23:31 Saña söýgim çykýar ömrüñ çäginden... / goşgular | |
SAÑA SÖÝGIM ÇYKÝAR ÖMRÜÑ ÇÄGINDEN...
Goşgular
GAZALLAR Aýly asman astynda bir gyz näzli garap dur, Söýgi bilen bakyşy bu janyma ýarap dur. Aýy aýna edinip, ýarasyn diýip ýara, Mahmal şemal saçyny yhlas bilen darap dur. Öz yşkyna gyzaryp, gül duýgudan uýalyp, Zülpüni barmagna däl, ýüregime sarap dur. Çüwse çüwer ekeni bagtyñ ýagty jahanda, Dideler: "Toý sähedi haçan" - diýip, garap dur! * * * Heniz duşuşmankak biz aýra salypdyr ykbal, Neneñ-niçik ýaşadyñ, şunça bagtymdan çykman! Ömür duşuşygyna geldiñ, läläm, gijigip, Barmydyr öz bagtyna gelýän şeýle howlukman?! Birek-biregiñ ýary, ýöne diñe köñülde, Bir ýassygy paýlaşmak däldir ahyryn hökman?! Ýeri, kimden kemmişik, ýagty jahan öýümiz, Düşegmiz mele zemin, ýorganymyz gök asman. * * * Añypdyrlar söýeniñ, gülüm, menden özgeler, Näçe kötekleseñ-de, bilýän, jeza az geler. Duýgularym kütekmi, ýa ejizmi ataşdan, Ýatlanymda bagrymy daglamaga köz geler. Gapyl galdym, uçurdym depämden bagt guşun, Oý-küýümde ýokdy hiç - öz üstüme näz geler. Saýyl köpdi yzyñda, kaýyldylar hökümñe, Galdyrmadyñ gabagyñ, diýsem sözüm düz geler. Artyk däldim hiç kimden, kemdim belki, hemmeden, Yzarlasam yzlaryñ ýüregime yz geler. Gitdiñ özge illere, özge bilen köñüldeş, Aýralygyñ ýyllaryn sanap her ýyl gaz geler. Bagtyny çelgi edip, göni ýolda azaşan Ýaşlygmyzy ýatladyp, gyz göwünli ýaz geler. Gussamy şygra baglap, goýaýyn diýsem baky, Ýaramy dyrmamaga on ýedide gyz geler. Magşuk bolan gözeller ýigidi synar ýörer, Aşyk bolan ýigitler müñ synaga döz geler. Söz bolmady arada, söýüşse-de ýürekler, Yşk derdini ýatladyp, köñülime saz geler. Tarypyñ ede-ede, hiç gutarman dirikäm, Dillerime ajaýyp, şirin-şirin söz geler. MEN SENI SÖÝÜPDIM... Şunça ýyl göterdim keşbiñi gözde, Ýürekde göterdim gözel keşbini. Ömrüm jemläp, söýgi diýen täk sözde, Ýaşadym men çekip müñ bir keşgiñi. Armanym ýokdy hiç söýdürip bilsem, Kän boldum näzleriñ men ahy-zary. Bizi görenlere diýdirip bilsem, Şu ýigit şol gyzyñ mynasyp ýary. Sendiñ meniñ bu dünýäde barlygym, Senden başga dünýä baryn bilmedim. Bilip öz kalbymyñ ap-ak garlygyn, Ýazlaryñda ýaýnap, oýnap gülmedim. Men şeýle ynandym, ynandym saña, Bu gün bildim ynamymyn puçlugyn. Seni kän meñzetdim ak, tämiz daña, Bilmän hakykatdan biçak daşlygym. Elýetmez şahasyñ öýütdim seni, Gysgandym daşyñdan hatda özümden. Elkn ýetirenler ýok däl ekeni... Gözýaş bolup akyp gitdiñ gözümden. AK GOLLARYÑ Bar zady alyp boýnuma, Özümi atýan goýnuña. Gujagyñ girdaply derýa, Aşygyn gark edip barýa... Halas eder bolsam humar, Ak gollaryñ - goşa kenar. * * * Damarymda söýgi ganyñ deregne, Gülüm, ýaşap ýörün kalbyña siñip. "Söýgi ýok" diýýänler dişlesin dilin, Ýüregmk diñlesin birmeýdan diñip. Ýüregimde - ýyldyrymyñ urgusy, Ýüregimde - tolkunlaryñ owazy. Ýüregimde - bu dünýäniñ görgüsi, Ýüregimde - dünýäñ ýakymly sazy. Ýüregimde - gyşyñ doñak-aýazy, Ýüregimde - ýazyñ elwan gülleri. Ýüregimde - tomsuñ epgek-jöwzasy, Ýüregimde - güýzüñ tylla telleri. Bu zatlaryñ bary ömürim meniñ, Tapdym men söýginiñ belent dagyndan. Adam ömri, gülüm, söýgiñ içinde, Saña söýgim çykýar ömrüñ çäginden. * * * E.O. Gözler düşünişdi ýok oña güman, Ýaşamak mümkin däl, söýgini duýman. Göni gelen bagta ýetmedi bir söz, Ýürekden dilime gitmedi bir söz. Aýdylmadyk şol söz - ikimize ykbal, Henizem ýatyr ol ýürekden çykman. Aýdylmadyk şol söz bagtyñ açary, Hakdyr özge ýigdiñ bagtyn açany. DÖRT PURSAT Çekip bir gyzyñ näzini, Ötürdim ömrüñ ýazyny. Guçup geliniñ gowsuny, Ötürdim ömrüñ tomsuny. Gaýtalap ýene düýnümi, Ötürýän ömrüñ güýzüni. Orta goýup çal başymy, Söýüp ötirin gyşymy. * * * Git diýdiñ bir ýana alyp başyñy, Şonda biraz bize boljakmyş ýeñil. Kirpigme geçirip gözde ýaşymy, Alysa siñmäge küýlendi köñül. Ýaryñ diýenini etmeli söýseñ, Söýmän ýaşap bormy ýüregiñ ursa. ...Ýeri, läläm, günäm nämede eýsem, Ýörän ýolum saña getirip dursa?! * * * Oýundan başlanyp, soñ ýazar çyna, Ömür ýyldan don geýende gatma-gat. Diñe öz gözüme görünip, ana, Çagalygym çapyp barýar çybyk at. Ýyllar mañlaýymda galdyrýar yzyn, Göz açmankam geçip gitdi deñimden. "Bukuldym" oýnamda tapmadyk gyzym, Bu gün söýgim bolup çykýar öñümden. * * * Alkymyña gar degse, Öñküsinden agarjak. Ýañagyña nar degse, Öñküsinden agarjak. Saçyñy öpse gije, Öñküsinden garalar. Ýylgyryp baksañ, biter, Kalbymdaky ýaralar. * * * Bu gün, gör, açyldy, paş boldy syryñ, Ok bolup, bagrymdan geçdi ol parran. Galdym bu dünýäde men göwni ýarym, Bagtyny baglaýar söýgüsin harlan. Şemala tirkelen ýyllañ düzümi, Gizläpdir ugrumda ýalan köýşüñi. Sen söýmän ekeniñ meniñ özümi, Sen söýen ekeniñ seni söýşümi. * * * Ýaryny eglenmän gözläp tapara, Ynsana gözleri goşa berlipdir. Ýarynyñ ýanyna ýüwrüp, çapara, Ynsana aýaklar goşa berlipdir . Ýarynyñ sözüne gulak asara, Ynsana gulagy goşa berlipdir. Ýaryny gujaklap, bagra basara, Ynsana elleri goşa berlipdir. Ýürek welin, oña ýeke berlipdir, Goşalamak oñ özüne berlipdir. * * * Geldim günämi bilip, Aýralyk kalbym dilip. Bosagañ törden gowy, Ýar bormy ýardan gowy. Sataşan dek ýat bilen, Gapyñ ýapdyñ bat bilen. Ýapan gapyñ akjady, Ah, kalbymy gapjady. * * * Aýyñ ak mahmalyn ýapynyp durus, Synlap gögüñ deñze gaçan dürlerin. Deñiz kenarynyñ şu gijesini, Aýdyñ günüñ gündizine bermerin. Ýüregimden ganatlanan arzuwlar, Uçup barýar öñne düşüp guşlaryñ. Deñiz tolkun atýar öz hanasynda, Gerdenimde tolkun atýar saçlaryñ. * * * Okara gözleriñ çunlugna çümdüm, Galdym kirpikleriñ belentligine. Okara gözleriñ düýbi ýok eken, Düşündim men çuñlugyna çuñlugyñ, Hemem belentligiñ belentligine. Gözleriñden çuñ çuñlugy görmedim Kirpikleñden beýikligi görmedim. Gözleriñe çümdürip, Hiç çykmaz ýaly etdiñ. Kirpigiñe mündürip, Dilberim, ýaz kalbyndan Geçirdiñ mañlaýyma Bagtyñy öz alnyñdan. * * * Gam-gussam bulut deý kalbyña çökmez, Joşdurmaz şatlygym göwnüñi sähel. Indi hiç men taýa aýagyñ çekmez, Zülpleriñi sypar bir bigäne el. Undarsyñ bagtyñ gujagna dolup, Ýöne adyñ bolar köñlümiñ nagşy. Meni ýatlanyñdan betbagt bolup, Bagtly bolup meni undanyñ ýagşy. * * * Gyz wagtyñ soradyñ: "Bagt nämedir", Men jogap tapmadym, gysdym egnimi. Ykbal ara goýdy aýralyk dagyn, Gussadan dolduryp, söýen göwnümi. Gowy günleriñe guwanýan daşdan, Örtensem-de, ýokdur sözde ýalanym. Bagtyñ nämedigin bilemok, ýöne bilýän bagtlydygyn ýary bolanyñ. TOW Tow düşmesin aramyza, dilberim, Götermäli aýralygyñ gülberin. Bolsun, läläm, diñe zülpleriñ towy, Towlaryñ içinde diñe şol gowy. * * * Kyn seni görüp ýaşamak Seni görmän ýaşamak kyn. Duşuşmaga hakymyz ýok, Duşuşmazlyk bize mümkin. Günäli saýýansyñ meni Hem özüñi aklaýansyñ. ...Düýşüñe girjek bolamda, Barýan ýolum bekleýänsiñ. * * * Duşurmaly ykbal aýyrdy bizi, Ýeñsesin tüññerdip, etdi diýenin. Söýginiñ manysy nämede bolar, Her kim alyp dursa ýürek söýenin? Her birimiz bir kenara öwrüldik, Aýralyk - suw akyp ýatyr arada. Kenarlar hiç haçan duşuryp bilmez, Men arzuw edemok duşmak barada. Seni dünýä deñäp söýen ýyllarym, Ömrüme ömürlik sepilen gülap. Geljege saklaýan saña söýgimi, Geçmişe öwrülen ýyllara dolap. Duşurmaly ykbal aýyrdy bizi, Durmuşda bolanok hemme diýeniñ. Durmuşyñ manysy nämede bolar, Her kim alyp dursa ýürek söýenin? * * * Gyzlar gyza meñzäp biler, Meñzäp biler ýazlar ýaza. Güýzler güýze meñzäp biler, Meñzäp biler yzlar yza. Meñzäp bilmez söýgi beýg-ä. * * * - Ýazyp çykdyñ, oglan, goşgy baryny, Setirlere siñip gitdi ýüregiñ. Ýeke gezek taryplañok ýaryñy, Ýa goşga mynasyp dälmi geregiñ? - Beýle söze neneñ barýar dilleriñ, Läläm, saña ýüregimiñ yşky kän. Tarypyñy hiç ýetirip bilmerin, Ýeri, men nädeýin özüñ goşgukañ? SÖÝGI NÄME? Söýgi näme? Söýgi näme? Bagryñ dilýän ýyldyrymmy? Kalbyñ kalba kybap gelip, Bagtly geçýän ýyllaryñmy? Söýgi näme? Söýgi näme? Ýürekleriñ ýalnymyka? Boý ýigide gyz bolup, Öýlenene gelnimikä? Söýgi näme? Söýgi näme? Bagra batan tikenmikä? Al asmana aşyk bolan Daglary lal edenmikä? Söýgi näme? Söýgi näme? Bagtymyzyñ ölçegimi? Geçmişimi garrylarymyñ, Jahyllaryñ geljegimi? Söýgi näme? Söýgi näme? Başa düşen melamatmy? Söýenimde düşündim men: Dirilikden alamat bu! * * * Söýdi gyz özünden ulyny esli, Elinden sypanda duýgy jylawy. Söýgüde duşuşdy ýazdyr güýz pasly, Ýakdy gyrtyçlary lebiñ alawy. Añ-paýhas bulaşdy, duýgy terlendi, Göwnün melul etdi yşkyñ humary. Ýigit üçin täzelik däl, görlendi Bolupdy ömründe bularyñ bary. * * * Ýüregi gemirýär gamgyn ýekelik, Gelermikäñ diýip gözlerim ýolda. Ýollar ýüregime birleşýär gelip, Umytdan sowulyp geçmeýär ýollar. Baglañ kökün ýere uruşy ýaly, Señ bilen badaşdy bu garabagyr. Aramyzda özgeleriñ ykbaly, Geçmeli menziliñ, gör, niçik agyr?! GÖZLERIÑDE Gözde galan keşbiñ gözläp, Syn eglendi gözleriñde. Çykdym ýola bagtym yzlap, Ýol eglendi gözleriñde. Gözüñe goýlan serpikler, Gözüñ goragyna diklen, Aljak bolanda kirpikleñ, Jan eglendi gözleriñde. Kalp gider giden ugruña, Yşkym gönezlik şygryma, Basaýyn diýip bagryma, El eglendi gözleriñde. Saçlaryñ bir boglan desse, Çözler gider elim ýetse, Bagtym çüwer, nesip etse, Päl eglendi gözleriñde. Hyýal ganatynda gazlañ, Bagty bilen ara sazlan, Göwnümiñ ýazynda ýazlan, Ýaz eglendi gözleriñde. Ýar bakyşyñ dürli-dürli, Bagyş eýlediñ göwün dürni, Ötüp bilmän ýaşlyk döwri, Kän eglendi gözleriñde. BU DURMUŞYÑ GUJAGYNDA Aý kibi kalba jyklanym, Her dem arzuwlap ýoklanym, Ömürlik çüwen ykbalym, Bu durmuşyñ gujagynda. Näz-kereşmäñ güle meñzeş, Päk söýgimiz Güne meñzeş, Gowy zatlar bize meñzeş, Bu durmuşyñ gujagynda. Göwünde güller çogup dur, Alnyña ak Gün dogup dur, Depämiz göge degip dur, Bu durmuşyñ gujagynda. Başa gondu bagt guşy, Päk yşkyñdyr göwnüm hoşy, Söýgi uzaldýandyr ýaşy, Bu durmuşyñ gujagynda. Huşda, düýşümde goýmanym, Müñ gözelden täk saýlanym, Yşkyna ömrüm boýlanym, Bu durmuşyñ gujagynda. Gözler - köñlüñe ýollarym, Saña özümi ýolladym, Ak bagtymdyr - ak gollaryñ, Bu durmuşyñ gujagynda. Göwün hiç gitmesin poslap, Tapmaly kinäni toslap, Ynanyşsak oñat deslap, Bu durmuşyñ gujagynda. Ýanaýyn söýgi ýalnyñda, Baky bolaýyn alnyñda, Düşläp geçmäýin kalbyñda, Bu durmuşyñ gujagynda. ŞAGADAMLY GYZA Gün tygyn dürtüp dur deñziñ göwsüne, Ylla ölçeýän dek onuñ çuñlugyn. Çuñdan çuñ ýerini gözläp, alysa, Altyn tygyñ ýüzüşiniñ geñdigin! Gülälekli baýra meñzäp tolkunlar, Göge galýar Gün tygynu gujaklap. Çitýär deñiz halysynyñ gölleri, Balyklaryñ kümüş teññesi jyklap. Uçup gelen çarlaklara düşeýär, Tolkunlar öz ak köpürjik öýmesin... Bu görnüşi görýän, näzlim, gözüñden, Onsoñ ýürek neneñ deñzi söýmesin?! * * * Säherde syn eden elwan şapagym, Agşam ýañaklañña çaýylan eken. Dünýäme jan beren Kuýaşyñ çogy Goşa dideleññe ýaýylan eken. Agşamda syn eden ýañaklañ aly, Säherde asmana çaýylan eken. Dildarym, janalgyç gözleriñ çogy, Günüñ kirpigine ýaýylan eken. HAÝYŞ Gitdiñ ömür gaýdyp gelmerin diýip, Aýralyk derdini çekýän ýürekde. Söýüp garşylapdym, ugratdym söýüp, Biz birek-birege, bilýän, gerek-le. Ýöne düşme maña getirýän ýoda, Giden durna deýin gelme sen gaýdyp... Söýemsoñ batýaryn soñsuz alada, Gaýdyp gelseñ, söýgim bozarsyñ öýdüp. MARALYM Maralym, gaşlaryñ ykbaldyr goşa, Ýazylsa - ýazydyr ýaz deý kalbymyñ. Çytylsa - müñ bela getirer başa, Dag-daşa degdigi bolar alnymyñ. Ýaman gözden sowsun bizi ýagşy päl, Kirpikleriñ çümüp dursun bagryma. Olar, läläm, sorag alamaty däl, Ýüzlenme belgisi bolsun şygryma. SÖÝGI Ozal söýlüp, söýmedim, Murtumyñ taban wagty. Soñra söýdüm söýülmän, Kalbymyñ awan wagty. Gaçdy dünýä höwesim, Söýgimiñ öçen wagty. Ahyr söýdüm söýülip, Bagtymyñ uçan wagty. DUŞUŞYK Zemin içip ýatyr Aýyñ süýdüni, Gaýmagyn ýalaýar awara şemal. Akmaýañ süýdüne ýuwlan agşamda, Ýigidi synaýar gaşlary keman. Ýigidiñ göwnüne ara daş ýaly, Lälesinden göýä ýyldyzlar ýakyn. Gyzlar bolýar çyn söýginiñ hudaýy, Şol hudaýyñ ýalkamasy juda kyn. Gyzlar ýigitleri şol synap ýörler, Añryña geçirseñ olar düşbüdir. Ýigit ýüregini aýada goýsa, Ol ýürek däl, magşugynyñ keşbidir. Dünýäde hiç zada çalyşyp bolmaz, Duşuşygyñ şeýle şirin wagtyny... Aşyk ýigit häzir magşugyny däl, Gözi bilen görüp otyr Bagtyny! TER DUÝGULAR Ah, derdime dert goşan, Tutulmadyk ak goşar. Öpülmedik gül lebiñ. Aýym, ýokdur bir kemiñ. Ysgalmadyk al ýañak, Bu ömre ykbal ýañak. Sypalmadyk saçlaryñ, Boýuna deñ aždaryñ. Ogşalmadyk gözleriñ, Ne owadan gözlediñ! Duýgularym terlendi, Kalbyñ maña berlenmi? Eger bilsem başaryp, Tutsam akja goşaryñ, Öpsem gül deý lebiñden, Ýigit bolmaz deñimde. Ysgasam al ýañakdan, Erär gider doñaklar. Sypasam tüm saçlaryñ, Şonda ýaşap başlaryn. JUWANLAR Ýetirdi olary söýgi menzile, Barmaklarda tylla nika ýüzügi. Indi goşulýarlar bu uly ile, Şu günden başlanýar dünýäñ gyzygy. Bagta bolan ynam barha berkedi, Juwanlaryñ güni arzuwda geçdi. Aradan aýyryp ähli serhedi, Bir düşekde iki dünýä ýerleşdi. ÝAZ GIJESINIÑ ARZUWY Bulutlañ monjugyn üzmekçi bolup, Dag başyna özün urýar ýyldyrym. Ýaz gijesi magşugyna duşanlar, Düzülen monjuga bakýar ýylgyryp. Suwdan dolar oýuk daşlañ käsesi, Dür damjalar damsa dagyñ döşüne. Wadalaşyp pyşyrdaşyñ damja dek, Gözel bolsun bu gijäñiz durşuna! Garaşyñ sabyrly sowulsun bulut, Göreçlere ýyldyzlary ýygnasyn. Şol gijäniñ beren bagt paýyndan Söýgiñ bilen giñ asmana sygmasyn! TOÝ GUTLAGY Gowudyr toýlañ bary, Nika toýy gowudyr. Gözbaşydyr durmuşyñ, Oglanlygyñ soñudyr. Gelniñ bilen bileje Bu durmuşa ätlärsiñ. Oñuşyk başa düşer, Eklänleri ýatlarsyñ. Iki ýürek bir bolar, Iki bolsañ ýeñildir. Ykbalyñyz birleşer, Birleşdirýän köñüldir. Ene size guwanar, Gülüp-oýnap gezseñiz. Ata size ynanar, Synaglara dözseñiz. Bir-birege guwanyñ, Derek bakar derege. Dakylsyn nika ýüzük, Barmaga däl, ýürege! ÇYKABILMEDIM Yşk söwdasyna başymy goşup, Gara gözleriñden çykabilmedim. Göwün ganatlanyp, ýüregim joşup, Soñra sözleriñden çykabilmedim. Söýgi synag eken, ykbal ýollady, Herne umyt gunçasyny ýolmadyñ, Ömrüñe birikdi ýaşlyk ýollarym, Ýörän yzlaryñdan çykabilmedim. Durşuna seniñki erkim, ygtyýar, Saçlaryña çümüp bolsam bagtyýar, Sazyña oýnasam, köñül ýagty bor, Çalan sazlaryñdan çykabilmedim. Duşuşyk kalba - gül, aýralyk - tiken, Yşk derdini biler bu derdi çeken, Gujagyñ ýazlaryñ mesgeni eken, Ýazym, ýazlaryñdan çykabilmedim. Çüwdi bagtym, kalbym kalbyña kybap, Ataşly bakyşdan by kalbym kebap, Yşkym demim barka hiç gitmez sowap, Uzum, näzleriñden çykabilmedim. * * * Ýaz duýgusyn gorjalan, Aşyk-magşuk nowjuwan, Gözden-dilden duwlandy, Şaýol çepe towlandy... Ünji getirmän küýe, Gyz gaýdyp geldi öýe. Zülpünden sypal gaçdy, Açdy, ah, syryn açdy... * * * Düýşümde men seni gördüm gaýykda, Deñizde ýüzýärdiñ, gülüm, täk özüñ. Meni näçe aýyplasañ aýypla, Biterden çökderdir ýarasy sözüñ. Men durun kenarda, barýañ daşlaşyp, Ak gollaryñ bilen gaýgy kürekläp. Ham-hyýala, öýke-kinä baş goşup, Ýaşaýas müñ derdi ýürege ýükläp. Men aýdyp bilmedim sözüñ aýygyn, Didämi tor eýläp ajap meñize. Birden agyp gitdi, gülüm, gaýygyñ, Özümi sal edip, zyñdym deñize. * * * Niçe ýyllar geçdi? Sataşmadyk biz, Uçup gitdik bir-biregiñ gözünden. Görmek umydymy ýitirmedim hiç, Barlygymy bilip ýeriñ ýüzünde. Garrapsyñ, keýigim, Garrapsyñ kemsiz, Görmän görseñ, äşgär bildirýän eken. Menem ýaş däldirin, Añansyñ herhal, Ahwala düşüner yşk derdin çeken. Herimiz bir ýurtdan çykmadyk bolsakn Dide bilen bir-biregi söýerdik. Ýa bolmanda bir-biregiñ garranynn Gijiräjik, gijiräjik duýardyk... DEGIŞME ÄHEÑINDE Gyzlar köýnegini täzeçe geýýär, Matasy, goý, bolsa bolsun nämeden. Ýigitler gyzlary has beter söýýär, Gözüñi sowmak kyn taýly mämeden. Gyzlar köýnegini täzeçe tikýär, Howa ýok beden-u köýnek arada. Ýaşlygy geçeniñ ünsüni çekýär, Oýlanýar giñ köýnek gelni barada. Gyzlar köýnegini täzeçe tikýär, Köçeler dolup dur serwi kamatdan. Jadyly bakyşlar özüne çekýär, Ýene oda salýar, çykaryp otdan. Öýlenen "biçäre" aýalyn söýýär, Öýünde oturyp gün görýär kileñ. Gyzlar köýnegini täzeçe geýýär, Göhi gelýär öýlenmedik ýigitleñ! Gyzlar köýnegini täzeçe biçýär, Gyzlar köýnegini tikýär täzeçe. Ýakasyny towlap, baş ýaýkap geçýär, Dünýä dek giñ köýnek, çal saçly eje. * * * Ynanýaryn men Tañrynyñ täkligne, Oña sähel şübhäm ýokdur göwnümde. Güwä geçýän ynamymyñ bekligne, Üýtgäp durmaz asla hiç bir öwrümde. Ynam diýilen zat duýgynyñ beýgi, Kalbym bilen jogap berýän şu sözme; Ynsanyñ Tañrysy söýgüdir söýgi, Asla Tañry ýokdur söýgüden özge! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |