11:28 Keýmiriñ jansyzy / hekaýa | |
KEÝMIRIŇ JANSYZY
Taryhy proza
Gaşy ýumruk ýaly tommaryp duranja ykjamja eýerli bedew ýalpagrak jaryň içinde derçiräp durdy. Eýesi ýene yzyna gyp basmak niýeti bilen atyň kellesine şaplaşyp duran haşamly uýanam aýyrmandy, tene mazaly batyp duran çekinem gowşatmandy. Janawer ullakan tanalaryny parryldadyp, kellesini käte bir silkip dem alýardy. Eýesiniň galagoplugyny aňýan at közüň üstünde duran ýaly dyngysyz aýlanýardy. Käte hem gür toraňňylykda, buky ýerde çala saýgardýan çatma seredip, eýesiniň sesini diňleýän ýaly, gargy gulaklaryny keýerjekledip üşerilýärdi. Eýesi çasly gürläbem duranokdy, ýöne alňasak, sojabrak gürleýändigi üçin käbir sözleri janawere zarplyrak eşidilýärdi. Ol Nedir hanyň ganhor ýüzbaşysy Garazyryň gözüne zordan çöp atyp sypandygyny, özleriniň häzir Söwütli gaýanyň düýbünde, çeşmäniň gözbaşynda düşländiklerini, biş-düşe güýmenýändiklerini, Nediriň Ahalgala çozmakçydygyny, eýýäm golaý galalardan nöker ýygnaýandygyny, özüniňem bu gezek Damana ýoly bilen däl-de, gaýradan, gumuň çägeligiň içi bilen pynhan baryp, gapyl basmak niýetiniň bardygyny aýtdy-da: “Hoş onda, habary Keýmire tizden-tiz ýetirewergin, zalym Nedir gapyl basaýmasyn” diýdi-de, gelşi ýaly hasanaklap çykdy. Bitakat aýlanyp duran bedew eýesiniň gyssanýanyna düşünip, üç-dört ädimem nep bilýän ýaly, çatma tarap kellesini silkip ýöneldi, gelibem gapdallap durdy. Haýdap barýan Geçiliň gözüne bir akja çebiş ildi. Ol ýylgyndan örülen agylda ýekesiräp bökjekläp ýördi. - Döwletýar, munyň näme? - Çebiş-dä, näme göreňokmy? Gerek bolsa äkidäý! - Äkitmeli boljak öýdýän. Garazyryň gaharyny ýumşatmaga kömek etmezmikä? - Derdiňe ýarar öýtseň äkit! Äkit! Äkit! Dowar kän-le – diýip, çebşi güýler ýaly ýüp gözleme bilen boldy. Onýança Geçili bilindäki egri gylyjy çykardy-da, çebşiň boýundan saldy. Ýaňyja şah çykaran kelle zyňlyp gitdi. - Häýk nätdiňaýt. Geçili? - Janawere buýrulany şeýledir-dä. - Diri äkidersiň öýtdüm. - Ýok, muny bir niýet bilen gylyçbaýa tabşyrdym – diýdi-de, çebşi çep eline, kellesini sag eline aldy-da, kese duran bedewiň üstüne towsup mündi. Çebşi öňüne basdy. - Üstüňi gan edäýme, how! - Onam bilgeşländen edýän. - Bu janawer Ýyldyrymyň gürrüňi bar ýaly-la? – diýip, Döwletýar gär bedewiň her jüre öwsüp duran boýnuny sypaşdyrdy. – Eliňden aldyraýma birden! - Hyrydar-a kän-aý janaweriň. Janawer adygaýdam-da. Toýlarda çapmaly däldi welin durup bolýarmy! Baýak bir täjir elli tümen hödürledi. Soň biri elli tümen bilen üzümiň suwy ýaly perizat hödürledi. Men gazygyny gyzyldan gömselerem, satmajagymy aýdansoň birneme köşeşdiler. Ýöne indi ýüzbaşymyz Garazyr Ýyldyryma göz gyzdyryp başlady. Maý tapsa, Ýyldyrymyň ýatagynda. Hemle urýar how: “Horlaýmagyn, aç-suwsuz edäýmegin!”. Eýemsiräp barýar melgun. - Şo naskeş Garazyrmy? – diýip, Döwletýar jykyr-jykyr güldi. – Indi senden nas dilänokmy? - Eger-eger!! Ýöne öten ýyl welin tas gylyçbaýa tabşyrypdy, zordan gaçyp sypaýdym, how. Şonda içinde kitüw galypdyr. - Özüňdenem bar-la. “Ýat itiň guýrugy ýamzynda bolmalydyr” diýip, Keýmir saňa tabşyrypdy ahyryn. Gel-gel ýüzbaşa agramly söz aýdýaň. “Köprüden geçýänçäň, doňza daýy diýmelidigini” bileňokmy? - Ol ýaňy nökerçilige baran günlerimdi ahyryn. Men entek kimiň-kimdiginem bilemokdym. Ol waka öten ýylyň şu günleri bolupdy. Ahaldan Bawerde Keýmiriň tabşyrygy bilen Nedire nöker durmaga gelen Geçili degirmeniň gapysyndaky mesenedäki garry söwütleriň saýasynda ýadaw irkiljiräp otyrdy. Bir pyýadanyň çat maňlaýynda gelip duranyny gördi. Onuň: - Nasyň barmy, how?! – diýip, hemleliräk soranynam halamady. Geplemäge mejalsyz Geçili goltugyna elini sokdy-da, haşamly naskädisini çykaryp somlady. Ol kişi kädä elini uzatmazdan: - Nasyň tutýanmydyr? – diýip paňlady. - Goňşyň bilenem tutýar, how, tutar how. Alsana, elim gurady! - Eýle bolsa äber, göreli – diýip, ol kädini aldy-da, aýasyny dolduryp, agzyna guýdy-da, naskädini eýesine gaýtaryp, bazzy-buzzulap gitdi. Geçiliniň ýene irkilip başlanam şoldy welin, böwrüne ädigiň burny hütläp degdi. - It ogly, näme ýalan sözleýäň? Nasyň tutanok eken-ä! – diýip herreldi. Böwri awan Geçiliniň gözi ýalpa açyldy. Görse bir gotur, ýeke göz, bedroý, pil ýaly pyýada üstüne abanyp dur. Geçiliňem gahary ygrarpellä dykylyp geldi. - Seni Hudaý tutaýmasa, başga zat tutasy ýok-la – diýäýmezmi. - Näme!! It ogly – diýip, Garazyr gylyjyna ýapyşdy. Rejäň geň däldigini syzan Geçili berdi ýazzyny. Geçilä-de käýýäp, ýüzbaşa gaty-gaýrym söz aýdylýan däldigini berk tabşyrypdylar. Döwletýar Ýyldyrymyň gyrkylan ýalyny, ýüzüne dökülip duran şabram alyn saçyny sypandan soň: - Bar, Alla ýaryň! – diýip, Ýyldyrymyň boýnuna mähirli şapbat çaldy. - Habary Keýmire ertir ýetirerin diýdi-de, bedewini gorduryp giden obadaşynyň yzyndan aladaly garap, içinde köp pikirler öwürdi: “Nedir han goşuny ýa Daraýgeze ýa Japuşä jemlär. Onuň dogduk mekany şol. Bäş ýüz atlyny jemleýänçä-de, üç-dört gün gerekdir. Gaýradan – ürgüniň içi bilen barýançalaram, iki gün gerekdir. Ýogsa, göni gitseler ýigrimi farsah arany arman-ýadaman iki günde alsa bolýar ahyryn. Diýmek, indiki ýekşenbä çenli maý bar. Ýogsa-da, Keýmire-de munça alamança gaýtawul berere atly gerekdir, olary bolsa goňşy galalardan ýygnamalydyr. Ätiýaçdan aýal-oglan-uşaklaram gaýrak, gum içine “Hatapgala” göçürmelidir. Hawa, men gyssanaýyn. Çatma seretmäge garry-gurty bar-la. Men eglenmäýin.” Geçili atyny debsilemelem bolmady, gamçam gerek bolmady. Atyň özi agyzdyryga azm urup, turuwhana ugran ýaly boldy. Gelen ýodasyna belet Ýyldyrym ilerde garalyp görünýän daga tarap tutduryberdi. Söwütli gaýa şol ýerdedi. Ýyldyrym gamyşly-hyşaly, toraňňyly sazlygyň içi bilen ýöränsoň daga golaýlaşdygyça jeňňelem güreldi. Maýmyk söwütlerdir goýun asaýmaly toraňňylar çeşmäniň gorp atan ýerlerinde topbak-topbak otyrdylar. Ýyldyrym olaryň daşyndan aýlanyp, ýene-de çeşmäniň boýuny syryp barýardy. Geçiliniň häzir gaýgysy-aladasy köpdi. Iň ulusyndan-a dyndy: Nedir hanyň alamana taýýarlanýandygyny Keýmir erte-birigün eşider, ony wagtynda duýduryp bildi. Erbet gaýgy öňde bar: mekir Garazyr dişini çarhlap oturandyr. Şunça wagt nirä ýitirim bolduň diýilse, ýuwdunyp durmaly bolarmy! Bar tama şu ak çebişdedir. Sypdyrsa gerek. Gür tokaýlykdan barýan gözi öňünde, gulagy töwereginde, eli gylyjyň baljagynda bolsa-da, pikiri şol ganhor ýüzbaşy Garazyrdady. Beýle-de hyrsyz adam bolar ekeni. Häsiýeti gursun! Diýeni bolmasa, gylyçbaýa ýapyşaýýar. O gotur, burny maşşyk, gözi iýip barýan läheňi enesi nädip gorkman emdirdikä? Nediriň welin, ol iň ýakyn adamsy. Sag elimiş. “Halat-serpaýam Garazyr paýlasyn! Gul-gyrnagam Garazyr paýlasyn! Sülsadam Garazyryň ygtyýaryna!” bir ýumşa gitmelem bolsa serdary Garazyr bolmaly. “Pis pisi tapar, suw pesi”. Nediriň daş sypaty-ha Garazyryňky ýaly eýmenç däl. Ol görmegeý, nazarkerde, alçak ýigit-dä. Ýöne “Daşy jäjek içi möjek” diýilýänlerdendigine ondan awunan köp galalar, köp goňşular indi göz ýetirdiler. Gaýyn atasy öldürileli bäri öňküligi ýok, has çytyk. Gaýyn atasynyň deregine özüniň hökümdar bolaýmak tamasy bar ekeni welin, gaýynynyň dogany Gurbanaly beg joňkaryp oturyberipdir. Ýöen Gurbanalynyň nogtasy Nediriň elindemişem diýýärler. Ýogsa Nedir goşun jemläp, edenini edip ýöresi ýok-la! Geçili şu oýlaryň içinde Söwütli gaýa geleninem duýmady. - Ynha Geçili, özi geldi. Kimdi ýaňy muny ýoklap, gözläp ýören? – diýip, ülpeti öňünden çykdy. – Bo-how, sen oljalyja gelen ekeniň! Ol çebşi akaryň boýundaky çaýyrlyga oklady-da, özem atdan böküp düşdi. Gap-gaçdan, goş-golamdan, ojaklardan çekilmek niýeti bilen atyny çeträge idip bardy-da, jylawy topbak arguwanyň ýogynrak çybygyna çala iltedi. Ýaňy atyň uýanyny sypyryp, oňa ot-iým bermegiň aladasy bilen bolanda: - Geçili how! Haý Geçili! Bärik gel how! – diýen çakylyk eşidildi. - Soýuberiň, ynha barýan! – diýip gygyrdy. – Öňürti Ýyldyrymy iýmläýin, onsoň öz garnym bilen boljak. - Tizräk gel, how! Ýüzbaşy çagyrýar, how! – diýen sese Geçiliniň endamy gowşajak ýaly etdi. – Aňtaýdymyka? Belki, “müňküriň göwnünden gitmez gümany” bolaýmasyn. Bir zat aňýan ýaly zaluwat. Diňe meni idäp, gözläp ýörmesi oňlulyga-ha däl. Möhüme ibermek üçin idemeýänini-hä bilýän. Garazyryň toýlarda şöhraty artýan Ýyldyryma-da aşykdygy Geçilä ynjalyk berenokdy. Bu her jüre öwsüp duran gär bedewiň o diýen görmegem ýok: boýy pes, ýöne göwüslek, sagyrlak. Boýny ýogyn, ýöne uzyn däl. Janaweriň kellesi owadan: gulagy enaýyja kiçijik, gözleri ullakan, burun deşigine çaga ýumrugy sygjak. Ýyndamlygyndanam başga gowy ýeri Ýyldyrym gyzdanam gylykly diýilýänlerden. Ýuwaş. Düşbi. Elde saklanan goýnam beýle bolmasa gerek. Ürkmäni, tisginmäni bilenok. Kä bedew eýesinden özgäni mündürmejek bolýar. Munda o betgylygam ýok. Geçiliniň eline düşeli bäri toýlarda ikinji bolan ýerem ýok, mydama birinji. Bu Ýyldamyň aşygy köpeldi, synçysy kowçum-kowçum. Ýöne Garazyr onuň daşynda hozanak. “Şu atyň zerarly ýüzbaşyň yrsarap, seni ýitirim edäýmese biridir” diýip, iki-ýeke aňýanlar Geçiliniň palyny ýorýardylar. - Gelsene, how, gel-dä gel diýlende! Atyň aç ölesi ýok. - Barýan, barýan – diýip, Geçili ýaraglaryny eýeriň üstüne oklap ylgady. Ýaňy bu ýere, goşa gelende, ol Garazyryň akaryň şaglawuk ýerinde ýaýbaň uly söwüdiň kölegesinde mesgen tutandygyny, o ýerde üç-dört nökeriň ojaklaryň tüssesine boglup, gowadaklaşyp ýörendigini göz gyýtagy bilen görüpdi. Atkeçän üstünde gyşaryp, tirsegini eýeriň üstünde goýup ýatan goturyň ýanyna geldi. Garazyr haýallyk bilen ýerinden turdy-da, Buhar bizinden tikilen kirli ak ezýakanyň ýeňlerini çermäp, gara gylly ýogyn bileklerinin sypap, alkymyna geldi. Onuň ozalam bedroý, gotur ýüzüne sereden Geçiliniň ini dyglady: ullakan gözlerde ot ýanýardy, böwrek dodaklar büzülýärdi-ýazylýardy. Sag dulugy oňlulyga tirsildänokdy. Geçilide zor barmy? Zar bar. Şonuň üçin ol şeýtanlyk etmeli boldy. Keýmir şu ýere iberende-de öten ýyl: “Güýji asgyn şelaýyn gerekdir, bir kes bilenem dikleşiji bolaýmagyn, ähli umydymyzy puja çykaraýmagyn” diýip, gulagyna kän guýupdy. - Çagyrdyňyzmy, serdar? – diýip, ol zalymyň goltugyna garpzy berse hoş ýakar öýtdi. “Garpyzlar” köp howpy gaýtarýandyr welin, Garazyra täsirem etmedi. - Bir gezeg-ä däl, on gezegem çagyrtdyň, Geçili han! Sen kesirjemi ýa göwnümemi? Häýk, ozal Geçili diýen adyňdanam-a, geçiň öň aýagy ýaly köp ýere ýetjek bolýamykaň öýdýärdim. – Birdenem döwdi nagarany. – Nirä ýitirim bolduň, nirä-ä-ä?? – Ol böwrek dodaklaryny çeýnäp, elindäki gamçysyny mynçgalap, döwäýjek bolýardy. - Ýyldyrymy azajyk gezdiräýeýin hem gysym-penje ot ýolup beräýeýin diýdim, ýüzi salygrak görünýär janaweriň. - Atyny hemme kişem seniňkiçe görýändir. Özüňi kän gözlederçe kim bolandyryn öýdýäň? Munça wagt nirede eglendiň? - Ýyldyrymy gezdirip ýörkäm, üç toraňňynyň ýanynda bir akja çebiş gördüm. Ýeke özi janaweriň. Onsoň şony awlamakçy boldum. Agşama galsa, gurda-guşa şam boljak. Çebşem biçak sarç ekeni. Gür tokaýyň içinde kä pyýada, kä atly kowalap, ahyry gylyçbaý bilen aldym. Hon-ha ýatyr. Özge aladam ýok serdar, şu Ýyldyrymy hor etmejek bolýan. Ony hor etsem, senem käýejek, Nedirem! Garazyryň gür gaşy ýazylanokdy. Gaşy owarram-la. Elleri näteňenälet! Uzyn-uzyn gara dyrnakly çortmak barmakly, ýaryk-ýaryk torly süňklek penjelerdäki gamçy bir wagt ýere gaçypdy. Ýazylman duran çortmak barmaklar müýnli ýigidiň gözüne demior aran bolup görünýärdi. Goşardaky, bilekdäki gür gara gyllar arana iltelen urganyň çöpüri bolup görünýärdi. “Aňaýdymyka? Yzyma aňtawçy salaýdymyka? Wah, özüm owarram-la, şol şum habar Keýmire berin gijigmän ýetäbilseýdir.” Ol häzir özüniň ähli ykbalynyň, takdyrynyň şu elhenç, süňklek, demir dyrnakly, çöpürli ellerdedigini bilýär. Bu eller häzir häzir bir söý bilen pat-pat edip egne kakaýsa-ha bagtyň çüwdügi. Ýok, eginden penjeläge-de berkräk silterläýse-de, gylyçbaýyň öňünde kelemäni öwrübermeli. Ýetip gelýän şol penjäniň degjek ýeri – çep egni näme üçindir, eýýämden gyzyp başlady. “Patlarmyka ýa silterlärmikä?” - Ýyldyrymy gowrak seýisle, Maşatda beglerbegiň toýunda çaparys diýip, Nedirem berk tabşyransoň... – diýenden ýaňky uzalyp-uzalyp egnine ýetip gelýän aranyň bady gowşan ýaly boldy, birdenem agyr penje egnine pat-pat kakdy. - Nedir han diýen bolsa, menem diýýän: Ýyldyrymy gowy saklagyn, ol ýeke seniň abraýyň däldir. Meniňem abraýym, hanymyzyňam abraýy. Ýyldyrym ýaly bedew bilen bolgusyz awa kowalaşmagyn, aty harlamagyn! - Hoş serdar! Hoş! Indikile! - Bar, naharyň bilen bol! Bu waka 1723-nji ýylyň güýzünde Nediriň gaýynatasy hem howandary, on bäş obany birikdirýän Bawerdiň häkimi Baba Aly han amanadyny tabşyryp, Nediriňem onuň kürsüsine dalaş edýän günleri bolupdy. Ata DURDYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1987. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |