20:47 Dünýäniñ ugry hanjak? | |
DÜNÝÄNIÑ UGRY HANJAK?
Publisistika
Otstawkadaky general Ilker Başbug bilen gürrüñdeşlik Gadyrly okyjylarym. Täze ýyl golaýlaşyp gelýärkä, öñ Türk Ýaragly Güýçleriniñ komanduýuşisi bolup işlän taryhçy Ilker Başbug bilen dünýäniñ ugrunyñ hanjakdygy we täze ýylda nämeleriñ bolup biljekdigi barada gürrüñdeş boldum. Şol gürrüñdeşlikden eden käbir belliklerimi siziñem dykgatyñyza ýetiresim gelýär: Ilker Başbug dünýäniñ syýasy we harby üýtgeşmeleri boýunça edýän pikirlerini Ugur Dündara aýdyp berdi. • Ertir bize näme garaşýar? 2023-nji ýyl adamzat jemgyýetini betbagtlykda we lapykeçlikde goýup, soñlanyp barýar. 2024-nji ýyl dünýämize näme getirerkä? Meseleler çözülermi? Ýa-da dünýä ýene rehim-şepagatsyz çaknyşyklara, dawa-jenjellere şaýatlyk edermi? 2023-nji ýylda Ukrainada we Gazada gazaply uruşlar bolup geçdi. Gazada adamzada garşy edilen jenaýatlar birnäçe döwlet tarapyndan diñe tomaşa edildi. Hiç zat edilmedi. Eýse, ertirki gün bize nämäni wada berýär? • ABŞ çynlakaý ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz Ukrainada bolup geçen tragediýadan başlasak, Owganystandan 2021-nji 30-njy awgustynda elem-tas bolup çykyşy gürrüñsiz ABŞ-nyñ at-abraýyna düýpli zyýan ýetirdi. Eýsem bu ýagdaý Russiýanyñ 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Ukraina çozmagynda olary ýüreklendirdimi? Russiýanyñ muny arkaýynlyk we batyrgaýlyk bilen etmeginiñ añyrsyndaky sebäpleriñ biriniñ şu bolandygyna şübhe ýok. Bu ýagdaý başgaçarak seredýänlerem bar. ABŞ-nyñ Owganystandan çykmagy Ukraina-Russiýa urşuna ABŞ-nyñ has işjeñ gatnaşmagyna mümkinçilik berdi. ABŞ häzir çynlakaý ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz. ABŞ "şol bir wagtyñ özünde" Ukraina, Taýwana, Ysraýyla ýarag, ok-däri we beýleki serişdeleri berýär. Bu añsat iş däl, mysal üçin 155 millimetrlik top okuny wagtynda öndüräýmek kyn. Şonuñ üçinem, ABŞ Ukraina ugratjak ýüküni Ysraýyla ugradyp başlady welin, ukrain goşuny frontda kyn ýagdaýa uçrady. Aýratynam uzak aralyga atýan gämilere garşy raketa önümçiliginde we bildirilýän islegleriñ kanagatlandyrylmagynda käbir bökdençlikler bar. Prezident Baýden Kongresden milli howpsuzlyga edilýän çykdajylar üçin 106 milliard dollara barabar goşmaça pul talap etdi. Emma bu meseleler diñe pula çözülmeýär. Wagt hem talap edýär. - Russiýa-Ukraina urşy haçan we nähili gutararka? Häzirki wagt ol ýerde "biri-birini tapdan gaçyrma" urşy bolup geçýär. Edil Birinji jahan urşunda bolşy ýaly... Ukrain goşunynyñ amala aşyran garşylyklaýyn hüjümi bäş aýlap dowam etdi. Emma zordan 17 km öñe süýşüp bildiler. Häzir bolsa togtady. Adaty şertlerde günde otuz kilometr öñe süýşülmegine garaşylýardy. Eger şeýdip bilen bolsalar, birmahal Kryma ýetirdiler. Rus we ukrain goşunlary kämahal birnäçe ýüz metr öñe süýşmek üçinem birgiden hepdesini giderdiler. Eýsem muña näme sebäp bolýar? Ukrainanyñ Ýaragly Güýçleriniñ komanduýuşisi Zalužnynyñ pikiriçe, jeñ meýdanynda iki tarapyñam eýelik edýän tehnologiýasy, iki tarapa-da garşydaşynyñ islendik hereketini anyklamaga we ýalñyşmazdan nyşana alynan obýektleri urmaga mümkinçilik berýär. • Zalužnyý: Uruş uzaga çekse, Ukrainanyñ elinde söweşere esger galmaz ABŞ we Günbatar ukrainleri tehnologiýa, ýarag, ok-däri, beýleki gerekli serişdeler bilen üpjün edýär. Žalýuznynyñ pikiriçe bu diñe Ukrainanyñ dowam etdirip bilmegine häzirlikçe mümkinçilik berýär. Emma bu kömekler Ukrainanyñ uruşda üstün çykmagy üçin ýeterlik däl. Häzirlikçe diñe uzak aralyga atýan raketa sistemalary, tanklar geldi. F-16 istrebitelleri bolsa indiki ýyla galdy. Häzir bärde şu soragy bermeli bolýar: Eýse Baýdeniñ hökümeti Ukrainanyñ ýeñilmezligini, ýöne onuñ harby ýeñiş gazanmazlygyny isleýärmi? Putiniñ Krymda seresap ýagdaýdadygyny ýatdan çykarmaly däl. ABŞ-nyñ Russiýanyñ aç-açan garşysyna gidesi gelenok. Uruşyñ uzaga çekmegi gürrüñsiz Russiýanyñ peýdasyna. Russiýa ilat tarapdan alanda Ukrainadan üç esse, ykdysady taýdan alanda-da on esse güýçli. Zalužnyý Russiýanyñ adam ýitgisiniñ azyndan 150 müñe golaýdygyny aýdýar. Ilatynyñ köplügine garamazdan, Russiýa üçin bu uly ýitgi. Bu hakykat. Emma Ukrainanyñ ýagdaýy ondan has beter. Zalužnyý eger uruş uzasa, bir gün ellerinde urşara esger galmajagyny aç-açan aýtmakdan çekinenok. Ilkibaşda adamlar bu uruşy telewizorlarda hamana uruşjañly kinofilme, teleseriala tomaşa edýän ýaly seredýärdiler. Häzir Ukrana-Russiýa urşy dünýäniñ esasy ünsünden sowuldy. Emma ol ýerde adamzat tragediýasy bolup geçýär. Gazada bolup geçýän adamzat tragediýasy barada aýdanda bolsa, ilki bilen şuny aýdaýyn: ABŞ Ukraina edýän kömegini BMG-nyñ şertnamasyna esaslanyp edýär. Ol ýerde garaşsyz döwletiñ çäkleriniñ depgilenmegi ýaly mesele bar. • Gazadaky hüjümleri Ysraýyly terror döwleti ýagdaýyna sokýar Ysraýyla edilýän harby kömek bolsa örän tapawutly. Kim näme diýende-de, bu kömekler Günbatar Şeriada basylyp alynan ýerlerde halkara hukuk kadalary ýok ýaly hereket edip, jöhit posýoloklaryny giñeldýän, Palestinany özbaşdak döwlet hasap etmeýän, Gazada ýönekeý ilaty köpçülikleýin gyrýan Ysraýyl döwletine edilýär. Hut şu sebäplerem Ysraýyly terror döwleti ýagdaýyna sokýar. Gaza bilen baglanyşykly gelejege degişli soraglar şular bolup biler: Birinjisi, Ysraýyl haçan we nähili şertlerde Gazadaky gyrgynçylygy soñlandyrar? Görlüşi ýaly, Ysraýyl we ABŞ "Hamasyñ" marjinal ýagdaýa getirilmegini maksat edinýär. Emma "Hamasyñ" düzüminde müñlerçe militan bar. Ysraýyl Gazada batganyñ içine-de düşüp biler. - Gazada uruş gutarandan soñ näme bolarka? Mahmud Abbasyñ hökümeti bu ýeriniñ jogapkärçiligini boýnuna alyp bilermi? Abbas hökümeti häzir Günbatar Şerianyñ özünde-de kän bir halanyp barlanok. Bu ýerdäki palestinalylaryñ 80%-i Abbasyñ iş başyndan gitmegini isleýär. Belki-de, uruşdan soñky döwürde gowy günleriñ, parahatçylygyñ, çözgüdiñ ilkinji şerti Ysraýylda premýer-ministriñ we Günbatar Şeriada palestin hökümetiniñ çalşygy bolar. Gazada bolup geçenler Ysraýylyñ iki döwletli çözgüdi kabul etmegine getirer diýip umyt edýärin. • Indiki ýyllaryñ iñ esasy gorkuly düýşi ABŞ bilen Hytaýyñ arasynda çaknyşygyñ bolma ähtimallygy Indiki ýyllaryñ iñ esasy gorkuly düýşi bolsa, ABŞ bilen Hytaýyñ arasynda bolup biläýjek çaknyşyk ähtimallygy. Sebäbi-de Taýwan... Hytaý elmydama parahatçylygyñ tarapyndadygyny aýdýar. Emma elmydama-da, özüniñ gymmatlyklaryna laýyklykda alternatiw global gurluşlaryny pugtalandyrmakdan, şeýle-de demokratiýany we adam hukuklaryny öz öñe sürýän ideýalaryna laýyklykda kesgitlemekdenem gaça durmaýar. Iñ esasysy-da, Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin 2012-nji ýylda iş başyna geçende Hytaýyñ harby çykdajylarynyñ umumy jemi 50 milliard dollardan aşakdady. Häzir bu 220 milliard dollara ýeteñkirledi Amerikan gizlin gulluklarynyñ berýän habarlaryna görä, Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy 2027-nji ýylda Hytaýyñ Taýwany basyp alma mümkinçiligine ýetmesi üçin degişli gulluklara tabşyryk beripdir. ABŞ-daky käbir düşünje guramalarynyñ tanalýan iş taktikasy bar. Bu guramalaryñ köpüsi Pentagon tarapyndan goldanýar. Öz gezeginde olaram Pentagonyñ talap edýän ugurlary boýunça iş görkezmäge borçly. Bu maglumaty dogry hasap edäýenimizde-de, 2027-nji ýylda-da Taýwany almak Hytaýa ýeñil düşmese gerek. Iki tarapyñ harby deñiz we howa güýçlerine seredilende, munuñ dogrudygy görünýär. ABŞ-nyñ 122 sany esasy söweşjeñ gämisine garşylyklaýyn Hytaýyñky 92. Uçar gämisi bolsa 11-e garşylyklaýyn 2. Söweşjeñ ucarlar 988-e garşylyklaýyn 456. 53 sany ýadro serpikdiriji suwasty gämisine garşylyklaýyn 6. 14 sany raketa suwasty gämisine garşylyklaýyn 6. Bu hakykat. Ýene bir hakykat bar. Bu hakykata-da hökman düşünjek bolmaly. • Hytaý Putiniñ Ukraina çozuşyna meñzeş ýalñyşlyk bilen Taýwana çozsa... Haçanam bolsa bir gün Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Szinpin Putiniñ Ukraina çozmagy makul bilşi ýaly ýalñyş hasaplara esaslanyp Taýwana çozsa? Şonuñ üçinem ABŞ Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysynyñ etjek ýalñyşlygynyñ öñüni almak üçin sebitde güýçli we serpikdiriji hilde bolmaga esasy ünsüni berýär. Aslynda Gazada bolup geçýänler ABŞ-na onçakly ýarabam duranok. Emma Baýdeniñ elini-goluny baglaýan sebäplerden biriniñ 2024-nji ýylyñ noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarydygyny-da gözden salmaly däl. Szinpiniñ Taýwan babatda elini güýçlendirip biljek saýlawlaram golaýlap gelýär. 2024-nji ýylyñ 13-nji ýanwarynda Taýwanda saýlawlar bar. Häkimiýet başyndaky Demokratik ösüş partiýasy ABŞ bilen gatnaşyklary güýçlendirmegiñ tarapynda. Oppozision partiýalar bolsa Hytaý bilen diplomatiki gatnaşyklaryñ täzeden ýola goýulmagyny öñe sürüp, Hytaý bilen ýakynlaşmagyñ tarapynda. A Taýwandaky saýlawlarda oppozision partiýalar üstün çykaýsa? Kim näme diýende-de, Taýwan meselesi ABŞ üçin lakmus kagyzy ýaly. ABŞ-nyñ Taýwany elden gidermegi belli bir wagtdan soñ dünýädäki syýasy, harby, ykdysady öñdeligini ýitirmeginiñ başlangyjy bolup biler. Gynansak-da, şuña çenli berilen bahalar ýa-da edilen çaklamalar bütindünýä adamlarynyñ öñümizdäki ýyllara onçakly oñyn garamagyna ýol bermeýär. Bütin bularyñ ýanynda 2024-nji ýylda bolmagyna garaşylýan uly gorkuly düýşden gorkýaryn. Eger 2024-nji ýylda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlarynda Donald Tramp üstün çyksa näme bolar? ABŞ-nyñ uly syýasy krizise düşmegi ähtimal. ABŞ-nyñ şu günki güne çenli goýberen ähli ýalñyşlyklaryna garamazdan, Trampyñ ABŞ-nyñ öz içine çekmegi, ýalñyzlaşdyrmagy göz öñüne tutýan daşary syýasat ýöreden ýagdaýynda bolsa orta çykjak haotik halkara ýagdaýlary pikir etmegiñ özem gorkunç. Hernä bu gorkuly düýş hakykata öwrüläýmez-dä. Halkara arenasynda asudalyk birden köp halkara punktunyñ bolmagyna we güýç punktlarynyñ arasynda deñeçerligiñ barlygyna esaslanýar. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 23.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |