21:55 Atatürküñ Ýakyn Gündogara bolan garaýşyny ýada salmagyñ wagty geldi!.. | |
ATATÜRKÜÑ ÝAKYN GÜNDOGARA BOLAN GARAÝŞYNY ÝADA SALMAGYÑ WAGTY GELDI!..
Publisistika
Ýurdumyzda onçakly köp ulanylmasa-da, Ýakyn Gündogarda giñden ulanýar. Yslam mifologiýasynda "Iblis" ady buken tanalýan şeýtanyñ jennetden kowlanda Şam (Damask) şäherine gelendigi rowaýat edilýär. Halk arasynda aýdylýan rowaýatlara görä ähli erbetligiñ gözbaşy bolan Şeýran, aýratynam şam söwdagärleriniñ gara nebsi, kişi hakyny iýip gazanýan girdejileri we pyssy-pyjurlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Şonuñ üçin şäher garañky işleriñ mesgenidir. Ýogsam bolmasa, "Şam şeýtany" bir şäherden zyýada tutuş sebiti gözden salanok. Hem bu şeýtan düýn bolşy ýaly şu günem Ýakyn Gündogaryñ üstünde gaýmalaýar. * * * Mustapa Kemal sebite birinji gezek 1905-nji ýylda, 24 ýaşly ýüzbaşy (kapitan) wagty gidýär. Şäher orta asyr şertlerinde ýaşaýan eken. Yslamyñ arap ýüzi Anadolynyñ türk däpleri bilen garylyp-gatylan düşünjelerine gabat gelmeýärdi. Şam boýunça ikinji tabşyrygyny 12 ýyldan soñ mirliwa (brigada generaly) çinindekä alýar. Şol wagt Osmanly jahylyýet we dolandyryş sistemasyndaky gowşaklygy zerarly çagşap barýardy. Ümmülmez imperiýa dargamaga başlansoñ, goşunam tapsyz ýagdaýdady... * * * Türk duşmançylygy arap-iñlis bileleşigi bilen gaýyrylan pyssy-pyjurlyklar arkaly ýetjek derejesine ýetipdi. Şirin janlaryny orta goýup mukaddes ýerleriñ goragyny boýnuna alan osmanly esgerleri arkalaryndan urulyp, açlyga, suwsuzlyga we zuluma duçar bolupdy. Yslamyñ goragçysumaklary hristian iñlisler we jansyzlar bilen bile hereket edýärdiler. (Bu boýunça gyzyklanýan okyjylarym şu gazetiñ 16.10.2019-njy ýyldaky sanynda çap edilen "Araplar bizi nämüçin satdy diýenler şu tüpeñi gowy synlasynlar" atly makalamy okap bilerler. -U.D.). Iñlisler Mosuly, Bahreýni, Basrany basyp alan wagty, türkleriñ hakyky ýurdy Anadoly hem ýene şol iñlisleriñ başyny çekýän imperialistleriñ çozuşyna uçrapdy). Şular ýaly şertlerde Mustapa Kemalyñ añynda bir pikir aýlanýardy: Ýakyn Gündogar batgalygy türklere watan bolup bilmez! Goralmaly ýeke-täk bar, olam Anadolydyr. * * * Düýn sebitde "şam şeýtanlarynyñ" başyny iñlisler çekýärdiler. Göräýmäge olar araplaryñ özünden beter musulman ýalydylar. Il-gün, ýurt diýen düşünjeden binesip araplar osmanlynyñ saýasynyñ ýerine iñlisleriñ altynlaryny saýlap alypdylar. * * * Häzirki wagtda global güsç bäsdeşliginiñ bir parçasy bolan "wekilçilik uruşlary", ine, şu geografiýada dowam edip gelýär. Düýn Angliýa bardy, häzir ABŞ we Russiýa bar. 2003-nji ýylyñ aprelinde Bagdatyñ toslama bahanalar bilen ABŞ tarapyndan okkupirlenendigi entek ýadymyzdan çykanok. Düýn sebitdäki energetika gorlary iñlisleriñ işdäsini açsa, häzir ABŞ-nyñ we Russiýanyñ işdäsini açýar... Düýn Ysraýyl ýokdy, häzir wada edilen topraklar olara ýetmeýäne meñzeýär!.. Welhasyl, häzir dünýäniñem, biziñem işimiz beter kynlaşdy. * * * Biz türkler Gazy Mustapa Kemal Atatürkden bäri halklaryñ öz ykballaryny özleriniñ kesgitlemelidigine ynanýarys. Emma döwlet möçberinde bir howp-hatarvabansa, howpa ýakyn pozisiýada durmaly. Biz ýakynynda bolmagyñ arasynda bolmagy añlatmaýandygyny biljek derejede tejribä eýe ýurtdyrys! Emma... Geografiýamyzdaky araçäkleriñ täzeden çekilmegini maksat edinýän Beýik Ýakyn Gündogar maksatnamasynyñ (BÝGM) ýurdumyzy-da ýakyndan gyzyklandyrýandygyny, gündelik ýagdaýy hökman şular ýaly görnüşde okamalydygyny bilmeli. Geografiýa we taryh bizi kyn ýagdaýa salýan wagty, güýçli daşary syýasatyñ güýçli içerki strukturasynyñ (aýratynam millionlarça bosguny ünsden düşürmän) gerekdigini-de ýatdan çykarmaly däldiris. Şu güne çenli türkleşen araby görmedik. Enşalla, munuñ tersinem görmeris. Şu setirleri ýazmagyma ýardamy degen okyjym Kemal Ýalnyza minnetdarlyk bildirip, soñky sözümizi Atatürküñ ýakyn egindeşlerinden beýik ýazyhy Falih Ryfky Ataýdan alynan sitata bilen jemläliñ: "Florensiýa hernäçe bize keseki bolsa, Ierusalimem bize şonça kesekidir". Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 14.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |