01:54 Jennet-Dowzah... | |
JENNET-DOWZAH...
Publisistika
Düýn öýle uçurlary teleýaýlymda tejribeli habarçy Ferit Demiriñ Hataý-Samandagdan geçendigi hakdaky habara tomaşa etdim. Adamlar uzyn-uzyn nobata durup, bir kürüşge agyz suwuny almak üçin garaşýarlar... Howanyñ gyzgynlygy 40°... Jokrama yssynyñ astynda suw nobatyna garaşýanlaryñ arasynda garrylaram, göwreli aýallaram, ýer titremesiniñ weýrançylygyndan halas edilen soñ şindizem gowulaşyp gidibermeýändigi üçin eli-aýagy syzlaşyp duranlar bar. Haýyr-sahawat edijileriñ ugradan suwuny alyp bilen pahyrlar begenişýär. Biri "biz bäş adam, bu suwy tygşytly ulanyp, günümizi geçireris. Ertir nobat nirde bolsa, şol ýere ylgamaly bolar" diýýär. Dowzahy gyzgynlykda sagatlap nobata durandyklaryna garamazdan suw alyp bilmedikler bialaç ýagdaýda täze suw ýükli awtoulag gelýänçã garaşmaly boljakdygyny aýdýarlar. A gelmese näme?.. A haýyr-sahawat edijiler ugratmasa näme?.. Yzyny görmäge ýüregim etmänsoñ, görüp oturan telekanylymy üýtgetdim. Soñky kanalda-da bir hünärmen çykyş edip duran eken: "Dat, şumatky yssy günlerde, aýratynam Günüñ günortanynda kän daşary çykmajak boluñ we köp suw içiñ!.." Ynansañyz, öýdäki suwly gaplara ser salyp, günüñ günortanynda şol uzyn nobatda bir owurt suw üçin garaşyp duranlara gamly nazarymy aýlaýaryn. Ýadyma Gýotäniñ "Dünýä ýukaýürekliler üçin dowzahdyr..." sözi düşýär. * * * Hernä gyzlarymyzyñ woleýbol boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýelemegi tokaýlarymyz gyzyl-ot bolup ýanýan, nyrhlaryñ keýgiñ şahyna çykan soñky ýeter-ýetmezçilikli günlerinde ýüreklerimize ynjalyk berýär, hatda begençden ýaña gözlerimizi ýaşa doldurdan ajaýyp üstünlik bolýar. Serediñ, görnükli satiriki ýazyjy Gani Müžde sosial mediýada paýlaşan gysgajyk ýazgysynda biziñ duýgularymyzy nähili gowy açyp görkezipdir: "Ine, Türkiýe şular ýaly ýurt. Gyzlaryñ aýry okadylmagyny isleýän, olary öýe-dört diwaryñ arasyna gabap goýmak gerekdigine ynanýan bir topar bolar-bolgusyz nadanyñ we tarykatyñ içini ýakyp gyzlarymyz dünýäniñ çempiony bolaýýar! Woleýbol meýdançasynyñ soltanlary jynsy diskriminasiýa zarba urup, aýal-gyzlaryñ at-abraýy, buýsanjy, nusgalyk görüm-göreldesi bolaýýar! Munuñ üçin zähmetini gaýgyrmadyklaryñ hemmesine millionlarça gezek minnetdar. Minnetdar size, Türkiýäniñ gyzlary..." Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 19.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |