00:27 Çanakkale we Dumlupynar ruhy!.. | |
ÇANAKKALE we DUMLUPYNAR RUHY!..
Publisistika
Merhum Turgut Özalyñ premýer-ministr bolan döwründe şeýle wakanyñ bolup geçendigi aýdylýar: Özal ýapon hünärmenleriniñ ýurdumyzyñ bilim sistemasyny öwrenip, maglumatnama taýýarlamaklaryny soranmyş. Ýaponlar haýyşy ýerine ýetirip, taýýarlanan maglumatnamanyñ jemlemesinde şu setirleri ýazanmyşlar: "Siziñ bilim sistemañyzda milli ruh ýok!.." Bilim ministrliginiñ ýokary wezipeli ýolbaşçylary şobada "O nähili?" diýip soranmyşlar. Ýaponlar şeýle jogap beripdir: - Biz Ýaponiýada mekdebe gatnap başlamaly çagalarymyza milli ruh sarsgynyny berýäris. Olary ilki üýşürip ýokary tizlikli otlulara mündürip, uly zawod-fabriklerimize, tehnologiýa merkezlerimize aýlaýarys, ýurdumyzyñ güýjüni görkezýäris. Soñam çagajyklary alyp Hirosima, Nagasakä äkidýäris, ol ýerde atom bombasy zyñylansoñ, ot bitmeýän meýdanlary görkezip, şeýle diýýäris: "Eger siz okamasañyz, işlemeseñiz, dünýäni tanamasañyz we ýañy gören tehnologiýalaryñyzy ösdürmek üçin azap çekmeseñiz soñuñyz şundan gowy bolmaz!.." Býorokratlarymyzyñ biri onuñ sözüni bölüp: - Ýöne biziñ hirosimalarymyz ýog-a... - diýýär. Ýapon hünärmeniñ beren jogaby çuñ pikire batyrýar: - Siziñ Çanakkaleñiz, Dumlupynaryñyz onlarça Hirosima degýär! Üstesine biz Hirosima sebäpli uruşdan ýeñlip çykdyk. Emma siz Çanakkaledenem, Dumlupynardanam ýeñiş bilen çykdyñyz. Çanakkale we Dumlupynar ruhuny çagalaryñyza siñdirjek boluñ we taryhyñyzy gowy düşündiriñ!.. * * * Bu waka hakykatdanam bolup geçdimi, anyk bilemok. Dogram bolup biler, toslanan hekaýa hem bolup biler. Emma onuñ berýän manysynyñ juda mañzyña batýandygyna welin tüýs ýüregimden ynanýaryn. Şol sebäpli Çanakkaledäki deñsiz-taýsyz gahrymanlyk dessanynyñ nyşany bolan we şol ruhy alamatlandyrýan Şehitler ýadygärliginiñ gurulyp gutarmagy üçin hernä azap baryny edipdiris... Hernä, hemme zadymyz, hatda alýan azat demimiz üçinem minnetdar bolunmaly Dumlupynar ýeñşiniñ gymmatyny ýatdan çykartmaga dyrjaşýanlara garşy şol beýik göreşi sereşläp, eserler beripdiris. Bizi her giriljek dar bogazlardan geçirjegem Milli Azat-edijilik göreşiniñ ylham çeşmesi Çanakkale we Respublikamyzyñ sözbaşysy hasap edilýän Dumlupynar ruhudyr! Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 28.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||