20:19 Adamyñ elinde, şeýtanyñ dilinde... | |
ADAMYÑ ELINDE, ŞEÝTANYÑ DILINDE...
Jemgyýetçilik tankydy
- Tereziniñ başynda durmak niçikdir? - Tereziniñ başy iñ howply ýerdir, günäniñ öýjügidir. Özüñe göwnüñ ýetmese, halallygyña göwnüñ ýetmese, bala-çagalaryña we öz saglygyña rehmiñ gelmese, ahyretde iman baýlygyny tama edýän bolsañ (etmeýän barmyka?) tereziniñ başyna, alajyny tapsañ, baryjy bolmagyn. - O näme üçin? Häzirki eýýam terezi eýýamy ahyryn. Haýsy dükana barsañ - terezi. Haýsy öýe barsañ - terezi. Haýsy jübä el ursañ - kindiwanja terezi. - Seb terezi eýýamy diýme-de, käbir gara nebisleriñ möwç urýan, halal-harama parh goýmaýan näkesleriñ diýsene. Biz oglankak, tereziniñ başyna barmaga gorkardyk. Indi welin, añsat gazanç gözleýän batyr köpelipdir. Teke bazaryndan bäş-on kilo pomidor, kartoşka, sogan alýarlar-da, bir köçäñ burçunda ornaşyp, jübüsinden barmak ýaly terezi çykaryp, ulyny-kiçini ýekän-ýekän ütüp başlaýarlar. Her çeküwde bir gadak aldadýan terezisini güjeñläp, çürkäp-çürkäp oturandyrlar. Munuñ üçin soñ agzy-burny gyşarar öýdenok, rysgaly, döwleti kemeler öýdenok. Ozaly-ha harydyny alan bahasyndan iki esse gymmat satýandyr, üstesine-de terezisi "iýip" bendelero uwlundyryp oturandyr. Öz eli bilen imanyny satyp oturandyr. Öz eli bilen öz öýüne bela inderip oturandyr. - Alladan gorkanoklar diýäýsene! - Geñ görmeli, şol dinden çykan tereziçileriñ köpüsi ýaş gelin-gyzlar, how! Wah, bägül ýaly gelin-gyzlar. Öz bagtyna palta salýan gelin-gyzlar-da. Bir gün erbet bela uçrajaklaryny bilenoklar. - A-how, eger eneden-atadan, otdan-suwdan, dogadan-tumardan, gargyşdan-nalyşdan gorkmaýan bolsalar, onda tüýs Allatagaladan gorkmadygy bolýar. - Sen ýalñyşýañ, goñşy! Şu tereziçiler Alladan gorkýan ýaly-la. Käwagt garbanyp bolansoñlar eñegini sypaýan ýaly-la. - Müñ gezek sypasalar-da, tereziniñ başynda bilgeşlän haramlyk edýänlere doga-da kömek etmez, töwir-de. Olar dowzahydyr, dowzahy. - Be, beýle çürt-kesik edäýdiñ-le, sakgaldaş! - Göz-görtele galplyk edip, terezide aldaýanlar dowzahydyr diýlip, musulman kitaplarynda uly-uly harplar bilen ýazylandyr. Asyl özüñ böwrüñi diñle-de, töweregiñe göz aýla. Dükanlarda tereziden çörek iýýän tanyşlaryñ barmy? Şolaryñ soñky takdyry, ykbaly nähili boldy? Hany oýlan! Şolaryñ birisem baýan däldir, gazanany janyna siñen däldir. Ömrüniñ soñky günleri "waý" bilen geçendir. Ahyretde bolsa näme görjegini, yzyna nähili talañ düşjekdigini bir Alla bilýändir. Biz diñe çak edýäs. Tereziçi bela ýolugýança, Alla bardyram öýdenok. - "Akylly adam iki dünýäniñ gamyny iýer, akmak ~ bir dünýäniñ" - diýlendir. - Hawa-da, dünýäde añlardan añlamazlar köpmüşin. - "Tereziçiniñ çagasy kiçijikkä bal iýer, ulalansoñ gedaýlap, ondan-mundan ýal iýer" - diýen nakylam bardyr. Bu nakyly durmuş döredýär. - "Kişiniñ haky ~ belanyñ oky" hem diýýändirler. - Öñler asma tereziler bolardy. Olara - "adamynyñ elinde, şeýtanyñ dilinde, alty aýagy bar, buýrugy bilinde" diýerdiler. Ata DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |