18:50 Sypjyk / satiriki hekaýa | |
SYPJYK
Satiriki hekaýalar
- "Ýalany goý, çyndan getir, oñarmasañ lal bol otur" diýipdirler. Sen bir añsat eklenç gözleýän, myžžygyny çykaraýmaly kezzabyñ tarypyny ýetirdiñ welin, menem bir çyn wakany beýan eýläýin - diýip, dälişgen Gelen aga myssa ýylgyryp, adamlara ýiti-ýiti seretdi. - Mälik ussany-ha tanaýansyñyz? Ynha, şonuñ kakasy Änewde özi ýaly kesir ussa bilen guda bolupdyr. Galyñyñ ujundanam on sany öweji öz täze öýdeniçerinden iberipdir. O zaman maşyn barmy ýükläp äkidäýer ýaly. Öweçleri özüñ paýy-pyýadalap sürüp äkitmelisiñ. Ondan-mundan çöplenip, entek biri-birine öwrenişmedik goýunlary birikdirip sürmegiñem nähili hupbatdygy özüñize belli! Guda bolan ussanyñ täze öýdeniçeri ýolda bir ýatyp, Änewe barýar-da, öweçleri hem ýany bilen haty kesir ussa gowşurýar. Guda boljak haty okaýar-da: - Ah-ow, ýigit, senden iberilen goýunlar on sany ekeni-le? - diýip urýar hemläni. - Hawa, on diýdiñ, ondy. - Bu getireniñ dokuz goýun ahyryn, orramsy?! - Meniñ adym orramsy däl. Meniñ adym Esgerdir. Dokuz diýseñ, dokuzdyr. - Esgermiñ, bolköýnekmiñ, ol öz işiñ. Ýöne men saña on sanynyñ deregine dokuz goýun getiripsiñ diýýän! Şoña-da düşüneñokmy?! - Dokuz bolsa dokuzdyr-da. - Goýunlar on bolmaly. Ynha, şu hatda ýazylypdyr: on, on, on !!! - On bolsa ondur-da. Ozalam kesir gudanuñ gahary kekirdegine gelýär. Bu tentege on bilen dokuzyñ tapawudyny nädip düşündirip bolarka? - diýip, böwrüni diñleýär-de, derrew goñşularyndan on sany adam jemleýär. - Şu adamlar näçe?! - Bular ondur, agasy, ondur! - Şuny-ha bilýän ekeniñ. Hany goñşular, heriñiz bir goýny tutuñ! Goñşular ýerli-ýerden topulyp, hersi bir goýny tutýar. Ýöne adamlaryñ biri boş galýar. - Ine, gördüñmi? - diýip, guda Esgeriñ gözüne barmagyny sokaýjak bolýar - bir adam boş galdy, boş! Öýdeniçerem dodagyny çommaldyp, mönsüräp: - Olam ylgan bolsa birini tutardy ahyryn - diýip, içýakgyç jogap berýär. Şu jogaby eşidenden, kesir guda bu öýdeniçeriñ mahawlardan däldigine, mekirlerdendigine derrew düşünýär. "Hä, gajymal deýýus" diýip, taýak bilen suñşuryberýär. Eger goñşular ara düşmedik bolsalar, guda ony maýyp edäýjek ekeni. Ata DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |