00:31 Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasy nämäni maksat edinýär? | |
BEÝIK ÝAKYN GÜNDOGAR MAKSATNAMASY NÄMÄNI MAKSAT EDINÝÄR?
Publisistika
1997-2000-nji ýyllarda NATO-nyñ Ýewropa boýunça Ýaranlyk güýçleriniñ ýokary komandowaniýesine serkerdelik eden (Brýusselde) ABŞ-ly general Uesli Klark şeýle diýýär: "2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda ABŞ-da bolup geçen terrorçylykly aktdan on gün çemesi wagt geçenden soñ ABŞ-nyñ Goranmak ministrligine (Pentagon) bardym, Goranmak ministri we onuñ orunbasary bilen görşenimden soñ aşakky gata düşdüm. Serkerdelerden biri meni ýanyna çagyrdy... "Karara geldik, Yraga garşy uruş yglan etmekçi bolýarys" diýdi. Şol gün 20-nji sentýabr günüdi... - Yraga garşy uruşjak bolýarysmy? Saddam Hüseýin bilen "El-Kaidäniñ" arasynda baglanyşyk tapdyñyzmy? - diýip soradym. Ol: - Ýok, ýok, bu boýunça üýtgeşme ýok. Diñe Yrak bilen uruşmak kararyna gelindi - diýdi. Birküç hepdeddn soñ ýene ony görmäge gitdim. Şol wagtam Owganystany bombalaýardyk. "Şindizem Yraga garşy uruşmakçy bolýarysmy?.." diýip soradym. - Sorama, ondanam beter - diýdi. Ol çekerine elini uzap bir dokument aldy we Goranmak ministriniñ kabinetini göz öñüne tutup: "Şuny ýokarky gatdan aldym. Yrakdan başlan operasiýany Siriýa, Liwan, Liwiýa, Somali, Sudan we iñ soñundanam Eýran bilen tamamlarys" diýdi. Ol ýedi ýurdy nädip bäş ýylyñ dowamynda ýok etjekdigimizi beýan edýän örän gizlin dokumenti gaýtadan çekerine saldy!.." * * * "Sözcü" gazetinde ýazmaga başlan 2012-nji ýylymdan bäri, ýagny 11 ýyllap periodik ýagdaýda pensioner ilçi Şükrü Elekdag bilen daşary syýasat boýunça gürrüñdeşlikleri geçirip geldim. Wagtyñ geçmegi bilen öñünden aýdan ähli çaklamalary dogry bolup çykan diplomat ýygy-ýygydan şu duýduryşlary berýärdi: "Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasy (BÝGM) Ysraýylyñ howpsuzlygy üçin durmuşa geçirildi. Yrak şol sebäpli okkupirlendi. Bu maksatnama sebitdäki araçäkleri üýtgetmegi we Ysraýylyñ territoriýasyny giñeltmegi maksat edinýär. Häkimiýetiñ Siriýa boýunça alyp barýan syýasaty nädogry. ABŞ Siriýada, Ýewfratyñ gündogaryndaky geografiýada PKK-PYD-YPG-den düzülen garnizon döwletini gurýar. Türkiýäniñ döwlet howpsuzlygyna uly howp abandyrýan bu "döwlet" geljekde Siriýanyñ günorta-gündogaryndaky suwly ýerleri basyp alan Ysraýyla goñşy edilmekçi bolunýar. Garnizon döwlet geografiýamyzda ABŞ-nyñ we Ysraýylyñ bähbitleri bilen Beýik Kürdüstany gurmagyñ arzuwyna hyzmat eder we Ysraýyly goraýan žandarma güýjüne öwrüler. Bu oýny bozmagyñ ýoly haýal etmän Beşar Esadyñ hökümeto bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakdyr. BÝGM-nyñ ahyrsoñky nyşanasynda Eýran bar. Şumat bolmasa-da erte bir gün hökman Eýrana çozarlar..." * * * Gorkunç senarä şindizem düşünip bilmeýänlere Ysraýylyñ öñki premýer-ministri Ehud Olmertiñ aýdan şu sözlerini ýatladaýyn: "Siriýany graždanlyk urşuna sokduk. Çünki Esad biziñ bilen bile bolma teklibimizden ýüz öwürdi. Şonuñ üçinem Siriýadaky ähli terrorçylykly toparlar Esada garşy guruldy. Emma käbir ýurtlar gülkünç ýagdaýda munuñ azatlyk ugrundaky göreşdigine ynandylar..." * * * Ýazgymyzy Türkiýäniñ soñky Ysraýyl-"Hamas" konfliktinde ýöreden sowukganly we meseläni dogry analizleýän syýasatynyñ dowam etmegini bähbitli hasap edýändigimizi aýtmak bilen jemlemegi makul bildim... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |