16:56 Dumly-duşumyzy ot aldy! | |
DUMLY-DUŞUMYZY OT ALDY!
Publisistika
Hadysalaryñ özi dillenip ugrady, hem "pyşyrdap", hem "gohlap" duýduryş berýär. Sebitimiz ot alyp tutaşýar. Ot çaltlyk bilen Türkiýäniñ üstüne gelýär... Ysraýylyñ gözi ýer görenok. Arkasyna ABŞ-nyñ, Angliýanyñ, Germaniýanyñ, Fransiýanyñ maliýe, kapital, tehnologiýa, harby, kontrrazwedka, diplomatiýa güýjüni geçirip, sebitiñ zalymy Ysraýyl boldy. Ýaraşmak islänok, oñuşmagyñ nämedigini bilenok. Ody beter gorjaýar. Güýjüne bäs gelip bilmeýär. Bir wagtyñ özünde biri-birinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşen polatdan galkanlar bilen goralýan iki gaçybatalgadaky desgany birden bombalap bildi. Biri Beýrutda, beýlekisi Tähranda - biri "Hizbullahyñ" ýolbaşçysy Nasrallahyñ harby geñeşçisi Fuad Şüküri, beýlekisi "Hamasyñ" syýasy ýolbaşçysy Ismail Haniýäni nyşanalap, meýilleşdirip, bir urgy bilen bir günde öldürip bildi. * * * Nädip oñardy muny? Eýranyñ howpsuzlyk gulluklary uklap galdymy, näme etdi? Sebit ýurtlarynyñ goranyş sistemalary, raýat we harby kontrrazwedka gulluklary eli-aýagy baglanan ýaly bolup galdy. Ýa howada ýangyjyny doldurmagy başaryp, araçäkden aşyp geldi we Tährandaky binany urdy ýa-da Eýranyñ içine terakty amala aşyrmak üçin içalylaryny sokup, maglumat beeip biljek birilerini tapdy we olardan ýardam aldy. Eýrany gursagyndan çüýledi. Ýogsam bolmasa, mundan üç ýyl öñ Eýranyñ Howpsuzlyk gullugynyñ öñki başlygy Ali Ýunusi "Ysraýyl Eýrana şeýle bir düýpden aralaşdy welin, ähli ygtyýarlylar janlaryndan el üzme gorkusy bilen ýaşamaly" diýipdi. Ysraýylyñ Içerki kontrrazwedka gullugynyñ direktory Ronen Bar hem "Katar, Türkiýe, Liwan bolsun, tapawudy ýok, sebitiñ islendik ýerinde "Hamasyñ" ýolbaşçylaryny näçe ýyla çekse-de, öldürmegimizi dowam etdireris" diýip, haýbat atypdy. Ysraýyl aýdyşy ýalam edýär. ABŞ-dan, Angliýadan, Germaniýadan sanskiýa almady. Ýazgaranam bolmady. Arkasynda amerikan Jon akgasy, iñlis Toni akgasy, nemes Gans akgasy bar. Ysraýylyñ Baş Prokuraturasynda özüniñ we maşhalasynyñ garşysyna "Para bermekde, galplyga ýüz urmakda, premýer-ministrlik wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda" aýyplanyp derñew işi açylan Netanýahuny ABŞ-nyñ Kongresiniñ agzalary Gazada çaga-çugadan, aýal-ebtatdan, raýatlardan öldüren adamlarynyñ sany 50 müñe ýeten güni ör turup, el çarpyşmalar bilen garşyladylar. * * * Gazada heçen ýylyñ 7-nji oktýabrynda başlan uruş şu ýylyñ 31-nji iýulynda "Hamas"-Ysraýyl garpyşygy" bolmakdan çykyp, "Ysraýyl-Eýran söweşine" öwrüldi. Başlangyjyna çenli gitseg-ä, eýýäm 100 ýylyny tamamlap gelýän Arap-Ýehudy boguşmasy indi Ysraýyl-Eýran urşy boldy. Üýtgeşmeleri ýakyndan synlaýan alymlaryñ, diplomatlaryñ, geljegi çaklamaga ukyply hünärmenleriñ anyk aýtmagyna görä, "Uruş bir tarapy Ysraýyl, beýleki tarapy Eýran we Türkiýe bolan regional garpyşyga" öwrülmäge vidalandı. * * * Tähranda "Hamas" lideriniñ öldürilmeginsen soñ Ysraýyl "Haniýäniñ ölümi dünýäni hasam gözelleşdirer. Indi hyýaly ýaraşyk şertnamalary bolmaz!" diýip, gyjyt beriji içýakgyç sözlerden doly beýanat berdi. Kime gyjyt berýär? Eýranamy? Türkiýämi? Ýa ikisine-de birdenmi? Ysraýyl Eyran ýa-da Türkiýe bilen uruşa girse, ABŞ, Angliýa, Germaniýa Ysraýylyñ tarapynda durjakdygyny aç-açan aýdýarlar. ABŞ bilen iñlis we nemes hökümetleri Ysraýylyñ Gazada 40 müñ adamy öldürmegini bolaýmaly zat ýaly görýärler. Türkiýäniñ ganybir gardaşy Azerbaýjana çenli Ysraýyl bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Türkiýe 100 ýyl öñ sebitde we dünýäde "ýurtda we jahanda parahatçylyk" içre ýaşamak we goñşulary Eýran, Siriýa, Yrak, Gresiýa, Bolgariýa, Russiýa we beýleki serhetdeş ýurtlary bilen "dostlugy artdyryp, duşmançylygy azaldýan" ugry saýlap alypdy. Sebitde ýangyn turdy. Köräp-köräp üstümize gelýär. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 02.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |