20:44 "Hamasyñ" ýokarky akyly | |
"HAMASYÑ" ÝOKARKY AKYLY
Publisistika
Ysraýylyñ tarapynda duran "ýokarky akyl" özüni saklap bilenok. Üç ýyldyzly generalyny Ysraýyla ugratdy. General Glinn Jeýms amerikan goşunynyñ Yragy okkupirlän döwründe "şäher urşunda özüni görkezen" adam. Häzir ol Gazä gury ýerden goşun salmakçy bolýan ysraýyl goşunyna toplan tejribesini öwretjek bolup pelesañ urýar. Ysraýylyñ "ýokarky akyly" ABŞ. "Hamasyñ" "ýokarky akyly" kim? Bu nätüýsli "ýokarky akyl"! Ysraýyly urduñ. Näme gazandyñ? Palestinalylar gyrlyp ýatyr. "Ýokarky akylyñ" gazanan zady näme? * * * Uruşda ýönekeý raýatlary öldürseñ ganhor hasaplanýarsyñ. Serhetden geç, aýdym-sazly şüweleñi bas, 200 adamy öldür. Sag galanlary ýesir diýip toplap, Gazä äkit. "Hamasa" akyl berýänler aýdym-sazly şüweleñi basyp, raýat öldürmegiñ "uruş jenaýatydygyny, ýagny ganhorlykdygyny" bilmän duranoklar. "Hamasyñ" ýowuzlygyna Ysraýylam esseme-esse edip edil şonuñ ýaly görnüşde jogap berdi: çaga, aýal, garry, ýaş diýmän, uçdantutma gyrmaga başlady, häzirem gyryp ýör. Ganhor bilen ganhor gidişýär! Agramyny garawsyz palestin halky çekýär. * * * "Ýokarky akyl" "Hamasy" ganhorlyga iterip" we garşylyklaýyn jogap hökmünde "Ysraýylyñam ganhor bolmagy saýlap aljagyny" görnetin bilip, näme etmek isledi? "Hamasyñ" "ýokarky akyly" Türkiýäniñ häkimiýet başynda oturan partiýasynyñ press-sekretarlarynyñ "Ysraýyl "Hamasa" garşy urşunda çagalary we eneleri içerki syýasata galkan" etjekdigini, Gaziantep şäheriniñ gala diwaryndan Palestinanyñ baýdagyny asyp, türk prezidentiniñem agzyndan "Hamas" terrorçy gurama däl, olar ýerleriniñ ugrunda göreşýän mojahetler (Yslam we Alla üçin söweşýänler) toparydyr" diýjegini gowy bilýärdi. Dünýäniñ ugry hanjak? Sebitinizde tarap-tarap bolma, lagerleşme, harçañlaşma, karta üýtgetme urşy turjak bolýarmy? Türkiýäniñ Daşary işler ministri Hakan Fidan Dohada Kataryñ premýer-ministri bilen duşuşandan soñ: "Başdan geçirýän konýunkturadan ýa-ha has uly uruşa ýa-da uly parahatçylyga tarap ädim äderis" diýdi. * * * "Ýokarky akyllar" karar kabul edýär. Ilki uly uruş turýar. Elli millon adam ölýär. Soñ uly parahatçylyk gelýär. Birinji jahan urşy başlamanka nemes kansleri Wilgelm Osmanly imperiýasynyñ soltany Abdylhamyda "ýokarky akyl" bolupdy. Wilgelm Germaniýany dünýäniñ iñ uly güýjüne öwürmegi we Hindistany, Afrikany, Ýakyn Gündogaty koloniýasyna öwren iñlisleri ýeñip biljek jahan urşuny taýýarlady. Munuñ üçinem külli yslam dünýäsini, hususanam Hindistandaky musulmanlary tarapyna çekip biljek "jihat meýilnamasyny" işläp düzdi. Nädip diýýäñizmi? Hristian Wilgelm özüni bütin dünýädäki musulmanlaryñ Arkadagy yglan etmelidi we ynandyrmalydy. Osmanly soltany Abdylhamyt bilen harby-ykdysady gatnaşyklar ösdürildi. Gündogaryñ, Ýakyn Gündogaryñ, Kawkazyñ metjitlerinde, çaýhanalarynda nemes imperatory Wilgelmiñ gizlinlik bilen musulman bolandygy, tüýsüni üýtgedip Mekgä haja gidip gelendigi, adyny-da "Hajy Wilgelm Muhammet" diýip üýtgedendigi hakda myş-myşlar ýaýradyldy. Hatda Kairde, Ierusalimde, Damaskda kethudalar, ulamalar topary "Wilgelmiñ mömin-musulmanlary iñlis kapyrynyñ boýunturygyndan azat etmek üçin Alla tarapyn ugradylandygyny aýdýan aýatlar" hem tapdy. Osmanly Germaniýa bilen bile Birinji jahan urşuna girdi. Soñunyñ näme bilen gutarandygyny hemmämiz bilýäris. Osmanly dargady. Sewr ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy. Sorasym gelýär: "Hamasyñ" "ýokarky akyly" kim? Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |