09:42 Aýatolla tüpeñiñ ujuny gysymlady! | |
AÝATOLLA TÜPEÑIÑ UJUNY GYSYMLADY!
Publisistika
Ysraýyl hökümeti durnukly asudalyk getirmegiñ altyn açary hökmünde "Iki aýry döwlet bolmagy" saýlamady. Palestinanyñ döwlet bolma hukugyny ykrar eden bolsa, şeýle bolaýmalydy. Ysraýylyñ premýer-ministri "Jöhit iñ ýokary jyns" aldawajyna batdy. "Hamasyñ" aýdym-saz festiwalynyñ üstüne çozup, ýönekeý raýatlaryñ birnäçesini öldürmegini bahana edip, uruşy ar almagyñ we Palestinany basyp almagyñ operasiýasyna dönderdi. Uruşmaga ýeterlik güýji bar. Arkasy-da galyñ. ABŞ ony goldaýar, oña ýene "mizemez goldaw berjegini" mälim etdi. ABŞ-nyñ we Ýewropanyñ ýarag monopoliýalary Ysraýyla ýarag satýarlar. * * * Ysraýyl ABŞ-ny öz maksatlary üçin uruşa çekýärmi ýa-da ABŞ Ysraýyly sebiti gana bulamaga ýüreklendirýãrmi? Görnüşinden-ä, ikisem bolýar. Ysraýyl goşuny Hirosima atylan atom bombasynyñ döreden weýrançylygynyñ otuz essesindenem güýçli ajal sepeläp, palestin halkyny, çagalary, eneleri, ýönekeý ilaty 2023-nji ýylyñ oktýabr aýyndan bäri her gün ýok edýär. Gazada aglabasy ýönekeý ilatdan bolan kyrk müñ adamy öldürdi. Kyrk müñüñ içinde bary-ýogy 13 müñ "hamasçy" militan. Raýatlary öldürmäge, parahat oturan şäherlere bomba ýagdyrmaga hukugy Ysraýyla kim berdi? Uruşda ýönekeý raýat öldürmek ganhorlykdyr. Terrorçy hasaplanýarsyñ. Bu uruş däl. Ganhorlyk. Ejize ganymlyk. * * * Hemişelik dowam etjege meñzeýän ganhorlyk telbeligi ysraýyl istrebitelleriniñ Eýranyñ Siriýadaky konsullygyny urmagy netijesini-de getirdi. Konsullykda Eýranyñ Rewolýusion Gwardiýasyndan ikisi general, jemi ýedi ofiseri öldürildi. Biz "tüpeñiñ ujuny ogşa" diýýäris. Eýranyñ aýatollasy Hamaneý tüpeñiñ ujuny gysymlap surata düşýär we "hökman garşylyk beriler, şeýtany režim jezalandyrylmalydyr we jezalandyryljakdyr" diýdi. Ahyrynda genoside öwrülen "wekilçilik döwşügi" geldi-de, "gönüden-göni sebitleýin uruş" howpuna diredi. * * * Sebit ülkesi bolup durýarys, şol sanda NATO-nyñam agzasy. Eýranyñ Ysraýyly we onuñ sarsmaz howandary ABŞ-nyñ sebitdäki harby bazalaryny bombalamagy Türkiýäni-de haýsam bolsa bir tarapy saýlamaga mejbur eder. Türkiýäniñ barha çuñlaşýan we çetinleşýän ykdysady krizisi aşmagy üçin daşardan dollar goldawyna mätäçligi bar. Prezident ýakynda ABŞ-na Baýden bilen duşuşmaga gidýär. Syýasy tejribe az! Maliýe gory az! Gorkmanam bilemok! Biraz şübhelenýänem. * * * ABŞ Merkezi Güýçleriñ komanduýuşisini Eýranyñ çozma ähtimallygyna garşy Ysraýyla ýollady. Generalyñ ysraýyl goşunynyñ ýokary wezipeli serkerdeleri bilen duşuşandygy barada amerikan habar beriş serişdelerinde aýdyldy. ABŞ şeýle-de Ýakyn Gündogara niýetlenen istrebitelleri we söweşjeñ gämileri-de ugratdy. Eýran bilen Ysraýyl gönüden-göni uruşa girse, ABŞ-ny, Ýewropa bileleşigini, Ýaponiýany, Günorta Koreýany, Awstraliýany, Filippinleri, Russiýany, Hytaýy öz içine alýan dartgynlylyk emele gelip biler. * * * Soñly kyrk ýyl bäri Ysraýyl Gazä garşy bäş gezek uruş turuzdy. Her gezeginde palestinaly ýönekeý halky gyryp: "Ýa göçüñ... Ýa ölüñ... Ýa-da sizi çöle kowarys..." diýipdi we diýenini-de etdiripdi. Bu eýýäm altynjy uruş - dünýä taryhynyñ başdan geçiren iñ ganly, iñ gynançly, iñ zalym raýat genosidine öwrüldi we bu gezek: "Ýa göçüñ... Ýa çöle gidiñ..." diýenok, ýeke-täk çykalga goýdy, "ölüñ" diýýär. Ölüm ýagdyrýar. Gäbazan premýer-ministr Netanýahu Palestinany ýakyp-ýumurýar. Indem... Ody Eýrana syçratdy. Eýranyñ aýatollasy Hamaneýem tüpeñiñ ujuny gysymlap surata düşdi we bütin dünýä görsün diýip, suratyny ýaýratdy. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 14.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |