Bu durmuşda diňe özüňi gorap ýaşap bolýarmy?! “Ýakyn” diýip hasap edeniňi her dürli belalardan sowmaklygy başarmaly. Mende beýle nukdaýnazar ýöne ýerden peýda bolmady.
***
Meniň ýanymda dostum bar. Ol meni goldaýardy.
– Haçana çenli öz üstüňden güldürip ýörjek? Ony öz ýerini görkezmeli! Beýle etmeseň – itiň durmuşy başlanar…
– Men näme edip bilerin?
– Näme uruşmakdan gorkýaňmy? Bagyşla, ýöne öz gowy görýäň gyzyňy nädip gorarsyň?
Bu soraga jogap berip bilmedim.
– Bu durmuşda kim näme diýse-de, oglan hökman uruşmany öwrenmeli.
– Nädip?
– Golaýda stadion bar.
– Hawa.
– Ol ýerde “kikboksy” öwredýär. Gelýäňmi?
– Gowy öwredýärlermi?
– Hawa.
Onuň teklibini kabul etdim. Ertesi ol ýere baryp ýazyldym. Ilkinji gezek baram-da tälimçi maňa:
– Ilki hemme zady gör. Soň ertir olaryň edýän zatlaryny gaýtalarsyň – diýdi.
Olar ilki bedenlerini “gyzdyrýarlar”. Garaz, ylgyýarlar, maşk edýärler…
Ikinji günde kikboksyň düzgünlerini aýdyp başlady.
– Kikboks – boks däl. Munda aýagyň bilen işlemeli…
Bir zady hergiz ýadyňyzda saňklaň! Diňe ruhubelent adam ýeňip biler. Öňünden ruhdan düşeni – ýeňildi diýip hasap edäýmeli…
Her gün sypdyrman gatnanyma bir aý geçdi.Özüme bolan ynam döredi. Ar almak islegi öz-özünden döredi.
***
– Biderek gatnadym-da…
– Näme üçin beýle pikir edýärsiň?
– Göreňokmy?
Meniň burnum döwükdi. Üst-başym gara gandy, gözüm göm gökdi.
– Näme “sparing” ýaly bolar diýip pikir etdiňmi? Bu köçe urşudyr. Ol ýerde kada-kanun ýokdur! “Iň güýçli ýeňýär” diýen biderek düşünjäni ýadyňdan çykar.
– Indi beýle durmuşda ýaşamalymy?
– Bu duşman – güýçli däl. Iň ökdesi – durmuş… Ol gowşak ýerleriňi öňünden bilip, ýerlikli urup bilýändir! Şonuň üçin gowy taýýarlyk görmeli…
– Kimdir birine aýdasym gelýär…
– Onda durmuşyň…
– Bilýärin – diýip sözüni böldüm.
Biziň aramyzda birsalymlyk ümsümlik aralaşdy. Soň men oňa gussaly seretdim.
– Men ony ýeňip bilerinmi?
– Öňünden ruhdan düşme! Wagty gelen-de hökman ýeňersiň!