19:45 ABŞ özüni şu günüñ Rim imperiýasy hasaplaýarmy?.. | |
ABŞ ÖZÜNI ŞU GÜNÜÑ RIM IMPERIÝASY HASAPLAÝARMY?..
Publisistika
Mundan on ýyl çemesi wagt öñ... Dünýäniñ görnükli newrohirurglary ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatyndaky San-Diego şäherinde geçirilen halkara konferensiýada duşuşýarlar. Her uly konferensiýada bolşy ýaly, bu ýygnanyşygyñam medisina degişli däl tanymal myhmany bar: 1974-nji ýyldaky Kipr parahatçylyk hereketinden soñ ABŞ-nyñ ýurdumyza goýan embargosy sebäpli türk jemgyýetçiliginiñ ýakyndan tanaýan öñki Daşary işler ministri Genri Kissinžer... * * * Geçen ýyl (100 ýaşynda) aradan çykan Kissinžer sözüni Rim imperiýasyna salgylanyp, şeýle diýýär: - Biz şu günüñ Rimi. Üstesine çäklerimiz Rimden has giñ! Şu güýjümiz bilenem dünýä sözümizi ýöredýäris... Mysal üçin, şu günlerde Ýakyn Gündogara demokratiýa (!) alyp barýarys!.. - Kissinžer gülen bolup, nutugynda Türkiýäni-da ýatdan çykarmaýar: - Şol sebitde demokratiýaçylyk oýnaýan Türkiýäni goñşularyna garşy (Eýrany göz öñüne tutýar) tampon ýurt hökmünde görýäris!.. * * * ABŞ-nyñ ugruny kesgitleýän güýç nokatlary bilen "gizlin döwletiñ" adamy hasaplanýan Kissinžeriñ çykyşyny diñlänleriñ birem "halypalaryñ halypasy" diýip tanaýan professorymyz Jengiz Kudaý... Kissinžeriñ gopbamsylyk satýan sözleri Kudaý halypa Rim imperatory Oktawian Awgustyñ meşhur buýruknamasyny ýatladýar. Taryhy maglumatlara görä, Awgust demir gapaklara ýazdyran buýruklar ýygyndysyny ähli welaýatlara, şeýle-de Rimi parfiýalylara (ýagny häsirki eýranlylara) garşy goramak wezipesi berilen tampon welaýaty Ankyra (Ankara) iberipdir. * * * Rim imperiýasy hiç mahalam Ýewfrat derýasynyñ gündogaryna geçip bilmändir we olara parfiýalylary ýeñmek başartmandyr. Hatda parfiýalylar özlerine garşy söweşende puluñ gara ýesirini bilip, rimli serkerdäni öldürip, bogazyna altyn eredip guýupdyrlar. Munuñ bilenem çäklenmän Rimiñ at-owazasyny alamatlandyrýan baýdakdyr nyşanlary-da ele salypdyrlar. Parfiýalylary ýeñip bilmejegine düşünen Awgust Eýran bilen ýaraşyga gelmegiñ ýollaryny gözläpdir. Anadola eýelik edýän dolandyryjylaryñ tagallasy bilen ýaraşyk baglaşylýar we baýdakdyr nyşanlar diñe şondan soñ yzyna gaýdyp alynýar... * * * ABŞ barada aýdanda... Kissinžeriñ aýdyşy ýaly, ol hakykatdanam özüniñ häziriñ Rim imperiýasy hasaplaýar! Amerikan prezidentleriniñem paýtagt Waşingtony şu günüñ Rimi, Ankarany-da şoña bagly tampon ştat hasaplaýandygyny bilse bolýar. Şol sebäpli prezident Baýden bilen garaşylmaýan başga ýagdaý ýüze çykmasa, täzeden prezident saýlanjagy öñe sürülen dyzmaç Trampa hem-ä Ankaranyñ "Hajy Baýram" metjidiniñ ýanyndaky ybadathanada (Awgustyñ gurduran ybadathanasy) saklanýan Awgustyñ buýruklaryny, hemem Mustapa Kemalyñ we onuñ watançy esgerleriniñ basybalyjy imperialistlere garşy ýazan "Kuwaýy-Milliýe dessanyny" ("Milli-watançylyk epopeýasyny") aýdyp bermeli. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 03.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||