14:52 Sary saç / ýumoreska | |
SARY SAÇ
Satiriki hekaýalar
Aýalym zähresi ýarylan ýaly gygyrdy-da: - Bu näme? - diýip, penjegimiñ ýakasyndan bir sary gyly çekip aldy. Men ör-gökden geldim. Be, sary saç nireden ýelmeşip ýörkä? Indi işimi tapan bolsam gerek. Maşgala urşunyñ odunyñ lowlajagy ikuçly däldi. Walla, meniñki ugruna boljak däl. Aýalym şer tapsa, şeker islemez. Wah, ýene-de dynç alyş günüm ardurja köýjek-dä. Bolmajak bolsa, bolmaz eken özi. Aý, özümdenem bar-la. Öýe girmezimden öñürti üst-başymy ymyklyja gözden geçiräýen bolsam, häzir aýalymyñ öñünde neresse çaga ýaly boýnumy burup durmazdym. Indi başa gelenini görmekden başga çäräm ýokdy. - Haýsy tulanyñ zülpi bi? - diýip, aýalym üstüme sürnüp ugrady. - Läläm, men seniñ saran zatlaryñ ählisini bazardan satyn aldym. Özem, olaryñ köpüsini deger-degmez bahasyna alyşdyrdym - diýip, onuñ gahar-gazabyny köşeşdirjek boldum. Gaýtam, onuñ ýagly pestering ot degirdim öýdýän. - Asyl sen şu gün bazara göwünjeñ gitdiñ-le. Sary saç gelim bilen duşuşmaga gitdim diýsene. Hemişekiñden sagat ýarym gijä-de galyp geldiñ. Sagat ýarymlap sary gelni ysgap, hezil etdim diýsene. Duruber bakaly, Alan posalaryñy burnuñdan getirmezmikäm. It masgarasy ederin. Iş ýeriñe baryp, wezipäñden kowduraryn. Ýok, beýdip añsatja sypaýasyñ ýok... Aýalym gitdigiçe çişip barýardy. Ol häzir asmany depämden indermäge taýýardy. Men mäkäm goranyşa geçmesem, işimiñ pyrrykdygyna göz ýetirdim. - Şol tulanyñ adresini aýtjakmy, ýok? Onuñ saçyny ütüp eline bermessm, içim sowamaz. Aýallaram seniñ ýaly suw meýilli gurbagany tapýar-da. Näme yşaratyñy aşyryp, ýylgyrjaklan bolýarmyñ? Saña sataşyp, ybaly gün gören däldirin. Besdir. Indi seniñ keşigiñi çekmen. Aýallar erkekler bilen deñ hukuklydyr, özem sözde däl-de, iş ýüzünde. Hawa, hawa. - Erkeklerem aýallar bilen deñ hukukly - diýip, menem eşidiler-eşidilmez burnuma salyp mydyrdadym. - Men saña hukugyñy görkezerin. Sen şol tulanyñ adresini aýtjakmy ýa-da ýok? Üçe çenli sanajak... Bazardan dolduryp getiren goşa torus elimi kertip barýar. Wah, elimiñ yzasyna-da dözjek-le. Ýöne aýalymyñ eden sütemine çydar ýaly däl. Iñ gowusy boýun almaly bolar-da. - Meniñ halaýan... - Men ýuwdundym. Aýalym bäbenegime çiñerilip seretdi. Gözünde oky bolsa atjakdy. - Aýdyber, aýdyber... Beýle mysapyrsyrama. Saña pukaranyñ öýüni ýykan diýerler. - Meniñ halaýan aýalymyñ... - Ýeri, ýeri adresi?! - Meniñ halaýan aýalymyñ saçy... - Ony aýtmasañam bilýän. Sary! Adresini aýt derrew! - Meniñ halaýan aýalymyñ saçy gara... - Hä, gara diýsene... Bi näme, sary däl-de, gara diýjek bolýarmyñ? Men näme reñk saýgarmaýandyr öýdýäñmi? - diýip, aýalym sary gyly gözüme sokaýjak bolýar. Çypbakaý çynymy aýdýanymy, nädip ynandyryp bilerkäm? Halaýan aýalymyñ saçynyñ sary däl-de, garadygyny nädip subut edip bolarka? Şu soraglaryñ astynda ýegşerilip durdum. Şol mahal ýanymyza kiçijik gyzymyz eli gurjakly geldi. Gurjagynyñ saçy sap-sarydy. Aýalymyñ elinden sary zülpi kakyp aldym-da: - Ine, läläm, sary saç penjegime nireden ýelmeşipdir - diýdim. - Dogrudanam, gurjagyñ saçy ýaly-la - diýip, aýalym deñeşdirip geleninden soñ ýyljyraklady. Soñra ol hamsygyp, döşüme başyny goýdy-da: - Wah, seniñ özgä göz gyzdyrmajagyñy bilýärdim-le - diýdi. Aşyrguly BAÝRYÝEW. "TOKMAK" žurnaly, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |