ÝAZYJYNYÑ HEKAÝATLARY
Durmuşda nusgalyk ömür süren adamlar bolýar. Olar häli-şindi ýadyña düşüp dur. Beýik Watançylyk urşunyń hupbatly günlerini başdan geçiren ýazyjy Ata Durdyýew hem şeýle adamlaryń hilindendi. Ýaşan manyly ömründe, özi aýtmyşlaýan, görmedik ýowuzlygyny darkaş meýdanynda gören adam.
- Uruş ýyllarynda takdyr meni jeñbazlaryń süreni bolan Gündogar Prussiýa eltip dykdy. Adamynyñ iñ belent ýa-da iñ pes duýgulary söweş meýdanynda ýüze çykýan eken - diýip, ýazyjy häli-şindi ýatlar eken. Ol şu sözleri aýdan müñ kerem mamlady. Gahrymançylykdan söhbet açýan parçalar onuñ eserleriniñ içinden eriş-argaç bolup geçýärdi. "Dur, kimsiñ?!", "Üç ädim", "Harby syr", "Front hekaýalary" onuñ eserlerinde jeñ ýowuzlyklaryndan söhbet açylýardy. Ýazyjynyñ "Keýmir kör" romany boýdan-başa gahrymançylyga ýugrulan eserdir.
Onuñ "Alañlaryñ arasynda", "Handurdy aganyñ kyssasy", "Açyl pagtam, açyl", "Bal çeşmäniñ boýunda" hekaýalar ýygyndylary, "Owadan gyzyñ arzuwy" powesti, "Şahan" romany hem okyjylaryñ söýgüsine mynasyp boldy.
Ata Durdyýew şahandazdy, märekesöýerdi, tapbilerdi. Onuñ "Türkmenistan" neşirýatynyñ çeper eserler bölüminde redaktor, soñ bölüm müdiri bolup işlän ýyllarynda ýaş zehinleriñ ýüze çykmagy, ýazyjy-şahyrlaryñ eserleriniñ hiliniñ gowulanmagy üçin tagalla baryny gaýgyrmandy. Şu günlerem ýazyjynu hoşgylaw, ak ýürekli halypa hökmünde ýatlaýarlar.
1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyñ wepat bolan Milli Gahrymanlaryny Ýatlama gününiñ hem-de türkmen halkynyñ milli baýramy - ýetip gelýän Ýeñiş güni mynasybetli ýazyjy Ata Durdyýewiñ göwrüm jähtden kiçi, many tarapdan uly gysgajyk hekaýatlaryny okyjylara hödürlemegi makul bildik. Ýazyjynyñ aýatda diri wagty aýtmagyna görä, ol bu hekaýalary dana kişilerden eşiden gürrüñleri esasynda döredipdir.
■ ÖMÜR GÜRLEWÜGI
Ömür gürlewügi ötýänçä ýagşy at gazanjak bol. Iñ uly pent şudur: hergiz lebziñi ýuwutmagyn. Lebzini ýuwudan adam bilen ikinji gezek hiç haçan ýoldaş bolmagyn, işem salyşmagyn. Adamyñ lebzi halaldyr. Lebzini ýuwudan adamlardan näçe gaça durdugyñça, şonça bereket taparsyñ, kanagat taparsyñ. Şonda ýagşylara saýylarsyñ. Ýagşyny ýagşy tapar, ylymly-ylymlyny, pis-pisi, ogry-ogryny, ýañra-ýañrany. Otur-tur-da öwünmegin, bir nakyl mydama ýadyñda bolsun: "Akylly dostuny öwer, kemakyl - aýalyny, samsyk - özüni".
■ JANA
Keýmir kör dagy bir topar bolup, obanyñ çetinde ýaşaýan biriniñ täze bolan ogluny gutlap, pişmesini iýmäge barýan eken.
Ýetip barýarkalar, bäbejigiñ iññä-iññä diýip aglaýan sesini eşidipdir.
Muny eşiden Keýmir aga:
- Jana! Jana! - diýip begenýär.
Ýoldaşlarynyń biri muny geñ görüp soraýar:
- Keýmir aga, düýn Çerkez çomagyñ ogly hem iññä-iññä diýende, oña näme üçin jana diýmediñ?
- Heý balam! - diýip, Keýmir kör şeýle jogap beren:
- Çerkez çomagyñ çagasy, ynha ulalar-da: "Eje, hany meniñ ýüpüm bilen oragym?" diýer. Bujagaz bäbejik bolsa ulalanda: "Kaka, hany meniñ atym bilen ýaragym" diýer.
■ GAÝA HEM GORP
Şu ikisem içgin seljermeseñ meñzeş ýaly. Emm ikisiniñ tebigaty bir däl. Biri betniýet, beýlekisi hoşniýet.
Gorpuñ gyrasynda adamlar dynç almaga otursalar, gorp Hudaýdan: "Eger men kyrk günden ýykylmaly bolsam, şu wagt ýykylaýyn" diýip, erbet dileg edermiş.
Gaýa bolsa, kölegesinden adam gelse, Alladan: "Eger men şu gün ýykylmaly bolsam, ýene kyrk günden ýykylaýyn" diýip, ýagşy dileg edermiş.
Hekaýalar