10:00

Telegoniýa

Geň-taňsy wakalar
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 172 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Injener  
1
Aýal maşgala durmuşda bagtly bolar ýaly, azyndan 5 sany oýnaş bilen ýaşaşmaly diýen köp makala gabat gelip gördüm internetde. Ol erkekleriň biri sungat adamsy bolmaly, ýene biri brutalny, üçinjisi başga zat. :)

0
2 Bagabat  
43
"Telegoniýa" düşünjesi birneme "utrirowat" edip alnan ýalymy, Begli?
Telegoniýada aýalyň dogran çagasynyň "hökman" "öňki oýnaşyna meňzemegi" bu "galp ylym" hasaplanýan, ýöne hakykat-da bar/aýan hadysanyň baş şerti däl öýdýän. Onuň esasy şerti, aýalyň dogran çagasynyň öz biologiki kakasyna däl-de, başga erkek kişä meňzemegi üçin çagaň biologiki enesiniň çagaň "meňzeýän" erkegi bilen "oýnaş" bolmagy däl-de, zenanyň öň şol erkege çenden aşa, biçak mähriniň gitmegi bolmalydy öýdýän (iň bolmanda, meniň okan maglumatlarymyň birind-ä şeýledi, ýöne keçiresiz, anyk çeşmesi ýadymda däl, ýadymda galyşyna görä aýdýan, sebäbi, her niçigem bolsa bu ýer erkin platforma, polatdan berk, simden sargyly resmi neşir ýa-da Hudaýa şükür, sülçiň öňi ýa kazyýet däl).
Telegoniýa dogrudanam öwrenilmäge-de, ynsanyýetiň häzirki derejesinde onuň ygtyýarynda bolan usulyýet hem enjamyýet goruny ulanyp, mümkin boldugyndan seljerilenden soň, ykrar ýa inkär edilmäge-de mynasyp, özboluşly täsin hadysa.
Telegoniýada zenanyň çagasyny "meňzeden" erkek kişisi bilen jynsy gatnaşykda bolmazdan oňa diňe juda mähriniň gitmeginiňem "ýeterlik" bolýandygy barada, mesýe Dýuma özüniň "Monte-Kristo"-synda-da beýan edýär (Mersedesiň Fernan de Mondegodan bolan ogly Alber de Morseriň Edmon Dantese birme-bir meňzemegi).

0
3 Injener  
1
Hadysa dürli nokatlardan seretseň bolýar, men dogrymy aýtsam, jynsy azgynçylygyň öňüni almakda ýene bir sebäp hökmünde görýän. Şol sebäpden "oýnaş" sözüni ulanyp gödegräk ýazdym...

0
4 Bagabat  
43
"Telegoniýa" düşünjesine çalymdaş/ýakyn yrym-ynançlar biziň halkymyzda-da gadym döwürlerden bäri bar. Mysal üçin, hamyla zenan küýsese-de oňa mümkin boldugyndan towşanyň, balygyň eti iýdirilmejek bolunýar. Sebäbi yrym-ynanja görä aýagy agyr döwründe enesi towşan ýa-da balyk etini iýen çaganyň keşbiniň "towşandodak, balykdodak, balykgöz" bolýandygyna, onuň "towşanýürek", ýagny çendenaşa gorkajyk, tisgin-tisgin bolýandygyna ynanylýar. Ýa-da has irki döwürler hunlarda, oguzlarda göwreli gelinlere möjek, aýy iýdiriler ekeni. Doglan çagalar garadangaýtmaz, batyr, edermen, ugurtapyjy, söweşde, topulan dergazap bolar ýaly...

0
6 Injener  
1
Bilýäňmi agam telefonyňdaky programmlara obnowleniýa gelýär-ä aram aram, programmanyñ hilini artyrmak üçin? Adamzadyňam hilini artdyrmak üçin hemişe obnowleniýa gelýän ýaly bolup dur meniñ göwnüme. Ine şu telegoniýa diýen zat hem gyzlara skeptiki garar ýaly döredildimikä diýýän Ýokardaky bilen. Ýöne näme üçin diňe adamda dälde, eýsem mör-möjeklerde hem bar diýip durkam, bir ýerlerden seň teswiriň peýda boldy. Diňe bir jynsy gatnaşyk däl-de, eýsem çendenaşa mähri gitsede seýle bollaýar diýip. Ýöne mör-möjeklerde mähir bolanok-da, telegoniýany bolsa siňeklerde-de barlap görüpdirler.

0
9 Bagabat  
43
Heh. Biziň "mähir" diýip atlandyrýan emosiýamyz, has takygy ol ýa-da beýleki bir organizme ýetýän daşky täsire şol organizmiň psiho-emosional gatnaşygy söz bilen düşündirmek ýaman kyn içki ruhy hal. Şoň üçinem ony ýa-da şoňa meňzeş "çylşyrymly" duýgyny mör-möjekleň "duýup" (başyndan geçirip) bilmäge ukyplydygyn-a biljek däl. Ýöne Oksfordyň bir professorynyň (ýalňyşmasam asyl ismi Skott Uoddelmikä diýýän) geçiren barlaglaryna görä siňekler-ä gorky, eşegarylaram bagt, eýforiýa, ar alyş hyjuwy ýaly duýgulary duýup bilýän eken... ("öýdýän" :-)).
Şoňa görä-de ylym "ösüberse, ösüberse", ol ahyry Maýkl Jordanam bolmagy ahmal-a. Ýa-da "bizkiçeläp" aýtsaň, ylym ahyry bir gün siňeňleňňem, çirkeýleňňem edil "özümi ýaly adamdygyny" anyklap, olaryň-da edil "bizki kibi" gahar-gazap, lapykeçlik, melanholiýa, nostalgiýa, gussa, ymtylyş, hyjuw, bahylçylyk, rehim-şepagat ýaly bedüzzamanda diňe ynsanyýete lazym hasaplanýan duýgulary duýýandygyny dopba-doly "suwut" etmegi ähtimal boldusy bar gerek bolaýmasa.
Onsoňam mör-möjekleň bizden has kämildigini, biziň heniz başarmaýan, ýene belki ýüz ýyldanam başarmajak zadymyzy, ýagny teleportasiýa etmegi başarýandygyny latynamerikan garynjalarynyň mysalynda, @Rahman_Zulfikar, özüň ýazypdyň-a! :-)

0
11 Injener  
1
Mör-möjekler barada dogry aýdýaň. Meň özüm demir bilen köp işleşemsoň, hatda demir diýen zatda hem häsýetiň bolýanyny boýun almaly bolýan...

0
12 hanturebs  
755
Meň mör-möjekli hekaýýamy okap görüň :)

0
10 Bagabat  
43
Ýene-de nirde okanym ýadyma düşenok (heh, munam ýazmak endik boljak öýdýän, ýogsa ilk-ä "gamçylanyp", soňam "gamçy hakynyň" talap ediläýmägi ahmal ýaly bolup dur, göwnüňe bolmasa), 90-njy ýyllarda Hindistanyň birnäçe ýerinde aýal maşgalalaryň şol döwürler adybelli kino ýyldyzlaryna çyny bilen janköýer bolup, olaryň çagalarynyň şol kino ýyldyzyna meňzeş bolup dünýä inendikleri hakynda gürrüň berilýärdi.

0
5 hanturebs  
755
Men-ä onda Owganystana ýöredim... :)

0
7 pezzek  
1631
Bir döwür ertirde bir makala okadym. (Olaryň awtorlary siz bolmagyzam mümkin, anyk ýadymda däl) Makalanyň özünden öňürti suzaty özüne çekdi. Akýagyz aýal çaga dogurýar, akýagyz ärem ýanynda. Geň galýar ak ýagyz aýal negr çaga dogurýar. Ärem aňk bolup seredip dur suratda. Şol makalanyň mazmuny şeýledi. Sperma akýagyzdan bölünip çykýar, emma çaga negr jynsyndan dogýar.

0
8 Injener  
1
Awtor-a men däl, ýöne mesele köne mesele, men ylmyň adyny bilemokdym. Telegoniýa diýip ady bardygyny täzelikde eşitdim...

0
13 yagsymadowabibi  
1850
Telegoniýa diňe bir aýallaryň däl, eýsem erkekleriň hem öz nikaly ýoldaşyndan öň bile bolan aýallarynyň käbir häsiýetleriniň, käbir genleriniň, hatda ýüz keşpleriniň käbir alamatlarynyň çagalaryna geçip bilýandigi barada täze döran ylym. Makalada erkekler "ak jüýje" edilipdir.

0
15 Injener  
1
Telegoniýaň erkeklerde bolýanlygy barada internetden hiç zat gözläp tapyp bilmedim. Şu wagtlykça diňe gyzlara degişli we nikadan öň arasalygyňy saklamak üçin we gyzdan arassalyk talap etmek üçin ýene bir gowy sebäp.

0
14 yagsymadowabibi  
1850
Soňam bu ylyma ynam ýok. Sebäbi, çagasy başga birine meňzeýän bolsa arasynda "birzatjyklar" bolandyr. Aslynda köp tanyşlarymyzyň çagalary kakalaryna meňzeýär (geň ýeri şonda eje garnynda göterýär, azap çekýär, dogurýar, gijeler ýatman ulaldýar, ukusyny haram edip başynda oturýar...) çaga bolsaň kakasynyň kopiýasy. Kim gowy diýilse-de, kakalaryny gowy görýä köp çagalar. Ana içiň ýansa ýanyp öläý diýen ýeri şonda.;))

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]