19:33 Iñ gowy dost | |
Iň gowy dost
Edebi makalalar
Kitap — biziň dostumyz, syrdaşymyz. Nämäni bilmek, öwrenmek islesek, kitaba ýüz tutýarys. Eýsem, siz dünýäniň iň gowy çagalar kitaphanalarynyň haýsylardygyny bilýärsiňizmi?! Bu bilim ojaklarynyň tutuşlygyna körpe okyjylara niýetleneni hem bar, uly kitaphananyň bir bölüminiň çagalara berleni-de. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanşalyň! ● Metropol söwda merkezindäki kitaphana (Daniýa). Adatça söwda merkezleri dürli harytlaryň satylýan ýeri hasaplansa-da, bu ýeriň bir bölegini körpeler üçin niýetlenen kitaphana emele getirýär. Kitaphananyň ortasyndaky «agaç» tekje, kitaplardan doly «howuz», «goşgy okaýan» merduwan we okamaga niýetlenen öýjagazlar kitaphon körpeleri özüne çekýär. Kitap tekjeleri hem örän oňat bezelipdir. Öwrediji kompýuterler we beýleki interaktiw enjamlar bu ýeriň körpe myhmanlaryny biparh goýmaýar. ● Magdeburg halk kitaphanasy (Germaniýa). Bu ýer arassa howada kitap okamagy halaýanlar üçin niýetlenilendir. Açyk asmanyň astyndaky kitaphanadan alan kitabyňyzy yzyna tabşyrmaly ýa-da ony özüňde saklamak isleseň, ýerine başgasyny beräýmeli. Kitaphanada okamak bäsleşikleri we beýleki çäreler hem guralýar. Onuň daş-töweregindäki galyň diwarlardaky tekjelerde 20 müň töweregi kitap saklanýar. ● Surat kitaplary kitaphanasy (Ýaponiýa). Bu kitaphana mekdebe çenli ýaşly çagalara niýetlenen kitapdyr depderlerden we beýleki okuw esbaplaryndan doly. Onda, esasan, reňklemegi, ýazmagy, daş-töwerekdäki zatlary öwredýän kitaplaryň ençemesi bar. Şeýle hem ertekidir multfilm gahrymanlary bilen bezelen kitaplar körpeje okyjylary özüne çekýär. ● Pekin Poplar kitaphanasy (Hytaý). Kitaphananyň älemgoşar reňkleri bilen bezelen diwarlary, kiçijik okalga otaglary kitap okamak üçin iň amatly mümkinçiligi hödürleýär. Ýurduň iň uly çagalar kitaphanasy 2005-nji ýylda açylyp, ol ýerde iri kitap dükany hem hereket edýär. Bu ýerde körpe okyjylar üçin hytaýça kitaplar bilen bir hatarda, Amerikadan, Ýewropadan we Ýaponiýadan getirilen kitaplaryň müňlerçesi bar. Kitaphanada çagalaryň ene-atalary bilen bilelikde kitap okamaklary üçin hem zallar bar. Oýun meýdançasynda bolsa, günüň belli sagadynda körpe myhmanlara erteki aýdyp bermek, sungat sergilerini guramak ýaly çäreler hem geçirilýär. ● «Brentwood» kitaphanasy (ABŞ). Okalganyň täsin girelgesi, kitap şekilli oturgyçlar, ertekilerdäki ýaly agaç we çagalar üçin giň meýdança bu kitaphananyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu ýerde hereketiňe görä jogap berýän we gepleýän hüwi, öwrediji oýunlar oýnalýan meýdança körpe okyjylary özüne çekýär. Bu ýeriň körpe myhmanlarynyň sany tomsuna has hem köpelýär. Sebäbi her dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda ýörite kitap okamak bäsleşikleri geçirilýär. Bu döwürde kitap okamaga yzygiderli gatnaşýan çagalaryň sany müňden hem geçýär. Şeýle hem kitaphanada dynç alyş möwsüminde aýdym-sazly çykyşlar, sirk tomaşasy, göçme gurjak teatry ýaly gyzykly medeni çäreler guralýar. Has kiçi çagalar üçin bolsa, mekdebe taýýarlyk çäreleri geçirilýär. Bu ýerde çagalar üçin kitaplaryň we žurnallaryň müňlerçe nusgasy bar. Amanmyrat BAÝMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |