21:56 Keýpsizlik | |
KEÝPSIZLIK
Goşgular
Şu gün, näme üçindir, keýpim ýok meniň... Sähel wagt tapynsam, böwrün gyjyklap, Gününe goýmaýan kompýuterim, Ýatyr hol gyrada sebäbin çaklap. Göwünli-göwünsiz okuwa gidýän, Hemişe şadyýan partadaşymyň Degişmesi gulagyma ýakanok. Düşünemok sebäbine bolşumyň. Kitaphana barýan, Okaýan gazet, (Iň gowy güýmenjäm şudy hemişe). Ýok, bolanok, Gazetdenem haýyr ýok, Gezip ýörün, meňzäp gümürtik düýşe. Öýe gelýän. “Kaka, geldiňmi?!” diýip, Ylgap çykýar göwün mydarym – körpäm. Şu gün azar berme kakaňa, köşek, Hany seret, ejeň näm bişirýärkän?! Agşamlyk edinýäs, Diňe çemçeler Gümra hemişeki “söhbeti” bilen. Kä ýarymam sesi çykýar körpämiň, Agzyna et salsak, sem bolýar olam. “Belki, bir zat ýazyp bilerin” diýip, Umyt bilen atlanýaryn stula. Aýagy gyzmazak Bozduman ýaly, Galamymam düşübermedi ýola... Beýle-de bir agyr gün bor oguşýan, Salgysyn kim berer bu göwni açmaň!.. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |