08:37 Gudrat / hekaýa | |
GUDRAT
Hekaýalar
Sazak aga ikimizi kolhoz daga iberdi. Aşgabadyň ilersindäki dagda Saryseki diýilýän ýeriň töwereklerinde bu ýyl ot örän bitginlimişin. Ine, şol ýerlerde ot ýatyrar ýaly dereler, jülgeler, zawlar bolsa belläp gaýtmaly. «Bir hepdeden soň şol ýere ot ýatyrýan brigadalar iberiljek» diýdiler. Sazak aganyň dagyň ähli gowaklaryna, ýol-ýodalaryna beletdigini başlygam, brigadirlerem bilýärdiler, ýöne meni näme üçin onuň ýanyna goşdularka? Elbetde, çusrak, galdawrak görendirler-dä. — Ir-rejep jan, Ir-rejep jan — diýip, dymmarak Sazak aga ýolda atly barýarka gürrüňe başlady. Sazak aga meni tanaly bäri hiç haçan Rejep diýmezdi. Mydama Ir-rejep jan diýip geplärdi. — Howwa-da, nätjek, ýyl bu gezek gurak geldi-dä, gaty gurak. Bäri-bärlerde, ho-ol öňküje ýerlerimizde, indi barsak ot ýokdur. Bu gezek has aňyrlaryk gitmeli bolsam gerek. Gümür-ýamyr bilen günortanlar Garaňky diýilýän jülgäniň agzyndan girdik. Dagy ilkinji görşüm däl welin, her gezek jülgä girenimizde gatbar-gatbar kemerlere gözüm düşenden, ýokardan inýän ululy-kiçili şaglawuklaryň çygly tozany ýüzüme uranyndan, akyp gelýän bir ýap çeşmäniň birdenkä çagla siňip, ýom-ýok bolşuny görenimden hopugyp başlaýan. Magtymgulynyň dünýä baradaky şygyrlary ýadyma düşýär. Içine Gün düşmeýän deräniň daşly ýodasyny syryp, aňryk gitdigimizçe, täsin, üýtgeşik gudratlara duşýan. Muňa seret-le. Ynha, bir gola geldik welin, bir suw çüwdürimi asmana atylyp dur. Çüwdürimiň dup-dury bol suwy şapyrdap, mähnet daşdan oýulan bir kerseni dolduryp, erňeklerinden şildiräp düýbüne dökülýär. Onsoň ol gaýralygyna, pese akýar-da, baryp ikinji gazany doldurýar. Bu kersen toý gazanyndan uly bolmasa kiçi däl. Bu gazanam mydama pürepür dolup dur. Onuň erňeklerinden agýan sowuk suw çeşmejik bolýar-da, hol aşagrakda üçünji daş gazany doldurýar. Içi çeşme suwly gazanlar biri-birinden owadan. — Olaryň başynda kän gonup, kän çaý içendirin — diýip, Sazak aga birinji gazanyň ýanynda dyz epenimizde meni haýran etdi. — Ine, görýärmiň, üç kersenem mydama pürepür dolup durandyr welin, haýwanlar diňe hol gaýradaky üçünji kersenden suw içýändirler. Eger-eger ýokarky ikisiniň ýanyna-da gelmezler, agzam urmazlar. — O nämüçin beýle, Sazak aga?! — Gudratdyr, Ir-rejep jan, gudratdyr! Gidip barşymyza Sazak aga girelgesi çalarak ýagyş ýagýan ýaly şabyrdap, damjalap duran bir gowagyň agzynda düşledi. Ýakamyzdan suw sarkdyrmajak bolup, kibtimizi gysyp, içine girdik. Gowagyň aňyrsy görnenok. Ýöne içinde hat okabermeli. Gowy ýagtysy bar. Hiç ýerinde-de ne deşik bar, ne jaýryk bar, ne yş. — Ýagty nireden düşýär, Sazak aga? — Aý, ol gudrat işidir, Ir-rejep jan. Gowakdan çykyp, bir kese jülgä girdik welin, gök ot parç ekeni. Gyzyl-ala güller edil boýag dökülen ýaly. — Ynha, şu ýerden iki kolhozyňam doýjak — diýip, Sazak aga atyň başyny sähel çekip, kirliräk sakgalyny sypaşdyrdy-da, ýene jylawy silkdi. Aprel aýynyň maýsasy ýaly elesläp duran otluk meýdanyň içi bilen alaşalary esli sürenimizden soň, agaçly, bagly, ir-iýmişli jeňňel başlandy. Sarmy, bilbillermi, serçelermi, ala-goh!.. — Bu jülgäniň owadanlygyny! Aňyrsy uzakmy? — Aňyrsyny gören ýokdur, Ir-rejep jan. Aňyrsy ýokdur munuň. Bu biri-birine çyrmaşan agaçlaryň derdinden aňyrsyny gören ýok. Sazak agaň-a görüp bilmedi. Başga gören kişem bardyr öýdemok. Sümme tokaý ahyryn. Giden jeňňel! Içinde nähili jandarlaryň bardygyny kim bilsin! Ýene biraz ýöredik. — Bä-ä, bulara seret-le, Sazak aga — diýip, içimi çekenimi duýman galypdyryn. — Iki wagon dagy bar. — Hä, olarmy? Olar pyşdyl gapaklarydyr. Mydama üýşüp ýatandyr şu ýerde. Men bilenim, köpelmese azalanok. — Sazak aga, bu gapaklary nireden getirip dökýärler? — Olarymy? Dökenoklar ony. Ýokaryňa seret. Gowja seret, ynha, görersiň. Başymy galdyrdym welin, asmanda bir garaguş ganatyny kakman aýlanyp ýör, aýlanyp ýör. Her aýlananda-da pessaýlaýar. — Gowja seret. Aýagyna seretgin, aýagyna! — Aýagynda bir zad-a bar. — Şol pyşdyldyr, Ir-rejep jan. Garaguş pyşdyl getirendir. Birdenem garaguş ýygryldy, aýagyny ýazdy welin, pyşdyl aşak güzläp gaýtdy. Gelibem eýlesi-beýlesi, takmyn bir kilometrräk gök daşyň üstüne tark edip düşdi-de, deň ikä bölünäýdi. Garaguş äwmän gelip gondy-da, dyrnaklary bilen pyşdylyň gapaklaryny sypyryp, içini göterip äkitdi. — Çagasy bardyr garaguşuň. Gördüňmi, özi iýmän äkitdi. — Düşündim, Sazak aga, düşündim — diýip, aňk bolup çiňerilip durun. — Bä-ä, Sazak aga, pyşdyl daşa degende dyr-pytrak bolaýjak ýaly welin, ol-a deň iki bölünäýýän ekeni. Bu ýatan wagon-wagon çanaklaryň ýekejesiniňem jaýrygy ýok. — Gudratdyr, gudrat! Gowy sereden bolsaň görerdiň — penjeden goýberilen pyşdyl ýüzinem düşmez, arkanam. Ýokardan gelşini syn etdiňmi? Gaçanda gapdallaýyn gelýändir. Daşa gapdaly degdigem deň ikä bölüner. Gudratdyr, gudrat, Ir-rejep jan. — Ho-ol ýanyragyna barsaň, pytraşyp ýatan ýylan kellelerinem görersiň. — «Ýylanyň kellesi» diýdiňmi? — Hawa, ýylan kellesi kändir. Garaguş çagalaryna ýylan tutup getirýär-de, awuly ýerini — kellesini kesip, şu ýere taşlaýar. Guşam bolsa, niresini iýmelidigini, niresini iýmeli däldigini bilýär. Sazak aga otunyň kä ýeri dyzdan bolup duran, kä ýeri guşaklyga çykýan sekiz sany giň meýdany bellänsoň: — Ýör, saňa Keremiň gowagynam görkezeýin, onsoň gaýdarys — diýip, garaňky, darajyk, ýol-ýodasy agyn läheň daş bolup ýatan deräniň içi bilen alaşany esli dikgirdedensoň, giň ýaýlaga çykdy. — Honha-da gowak. Keremiň gowagydyr şol. Içinde bir gökläli, Ir-rejep jan. Sazak agaňa ýene bir çaý berer wagty bolmadymy? Alaşalary arguwanyň çybygyna iltäp, gowagyň içine giren badyma «Häh!» diýenimi gowagyň güňleç ýaňy has hem güýçlendirdi. Gowagyň ýülmenen diwarlarynyň ýüzündäki nagyş şekilli hatlar şeýlebir kän, şeýlebir owadan, ýöne sygyryp seredip durmaly. — Dagyň jümmüşinde bu çola gowagyň içinde bu owadan-owadan hatlary kim ýazdyka? — diýip, Sazak aganyň ýüzüne seretdim. — E-e-eý, Ir-rejep jan! Ir-rejep jan! Niçe-niçe ärler geçdi jahandan. Munuň ýaly hatly gowaklary, içi syrdan doly gowaklary, içi howply-hatarly gowaklary Sazak agaň köp bilýändir. Ýöne olary indiki gezek ot ýatyrmaga şaýymyzy tutup gelenimizde görkezerin. Hany, çaýyň aladasy bilen bolsana! Ata DURDYÝEW, ýazyjy. «Edebiýat we sungat» gazeti, 19.08.2022 ý. | |
|
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |