21:39 Kim günäkär? / hekaýa | |
KIM GÜNÄKÄR?
Hekaýalar
Tahsin tüçjar bir söwdagäriň golastynda işleýärdi. Birnäçe ýyldan soňra işi ymykly öwrendim diýip özbaşyna bir dükan açdy. Otuz bäş ýaşan hem bolsa heniz öýlenmändi. Kellesinde diňe iş bilen pul bolandygy üçin öýlenmegiň pikirini hem etmeýärdi. Dükanyň garşysyndaky binaň ikinji gatynda bir hanym ýaşaýardy. Kämahal penjireden daşaryny synlan mahaly Tahsini görýärdi. Filiz hanym görmeksiz däldi. Otuz ýaşlaryndady, durmuşa çykmadykdy. Oňa söz aýdanlar kän bolupdy, emma göwüni kap dagynda bolany üçin hiç haýsyna razylyk bermändi. Ýaşy geçdigi saýyn ruhy çökgünlige düşýärdi. Ähtimal bu ruhy çökgünligi sebäpli penjireden gören adamyny halan bolmagy mümkin. Garybam däldi. Özüçe plan biçdi. Tahsiniň dükanyndan bir zatlar almaga ugrady. Ony ýakyndan synlansoň has-da halady. Şondan soňra dükandan aýagy kesilmeýän boldy. Söwdasyny uzaga çekdirip Tahsin bilen gürrüňleşýärdi, arasynda ýylgyryp Tahsinde täsir galdyrmaga dyrjaşýardy. Bu ýagdaý uzaga çekmedi, ikisiniň arasynda söýgi döredi. Filiz hanym kämahal hyýala çümýärdi "Dünýä injek çagamyz gyz bolsa, iň abraýly okuwda okadaryn. Okap uly derejelere ýetewersin, men ýaly garry gyz bolup galmasyn" diýýärdi. Soňra agtygyny oýlardy "Ol mawy gözli, gara gaşly çagajyk maňa el çarpyp ýylgyrsa nädip çydaryn" diýip öz göwün köşgünde güllerden güllere ylgaýardy. Bu ikisi durmuş gurdylar. Durmuşlarynyň ilkinji ýyllary gowy geçdi emma Tahsiniň juda ýadaýanlygy sebäpli aýalyna känbir üns bermedi, aralaryna sowuklyk aralaşdy. Aýalyň ärinden bitmeli işleri bardy, emma Tahsin bu ýagdaýlaryň pikirini hem etmeýärdi. Her wagt dükana gelýän Filiz hanym ol ýerde işleýän owadan ýigide, Nejata göwün berdi. Filiz hanym dükandan alan zatlaryny göterip bilmejekdigini aýdyp, Tahsine Nejatiden ugratmagyny haýyş edýärdi. Öýe gelen Nejatini Filiz hanym derrew ugradanokdy. Nejatide erbet niýet bolmasa hem Filiz hanym onda duýgy döretmäge synanyşýardy. Hanymyň bu islegini amala aşyrmaga amatly pursat döredi. Tahsin obadaky agasynyň öýlenýän oglunyň toýuna gitmekçidi. Birki gün obada galmakçydam. Işeňňir, öýüne belet, eli egri däldigine ynanýan Nejata dükany ynandy, hemem her wagt öýüne gerekli zatlary eltegmegini, aýalyna kömekleşmegini tabşyrdy. Bu tabşyrkdan soňra Nejati her gün agşam hojaýynynyň öýüne gidip gerek zatlarynyň bardygyny ýokdugyny soraýardy. Filiz hanym Nejatini içeri girizip az-owlak işiniň bardygyny aýtdy. Nejati elmydama işini dynansoň gidýärdi, emma bu sapar öý hanymy ony ugratmady. Öýde ýeke özi bolansoň gorkýandygyny, gijräge çenli ýanynda galmagyny haýyş etdi. Filiz hanym howaň yssydygyny bahanalap, ýüregim gysýar diýip, başga otaga geçip, eşigini çalyşdy. Göwüsi açyk, öňi ilkli halat geýdi, haladyň ilkleri hem ýarsyna çenli açylandy. Filiz hanym Nejati bilen gürrüňleşýärdi, hemem agşam nahary üçin saçagy bezeýärdi. Iki käse bira doldurdy. Biralara arak hem gardy. Nejati näderejede galmak islemese hem näbelli bir duýgy oňa galmagyny buýurýardy. Filiz hanym biranyň işdäni açýandygyny aýdyp içmegini isledi. Ömürinde şerap içmedik sada Nejata biraň tagamy biraz ajy duýuldy, ýöne halandygy üçin stakany boşatdy. Hanym ikinji stakana ep-esli arak garyp mejburlap diýen ýaly içirdi. Özi hem garşylykly içmekden lezzet alýardy. Nahardan soň ikisi hem stola geçip oturdy. Filiz hanym bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atyp otyrdy, öňi ilkli haladynyň aşagy biline çenli açylypdy, butlary mermer sütün kimin görnüp, daşyna çykyp durdy. Şeraba öwrenişikli däl Nejati ýarym serhoş bolupdy. Bulaşyk aňy bilen hanymyň budyny, owadan bedenini synlaýardy. Bu ýagdaý hanymyň islegini artdyrýardy, islegleriniň çaltyrak amala aşmagyna howlugýardy. Filiz hanym Nejatiden gyz tanyşlarynyň bardygyny, ýokdugyny, olar bilen nämeler gürleşip, nämeler edýändigini sorady. Nejati gyz tanyşlarynyň bardygyny, olar bilen adaty zatlary gürleşýändigini aýtdy. Filiz hanym olar bilen söýüşip, söýüşmeýändigini soranda Nejati biraz utanyp "ýok" diýdi. Bu jogapdan soňra Filiz hanym her ýetginjegiň söýüşmelidigini, ilkinji teklibiň we hereketiň ýigit tarapyndan bolmalydygyny aýtdy. Eger hiç kime aýtmasa, öz aralarynda galsa söýüşmegi öwretmek isleýändigini aýdyp elini Nejatiň boýnuna atyp, ýylgyryp beýhuş ediji gözleri bilen içine giräýjek bolup ýüzüne seredip başlady. Ikisiniň gözleri bir ýere geldi, Nejatini özüne çekdi, ýüzüni ýüzüne basyp, kellesini elleriniň arasyna salyp sypap, myçgylap başlady. Az salymdan soňra özüne ýelmeşdiren Nejatini seresaplyk bilen özünden aýryp gözlerine garady, çydap bilmän dodaklaryna ýapyşyp sormaga başlady. Nejati ömürinde ilkinji gezek başyndan geçirýän bu işiniň düýşdügini ýa-da huşdugynam aňşyryp bilenokdy. Özünden geçip hanymy durky-düýrmegi bilen gujaklaýardy. Ýarym ýalaňaç bolan Filiz hanym Nejatini hem öz elleri bilen çykaryndyrdy. Huşundan gidäýjek ýagdaýa düşen Filiz hanym Nejatini elleri bilen südürdedip diýen ýaly düşege eltdi. Hanym myhmanyny ol gije ugratmady. Bu pursat ikinji gezek eline geçmejek ýaly Nejatini gujaklap gana-gana ogşady, ogşady… Daň atdy, oýandylar. Nejati az-kem darykýardy emma Filiz hanym onuň darykmazlygy üçin elinden gelenini gaýgyranokdy. Ertirlik edindiler. Nejati dükany açdy. Birnäçe gün soňra Tahsin obadan dolandy. Işlerine dowam etdiler. Nejatiň öýe gideninde giç gelmegi, sagatlap öýde galmagy, Filiz hanym dükana gelende Nejati bilen gereginden artyk aladalanmagy Tahsiniň ünsüni çekýärdi. Bir gün Nejatini öýüne ugradanynda ýene-de gijigensoň özem öýüne ugrady. Gapyny açyp sessizlik bilen otaga girdi, olary wejeralygyň üstünde ele salansoň däli-telbä döndi. Çübüsindäki sapançany çykaryp gözüni gyrpman ikinsi bir oka tabşyrdy... *** Bu hekaýany başyndan soňuna çenli diňlän Nury aga ornundan galdy, daş-töweregine garanjaklap: – Lailahe illallah! Ýa Allam azdyrmaweri. Şeýtanyň şerinden goraweri!… – Nury aga, Alla näme üçin azdyrsyn? Alla bu ýalançylary näme etsin? – Toba diýeweri oglum, Alladan bidin hiç närse bolýan däldir. – Nury aga, bular öz aralarynda ylalaşyp göwün solpundan çykypdyrlar. Sen muňa Alladan diýýärsiň. Bu näme sebäpden Alladan bolsun? Günäkär Allamy? – Oglum, Alladan däl-de kimden? – Kimden bolsun, pula kuwalaşyp aýalyny ünsden düşren Tahsinden. H. Esat ÝAWUZTÜRK Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI #H. Esat Ýawuztürk "Kompassyz gämi" ("Pusulasız gemi" "Siyah beyaz" neşirýaty, Istanbul 2008) hekaýalar ýygyndysy kitabyndan alyndy. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||