13:15 Urna-urna! | |
URNA-URNA!
Publisistika
Tikinçi eliñ gurasyn! Seniñ biçip-tiken köýnegiñ dar bolansoñ, ilikler gopup ugrady. Fransuzlar "Deñlik, doganlyk, azatlyk" diýseler-de, özleri Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ bu üç şygarynyñ arkasynda durmadylar. Siriýada BAAS maskaly fransuz köýnegine Esad maşgalasy "rus-eýran iligi" dakylyp, 61 ýyllap dolandyrdy. * * * Göwräniñ içi pak! Çişdi, ulaldy. Ýarylaýjak bolýardy. Tikinler söküldi. Siriýa köýnegi ýyrym-ýyrtyk bolup, üç bölege bölündi. * * * Amerikanlaram Birinji jahan urşundan soñ prezidentleri Wilsonuñ galamyndan we agzyndan: "Halklaryñ öz ykballaryny özleri kesgitlemäge haky bar we döwletara gatnaşyklar örän açyk, kesgitli, ynanyşmak ýagdaýynda bolmaly" diýmek bilen dünýäni haýrana goýupdylar. Emma ABŞ-nyñ Ak Tamy bilen Pentagony ilkinaşda Wilsonyñ özi bilen birlikde öñe süren prinsiplerine eýermediler. * * * ABŞ prinsipsiz bolup çykdy. Öldüre-öldüre. Ura-ura. Bomba yzyna bomba goýberip. Ýakyp-ýandyryp soñky ýüz ýylyñ dowamynda "halklara özleri ykbal kesgitläp bermäge we iliksiz köýnek" tikmäge çytraşdy. Sözde "azatlyk, demokratiýa we ynamly gatnaşyklar" gelmelidi. * * * Meniñ ýaşlygynda ýokary okuw jaýlarynda talyplar iñ batly sesimiz bilen "Hoşt Amerika... Puşt Amerika..." diýil gygyrardyi. Emma häzir şahyr Nejil Fazyly özlerine ideolog hasaplaýanlaryñ agabeýleri häkimiýetiñ polisiýasyny arkalaryna alyp, Amerikanyñ Orta Gündogara däliniñ köýnegini geýdirmegine garşy çykanlara daş, taýak, ok bilen topulardy. Häzir olar ABŞ-nyñ Siriýany üç bölege bölmegine "Rewolýusiýa" diýip begenýär. * * * Köne köýnek ýyrtyldy. Täze köýnek tikilýär. Siriýalylar güýmenibersin. Orta Gündogaryñ ähli halklary, dinleri, mezhepleri, taýpa-tireleri, şeýhleri, tarykatlary, patyşalary, şazadalary, diktatorlyga höwesjeñleri, jihatçylary, şerigatçylary biri-birleri bilen gyrlyşybersin... * * * Şahyryñ aýdyşy ýaly: Inçe, uzyn bir haýwan, Urýar, Urýar, Urýar özüni daga-daşa. Janyna jaý tapanokmyka? Jany çykjak bolýamy ýa? Gowuny çalyşýar ýylan. (Jan Ýüjel). * * * Köýnek-gow çalşygy başlady. Siriýanyñ "mojahet güýlerini" üýşürip, Şama girip "şükür namazyny okama pellesine" gelmänkä, ir döwür öñ amerikan Joni akgasy Jolaniniñ şu günki geýjek köýnegini taýynlapdy. Selefi we jihatçydy. "El-Kaidä" goşuldy. "El-Nusrany" gurdy. El-Bagdadydan aýryldy. * * * Jolaniniñ liderlik ýolunda azmly bäsdeşleri ýekän-ýekän arassalandy. El-Bagdady öldürildi. Kantani-de öldürildi. Zakouryñ demligi gysyldy. Jolani ýaşady we guran HTŞ-nyñ "Günbatar ýurtlaryna degsinmejegini" mälim etdi. Yzyndanam ABŞ-na "Size garşy hiç hili howp abandyramzok, bizi terrorçy yglan edip ýörmegiñ geregi ýok" diýdi. * * * Ahyrynda duýdansyz mugjyzalar bolup başlady. Ysraýylyñ hüjümleriniñ Esad Siriýasynyñ demligini gysyp taşlajagyny iñ gowy hasaplan Jolani boldy. Esad gitdi. Jolani geldi. Arkasynda Joni akgasy. Urunýar, urunýar. Her urnanda bir tüýse girýär. Ol indi radikal yslamçy däl, jihatçy-da däl. Indi mojahet rewolýusioner. * * * Siriýa özüni ýerden ýere, daga-daşa urup, urna-urna üç bölege bölündi. Ysraýyl tanklarynyñ ähli harby birlikleri ot açmak bilen 15 kilometr ýakynlygyna çenli gelen Damaskyna (Şam) Jolaniniñ HTŞ-i eýe boldy. Arkasynda Joni akgasy. Siriýanyñ bölünen ikinji uly böleginde PKK-PÝD hojaýyn kylyndy. Onuñam arkasynda Joni akgasy... Üçünji böleginde Milli Siriýa Goşuny... * * * Siriýa Şweýsariýa ýaly bolarmyka? Ýa üç kantona bölünermi? Türkiýe hem özüni, hem goñşusy Siriýany berkitmek üçin näme eder? Siriýada goşun bölümlerini kim dolandyrar? Puly kim çykarar? Saýlawlary kim geçirer? Mejlisiñ düzümini kim toplar? Siriýanyñ nebit-gazy, fosfaty, ekin we öri meýdanlary kim öñürti gapybilse şonuñ elinde galmalymy? Urna-urna!.. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |