10:42 Imperializm Ýakyn Gündogarda ýene köp gan dökjege meñzeýär!.. | |
IMPERIALIZM ÝAKYN GÜNDOGARDA ÝENE KÖP GAN DÖKJEGE MEÑZEÝÄR!..
Publisistika
"Türkiýe Afrinde ymykly ýeñiş gazanaýanda-da, Ýewfratyñ gündogaryndan abanýan howp Türkiýäni nyşanalamagy dowam etdirer. Sebäp, ABŞ Ýewfratyñ gündogarynda PKK-PYD - "Garnizon döwletini" gurmak pikirinden el çekenok. Şeýle-de, ABŞ Siriýada "front güýji" hasaplaýan YPG-sini-denem ýüz öwräýenok!.." * * * "Sebitde islendik pursat özara çaknyşyga girip biljek iki sany ýaranlyk bar: Bularyñ birinjisi - Tährandan, Damaskdan, Beýrutdan, "Hizbullahdan", Gazzeden ybarat antisionistik ýaranlyk, beýlekisi bolsa ABŞ bilen Ysraýylyñ düzen sionistik ýaranlygydyr. Saud Arabystany tarapyndanam goldanýan sionistik ýaranlygyñ düýp maksady - Ysraýyl üçin howp abandyrýan "Tähran-Damask-Beýrut-"Hizbullah"-Gazze" antisionistik ýaranlygynyñ öñüne taýak oklamak, sebitde agalyk ediji güýç hökmünde güýçlenen Eýrany gabamak we giñelme syýasatynyñ öñüni almakdyr. Sionistik ýaranlygyñ bir maksady-da Siriýanyñ çäklerinde Ysraýylyñ golastyndaky Golan depelerini gorap biljek 40 km çuñlukdaky tampon sebiti emele getirmekdir..." * * * "ABŞ we Ysraýyl Ýewfratyñ gündogarynda gurjak bolýan garnizon döwletini Eýrana garşy guraljak harby operasiýalaryñ merkezi hökmünde ulanmaga niýetlenýärler. Uruşdan soñ Eýranyñ üstündäki gözegçiligiñem şu ýerden dolandyrylmagy meýilleşdirilýär. ABŞ-nyñ Eýrana çozjakdygy hakdaky myş-myşlaryñ soñky kyrk ýyllyk döwürde wagtal-wagtal orta atylyp gelinendigini, ýöne az wagtdanam ýatdan çykyp galýandygyny gördüi. Emma bu gezek ýagdaý düýpgöter başgaça we çynlakaý görünýär. Şeýle-de, ABŞ-nyñ Howpsuzlyk boýunça döwlet geñeşçisi Makmaster 2018-nji ýylda Mýunhende geçirilen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda, sebite howp abandyrýan Eýranyñ harby güýjüni we sebitleýin toruny yzygiderli artdyrýandygyny aýdandan soñ, "Indi Eýrana garşy herekete geçmegiñ wagtynyñ gelendigini pikir edýäris" diýip, Eýrana haýbat atmakdan has beter ýagdaýda ultimatum beripdi. Şoo sebäpden Ysraýylyñ tampon maksatnamasynyñ durmuşa geçirilmegine Siriýa bilen Eýranyñ güýçli garşylyk görkesen ýagdaýynda, bu ýagdaýyñ agzalan iki ýaranlygyñ arasynda uruşa sebäp boljagy ikiuçsyzdyr. Siriýadaky deñeçerligi bulam-bujar edip taşlajak bu üýtgeşmäniñ Saud Arabystanyny-da öz içine alyp, ABŞ bilen Ysraýylyñ Eýran bilen uly hasaplaşyga öwrülmegi ähtimaldyr..." * * * Ýokardaky sitatalary ähli çaklamalary dogry çykan pensioner ilçimiz Şükri Elekdag bilen 2018-nji ýylyñ 29-njy fewralynda geçiren gürrüñdeşligimden aldym. Şol ýyldan bäri nijeme zatlar bolup geçdi. Emma amerikan-ysraýyl imperializminiñ Ýakyn Gündogar babatda ýöredýän hasaplary, Beýik Ýakyn Gündogar Maksatnamasy (BÝGB) üýtgewsizligine galdy. "Hamasyñ" çozuşlaryny bahana edip ençeme ýyllap sütemkärlik edip gelýän Ysraýyl demde öz-özüni goramak hukugyndan peýdalanýan ýurda öwrüldi duruberdi!.. * * * Häzir hemmeleriñ dilinde şu soraglar bar: "Gazzede guş uçsa habary bolýan, haýsy tarapa uçandygyny bilýän MOSSAD-yñ we onuñ ülpeti MRU-nyñ kontrrazwedka ulgamynyñ şu hüjümden habarly bolmadymyka?.." Ýa bolmasa bu hüjüm Ysraýylyñ "zalym ýurt" häsiýetlendirmesinden çykyp, "bigünä ýurda" öwrülmegini we BÝGM-da iñ soñky hemle bolan karta üýtgeşmesi girizmek tapgyryny üpjün etmek maksady bilen gurlan düýpli duzakmydy? Galyberse-de Russiýanyñ Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygynyñ orunbasary Medwedew "Alty günlik uruşlaryñ" ellinji ýyl dolanşygynda "Hamas" bilen Ysraýylyñ arasynda çaknyşyklaryñ başlamagy garaşylaýjak zatdy. Waşington we onuñ ýaranlary iñ köp şuña üns bermelidiler" diýdi. Soraglaryñ jogabyny wagt berer. Emma eýýämden bir pygyl anyk görünýär, olam Netanýahunyñ aýdanlary: "Bu uruş uzaga çeker we Ýakyn Gündogar doly üýtgär!.." Biçäre palestin halky bilen birlikde bigünä raýatlar bomba ýagmyryna tutular we imperializm BÝGM-na iñ soñky şekilini bermek üçin köp gan döker!.. Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 11.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |