08:48 Meñzeme goñşyña! | |
MEÑZEME GOÑŞYÑA!
Publisistika
Üç wertolýot Häzirbegjandan howalanyp, biri-biriniñ yzyndan Eýrana gaýdyp gelýärdi. Gije uçupdylar. Eýranyñ prezidentiniñ münen wertolýoty ortadady. Öñlerinde bulut topbagyny gördüler. Kapitan uçarman buludyñ üstüne sürüp, uçuş dowam etdirmegi buýurdy. Wertolýotlaryñ biri awariýa uçrady. Öñünden we yzyndan barýan wertolýota hiç zat bolmady. Eýranyñ prezidenti we Daşary işler ministri ýere gaçan ortadaky wertolýotda aradan çykdy. * * * Edil häzir çaklamadan kän zat ýok. Her kim bir zat diýýär. Awariýa däl, ýörite edilen zat. Edenem daşardan: Ysraýyl. ABŞ-nyñ eli bardyr. Ýok içerden: Aýatollanyñ öz aralaryndaky çaknyşygy. * * * Goñşy eýran halky häzir hakykatda näme bolup geçendigini biljek bolýar. Awariýa uçran amerikan kysymly wertolýot 1979-njy ýylda öndürilen eken. Tehniki taýdanam gowy seredilmändir. Ümür-dumanlu, daglyk, howa şertleri bulaşyk geografiýada, üstesine gijelikde Eýran ýaly çuñ taryhy kökleri bolan ýurt nädip prezidentini beýle wertolýota mündürýärkä? Birdenem biziñ kömür şahtalarynda partlama, dag-derelerden inen suw-silleriñ gurlan jaýlary ýykyp birgiden adam pidalaryna getirmegi, altyn ýataklarynda simaply daglaryñ opurylmagyndan soñ bolan jedelli gürrüñler ýadyma düşdi. Şahta partlamady, bilgeşleýin partladyldy. Tehniki howpsuzlyk berjaý edilmeýärdi. Ýok seresapsyzlyk köp goýberilýärdi. Suw-siliñ günäsi ýok, tebigat ar alýar! * * * Türkiýe bilen Eýran ikisi-de respublika - biziñki demokratik respublika, Eýranyñky teokratik respiblika. Eýranyñ modeli şeýle: DINI LIDER: Ömürlik döwletiñ başy. HÜNÄRMENLER MEJLISI: Segsen sekiz adam. Sekiz ýyldan bir gezek saýlanýar. Olary dini lider saýlaýar. GORAGÇYLAR GEÑEŞI: On iki adam. Ýarsyny dini lider saýlap-seçýär. PREZIDENT: Dört ýyldan bir gezek saýlanýar. Eýran halkynyñ saýlan prezidenti dini lideriñ artykmaç hukuklaryna batyrnyp bilenok. PARLAMENT: 290 halk deputaty. Dört ýyldan bir gezek saýlanýarlar. Dini lidere tabyn. Eýrandaky bu strukturanyñ astynda: Rewolýusion Gwardiýa, 10-a golaý güýçli kontrrazwedka gullygy, döwletiñ kanuny güýjüni ulanmaga rugsat brrilen raýat-ýaragly güýçleriñ agyr basyşy halkyñ depesinde hemişe gaýmalap dur. Eýran modeli: Allany, Gurhany we Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) adamlaryñ ynanjyny ýesir almak we ýaşaýyş-durmuşlaryna gözegçilik etmek üçin perde edinen din bezirgenleriniñ düzgüni boldy. Bular dini - şahsy bähbitleri, basyş, wezipe-kürsi, häkimiýet başynda hemişe oturmak üçin agalyk ediji gurala öwürdiler. Eýran jemgyýetini "biziñkiler" we "bizlik däller" diýip, ikä böldüler. * * * Eýran modeli ençeme ýyllaryñ soñunda yslam dünýäsine görüm-görelde bolup we hristian dünýäsiniñem gözi gidip biljek öñegişişlik, ösüş, täzelik, döwrebap guramaçylykly gurluş kemala getirip bilmedi. Kelleaçyk gezipdir diýip urlup öldürilen ýaş gyzlar, parahorluk, pul berip wezipe satyn almak, tanyş görüp işiñi bitirmek, jañ etdirmek, garaşsyzlygyny ýitiren sud, girdeji paýlanyşygyndaky deñsizlik, korrupsiýa, eden-etdilik, garyplyk, inflýasiýadan horlanýandyklary üçin wagtal-wagtal köçä çykyp protest demonstrasiýalaryny guraýan halky basyp yatyrmaga edýän synanyşyklary Eýranyñ üýgewsiz özboluşly aýratynlygyna öwrüldi. * * * Birküç ýyl öñ Kum şäherinde köçä çykyp, protest demonstrasiýalaryna gatnaşan raýatlaryñ biragyzdan: "Halk ýalbarýar, işan-mollalar özlerini hudaý ýaly alyp barýar!" diýip gygyryşypdylar. * * * Biziñ ýurdumyz demokratik respublika bolsun diýip gurulypdy, emma "prezidentlik hökümet sistemasyna geçenden soñ" goñşymyz Eýranyñ "aýatolla hökümetine" meñzäp başlady. Bir adamyñ agzyndan söz kanun boldy we edil eýran halkynyñ şaýat bolşy ýaly parahorlyk, korrupsiýa, garyplyk, garyndaşparazlyk, tanyşparazlyk, garaşsyzlygyny ýitiren sud, ýokary inflýasiýa, talañçy täze baýlar prezidentiñ daş-töwereginde nebisjeñ toparlary emele getirdi. Bizem iñ soñunda "täsir agentligi kanun taslamasy bilen mobilizasiýa we söweşjeñ ýagdaýa geçmek ygtyýarlygy" geldi. Bizem umuman alanda Eýrana meñzäp barýarys. Meñzeme goñşyña! Şumlyk geler başyña! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 24.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |