16:41 Hakyky žurnalist! | |
HAKYKY ŽURNALIST!
Publisistika
Ysraýyl goşuny düýn irden gün dogup gelýärkä Gazada bir mekdebe hüjüm etdi. Mekdepde uruşdan goranmak isleýän bosgun maşgalalar ýaşaýardy. Ýüz adam jesetleri parçalanyp we çykan ýangynda gowrulyp öldi. Uruşda raýat öldürmek ganhorlukdyr. Muny köp kişi "eýle boldy, beýle boldy, ýöne ilki "Hamas" ýönekeý ilatyñ ýaşaýan ýerine çozdy" diýip aýlap-dolap aýdýar. * * * Ýöne biri bar. Ol gepini hiç aýlap-dolap aýtmaýar. Göni "biziñ bu edýänimiz ganhorlukdyr" diýýär. Öz ýurdunyñ goşunyna jenaýatçy topar, öz döwletine genosidçi, öz halkyna sionizmiñ boýunturygyndaky biçäreler, öz ýurdunyñ ýokary okuw jaýlaryna gorkak, öz intelligensiýasyna ýalançy, öz premýer-ministrine we goranmak ministrine gözüne gan öýen gyrgynçy, utançsyzlar diýýän biri çykdy. Ine, hakyky žurnalist! * * * Her dürlu mukaddesligi, tabuny, şertlenmäni, propogandany, tussag edilmegi, işsiz galmagy, öldürilip ýok edilme gorkusyny aşyp dogryny ýazyp bilmek her öñýeten žurnalistiñ oñarjak işi däl. Enesi jöhit, kakasy jöhit. Doglup-ulalan ýeri jöhitleriñ arasy. Ysraýylly žurnalist Gideon Lewi şeýle ýazýar: "Bu dawany, çaknyşygy, duşmançylygy Gazada palestinalylar başlamady. Bu duşmançylyk, boguşma, öldürişik 1948-nji ýylda Ysraýyl döwleti gurulandan soñ 600.000 palestinalynyñ öýlerinden, dogduk depesinden kowulmalary bilen başlady. Ysraýyla gönügen ilkinji ýigrenç Nakbadan öñ biz jöhitler bu ýerlerik gelip, palestinalylary kowmaga girişenimizde başlady. Sionizm ilkinji gününden bäri hiç mahalam bu ýerlerde palestinalylar bilen bilelikde ýaşamagyñ pikirini etmedi. Ilkinji gününden bäri olary bu ýerlerden çykaryp kowmagy maksat edindi. Palestinalylar bir bitewi halkdy. Ysraýyl döwleti olary bölekledi. Biri-birinden aýrydy. Ownuk böleklere böldi. Ysraýyl araplary... Günbatar Şeriadakylar... Yzyndan 1967-nji ýylyñ okkupasiýasy... Beýtulmukaddesdäki palestinalylar... Gazadaky palestinalylar... Bölünişikleri Ysraýyl döretdi. Palestinalylaryñ öñünde üç ýol goýduk: ýa boýun egiñ, ýa bu ýerlerden göçüp çöle gidiñ, ýa-da ölüñ. Agressiýa ýüz urmakdan we boýun egmekden başga olara gidere ýol goýmadyk. Palestinalylara biziñ bilen deñ adamlar hökmünde garamalydyram öýdemzok. Bu ýerlerde olaryñam Ysraýyl döwleti ýaly öz döwletlerini gurmaga haky bar, biz bu haka ýol bermedik. Gaza Ysraýyl döwletiniñ gurlan 1948-nji ýylyndan bäri bosgun lagerlerinde iñ gözgyny şertlerde ýaşaýan palestinalylaryñ merkezi bolup galdy. 2006-njy ýyla geldik. Şeýle zatlar bolup geçdi, ýada salyñ. Ysraýyl Gazany dünýäniñ iñ uly açyk howa türmesine öwürdi. Göz öñüne-de getirer ýaly däl: 2 million 300 müñ adamy 18 ýyllap kapasa gabalan ýagdaýda ýaşadýarys. Indem bombalaýarys. 15 müñ çaganyñ, 20 müñ aýal-gyzyñ ölümini kanunylaşdyrýarys. Hudaýyñ hatyrasyna biziñ näme edýänimizi aýdyp biljek barmy? Biziñ elimizdäki dünýäniñ iñ ösen söweşjeñ tehnologiýa garşy adamlar batbörekler, ýerasty geçelgeler, aýnalar, resin sapanlar, gaýgyçlar, ýangyn çykaryjy abzallar, pañkyldawuk oklar we taýakdyr daş-kesekler bilen azatlygy ugrunda söweşýän, umytsyz halk döretdik. Nädip unutsynlar! Nädip bagyşlasynlar! Geljekki nesliñ palestinalylary Ysraýyla garşy çäksiz we hakly ýigrenç besläp gezerler. Çünki palestinalylaryñ demokratik saýlawda "Hamasy" saýlamagy Ysraýyla ýer bölegini deñizden, howadan, gury ýerden doly gabaw astyna alma hukugyny bermez" Ol bulary ýazyp bildi. Ol hakyky žurnalist. Ysraýylyñ "Haaretz" gazeti-de onuñ muny çap etdi we gündelik habarlary bilen goldady. "Haaretz" hem hakyky gazetdigini subut etdi. • Gorkunç! Ysraýylyñ Maliýe ministri Bazel Smotriç eýýäm birnäçe aý bäri gahatlykda ýaşap gelýän gazalylaryñ hemmesiniñ ölmeginiñ "kanunydygyny" aýdýan beýanat berdi. Ol çykyşynda "Girewine alynan raýatlarymyz gaýdyp gelýänçä hakly we ahlaga gabat gelýänem bolsa, hiç kimse iki million raýatyñ açlykdan ölmegine razy bolmasa gerek" diýipdi. Ýewropa bileleşiginiñ Daşary gatnaşyklar boýunça wekili bu beýanaty "bihaýalykdanam beter" diýip ýazgardy. Ýazgarma ýazgarylan ýerinde galdy. Öññin Mişel Ofer Ziw atly bir ysraýylly serkerde "CNN" kanalyna interwýu berdi. Ysraýylyñ Gazadaky edýänleri bilen ylalaşyp bilmändigi üçin wyždanynyñ mundan beýläk goşunda galmagyna ýol bermändigini we öz islegi bilen işden çykandygyny aýdýan serkerde "Ysraýyl goşunynyñ gündelik öý bombalama normasynyñ bardygyny we normany doldurmak üçin keýpine gyrgynçlyklar edýändigini" aýtdy. Gorkunç! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 11.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |