20:26 Saglyk | |
SAGLYK
Goşgular
Baýlyk ýok diýýärler saglykdan zyýat, Müñ keren mamladyr gadym danalar. Kimiñ ömri işi bilen ölçelse, Kimiñ ýaşy ýyllar bilen sanalar. Saglygym, men saña etmändim kasty, Ýöne seni gorap bilmedim pugta. Agyr synaglara etdim sezewar, Damagym çaldylar ulanyp pagta. Pula däl, işlere sarp etdim seni, Köñül ýaralarym süññüñ bozandyr. Men goýberdim yhlas atyñ jylawyn, Gör, kimsänin nebis aty ozandyr. Öz derdimi unutmaga çalyşdym, Eşdip özge kişiñ ýürek nalasyn. Öz-özüñi halamaklyk hökman däl, Iller tanap, iller seni halasyn. Saglygym, köp degdim näzik göwnüñe, Indi gitjek bolýañ eýäñden yrak. Bilýän, giçdir, seni saklap bilmerin, Ýöne gitme köñül köşgümi yrap! Ýöne köñül köşgüm eýleme weýran, Köñlüm abat bolsun - dünýä mydarym. Daga dodak çöwren ruhum bilen, Heniz-heniz synaglara çydaryn. Ajap düýşe şaýat ýassykda däl-de, Türkmeniñ düzünde syndyryp başy. Bedenmiñ saglygy gysgaltsa ömri, Göwnümiñ saglygy uzaldar ýaşy! * * * Adam dünýä inýär, çykýar tümlükden, Gujagyna dolap alýar ýagtylyk. Ynsanlar dünýäniñ gözüniñ nury, Dünýä gidýär öñküsinden ýagtylyp. Bir adamlyk artýar gözüniñ nury, Öñküden kemelýär rysgy tümlügiñ. Tüm bilen ýagtylyk arasyndadyr durmuş, şonda belli bolar kimligiñ. Nireden geleniñ ýatladar gije, Gijeler ýatladar barjak ýeriñi. Ýaşarsyñ nurlary ýüzüñe sylyp, Ýaşarsyñ nurlara ýuwup seriñi. Tebigat kanuny: gitmeli bolýar, Şol ozaldan gelen ýeriñe - tüme. Kimler gidýär tüme tümlügi bilen, Nur bolup gitmeklik başardar kime. * * * Bu ozaldan dünýäge Mejnun deý aşyk boldum. Öñ söýýärdim gyzlary, Kyrkymdan aşyp boldum. Söýýärin daglaryny, Kalba - mukam guşlary. Ýazlary - ömre mahmal, Ömre owaz - gyşlary. Derýalary - damarym, Ummanlary göwnümdir. Bedew münen ykbalym - Ýollardaky öwrümdir. Topragy bagra düşek, Hyýalymdyr asmany. Ak bulut ýüzün süpir - Toýdan düşen desmaly. Bedewleri - maksadym, Ýyldyza salar ýoly. Bilimdäki guşagym - Akmaýañ ýoly ýaly. Goşgularmyñ setiri - Ýodalary, ýollary. Köñlümiñ düşelgesi - Jülgeleri, gollary. Ýüregimiñ derdidir Derde derman gyzlary. Yhlas getir gaýtaryp, Göçüp giden gazlary. Nä körüm mundan gidip, Barka orundyr jaýym. Uzak ýaş dileýärin, Kirpigin sypap Aýyñ. * * * Köñülde ne joşgun bar, Ne gussa bar köñülde. Öñümde ýatyr galam, Kagyz ýatyr öñümde. Alasarmyk paýhasym, Duýgular alasarmyk. Joşgun galandyr daşlar, Goşa ganaty gyryp. Nirede mahmal gussam - Galgap ýören ak bulut? Degen bolsam göwnüñe, Unut, kinäñi unut. Çök sen gelip köñlüme, Geler ýörer joşgunam. Dirilikden nyşan däl, Ikiñizden daş günüm. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |