07:09 Kitap diňleýjileriniň sany artýar | |
KITAP DIÑLEÝJILERIÑ SANY ARTÝAR
Edebiýat täzelikleri
Siz öz hyýalyňyzda geçmişe dolanýandygyňyzy janlandyryň. Heniz elektrik togunuň hem oýlanyp tapylmadyk şol döwürlerinde dessanlar, rowaýatlar, goşgular, ertekiler we beýleki eserler dilden dile geçirilip, beýan edilipdir. Adamlar iňrik garalansoň bir ýere jemlenip, rowaýat, dessan, erteki aýdyp wagtlaryny gyzykly geçiripdirler. Bu diňe bir wagty hoş geçirmek üçin däl, eýsem, terbiýeçilik babatda hem ähmiýeti uly bolupdyr. Şol döwürlerde bisowat adamlar hem ertekilerdir dessanlary ýatdan bilipdirler. Ýyllar geçýär. Bilim hemmelere elýeterli bolandan soňra her kim özbaşdak kitap okap ugraýar. Tehnologiýanyň barha kämilleşýän häzirki döwründe kitap diňleýjileriniň sany hem barha artýar. Wagtyň nagtdygyna has oňat düşünilýän häzirki döwürde adamlaryň wagty has gymmatly. Bu bolsa, adamlaryň gündelik endiklerini özgertdi. Adamlaryň käbiri günüň belli bir wagtyny jemgyýetçilik ulaglarynda geçirip, smartfona güýmenýärler ýa-da kitapdyr žurnal okaýarlar. Emma jemgyýetçilik ulaglarynda okap, oňa doly düşünäýmek ýeňil iş däl. Şeýle bolansoň, käbir okyjylar audiokitap diňlänini kem görenoklar. Bu bolsa, dürli göwrümli eserleriň ses berlen görnüşiniň, ýagny, audiokitaplaryň sanynyň artmagyna sebäp boldy. Birnäçe ýyl ozal kitaplaryň ses ýazgyly görnüşleri edil aýdymçylaryň albomlary ýaly (köplenç ykjam disklerde) aýratynlykda satylýan bolsa, indi internetde şeýle eserleri hödürleýän ýörite saýtlar bar. Elektron kitaplaryň döränine köp wagt geçmedik hem bolsa, indi neşirýat pudagynda audiokitaplar uly orun eýeläp başlady. Okyjylaryň köpüsi okamagyň mümkin bolmadyk ýerlerinde audiokitaplary diňlemegi halaýarlar. Häzirki wagtda “sesli” kitap platformalarynyň sany günsaýyn artýar. Maglumatlar pandemiýa döwründe kitabyň kagyza çap edilen, elektron we sesli görnüşleriniň ählisine islegiň ýokarlanandygyny görkezýär. Aýdym-saz platformalaryndaky ýaly aýlyk abonent hyzmatlaryny hödürleýän platformalar neşirýat edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. • Audiokitaplara isleg nirede, näçeräk? “Sesli” kitap okyjylarynyň sany her ýurtda bir hili. ABŞ-da we Demirgazyk Ýewropada köp ýyldan bäri ses ýazgyly kitaplar neşirýat pudagyna degişli diýlip hasaplanýar. Bu sebitlerde köp kitabyň kagyz görnüşi ses ýazgyly nusgasy bilen bilelikde ýaýradylýar. ABŞ-da kitap bazarynyň 5 göterimini, Beýik Britaniýada 5,7 göterimini we Germaniýada 3 göterimini ses ýazgyly kitaplar emele getirýär. “Grandviewresearch.com” saýtynyň taýýarlan maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde 3,3 milliard dollarlyk bazary bolan ses ýazgyly kitap bazarynyň gymmaty 2027-nji ýyla çenli 5 esse ösüp, 15 milliard dollara ýeter. • Bu ugurda işleýän kompaniýalar Internet arkaly eserleriň ses ýazgylaryny hödürleýän kompaniýalaryň biri “Storytel AB” hasaplanýar. 2006-njy ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde esaslandyrylan kompaniýa häzirki wagtda dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar. Kompaniýa 2016-njy ýylda Şwesiýanyň iň uly neşirýaty bolan “Norstedts förlag”-i satyn aldy. Kompaniýa 2017-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Ispaniýa, Hindistan we Birleşen Arap emirlikleri ýaly ýurtlarda iş alyp barýar. Platformanyň dünýäde 1,6 milliondan gowrak abunaçysy bar. Audio kitap bazarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň biri hem “Audioteka”-dyr. 2008-nji ýylda Polşada esaslandyrylan kompaniýa häzirki wagtda 23 ýurtda 9 dilde audioeserleri hödürleýär. ABŞ-nyň “Amazon.com Inc.” kompaniýasynyň “Audible” atly platformasy hem kitaplary we beýleki ses ýazgylary hödürleýär. • Audio kitaplar kagyz kitabyň ýerini tutarmy? Bu pudakda iş alyp barýan bilermenleriň pikirine görä, eserleriň ses ýazgylarynyň hödürlenmegi hakyky kitaplaryň ornuny tutmaýar. Okyjylar aýratynlykda kagyz kitaplara hem isleg bildirýärler. Adamlar audiokitaplardan köplenç, eliňe kitap alyp okap bolmaýan ýagdaýlarda peýdalanýarlar. Hatda okyjylaryň köpüsi “sesini eşiden” kitabynyň kagyz görnüşini satyn alýar. • “Podcast”-ler okamaga höwesi atdyrýar Soňky ýyllarda ses ýazgylaryna islegiň ýokarlanýandygyny belläpdik. Bu kitaplaryň artmagyna, esasan, “podcast”-leriň goşandy uly bolupdyr. Edebi eserleriň we beýleki ses ýazgylarynyň elektron enjama göçürip alyp bolýan kiçi göwrümli görnüşine “podcast” diýilýär. “Podcast” aýdym, saz, hekaýa ýa-da eserden islendik bir parça hem bolup bilýär. Şwesiýanyň ses we mediýa platformasy bolan “Spotify”-däki “podcast” sany 2018-nji ýyldan bäri 2500 göterim köpelipdir. Şu ýylyň başyndan bäri platforma 1,5 million täze “podcast” goşulypdyr. “Chartable” seljeriş şereketiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde 885 müňden gowrak täze “podcast” ýaýradylypdyr. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan üç esse köp. 2020-nji ýylda şahsy enjamlaryna “podcast” ýükläp alýanlaryň sany 180 göterim ýokarlanypdyr. “Podcast”-leriň arasynda diňe aýdym-saz ýa-da edebi eserler däl, eýsem, ylmy makalalar, ýaş telekeçiler üçin maslahatlar hem bar. • Zenanlar has köp diňleýär Kitap “diňlemekde” zenanlar erkeklerden tapawutlanýarlar. Bu platformalaryň diňleýjileriniň ortaça 60 göterimden gowragyny zenanlar, 40 göterimine golaýyny erkekler emele getirýär. Iň köp kitap diňleýänleriň 35-44 ýaş aralygyndaky adamlardygy bellenilýär. Ulanyjylar köplenç sagat 22:00-00:00 aralygynda kitap diňleýärler. • Kitaba nähili ses berilýär? Ilki ses beriljek eser kesgitlenýär. Soňra oňa zenanyň ýa-da erkegiň ses berjekdigi anyklanýar. Muny köplenç, neşirýat we awtor kesgitleýär. Munda eseriň mazmunynyň täsiri has uludyr. Bütin dünýäde çagalara niýetlenen kitaplar uly orun eýeleýär. Şeýle bolansoň, bu kitaplaryň hem audio görnüşleri az däl. Amanmyrat BAÝMYRADOW, žurnalist. | |
|
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |