ýokdur ýasama mähirim, Hakdyr nebsime bekligim. Hakdyr maña berýän bahañ, Elim biraz ýukarakdyr. Ýöne welin, il-günümden, Gizläp goýan zadym ýokdur. BIR GEZEK... Bir gezek berilýär ömür diýlen zat, Kim haýra gol ýapýar, kim bolsa şere. Neriñ ýükün eşek bilmez göterip, Eşegiñ ýüküni ursa bor nere. Undulýar kimseler diri wagtynda, Kimseler ölenden soñam küýseler. Kimseler mazara girýär ölende, Ýüreklere girip gidýär kimseler. DÜNÝÄNIÑ Wepadar uz gelinleri, Gyzlary söýgi dünýäniñ. Ähli zada baha kesýän Güýzleri söýgi dünýäniñ. Pugta düwülen ýumrugy, Aýasy söýgi dünýäniñ. Günleriniñ ýaz güneýi, Saýasy söýgi dünýäniñ. Ýyldyzly, Aýly gijeler, Owadan gyzy diñlärin. Asmany, zemini bilen Özi çyn söýgi dünýäniñ. GONAMÇYLYK Şäherden alysda tutdular ony, Gün-günden giñeltdi özüniñ çägin. Kä görseñ daşlaşýan ýaly şäherden, Golaýlaşýan ýaly şähere kä gün. Şäherem ulalýar ini-boýuna, Bir görseñ, daşlaşýan ýalydy ondan. Ýöne köçe ellerini uzadyp, Öwlüýä golaýlap barýardy çyndan. Gonamçylyk şäher bilen tapyşdy, Ýatyr ol durmuşa gulagyn asyp. Köçeleri bilen dolap alypdyr, Otyr şäher ony bagryna basyp. * * * OTUZ ÝAŞDA ÝAZYLAN GOŞGY "Kim aýdypdyr pany diýip barlyga, Ýaşanyña juda degýär bu dünýä". Gurbannazar Ezizow. Ýaşanyña juda degýän dünýäde, Sepdim ömrüñ otuz sany dänesin. (Näçesi galdyka, belli däl maña, Goý, was-waslar galan ömrün sanasyn). Arzuwlarym öwrülende ak ýagşa, Jahyllygym elden çekdi, ýüwürdim. Alkymyny Aý sypalan gyzlaryñ, Mar seý saçlaryny goşga öwürdim. Dostsuz üçin dünýä bolanok bitin, Atamyñ barynda gazandym dosty. Gyzlañ ýañagy deý elwan şeraby Içdim, kä göterip göçgünli tosty. Näkesleri ýigrenmegi öwrendim, Ýagşylary söýdüm söýen şekilli. Kimler üçin samsyk boldum dünýäde, Kimler üçin tapylgysyz akylly. Öz injiklerime daýanyp hergiz, Durmuşyñ ýolundan haýdadym öñe. Kimler maña söýgi bilen bakdylar, Kimiñ gözi ýandy ýigrençden ýaña. Lebzimde durmagy edindim kada, Wepala sataşdym hem wepasyza. Hiç güýjüñ öñünde dyza çökmedim, Watanyñ öñünde çöksem-de dyza. Ynam ykbalymyñ baky diregi, Her bir zada ynam bilen garadym. Gyzlañ namysyny goraýşy ýaly, Ynsabymy tegmillerden goradym. Galan ömrümi-de ynha şulary gaýtalap biläýsem bolaryn hoşal. ...Dünýäñ bakydygna düşünýär şeýdip, Dünýäde bolmanda bir otuz ýaşan. * * * Özümi hiç kimden tutmadym belent, Özümi özgeden pesem tutmadym. Käte asgyn wagtym ýeñiji boldum, Utmaly wagtymda käte utmadym. Ýagşylyk edene ýagşylygyny Bolupdy gaýtaryp bilmedik wagtym. Yhlas bilen gözläp barýarkam bagty, Duşundan geçibem gidipdiñ bagtyñ. Bilmedim söýeniñ arzy-gadyryn, Söýmäniñ yzynda boldum men saýyl. Ýersiz ýere ýakdym käte janymy, Garpyşmaly ýerde bolman men taýyn. Ýylgyryp bakmadym kişä ýalandan, Çyndan gaharlanyp bagrymy ezdim. Kimsäniñ köpügin dözmän zadyna, Gözsüz batyr bolup, kalbymy dözdüm. Tebigy durkumy saklajak boldum, Herne kyn günümde, ýagşy günümde. Keşbimi üýtgedip bilmerin hergiz, Ynsap aýnasyny goýup öñümde. SYNAG Yşka düşen ýigidi, Gyzlaryñ näzi synar. Baglañ miwe berişin, Diýaryñ güýzi synar. Gül Watana söýgiñi Watanyñ duzy synar. Dosty synajak bolma, Durmuşyñ özi synar. * * * Biriniñ göwnüne degen pursadym, Öz göwnüme degýänime düşündim. Birini güldürsem, giñäp gursagym, Özümiñem gülýänime düşündim. Syrymy aýtsam mähek daş-daga, Syrymyñ syr bolýanyna düşündim. Ene deý garasam, ene topraga, Eneli-de bolýanyma düşündim. Dünýäde bir kişä etsem ýagşylyk, Özüme haýyr edýänime düşündim. Gansyz garynjany basmak - wagşylyk, Kalbyma gan öýýänine düşündim. Bu durmuşyñ gyş däldigne hemişe, Aglaba ýaz bolýanyna düşündim. Köp zatlara ýaşap, soñ düşünmäge, Bir ömrüñ az bolýanyna düşündim. ÖÝKELÄRMIŞ Ýalan gülleri ysgasañ, Ol çyn güller öýkelärmiş. Saýlasan ýoluñ gysgasyn, Uzyn ýollar öýkelärmiş. Penjiräni ýapyk goýsañ, Erkin ýeller öýkelärmiş. Gapdalyndan güzer oýsań, Her gün köller öýkelärmiş. Ýeñles gyzdan posa alsañ, Agras gyzlar öýkelärmiş. Ýaz gününde joşman oñsañ, Begres ýazlar öýkelärmiş. Öñlerine böwe bassañ, Däli siller öýkelärmiş. Toý gününde ýüzüñ assañ, Uly iller öýkelärmiş. Taryp etseñ gözel gyzy, Uz gelinler öýkelärmiş. Saýgarmasañ çölde ýazy, Ýaz, selinler öýkelärmiş. "Göz aldamaz" diýip özseñ, Suhan diller öýkelärmiş. Suw getirmän, küýze döwseñ, Suwsan peller öýkelärmiş. Öwseñ ýaryñ gunça lebin, Inçe biller öýkelärmiş. Akmak ýapjak bolsa kemiñ, Şonça ilden öýkelärmiş. DOSTLARA Meniñ ýetmezimi basyrjak bolmañ, Meniñ ýetmezimi ýüzüme aýdyñ. Bir gün duşman dörüp-dörüp tapar-da, Eder bu jahanyñ ýüzüne aýdyñ. Meniñ artyk ýerim basyrjak boluñ, Meniñ artyk ýerim ýüzüme diýmäñ. Bu çañly ýollarda garylar toza, Sähel üstünlige özüni güýmän. Meniñ gyzmalygym aýyrjak bolmañ, Meniñ gyzmalygmy goldañ ýürekden. Ganym doñup galsa aryk deý gyşda, Kömek tapmaz menden goldaw gereklän. Meniñ ýumşaklygmy gataltjak bolmañ, Meniñ ýumşaklygmy goldañ pamyk deý. Ýumşaklyk bolmasa, ýagşy niýetler Göwün bossanynda niçik gämiklär? Meniñ ýygralygmy ýok etjek bolmañ, Meniñ ýygralygmu ediñ görelde. Bihaýalyk bilen gapjap böwründen, Goşa garpyz tutýanlar bar bir elde. Meniñ çamanlygmy ýüwürtjek bolmañ, Meniñ çamanlygmy goldañ başgaça. Geçip gitmäýin men bagtyñ deñinden, Mümkin däl ömüre başdan başlama. ÇYKAR Ýaşlygyñ şol joşly döwri Kükrp gelen ýazdan çykar. Näziñ kalba ýakymlysy Güýz deý agras gyzdan çykar. Dag başyna bu ýodalar, Aýa ýaly düzden çykar. Garaşmadyk morta zadyñ, Ýere bakan ýüzden çykar. Tene düşer tyg ýarasy, Bagra ýara sözden çykar. Dilden çykar ýylmanak söz, Hakykysy gözden çykar. Ene topragyñ tagamy, Herhal halal duzdan çykar. Arly ýyllap döken deriñ, Ol goýazy güýzden çykar. Soñsuz ýollaryñ manysy, Ýolda goýlan yzdan çykar. Watana zerur kuwwatyñ Epilmedik dyzdan çykar. AÝADAKY ÝÜREK Baý bolýar ynsanyñ göwni hyýala, Hyýal etseñ säher salkyn saýada. Göwün bir egsilmez doly pyýada, Ýüregim goýsamdum tekiz aýada. Goý, görsünler, synlasynlar ol niçik, Baha bermesinler maña pal atyp. Ne iş bitiripdir şunça ýol geçip, Ýa günün görüpmi ýaltanyp-ýatyp. Akmy ol, garamy, bilsinler anyk, Galmasyn ýekeje soragdyr düwün. Ýaşaýar neneñsi dertlere ýanyp, Nämeden nägile pes pälli göwün. Ýa ol bu durmuşda nämeden hoşal, Haýsy ýola barýar her bir damary. Kimi dosty saýýar, kimleri duşman, Bilýärmi ýagşyny hem-de ýamany. Ilden nämesi kem, nämesi artyk, Belki, bir gözele yşky sowýandyr. Ynsaby pamykmy, bitinmi, ýyrtyk, Adan durşy bilen sansyz sowaldyr. Bu hyýalym başa barmasa gerek, Hyýala çümsem-de salkyn saýada. Asla sähel zada tolgunýan ýürek, Özün sakladarmy tekiz aýada?! * * * Göripler bar bu dünýäde, Guwanýan bar setiriñe. "Ýalñyş" diýip topulýan bar, Ýatdan çykan oturyña. Toty deýin, bir ýalñyşyñ Aýdyp-aýdyp goýmaýan bar. Dyrnak ýaly şow işiñe, Guwanyplar doýmaýan bar. Güýji ýetse, asman paýyn, Bar depäbden inderjekler. Bardyr oduñ ýakyp berjek, Bar ojagyñ söndürjekler. Toý günüñde aglaýan bar, Gülýänler bar gamly günüñ. Bar kalba ýara salýanlar, Bitjegini bilip teniñ. Ýagşylyklar, ýamanlyklar, Durmuşyñ goşa ganaty. Niçij bolar, niçik bolar, Birisi gyrlan halaty. * * * Kömek edip bor daýhana, Çil çekişip, ýap gazyşyp. Kömek edip bor bagbana, Bagda işleseñ gyzyşyp. Kömek edip bor çopana, Çölde malyñ yzna düşüp... Kömek edip bolmaz ýöne Şahyra goşgy düzüşip. HATYRA ...Gitdi Gurbannazar, Halyl, Italmaz, Onsoñ neneñ, ýeri, niçik ot almaz. Neçün ajal zehinlerden ar alýar, Dostlar gitdigiçe, dünýä daralýar. Ah, daralýar ýürekleriñ damary, Ajal ýagşyn alýar, goýup ýamany. Bilmek kyn durmuşyñ öwrüm-aýlawyn; Türkmenim aldyrdy birden Saýlawyn. Süýnüp gitdi edebiýat ýyldyzy, Epmändi ýüregni, epmändi dyzy. Iliniñ derdidi ýürek ýarasy, Beýikleriñ geler durar ýanasy. Ýana-ýana ýagtyldýarlar dünýäni, Etmekçi dünýäni olar gül ýaly. Il derdine ýanyp geçýär beýikler, Ömri bilen il göwnüni seýikläp, Ýazanna siñdirip göwün ýiligin, Saýlaw goýup gitdi Diriligin. Bu gün elli ýaşy Saýlaw Myradyñ, Türkmenim, köp bolsun şeýle zürýadyñ! GÖWÜN BINASY Baýram Jütdiýewe "Ala meýdanlarda" seýisi "Yhlas", Şygyrlaryñ üsti şemally bedew. "Abraýy" getiren ol şahyr ykbal, Diñe çyn ussada nesipler eden. "Bagyşlanýar" her setiriñ il-güne, Onda ykbal barmy ilinden aýry?! Zemin lälesine beslenen, ine, Türkmeniñ daglary, türkmeniñ baýry. Aşyk şygryñ bilen ýara garaşyp, Dile sena ol "Owazlar kökeni". Gül gyzlaryñ kamatyna ýaraşyk, Kalbyñdan lowurdap çyksa keteni. Dyñzap dur duýgular, serler göçgünli, Ýürege müdimi geçýär setirler. Halal şygyr haryt däldir geçginli, Üsti ötmän ýatan zatdan geçginli. Ýürek mizanynda ölçeler şygyr, Zehine nyrh kesmek zehine seýrek. Okañda bagryña ýapyşsa bagyr, Ine, ykbalyñda üýtgeşik baýrak! Giñden tutulypdyr ol "Göwün binañ", Ýerleşipdir duýgularyñ ajaby. Duşmanyñ öñünde ýekeje günäñ - Zehiniñ bar - kütekleriñ ajaly. Gardaş, seniñ menzilleriñ uludan, Türkmeniñ göwnüne barabar ahyr. Şägirt galan bolsa Magtymgulydan, Megerem, özüñsiñ, eý, zanny şahyr. Iliñe sygynyp, ilden alanyñ, Gör, niçe göwünden bina edilen. Duýgusy durlanar muña geleniñ, Bu binadan hajy bolnup gidiler. Ömrüñi süýt edip sagypsyñ, gardaş, Süýt dek duýgy küýsänleriñ göwnüne. Çyn goşgular goşýandyrlar ömre ýaş, Çyn goşgular alnyñ dirär gowy güne. Şygyr kuwwatydyr şahyr bilinin, Ol tamakin däldir dünýäden uly. Gör, bagty çüwüpdir türkmen iliniñ, Bolansoñ özüñ deý şahyr oguly! II "Dünýäni göterip geldim Eýrandan!" Baýram Jütdiýew. Şahyrym, şahyrdan getirdiñ nyşan, Ine, çyn ärleriñ edasy şeýle! Her kes hormat goýsa birek-birege, Köp bormudy ynsan pidasy beýle?! Alnyma däl, ýüregime sylaýyn, Pyragynyñ guburynyñ topuryn. Kejeñek bagtymy teññeden däl-de, Owal-ahyr halal gumdan taparyn. Getiripsiñ şahyr penalan gumdan, Getiripsiñ bir ummanyñ ülüşin. "Gara daglañ gylyç bolup arada"[1] Ah, türkmeniñ ýürek-bagryn dilişin. Ýatyrmy ataly-ogul bir ýerde, Mazarlary külli türkmen Käbesi. Ata-baba mekanydyr türkmeniñ, Ol ýeriñ keseki - bize nämesi? Taryha aýandyr iliñ bagryndan Bu ýerleri dilbilmeziñ keseni. Türkmen öz ilinde saplanýar dertden. Türkmen ýat illerde tapýar keseli. Alys ýerden adym tutlup getirlen Bu toprak göwnüme bolar çyn melhem. Ýaşaryn dirikäm bagryma basyp, Ýene bagra basyp giderin ölsem! Salyp getiripsiñ şahyr göwnüñe, Doga edip asaryn men boýnumdan. Şol çümmük topragy sepiñ üstüme Bir gün ýer alamda zemin goýnundan. ŞAHYR Atamyrat Atabaýewe Şahyr sen gyzgyn ýürekli, Şahyr bilmez ownamagy. Özüñ gyzyp, özgelere. Öwredýäñ sen sowamagy. Şahyr sen aşyk ýürekli, Söýgä - orta goýduñ başy. Özüñ söýüp, özgelere, Öwredýän sen yşk-ataşy. Şahyr sen bagşy ýürekli, Başarýan sen bagşyñ heñin. Men aýtmaýyn, il-gün aýdar, Barmy ýa-da ýokmy deñiñ. Bilýärin sen aýakda däl, Adyñ mydan agyz-dilde. Ýeri, nämän edýäñ gaýgy, Barka döwet galam elde?! * * * Durdymuhammet Gurbanowa Ýüz keşbimiz meñzeş däldir, Tapawut bar ýaşymyzda. Şonda-da biz ekiztaýy, Müñ gowga bar başymyzda. Gaplañlaryñ arlan wagty, Ikimizem doglan dagda. Bir gün tänjek ýaprakdyrys, Durmuş atly belent bagda. Ganynyz gyzgyn çäge deý, Çeşme suwy deý sowuk däl. Munda müzzerip ýaşara, Biz towşan däl, biz towuk däl. Buýsanara päkligmiz bar, Baýlygmyz ýok buýsanara. Degmedige degemizok, Rahat, rahat goýsalar-a. Belent tutup garyp başy, Böwrün deşýäs men-menleriñ. Kemmegiñ güýjün göreşde, Diri wagtym men kemmerin. Egsip derdi şygyr bilen, Ýaşaýarys çekmän gepi. Guwandyrýas çyn dostlary, Oda goýýas, belki, köpi. Çyn dost diýlen köp bolmaýar, Bolmaz köp zadyñ gadyry. Özümiz ýaş, häsiýetimiz, Bu dünýä ýaly gadymy. Az däldir dodak çöwürýän, Az däl çykarjak püçege. Depämizde asman barka, Zar däldiris biz üçege. Dert-gussa bardyr ýürekde, Dost gerek ony egsere. Şem deý özümiz ýakýarys, Ýetmeris ýetmiş-segsene. Bu dünýäde uzak ýaşar, Jübüsi däl ruhy baýlar. Ogludyrys hakykatyñ, Ekizdiris ruhy taýdan! II Myhman baraly atdaşa, Dagda gezmek kalby taplar. Baş goýmasak daga-daşa, Başlar daş deýin gatapdyr. Durmuş ýer däl öwünere, Bir söz bes göwün döwülere, Dynç bermesek göwünlere, Gitdi beýniler ýadaplar. Käkilikler uz daranyñ, Göwni açylsyn baranyñ, Saklaly ýolun maralyñ, Çeşmeler gussadan saplar. Medet isläp daga çyklar, Kalbyñ sypar "Babajyklar", Dostlar bilen duşuşyklar, Är ömrüne ýyl hasaplar. * * * Dünýä kyndyr düşünerden, Bardyr oña düşünenler. Enä dogry düşünseñ, Düşünersiñ bu dünýä. Ata dogry düşünseñ, Düşünersiñ bu dünýä. Dünýä düşünseñ dogry, Bolarsyñ iliñ ogly. GUSSALY OÝLANMA Gyzyl dörjük edip çykdyk, Geçmişimzi, düýnümizi. Boýnuna hak, nähak dakdyk, Günäleri, müýnümizi. Atalaryñ eden işin Çykardyk püçege añsat, Kül etdik geçmişiñ dişin, Her kim özne bähbit añtap. Ak ýerine alyp gara, Çaldyk bar zadyñ ýüzüne. Sataşmak kyn, ýürek para, Edilen işiñ düzüne. Bary ýalñyş, bary erbet, Egri boldy göni ýollar. Geçmişiñi etseñ berbat, Geljegiñe ýoluñ ýolnar. Ýalñyş işler, ýalñyş gadam, Düýnem boldy, bu günem bar. Özüñ düwýäñ, eziz adam, Çözülmeli düwünem bar. Ýumurmagy her kim başar, Ýöne iş bardyr gurmakda. Haçan adam rahat ýaşar, Ýaryşýarys tyg urmakda. Kalplary alyp nyşana. Bir-birege talaýarys. Kölgämiz öwrüp duşmana, Goh-gowgany halaýarys. Içikdirip adalaty, Talap edýäs adyllygy. Ynsapdan biz gaçdyk gaty - Adyllygyñ atyldygy. Puly ömre etdik togap, Dykyban ruhy boşluga. Sud öñünde berdik jogap, Jogap berdik ýa başlyga. Jogap bermedik ynsaba, Gözlerine atdyk çöpi. Päkler ýuwutdy hunaba, Şol bendeler çekdi gepi. Öz etmişin geçmiş bilen, Ýapyp gözüñ baglaýan bar. Lebzin ýuwdup etmiş bilen, Ilki urup aglaýan bar. Ak-garany garyp-bulap, Bu dünýäni etmersiñ sap. Ynsap bizi etdi heläk, Halaz boljak diñe ynsap! GUSSALY OÝLANMANYÑ DOWAMY - Kim süñk oklady Adamlaryñ arasyna? - Kim duz sepýär Göwünleriñ ýarasyna? - Adam näme itmi, Süñk üçin gyrlyşar ýaly? Kim pursat bermejek bolýar, Göwünler gürleşer ýaly? - Näme üçin pişe bolýar, Gurman, ýykmak köplere? Taryhy täzeden ýazýan kim Töhmet siñen depdere? Nadara nä töre geçip, Tüýkürip dur tabaga. Iliñ gözün çykarmakçy, Pyçak urýar gabaga. Hany Watany emenler, Dünýäsiniñ düz güni? Dünýämiz düz bolarmy Depgilesek düzgüni?! Damak ýyrtyp, eşigin Bitin etjek bolýan kim? Nebsinden jübtek ýasap, Ili ütjek bolýan kim? Kimdir täzeje dörän Ardy gowşak hanjagaz? Töhmet ne beýgelipdir, Mert ýaragy - hanjar az. Gapyl bolma, garaşýar Pursadyna maýadar. Olar Watan topragyn Gyzyl gusup zaýalar. Geçmişdir bir ganatyñ, Beýlekisi geljekdir. Şolañ birini gyrkyp, Aýdyñ, uçup boljakmy? Nirden çykdy munça weli, Hardan munça akyldar?! Köp kişinin serinde däl, Dillerinde akyl bar. HYÝALA MEÑZEŞ DÜÝŞ Dünýäde ajaýyp dünýä çagalyk, Düýp töründe ejem otyr çagyryp... Men dälmidim oglanlaryñ ýyndamy, Aradan aýyryp öten ýyllary. Ýüwrüp dolýan gujagyna ejemiñ, Gaýgysyny edemok men geljegiñ... Bagra basýar seçip gözünden noglun, Gara saçly ene çal saçly oglun! * * * Meñzäsleri gelýär garagollaryñ Ululara iñ bolmanda oýunda. Ulular külterläp durmuş ýollaryn Çagalygy göterip ýör boýunda. Ulalmakda çagalaryñ hyýaly, Bilenoklar bu dünýäniñ gurluşyn. Ýyllar däl, oýunlar ulaldýan ýaly, Oýnaýarlar ulularyñ durmuşyn. * * * Öz aladañ, Öz derdiñ Biliñi büküp biler. Öz aladañ, Öz derdiñ Heläkläp, ýykyp biler. Il bähbidi, Il derdi Seni dikeldip biler. ÝÜREK, NE BEÝLE GOWŞAÝAÑ? Ýürek, ne beýle gowşaýañ? Ýar aldymy joşgunyñy? Gursagymda saklap bilmän, Kän egsipdim daşgynyñy. Ýürek, ne beýle gowşaýañ Derdiñ pisiñ şowlugymy, Ýamanyñy özüm alyp, Köp paýladym gowlugyñy. Ýürek, ne beýle gowşaýañ, Çekdirdimmi çoh armany, Hak iş üçin, haýyr üçin, Gynamasam bormy jany? Ýürek, ne beýle gowşaýañ, Dostdan tamañ çykmadymy? Ojakda oduñ öçende, Ýanyp-ýanyp ýakmadymy? Ýürek, ne beýle gowşaýañ, Ýadaýañmy göreşimde? Sowap bolmaz, Dünýä söýgi - lowlaýarka görejimde. Ýürek, ne beýle gowşaýañ, Jylaw salmadyk bedewim? Gören ýokdur bedewleriñ Ýoldaşyn taşlap gidenin. * * * Ýanyndan guýy gazsañ, Sogulýar çeşme. Onsoñ çeşmä däl, guýa sowulýar teşne. Käte aglamasañ, poslaýar demir. Il-günüñden gysgansañ, gysgalýar ömür. * * * Ýary ýaryndan aýyran - Pesleriñ iñ pesidir. Güli bilbilden aýyran - Pisleriñ iñ pisidir. Eli hünärden aýyran - Nejisiñ nejisidir. Ili ýurdundan aýyran - Şolaryñ hemmesidir. * * * Sygan gyz, Ýapyşma meniñ elime, Hiç zat aýtmaz aýadaky çyzyklar. Näme, öz ykbalyñ alada etmän, Özgäñ ykbalyny bilmek gyzykmy? Az pursatda biljek bolýañ täleýim Palçy gyz gözleriñ durmasyn köräp. Men özüm gararyn öz kysmatyma, Durmuşyñ ýollaryn yzarlap-ýöräp. YNAM Ynanmaýan sönen söýgiñ Täzeden ot aljagyna. Ýaman kişiñ ýagşylygy Bir gün ýerne saljagyna. Ynanmaýan ýeñles gyzyñ Agras gelin boljagyna. Hem ýasama al gülleriñ Çyn gül deýin soljagyna. Ynanmaýan ýagşy kişiñ Owal-ahyr öljegine, Päli bozuk eli egriñ Hemişe hoş boljagyna. Ynanmaýan çyn sözliniñ, Dostsuz-ýarsyz galjagyna. Aşdyrmajak ýol baryna - Ýigitleriñ galjañyna. Ynanmaýan hiç göreşsiz Bir durmuşyñ boljaguna. Eger-de berk söweş kylsak, Näkesiñ ýol aljagyna. Ynanýaryn päk ynsabyñ, Ile gaýdyp geljegine. Watanymyñ şu gününe, Watanymyñ geljegine. GORA MENI Men-menleriñ badyhowa Ýellerinden gora meni. Gybatkeşiñ kalby çakýan Dillerinden gora meni. Näkesleriñ toplan haram Pullaryndan gora meni. Dünýäñ düýbün köwýän nebsiñ Gullaryndan gora meni. Özünden hoş gedemleriñ, Pällerinden gora meni. Namartlaryñ köpri guran Ýollaryndan gora meni. Suw görmän tamman çykarýan Was-waslardan gora meni. Özüm goranýan duşmandan, Aş dostlardan gora meni. GOŞA MANY "Atyñ kellesi ýaly ýürek gerek diýilýär, Bu dürdäne paýhasda goşa many duýulýar. Uly bolmadyk ýürek, atyñ kellesi ýaly, Hem owadan bolmaly atyñ kellesi ýaly. * * * Geçmişe öwüsen şemal ugruna, Sowurdym men hiç gaýgyrman otuzy. Goşgy ýazyp, alan galam bolmady. Hem basdyrdym çöp-çalama atyzy. Goşgy ýazman ýaşap bilmerin, ýöne, Maña beýle ynam nirden ýolukdy? Yhlas setirleriñ çopany bolup, Zehin oña bir gögele çolukmy? BIPERWAÝYÑ MAZARYNDAKY ÝAZGY Ýeñişi ýok, ýeñlişi ýok bendäniñ, Çünki elin sowuk suwa urmandy. Ondan gören ýokdur asyl ýamanlyk, Ýeke adam ýagşylygam görmändi. Oñ ne dosty bardy, ne-de duşmany, Sypdyrman ýaşaýan ýalydy günde. Ajal almazyndan has öñ ölüpdi, Wagtyndan gijigip jaýlandy bende. * * * Käbirimiz halys endik gybata, Günümiz geçenok "myş-myş", gybatsyz. Gybat üçin durmaly däl nobata, Oña goşulyşyp bolýar nobatsyz. Bize gyñaç goýýar aýal pahyrlar, Güýmenjesin ellerinden aldyryp. Dilmiz bilen orak baryn orýarys, Al gülleri teşne goýup, solduryp. Seljerjek bolamzok kimiñ kimligin, Ýagşy-ýaman geçýär şol bir elekden. Hanjar urup bir-biregiñ kalbyna, Soñra bsa dat edýäris pelekden. Arpanyñ suwuna kelle sämedip, Süýjülik gözleýäs ajy arakdan. Mazaryñ başynda diýiljek hoş söz, Diri wagtyñ aýdylmaly ýürekden. Ýaman ýeri özümizden hiç mahal, Kemçiligi tapjak bolup ýöremzok. Batyllaryñ kalby bilen syzýanyn, Gözümizi giñden açyp göremzok. Käte ak kagyza diýýäris gara, Ak etjek bolýarys gara kömüri. Misli köpük, ownuk zada sowýarys, Şeýdip, käbirimiz berlen ömüri. Bagrymyz çüýredýär gybat keseli, Eýsem ýokmy erkimize ygtyýar? ...Gülüñ solanyna gynansa bilbil, Gargalar gar ýaganynda bagtyýar. BÄŞ JOGAP - Ýürek näme? Jogap berdi juwan gyz: - Ýürek arzuwlaryñ sallançagydyr Gidip barýan gyz jogabyn saldarlap, Ak derek astynda aşyk ýigit dur. - Ýürek näme? Jogap berdi şol ýigit: - Ýürek söýgi äleminiñ Kuýaşy! - Ýüreklerden uçgun uçup gözlere, Şeýdup, uzap barýar söýginiñ ýaşy. Müñ derdiñ emini tapan lukmana, Berdin soragymy, çytyldy gaşy. - Ýaşlykda buýsanjyñ, gojalşan gaýgyñ, Näzik ýürek diriligiñ gözbaşy. Ýetim ösen ýigde ýüzlendim soñra, Diñledim jogabyn, artdy begenjim. - Ene mähriñ baky duýarym ýaly, Ene süýdün baky saklaýan genjim. Ak gülleriñ astyndaky ak mazar, - Ýatyr gojalmadyk bir juwan soldat. - Watanyñ ykbaly çözülýän jeñde, Watan üçin berlen iñ mukaddes zat! EJEME Bitermikä ýüregimiñ ýarasy? Derdim egsilenok, sensiz kyn-agyr. Artyp barýar ýaşymyzyñ arasy, Aý-günler sanaýar saçymyñ agyn. Seniñ şol bir ýaşyñ, barýan ulalyp, Senden uly bolmak, gör, niçik agyr! Ömrüni sarp edýän diýdirjek bolup, "Ejesi pahyra meñzäpdir agyn". Kalba - kuwwat görenleriñ gürrüñi, Göwnüm çökse, käte durmuşdan aryp. Süýdüñi däl, emdiripsiñ ömrüñi, Ukusyz gijeleñ hüwdiñe garyp. Ýürekde ýaşaýañ, ýaşaýañ, käbäm, Ýöne keşbiñ welin, gözde galmandyr. Didarña üç ýyljyk baglanan didäm, Ah, şonda suratyń baky almandyr. Oba gelin bolup, sadalygyñdan, Surata düşmänsiñ gysga ömürde. Äşgär ýagşylykda at alanlygyñda, Ýagşylara gözün dikýär ölüm-de. Gelmejegin bilmän, garaşdym men kän, Ak ýollara sapyp çaga nazarym. Şol üstüne çykyp, saña garaşýan - depämiñ düýbünde eken mazaryñ. Gelmejegñi bilip, garaşdym soñea, Bolmaýan ekeni umydy jaýlap. Otyrsyñ kalbymda öwrülip Tañra, Derdimi çekişip, toýumy toýlap. Durmuşyñ paýyndan galmadym çetde, Sensiz ýaşap, şuña düşündi ýürek. Çagakañ-da ene gerek elbetde, Ulalan wagtyñda has beter gerek. * * * Il derdine ýanyp geçdi niçeler, Niçäni öldürdi özgäniñ derdi. Öz derdine aglaýanlar mert däldir, Il derdine aglan iliniñ merdi. Namart az bolupdyr, mertler köp eken, Türkmeniñ bu aýa ýaly düzünde. Geçmişimiz şu günmüzde ýaşap ýör, Ýagşysyn, ýamanyn jemläp özünde. ÇAGALYGYMA Ömrümiñ başynda galdyñ gol bulap, Menem bu gün ömrüñ orta gürpünde. Aşyk oýnap ýörmüñ, eý, çagalygym, Oglanlygyñ iñ ilkinji harpynda? Meni jahyllyga düşürip, özüñ Oýna gümra bolup, galdyñ ömrümden. Otuz ýaşa ýetip, kaka bolsam-da, Men sypyp bilemok seniñ emriñden. Ýigit göwnüm galýar sähelçe zatdan, Sähelçw zatdanam galkynýar göwün. Şonuñ üçin "Çaga ýaly" diýýärler, Üç ony eýläme atsam-da bu gün. Kyn günde ýegşerse ýigit gerdenim, Çagalyk dadyma ýetişýär kileñ... Men otuz ýaşymy bölýän-de üçe, Çagalygma gidýän çagalam bilen! ÝÜREK BIR ZADA GYÝYLÝAR Ýürek bir zada gyýylýar: Çyn bedewler azalypdyr. Geçmişimden çapyp gaýdyp, Şu günüme az gelipdir. Ýürek bir zada gyýylýar: Çyn gojalar azalypdyr. Näme üçin beýle bolýar, Ýogsa, ýaş-a uzalypdyr? ÝÜREK, SENI AÝAMARYN Ýürek, seni aýamaryn, Ýaşaýaryn gyssap-gyssap. Ýatyp bolmaz ömrüñ ýaryn, Şeýle hem bu ömür gysga. Käýarym gamçy çalaryn, Garylmaz ýaly tozana. Dostlaryñ göwnün alaryn, Duşarys köñli bozana. Dadyp durmuşyñ şatysyn, Bu ýollarda taplanarys. Ýapaýsa ömür gapysyn, Ýagşylykda ýatlanarys! ÝAŞLYGYM Dabanymdan ot çykýarmy? Bilemok. Ýöne bilýän, ýaşym - ýaşlygyñ ýaşy. Aglanyñ ýanynda teýsiz gülemok, Güleniñ ýanynda çytamok gaşy. Görünýäñ diyyärler ýaşyñdan uly, Mümkin jany bardyr aýdylýan sözüñ. Ýaşlygyñ gadyryn bilmän ýören däl, Owadan dünýäme aşykdyr gözüm. Ýaşlygy bulgura guýup içemok, Sowuk posalara çalyşman hergiz. Ýüz gözeliñ berjek nesýe bagtyny, Nagt bersin ýürekden söýülen bir gyz. Sallah ýigdiñ aýlygy däl ýaşlygym, Sowup ýörer ýaly gara başyma. Il-günüñ öñünde bergi-borjum kän, Şärikler kän ýaşlygyma-ýaşyma. Ýaşlygyñ gürrüñi bolar ötensoñ, Ýeñişler, ýeñlişler uzakdan görler. Özüme ýetirmän, jigerbentlerim Ýaşlygymy ata edinip ýörler! EGER... Eger saklap bolsa wagtyñ ädimin, Geçmezdi gol bulap şonda ýaşlygym. Şol gözelem baky bolardy juwan? Gursakda götärdik söýgi daşgynyn. Eger saklap bolsa wagtyñ ädimin, Ähli zat öz görkün saklar özünde. Ýöne gojalmasak bilermikäk biz, Ýaşlygyñ gadyryn dünýäñ ýüzünde? * * * Gyssadymmy çybyk aty? Çagalyk çalt geçdi gaty. Söýdümmikäm men howlugyp? Ýaşlygym geçdi ýuwlugyp. Göwün, jylawuñy süýräp, Howlugýarsyñ indi niräk? * * * "Dünýäde ýaman işdir, Gury gelip, boş gitmek". Magtymguly. Dünýäde ýaman işdir, Satmak namysy-ary. Ýigitler başyn berer, Ýowa bermez diýary. Dünýäde ýaman işdir, Atlaryñ satylýany. Syçrap gidipdir göge, Harlanan atyñ naly. GÖRÜNSIN Ýat gelne baksam içgin, Öz geregim görünsin. Bu durmuşda bolsa kyn, Dost-diregim görünsin. Watanyñ gujagynda, Ot ýanar ojagynda, Ömürboý saçagymda, Päk çöregim görünsin. Göwnüm bitmez özümden, Dänmen beren sözümden, Herhal gara gözümden, Ak ýüregim görünsin. EMELSIZ Kürek urup bilmedi, Agdardy ol taýmyly. "Kürek keltemiş" diýip, Şoña atdy aýbyny. GOJA BARÝAR... Goja barýar... Sowal belgisine dönüpdir göwre, Ömri şol sowalyñ nagt jogaby. Hasasyny tarkyldadyp sanaýar, Ömründe edilen günä-sogaby. Goja barýar... Bir gazma dutara dönüpdir göwre, Ömür mukamyny çalýae hesretli. Dünýäñ ejirini alyp gider ol, Nesillere goýup gider eşretni. Goja barýar... Gaýyga dönüpdir egbarlan göwre, Assa ýüzüp barýar heññam deñzinden. Ýaşlygyn ýatladyp, Kalbyn otladyp, Goç ýigitler ozup geçýär deñinden. Goja barýar... Göwresi dönüpdir egri gylyja, Köñlünde söweşýär gojalyk bilen. Hasabyny düzläp tutuş asyra Bagtly dälmidir gojalyp bilen?! Goja barýar... Sakgaly ak torba, päklik nyşany, Dünýäniñ synyndan aslyşyp çala. Barýar gojamyzyñ beýle ýanyndan Enäniñ synyndan aslyşan çaga. Goja barýar... Eger kesesinden synlasañ ony, Özi tutan ýaly adam asylyn. Göwresi dönüpdir dişli oraga, Orup barýar berlen ömrüñ hasylyn. * * * Ylham näme? Ýagyşdyr! Tutan damjañ özüñki. Damja bilen ýazyşdyr, Nobat soñra sözüñki. Ylham näme? Tüweleý! Gider gözüñi gapyp. Bar zat ýürege golaý, Bilseñ bir many tapyp. * * * Ýa göwnüme, Ýa çyndan, Gowy zat azalyp barýar, Etmişliniñ ýüzi gyzman, Durlanyp, agaryp barýar... SAGLYK Baýlyk ýok diýýärler saglykdan zyýat, Müñ keren mamladyr gadym danalar. Kimiñ ömri işi bilen ölçelse, Kimiñ ýaşy ýyllar bilen sanalar. Saglygym, men saña etmändim kasty, Ýöne seni gorap bilmedim pugta. Agyr synaglara etdim sezewar, Damagym çaldylar ulanyp pagta. Pula däl, işlere sarp etdim seni, Köñül ýaralarym süññüñ bozandyr. Men goýberdim yhlas atyñ jylawyn, Gör, kimsänin nebis aty ozandyr. Öz derdimi unutmaga çalyşdym, Eşdip özge kişiñ ýürek nalasyn. Öz-özüñi halamaklyk hökman däl, Iller tanap, iller seni halasyn. Saglygym, köp degdim näzik göwnüñe, Indi gitjek bolýañ eýäñden yrak. Bilýän, giçdir, seni saklap bilmerin, Ýöne gitme köñül köşgümi yrap! Ýöne köñül köşgüm eýleme weýran, Köñlüm abat bolsun - dünýä mydarym. Daga dodak çöwren ruhum bilen, Heniz-heniz synaglara çydaryn. Ajap düýşe şaýat ýassykda däl-de, Türkmeniñ düzünde syndyryp başy. Bedenmiñ saglygy gysgaltsa ömri, Göwnümiñ saglygy uzaldar ýaşy! * * * Adam dünýä inýär, çykýar tümlükden, Gujagyna dolap alýar ýagtylyk. Ynsanlar dünýäniñ gözüniñ nury, Dünýä gidýär öñküsinden ýagtylyp. Bir adamlyk artýar gözüniñ nury, Öñküden kemelýär rysgy tümlügiñ. Tüm bilen ýagtylyk arasyndadyr durmuş, şonda belli bolar kimligiñ. Nireden geleniñ ýatladar gije, Gijeler ýatladar barjak ýeriñi. Ýaşarsyñ nurlary ýüzüñe sylyp, Ýaşarsyñ nurlara ýuwup seriñi. Tebigat kanuny: gitmeli bolýar, Şol ozaldan gelen ýeriñe - tüme. Kimler gidýär tüme tümlügi bilen, Nur bolup gitmeklik başardar kime. * * * Bu ozaldan dünýäge Mejnun deý aşyk boldum. Öñ söýýärdim gyzlary, Kyrkymdan aşyp boldum. Söýýärin daglaryny, Kalba - mukam guşlary. Ýazlary - ömre mahmal, Ömre owaz - gyşlary. Derýalary - damarym, Ummanlary göwnümdir. Bedew münen ykbalym - Ýollardaky öwrümdir. Topragy bagra düşek, Hyýalymdyr asmany. Ak bulut ýüzün süpir - Toýdan düşen desmaly. Bedewleri - maksadym, Ýyldyza salar ýoly. Bilimdäki guşagym - Akmaýañ ýoly ýaly. Goşgularmyñ setiri - Ýodalary, ýollary. Köñlümiñ düşelgesi - Jülgeleri, gollary. Ýüregimiñ derdidir Derde derman gyzlary. Yhlas getir gaýtaryp, Göçüp giden gazlary. Nä körüm mundan gidip, Barka orundyr jaýym. Uzak ýaş dileýärin, Kirpigin sypap Aýyñ. * * * Köñülde ne joşgun bar, Ne gussa bar köñülde. Öñümde ýatyr galam, Kagyz ýatyr öñümde. Alasarmyk paýhasym, Duýgular alasarmyk. Joşgun galandyr daşlar, Goşa ganaty gyryp. Nirede mahmal gussam - Galgap ýören ak bulut? Degen bolsam göwnüñe, Unut, kinäñi unut. Çök sen gelip köñlüme, Geler ýörer joşgunam. Dirilikden nyşan däl, Ikiñizden daş günüm. DUTAR Men çalyp bilemok gudrat dutary, Şonuñ üçin durkum bilen kemsinýän. Pikirler gurçuk deý iýýär beýnimi, Göwnümiñ ýaýlasy beýle ümsüm däl. Öz öñümde ýuwulmajak ýazygym - Garagõ dutary çalyp bilemok. Tarlañ arasyndan ilimiñ sesin, Ýürek bilen sogrup alyp bilemok. "Görüñde çaljakmy indi öwrenip", Diýiljek ýaşlara barypdyr salam. Göwnümde henizem şol oglanlygym, Başymda şalygy - ak bilen çalyñ. Bilýärin, şol meniñ il uly kemim - Men çalyp bilemok gudrat dutary. Öwrülse-de perdä her bir bogunym, Kirişe dönse-de ýüregmiñ tary. Dutar sungatyndan binesip bolup, Ömrüni şemala biweç sowran bar. Ýap boýunda tut agajy gurapdyr, Heý, gidip bolarmy dutar öwrenmän?! AJALA (ýarym çyn, ýarym degişme) Ajal, howlukma sen almaga janym, Owal-ahyr gaçyp gitjek ýerim ýok. Seniñ o dünýäñe howlugar ýaly, Gerdenimde terkidünýä serim ýok. Üstünde bürgüdiñ ganatyn sypap, Daglar bilen hoşlaşaýyn gyssanman. Ýaşap bilermidim hyýalda-huşda, Bu daglary ýassyk edip ýassanman? Ýok, gara daglarda jan berip bolmaz, Dagly ýaryñ bagryn daglap bilmerin. Tap gelmez ýüregi bu aýralyga, Çeşmeler didesi - dagly dilberiñ. Howlukma, ajal dost, gideýin sähra, Galmasyn basmadyk ýeri dabanmyñ. Güllere, otlara gark bolup säher, Sährada has artar arzysy janmyñ. Ýöne sährada-da jan berip bilmen, Ýaryñ ruhudyr güller, otlaram. ...Hat berýän edara gatnaýan ýaly, Alyp bilseñ, yrza bol müñ gatnabam! POLADY ÝUMŞAK OGLAN Polat ýaly ýumşakdy, "Ýok" diýen sözi ýokdy. Elegin getirdi elek diýeniñ, Soky diýeniñem - agyr sokusyn. Sylady ojagyn mugt iýeniñ, Sylady mollanyñ özün, sopusyn. Sylady ulyny hem-de kiçini, Kän ýakdylar sada ýigdiñ içini. Polat ýaly ýumşak diýip öwdüler, Şeýdip, ömrün polat kimin döwdüler. GOŞGY BAR DIÝSELER... Goşgy bar diýseler şahynda keýgiñ, Ol keýik gözledi üstünde beýgiñ. Keýigiñ şahyny edindi bir gün, Ýöne joşmady hiç garamöý göwün. Keýgiñ şahy-ha onuñ elinde, Goşgy aýdym boldy özgäñ dilinde. * * * Söýen gyzyn synap görseñ, Az salym bolup keseki. Öz-özüñi synlap görseñ, Az salym bolup keseki. Öz goşgyñy okap görseñ, Az salym bolup keseki. Kömek eýläp, sogap görseñ, Özüñe bolup keseki. Adam bolsañ, bolýandyr kem, Biläýseñ, bolup keseki. Ýaşamasañ, ýöne birdem, Iliñde bolup keseki. * * * Çyn pälwanlar utulmaz, Geçiler başdan-serden. Durmuş añsat gutulmaz, Ynsan emeli - tärden. Gyýa baksa gyr ata, Kelle gyzsa gybata, Kişi ýalta bor ýata, Göwüni sowap kärden. Gara çekip ýüzüne, Erki ýetmän özüne, Uýsa aýal sözüne, Añ-paýhas gider ärden. Sowaşyk düşse sözler, Ýalan sözlese gözler, Köñül birleşip gezmez, Jyda düşer ýar ýardan. Ykbalyñ kynyn saýlan, Topraga ömrün jaýlan, Yhlas etmese daýhan, Bereket gider ýerden. ARMANLY ÖLÜM Beýik kompozitor P.I.Çaýkowskiý bir bulgur çig suw içip, mergi keselinden heläk bolýar. Ölüm bolmaýar armansyz, Beýikleñki has armanly. Müñ külpedi gören Rus, Beýle ölmi hiç görmändi... Aldy ele bir bulgur suw, Sazanda biçak teşnedi. Geçdi mergi damagyndan, Damagyndan suw geçmedi. Gülle degen sünbül ýaly, Ýykyldy, saz piri, ine. Bir bulgur suw suwlar guýdy, Bir giden Dünýäñ sesine. * * * Gepleýär türkmen dilinde, Türkmen dilinde sözleýän. Düşünemok dilme oglum, Menem düşünmän gözleýän Gürrüñ edýäs durmuş hakda, Pikirlermiz gelýär çapraz. Maña meñzeş bor bir zatda - Guwanç oglum nebse çapmaz. On bäş ýaşla düşünmek kyn, Çalaryp kyrka ýetene. Dikrarym maña düşnenok Indi düşünýän pedere. ÝALANÇYNYÑ MAZAR DAŞYNDAKY ÝAZGY Dogry sözdi gaçgyny, Ýalany goldap geçdi. Ili aldajak bolup, Öz-özün aldap geçdi. IKI AHWALAT Kyn ýagdaýa düşdüm bir gün, Dost sözün küýsedi göwün. Göwnümi göterjek bolup, Bir dostum-a hoş söz diýdi, Syryn açdy gözi gülüp, Çyn söz ýerne boş söz diýdi. Göwnüm çökdi öñküsinden, Göwnüm geçdi öz-özümden. Kyn ýagdaýa düşdüm bir gün, Dost sözün küýsedi göwün. Göwnüm görüp oturmady, Başga dostum hak söz diýdi... Dile ýalan getirmedi, Dostlugy dek bek söz diýdi... Göwnüm joşdy öñküsinden, Hoşal boldum öz-özümden... BIR ŞAHYR HAKDA Özgelerden tapawudy - Ýüzi gyzman öwnüşidi. Goşgulary matlabynyñ Düzedilen görnüşidi. * * * - Gurdy köplenç ýeñýändir it, Neçün beýle bolýar, ýigit? - Diýip, goja berdi sowal, Jogap alman, etdi dowam: - Möjek iýýär duzsuz lukma, Şoñ üçin kyn üstün çykma. Duzly bolýar iýýän ýaly, Onsoñ rüstem itiñ saly! * * * Ýagşylyk etsem birine, Tiz unutmaga çalyşýan. Ýamanlyk etsem tötänden, Dert bolup kalpdan aslyşýar. Eger göwüne degişsem, Ýaraşara orun goýýan. Kalby kitüwsiz kişini Hormatlaýan, jandan söýýän. Ölüm jezasyny berýän Ýaranjañyñ gylygyna. Päki ýaly iki ýüzliñ Durmuş çeker dulugyna. Bähbit üçin dost tutunýan Dostsumakdyr ýigrendigim. Bu zatlara akyl ýetýär, Bu - durmuşy öwrendigim. Al baýdagym ynsabymdyr, Kowalaşman şöhrat-ada. Çörek bilen baha kesýän Men dünýäde ähli zada. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||