23:54 Esad režiminiñ çalt dargaýşynyñ we HTŞ lideri Jolaniniñ syrlary!.. | |
ESAD REŽIMINIÑ ÇALT DARGAÝŞYNYÑ we HTŞ LIDERI JOLANINIÑ SYRLARY!..
Publisistika
Siriýada oppozisionerler jemlenip herekete geçdi. Esadyñ pes aýlykly harby gullukçylary gaýtawul bermedi. Rus harby-howa güýçleri-de ýeterlik goldaw bermedi. "Hizbullah" kömege gelmedi. Netijede Esad ýurtdan gaçdy. Emma bütin bu bolup geçen wakalaryñ añyrsynda örän düýpli taýýarlyk işleri bardy. HTŞ lideri Ebu Muhammet Jolani ýakyn wagta çenli "El-Kaide" we YŞYD bilen gatnaşykdaky selefi militanlaryñ biridi. Ýöne onuñ durmuşy birnäçe ýyl mundan öñ düýbünden başga ugra gönükmäge başlady. Ilki sellesini çykardy. Harby eşik geýdi we selefi nutuklaryny mümkin boldugyndan ýumşatdy. Onuñ niýeti ABŞ üçin howp bolmakdan sypmakdy. * * * Jolani Siriýada arap nasionalistiniñ maşgalasynda dünýä indi. Baý durmuşda ýaşaýardy. Emma onuñ pikirleri kakasynyñ tersine yslamy arapçylygyñ öñüne goýýardy. On sekiz ýaşyndan bäri hataryna goşulan toparlarynyñ täsiri bilen jihatçylyga ugrukdy. 2001-nji ýylyñ "11-nji sentýabr" teraktlaryndan soñ "El-Kaidä" goşuldy. Amerikan okkupasiýasyndan az wagt öñ Yraga gitdi. Biraz wagt basybalyjylara garşy göreşenden soñ türmä düşdi. Jolani türmede ýatan döwründe selefilikden daşlaşyp başlandygyny we pozitow garaýyşlara ýönelendigini aýdýar. * * * Wagtyñ geçmegi bilen gandöküşlikler, öz janyña kast edip bomba partlatmak, tekfirçilik, dürli mezhepdäki adamlara gönükdirilen duşmançylykly hereketler ýaly selefi metodikalaryna garşy çykmaga başlady. Türmede öz pikirlerine ýakyn adamlary daşyna jemledi. Bäş ýyl türmede oturandan soñ azatlyga çykdy. Muña garamazdan "El-Kaidäniñ" düzüminde galmagyny dowam etdirdi. Türmede tanşan "iññän möhüm" adamynyñ arkasyndan El-Bagdady bilen tanyşdy we oña elli sahypalyk maglumatnama taýýarlap berdi. Maglumatnamasynyñ halanmagy alty militany ýanyna goşup, Siriýa ugradylmagyna sebäp boldy. Aslynda onuñ özüniñem niýeti şudy. Şol sanda ol "El-Kaidäniñ" düzüminde galdy. * * * Jolani Siriýada Esada garşy iş geçirmäge başlady. Bir ýylda iki müñ töweregi militany daşyna üýşürdi. "Nusra" frontuny gurdy. El-Bagdady onuñ toparynyñ üstünligine eýe çykmak üçin käbir liderleri iberdi. Bu oñşuksyzlyk netijesinde Jolani has-da özbaşdak hereket etmäge başlady. 2013-nji ýyla gelinende YŞYD-dan aýryldy. 2015-nhi ýylda "Nusranyñ" Günbatar ýurtlaryna hüjüm etmejegini mälim etdu. Şeýdibem Jolaniniñ üýtgeşmesi başlady. Dünýäniñ meşhur "Rand" düşünje guramasy 2016-njy ýylyñ awgustynda "Nusra" frontunyñ täzeden markalaşandygyny ýazdy. * * * 2017-nji ýylda "El-Kaideden" aýrylandygyny mälim etdi we toparyny HTŞ ady bilen täzeden gurdy. Idlibiñ töweregindäki dürli toparlary düzünine birikdirip barha güýçlendi. Günbatar ilkibada Jolaniniñ selefilikden arany açmagyna şübheli seretdi. Olar muña ynanmandylar. HTŞ 2017-nji ýylyñ tomus aýlarynda Günbatar bilen aragatnaşyk açmagyñ ýollaryny gözläp başlady. Şol döwür köne iñlis diplomaty Jonatan Powelliñ kömegi bilen ýygnak geçirdi. "Rand" düşünje guramasy 2017-nji ýylyñ oktýabrynda HTŞ üçin "El-Kaidäniñ ylymly ýüzi" rubrikasyny atdy. * * * Jolaniniñ niýeti HTŞ-ny global johat topary bolmakdan çykaryp, Siriýanyñ Watançy güýçlerine öwürmek we Günbatardan geljek goldawlar bilen Siriýanyñ geljeginde syýasy pozisiýa edinmekdi. 2020-nji ýylda Halkara Konflikt topary bilenem duşuşyp, göz öñüne tutan maksadyna ýene bir ädim ýakynlaşdy. Halkara Konflikt toparyynyñ taýýarlan maglumatnamasy Ak Tama HTŞ-nyñ gaýtadan gözden geçirilmegi maslahat berildi. * * * 2020-nji ýylyñ martynda Siriýada bolup geçen üýtgeşme Jolanä hiç garaşmadyk mümkinçiligini berdi. Şonda Türkiýe we Russiýa Idlibde atyşygyñ bes edilýändigini yglan etdi. Maksat - täze bosgunlaryñ öñüni almak we transport ýollaryny howpsuzlandyrmakdy. Jolani bu üýtgeşmeden ýerlikli peýdalandy. "El-Kaidä" ýakun toparlary basyp ýatyryp, liderlerini tussag etdirdi. Şeýtmek bilen hyzmatdaşlyga taýýardygynyñ signalyny berdi. Ädýän ädimleri bilen Idlibde häkimiýetini pugtalandyran HTŞ-niñ Dini Geñeşiniñ başlygy Atoun 2020-nji ýylyñ sentýabrynda "Le Temps" gazetine beren interwýusynda HTŞ-niñ Günbatara howp abandyrmaýandygyny we gözegçiluk edýän sebitinde halkara kömegine mätäçlik duýýandygyny aýtdy. * * * Jolani şol döwür Idlibde halkyñ goldawyny almak üçin täze aragatnaşyk formasyny durmuşa geçirdi. Halk köpçüliginiñ arasyna çykdy. Medýa gurdy. Çekişmeler geçirtdi. 2021-nji ýylyñ ýanwarynda Günbatar metbugatyna ilkinji gezek reportaž berdi. Jolani 31-nji ýanwarda birtopar günbatarly žurnalist bilen duşuşdy. Fewral aýynda-da ABŞ-ly žurnalist Martin Smit bilen surata düşdi. Şeýtmek bilen ol abraýyny berkitmäge we ABŞ-nyñ terrorçylar sanawyndan çykmaga synanyşýardy. Ol Smite ýokarda gürrüñ berilen durmuş ýoluny aýdyp berdi. Geçirilen duşuşykda selefilige garşydygyny, diñe Siriýa bilen gyzyklanýandyklaryny, musulman däl halklaryñ ybadatlaryna goşulmaýandyklaryny aýtdy. Şeýdibem ABŞ-na şu signaly gönderdi: "Size garşy hiç hili howp abandyrmaýarys. Bizi terrorçy yglan etmegiñiziñ geregi ýok!.." * * * HTŞ-nyñ ABŞ-nyñ terrorçy sanawyndan çykarylmagyny isleýärdi. Onuñ kellesini getirip berene 10 million dollar pul sylagy goýlupdy we mundan sypmaga synanyşýardy. Şol sebäpden HTŞ-nyñ jihatçylara garşy alyl baran göreşinden gür berdi. Günbatar guramalaryny resmi saparlara we barlaglary geçirmäge çagyrdy. HTŞ 2023-nji ýylyñ fewral ýer yranmasyndan peýdalanyp, Azeze girmäge synanyşdy. Emma Siriýa Milli Goşuny tarapyndan ýoly baglandy. Şol günler Liwanyñ "El-Ahbar" gazeti HTŞ-nyñ halkara jemgyýetçilikde kanuny güýç gazanyp bilmegi üçin Katardyr ABŞ tarapyndan höweslendirilendigini ýazdy. * * * 2023-nji ýylyñ iýulynda HTŞ-da garaşylmadyk üýtgeşme bolup geçdi. Toparyñ içinde, Orsyýete, Siriýa, Eýrana, ABŞ-na jansyzlyk edýän ulgam çökerdildi. Jolani şonda toparyñ görnükli şahslaryndan Kahtanini çetleşdirmäge başlady. Aýdylmagyna görä, HTŞ şondan öñ bir PÝD liderini boşadypdyr, yzýany bilenem jansyzlyk tory çökerdilipdir. Munuñ ABŞ-nyñ olara beren peşgeşi bolaýmagy-da ahmal. Şol döwürde fransuzlar bilen kontrrazwedka boýunça-da ylalaşyk baglaşyldy. Şol tapgyrda käbir hüjreler paş edildi. * * * 2023-nji ýylyñ awgustynda toparyñ düýbüni tutujylardan we esasy adamlaryndan Kahtani tussag edildi. Başga bir esasy adamy bolan Zakour hem gyraklandy. 2023-nji ýylyñ noýabrynda bolsa HTŞ-nyñ ýolbaşçy düzüminden biri Telegram kanalynda "Hamasy" Eýrana ýakyn durýandygy üçin günäkärledi. Ol "Hamasyñ" 7-nji oktýabr hüjüminden soñ bolup geçenler babatynda duýduryş berýär we bolup geçenleri neo-sefewileriñ öz ýykgynçylykly gün tertibine hyzmat edýän we palestin gany bilen edilen söwda hasaplaýardy. Berilýän maslahat Eýrandan daşlaşmakdy. * * * 2023-nji ýylyñ soñky günlerinde Zakour HTŞ-dan gaçdy. 2024-nji ýylyñ aprelinde bolsa Kahtani öldürildi. Toparyñ öz içinde bolýan oñşuksyzlyklar netijesinde Idlibde Jolaniniñ garşysyna protest demonstrasiýalary bolmaga başlady. Muña garamazdan Jolani 2024-nji ýylyñ iýunynda HTŞ-nyñ harby ganatynyñ başyna geçdi. Esad HTŞ-nyñ dargama howpuny başdan geçirýändigini pikir edip, 2024-nji ýylyñ oktýabrynda Idlib sebitinde hüjüme geçdi. Şol günlerde Hytaýyñ habar beriş serişdelerinde diýseñ aýgytlaýjy rubrika berildi: Habarlarda HTŞ-nyñ Esada garşy düýpli hüjüme geçip başlajakdygy aýdylýardy. Şu maksat bilen Idlibde esger alnyşyklary başlapdy. Pars aýlagy ýurtlarynyñ habar beriş serişdeleriniñ aýtmagyna görä-hä, taýýarlyk işleri eýýäm dynyşypdy. Angliýanyñ synçy guramasynyñ aýtmagyna görä, Jolani Ysraýylyñ hüjümlerini göz öñüne tutup, Esadyñ kyn ýagdaýa düşjekdigini pikir edýärdi. * * * Jolaniniñ hüjüm meýilnamasy birnäçe ýurt tarapyndan goldandy. HTŞ ine şular ýaly şertlerde režime garşy güýçli hüjüme girişdi. Esadyñ aýagynyñ aşagy bireýýämden bäri gazyp goýlupdy. Goşunynyñ aýda 30 dollar aýlyk alýan ofiserleri möhletinden ir asgynlady. "Hizbullah", eýrançy milisiýa otrýadlary, rus harby-howa güýçleri görnenokdy. Esad Eýranyñ Daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda goşuny hakda otrisatel düşündirişleri berdi. HTŞ şäherlerdäki ownuk-uşak gaýtawullary ezip geçip, Şama tarap ýöredi. * * * "New York Times" gazetiniñ aýtmagyna görä, Baýden hökümeti HTŞ bilen birlikde ähki toparlar bilen aragatnaşykdady. ABŞ Jolaniden "Režime garşy YŞYD toparlaryny ulanmazlygy" isledi. HTŞ aýdylany etjekdigi barada Baýden hökümetini ynandyrdy. Şamyñ elden gitmegi bilen birlikde Pars aýlagy ýurtlaryndan ady mälim edilmedik ýokary wezipeli arap ygtyýarlysy Jolaniniñ kellesine goýlan 10 million dollarlyk pul sylagynyñ ýatyrylmagy üçin ABŞ bilen gepleşik geçirmäge başlady. ABŞ kontrrazwedkasy häzirden HTŞ terrorçy toparynyñ radikal dinçilik bilen arasyny üzüp-üzmändiginiñ analizini edýär. * * * Ysraýyl şu ikiarada Golan depelerinden aşyp, Siriýanyñ käbir bölümlerini basyp almaga başlady we ýarag ammarlaryny bombalady. HTŞ bolsa aýal-gyzlaryñ egin-eşim geýiş düzgünlerine goşulmajakdygyny we azatlyklaryñ kepillik astyna alynjakdygyny mälim etdi. Bolup geçen şu ähli üýtgeşmeler YŞYD-ly we "El-Kaideli" geçmişi bolan HTŞ-dyr Jolani soñky birküç ýylda "ylymly" topara öwrülen ýagdaýdadygyny görkezýär. Taraplaryñ ikisi-de garşylyklaýyn bähbit gatnaşygyna goldanyp öñe ymtylýar. Iki tarapam biri-birine ynanmaýar. Ýöne pragmatiki tarapdan çemeleşýär. * * * ABŞ geçmişde-de Owganystanda sowet okkupasiýasyna garşy jihatçylary ulanypdy we Päkistandan peýdalanypdy. Soñ-soñlar şol jihatçylaryñ Owganystanda we Päkistanda neneñsi bela-beterlere sebäp bolandygyny ýatdan çykarmazlyk gerek. Taryh ajy mysallardan doly. Meniñ pikirimçe, ABŞ-nyñ niýeti Ysraýylyñ howpsuzlygyny berkitmek we Siriýanyñ deñ ýarsyna golaý ýerde özygtyýarly kürt hökümetini gurmak. HTŞ şu bähbitlere degsinmedik ýagdaýynda olary problema hasaplamazlar. Çünki ABŞ üçin düýp maksat - Ysraýylyñ howpsuzlygyny kürt hökümeti bilen berkitmek. Şu maksat bilen PÝD-ny ýaraglandyryp, güýçlendirip, özbaşdaklyga taýýarlaþar. Şol ikiarada Eýrany Siriýadan çykaryp, Russiýanyñ Orta Gündogardaky syçrama rampasyny bloklady. Hemişe nygtap gelşimiz ýaly, Türkiýäniñ bähbitleri - PÝD-ni ýok etmek, Siriýadaky türkmenleri goldamak we radikal toparlary mümkin boldugyndan çäklerimize ýakynlaşdyrmazlykdan geçýär. Sebäp selefiler bilen goñşy bolmagyñ başymyza diñe bela-beter getirjegini gowy bilýäris. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 11.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |