22:30 Taliban goñşy boldy! | |
TALIBAN GOÑŞY BOLDY!
Publisistika
Damask elden gitdi. Esad uçary bilen belkäm Russiýa, belkäm Eýrana jyryp barýardy. Uçary-da özi sürýärdi, uçary uruldy diýen habarlar ýaýrady. Näme üçindir dünýä muña geñ galjagam bolup durmady. Russiýa kömege gelmedi. Eýran elini uzatmady. ABŞ tomaşa etdi. Fransiýa, Angliýa dymdy. "Hizbullah" Damaskdan çykdy. 61 ýyllyk BAAS režimi 54 ýyllyk Esad maşgalasynyñ döwri, 24 ýyllyk Beşar Esad hökümetinuñ soñy geldi. * * * Esadyñ we onuñ kakasy Hafyz Esadyñ Damaskdaky, Halapdaky heýkelleri-de ýykylyp, bölek-bölek edildi. Esadyñ köşgi talandy. Merkezi Banka çozuldy, iñ soñky pullar torbalara salnyp gapanyñ elinde galdy. Siriýa goşuny duw-dagyn boldy. Türmeler boşadyldy. * * * Şeýle-de bolaýmaly. Ýeñenler gylyçlarynyñ ganyny ýeñilenleriñ ak köýneklerine süpürýärler. Ýeñijiler Damaskyñ "Emewi" metjidinde ertir namazyny okap, ýeñişlerinu tekbirler bilen gutladylar. Salýutlar atyldy. Ýeñijileriñ serkerdesi HTŞ-niñ başlygy YŞYD, El-Nusra, El-Kaide, Taliban ýaly toparlaryñ kökünden güýç alan adam diýip tanalýar. Taliban bize goñşy boldy! * * * Taliban kökünden çykanam bolsa, selledir donuny çykaryp zyñdy. Üýtgeşmeleri geçirjek ýaly bolup görünýär. Günbatarlylar ýaly geýnipdir. "Allanyñ huzurynda we halkymyzyñ öñünde şu sözi berýäris: Siriýada azat, adalatly we demokratik döwlet gurarys. Bu döwletde ähli watandaşlar deñ bolar" diýdi. Geçiş döwri başlady. * * Öñki Siriýa "Esad kowum-hyşynyñ maşgala bolup dolandyran hökümetinde fransuzlaryñ tiken köýnegini rus-eýran düwmeleri we diktator iligi bilen ilikläp" häzirki wagta çenli gelipdi. ABŞ "sen nämüçin biziñ tiken köýnegimjzi rus-eýran düwmeleri bilen ilikleýärsiñ" diýip, Esadyñ soñuny taýýarlady. Siriýany üç böljek "agzyny alart-da, höküm sür" infrastrukturasyny taýynlady. Munuñ adyna-da "Beýik Orta Gündogar maksatnamasy" diýen haý-haýly at goýdular. Deñdeş başlyklary-da bardy. * * * Täze Siriýa nähili bolmaly? Haýsy kelle ýurdy gurar? Çörek. Azatlyk. Deñlik. Doganlyk. Nähili sahypa açylarka? Daşarky ýüpleri kimiñ elinde bolar we täze Siriýada kimiñ düwmeleri kimiñ iligine düwmelener. Görübermeli bolar. * * * Damasky eýeläp Esad diktaturasyny agdaranlar häzirlikçe rus harby bazalaryna batyrynmadylar. Siriýanyñ Stambuldaky konsullygynyñ baýdagy üýtgedildi. Ýeñilen döwrüñ iki ýyldyzly baýdagy düşürildi, ýeñenleriñ üç ýyldyzly baýdagy asyldu. Türkiýä sygynan siriýalylar Stambulda, Şanlyurfada, Gaziantepde, Kilisde köçelere dökülip, begençli çykyşlary etdiler. * * * "Beýik Orta Gündogar" maksatnamasy - soñky sahnasy Siriýada oýnalan mezhepleriñ we halklaryñ biri-birleri bilen garpyşdyrma meýilnamasydy. Türkiùe bilen Siriýa hem goñşy, hem GAP sebitiniñ suwlary bilen et we dyrnak ýaly bir geografiki zonanyñ iki ýurdy. Täze döwür başlanarmyka? Başlansa nämä meñzär? Adyna näme diýler? Taliban bize goñşy boldy. Göreris-dä... Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 09.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||