13:40 Eýran Ysraýyly çümmükläp gördi! | |
EÝRAN YSRAÝYLY ÇÜMMÜKLÄP GÖRDI!
Publisistika
Agressiýa bilen terrory diñe musulmanlara mahsus hereketler ýaly edip görkezýärdiler. Ysraýylyñ Gazada çaga-çuga, aýal-ebtat, garry-gurty, raýat diýmän öldürişini görüp, pikirler üýtgedi. Aglabasy ABŞ-dan we Ýewropa ýurtlaryndan bolan köp adam "agressiýanyñ we terroryñ Ysraýyly dolandyrýanlar tarapyndanam amala aşyrylýandygyny" dillenen birnäçe protest demonstrasiýalaryny geçirdi. Şu güne gelindi. Garaşylan boldy. Ysraýyl Eýranyñ Siriýadaky konsullygyny bombalady. Eýran öz halkyna beren "jogabyny bereris" sözünde durdy. Ysraýylyñ üstüne raketa ýagdyrdy. Ysraýyl goşunynyñ metbugat sekretary "Eýranyñ uçarmansyz istrebitelleriniñ we raketalarynyñ 99%-i Ysraýylyñ asman giñişligine girmänkä urlandygyny" we adam pidalarynyñ bolmandygyny, diñe kiçijik gyzjagazyñ ýaralanandygyny aýtdy. Bugüne gelindi. * * * "Demir kupol". Dawudyñ sapany, Arkasynda ABŞ, Angliýa. Ysraýyl bu iki gorag sistemasy we arkasynda iki super harby güýç ABŞ-dyr Angliýanyñ goldawy bilen atylan orta we uzak aralykly raketalary, kamikadze dronlary, uçarmansyz istrebitelleri awlaýar we atmosferanyñ iñ ýokarku gatlaklaryna çenli baryp ýetip howada ýa-da onuñ çykan ýerinde ýoguna ýanýar. Muny Eýranyñ Ýaragly Güýçleriniñ bilmezligi mümkin däl. Bilip duranam bolsa 300 raketa atdy. Dogrusy, Eýran Ysraýyly çümmükläp gördi. Eýrany dolandyrýanlar "ine, sözümizde durduk, Ysraýyly bombaladyk" diýdiler. * * * Ysraýylyñ özi urýan, bombalaýan ýurt. Eýranam wekil ulanýan ýurt. Ol gös-göni urýan däl-de, urdurýan, ýagny biriniñ eli bilen ot gorsaýan ýurt. Eýran uruşmak isleýän ýurtlary bilen çaknyşygy öz çäklerine bulaşmaýan uruş strategiýasyny kämilleşdiripdi. Yrakda, Siriýada, Liwanda, Bahreýnde, Ýemende goldaýan ýaragly toparlaryny ulanýardy. Ol "wekilçilik uruşy" diýilýän söweşjeñ formasyny 1979-njy ýyldan bäri ulanyp gelýärsi. Eýran "maña degseñiz, goldaýan ýaragly toparlarym bilen sebitiñ külüni göge sowraryn" diýip gorkuzýar we özüni şeýdip goraýar. Ol ilkinji gezek "wekilçilik urşujylarynyñ ýanyna öz goşunyny-da goýdy" we Ysraýyly gönüden-göni özi urdy. * * * Gylyç gynyndan çykdy. Şunlugyna galarmy? Ysraýyl hökman jogap berer. Jogabynam alar. Eýranyñ Ýaragly Güýçleriniñ serkerdebaşysy döwlet teleýaýlymynda çykyş etdi we "Ysraýyl Eýrana jogap bermäge synanyşsa, indiki berjek jogabymyz şu gijedäki harbu operasiýasadan has uly bolar. ABŞ Ysraýyla goldaw bermegini dowam etdirse, onuñam bazalaryny bombalarys" diýdi. Ysraýylyñ Harby geñeşi-de bu sözleriñ aýdylan sagatlarynda Eýranyñ aç-açan hüjümine nähili jogap berjegini ara alyp maslahatlaşýardy. * * * Eýran Ysraýyla gönüden-göni raketa atdy welin, ABŞ başlyklaýyn, tutuş Günbatar, hatda Ýaponiýa çenli Ysraýylyñ arkasynda durdy. Berilen beýanatlary okap görüñ. Pikirler şobada üýtgedi. Görersiñiz. Düýn agşama çenli Ysraýylyñ Gazada genosid edýändigi hakdaky pikir Eýranyñ raketa atmagy bilen "Ysraýylyñ boýdan-başa ýok ediljek bolunýandygy" howasyna öwrüldi. Eýranyñ "özüni goramaga bolan hukugynyñ" garşysyna "Ysraýylyñ özüni goramaga bolan hukugy" getirildi. * * * Sebitimizde, serhedimizde däriniñ ysy bark urýar. Türkiýäniñ Daşary işler ministri Eýranyñ Daşary işler ministrine jañ edip, "dartgynlylygy güýçlendirip biljek ädimleriñ soñlanmagyny umyt edýändiklerini" aýtdy. Ýurdumyz üçin, sebit üçin, adamlarymyz üçin ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk bolsun, ylaýym! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 15.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |