01:10 Ganly hiññillik!.. | |
GANLY HIÑÑILLIK!..
Publisistika
Dünýäniñ çar künjündäki wyždanly adamlar Gazada bolup geçýän rehim-şepagatsyzlyga nägilelik bildirýär. Kimler ýurdunda protest demonstrasiýalaryny geçirse, kimler sesini sosial mediýa arkaly eşitdirmäge çalyşýar. Ysraýylyñ ruhy ekiztaýy ABŞ-nyñ özünde-de jöhitler Kongrese dökülip, dessine atyşy bes etmegi talap etdiler. ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden bolsa Ysraýylyñ hassahana gandöküşligini eden gijesiniñ ertesi müñlerçe mil añyrdan Tel-Awiwe gelip, geljekde uruş jenaýatyndan aýyplanjagy görnüp duran premýer-ministr Netanýahu bilen gujaklaşýar we ony gutlaýar (!..) Ikitaraplaýyn duşuşygyñ yzyndanam özüni BMG-nyñ ýerine goýup, özüçe höküm berýär: "Görşüm ýaly hassahana hüjümini Ysraýyl däl, beýleki "topar" edipdir!.." Hasaahanada ýüzlerçe bigünä raýatyñ we çaganyñ ölümlerine sebäp bolan taraplaey "topar" hökmünde görmek samsyklygyny bütin dünýäde wyždany syzlap duran adamlar depe saçyny düýrükdirip tomaşa edýär. * * * Olaryñ birem hormatly okyjym, ýazyjy, mähriban ene Türkan Şanwerdi Awjy. Serediñ, ol duýgularyny setirlere dökende nämeleri ýazýar: "Akla-huşa sygmajak derejede gynançly, rehimsiz, wyždansyz, wagşy, ganky dünýäde özüni sähelçe "adam" hasaplaýan adam alýan deminden utanýar. Ne uruşyñ mertligi galdy, ne-de adamyñ merhemeti. San-sajaksyz, gözlerine şeýle bir gan öýüpdir welin, hamana uruş-uruş oýnuny oýnaýandyr öýdýärsiñ we garşylaryndaky aşylmaly emeli böwet mysaly. Jan däl, bigünä däl, garry däl, aýal däl, çaga däl, bäbek däl... Öñümde ganly sallançagyñ fotosuraty dur... Gazada bombalanan hassahananyñ howlusynda surata düşürilipdir. Üstündäki däri yzlarynyñ ysy beýnime, ahy-nalalar gulagyma urup duran ýaly bolýar. Düýn ol ýerde bir çaga bardy: ol gorkunç jähennemiñ ortasynda-da bolsa, çagalygyny ýaşamaga synanyşýardy. Arkasyny diwara berip, aýaklaryny asmana uzadyp, hamala uçaýjak ýaly... Gorky bilenem bolsa, kiçijik gülümsireme bar ýüzünde... Belki, kalbynda umyt ertire çenli, belki-de, bolup-geçenlere düşünmejek derejede kiçijik we ýanynda gezegine garaşyp duran çagajyga alaryp seredýär diñe. Irden ol çagajyk şol ýerde däl, yzynda bolsa bir ganly hiññillik dur... * * * Adam diýilýän mahlugyñ erbetliginiñ soñy we çägi ýok. Hirosimada-da gözleri garañky we ganlydy, Halapçada-da, Bosniýada-da, Alžirde-de, Kiprde-de, Germaniýada-da, Kongoda-da... Olar yzynda hemişe boş sallançaklar galdyrdylar. Hem reñksiz gözýaşlary... Her dilde, her dinde, her milletde birmeñzeşdir... Iñ beterem bigünäleriñ gözýaşlary bilen çyglanýar bu biderek dünýä... Uruşyñ, terroryñ, zulumyñ gereklidigine, tutarygyna hiç kimse meni ynandyryp bilmez. Uly-uly döwletleriñ, uly-uly adamlaryñ uly-yly münberlerinde, kürsilerinde berýän beýanatlary meni hiç hili gyzyklandyranok. Şol boş, şol ganly hiññillikler ýüregimdäki gozgalañyñ we gynanjyñ sebäbi... Hem sesini eşitdirip bilmedik reñksiz, günäsizje millionlarça gözýaşy..." Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 20.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |