19:26 Eşekden kyssa | |
EŞEKDEN KYSSA
Publisistika
"Eşek gurruk guýa gaçypdyr... Guýynyñ başyna üýşenler: - Nädip gaçyp ýörsüñ bu guýa? - diýipdir. Eşek jogap beripdir: - Eşekligimden... - Nädip etdiñ eşekligi?.. - Seretmedik, görmedik, düşünmedik-dä... - Seniñem şol eşekligiñ-dä... Gözüñ bardyr-a, barýan ugruña seretmeli bolar-a? Seretdiñ, öñüñ garañkymy, gitme-dã!.. Eşegi halas etmegiñ ugruna çykylypdyr. Emma gurruk guýa gaçmak añsat, çykmak kyn... Her kim bir zat diýipdir. Kimsi "Okatmaly" diýipdir. Kimsi "Çykarsak, ýene hökman düşer, goýuñ, aklyna aýlansyn" diýipdir. Kimsi "Çykarmajak bolsak, oña haýyr-sahawat kömegini ugradalyñ, otursyn şol duran ýerinde, sesini kessin" diýipdir. Käbiri-de başgarak teklip beripdir: "Oña aslynda gowy ýerde oturandygyny aýdalyñ. Öñündäki gurruk guýyny görmän gaçan bolsa, eşek özüniñ nähili ýagdaýdadygyna hem düşünýän däldir..." Ahyrynda... Guýynyñ başyndakylar eşegi halas etmegiñ kyndygyny pikir etdiler... Eşekden el çekip, üstüne gum zyñyp, guýyny gömmegi makul bildiler... Gelen kararlaryny eşege aýtdylar... Eşek sorapdyr: - Hany, bizi halas etjek dyzmaç maksatnamañyz ýokmy? Ahyrynda... Hiç kim ony diñlemändir. Pil bilen ýerli-ýerden guýyny gömmäge başlapdyrlar. Eşek üstüne her gezek üstüne sürlen gumy silkip, ýere düşüripdir we aýagynyñ astyna düşen gumuñ üstüne çykypdyr, şeýdibem kem-kemden ýokaryk galypdyr. Guýy doluşyberende eşegem çykypdyr. Aslynda bu kyssa üstüne gelen bela-beteri silkip atmaýan, oña razy bolýan, çydaýan we garşylyk görmezmeýän eşekler üçin... Eger eşek üstüne gelen abanan howpa sesini çykarman duran bolsady... Gömlüp galybermelidi". Kyssanyñ awtory we meniñ her ýadyma düşende hormat bilen baş egýän merhum kärdeşim Bekir Joşkundy... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 11.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |