13:19 Ýolda kitap okamak - wagtyñy tygşytlamak | |
ÝOLDA KITAP OKAMAK — WAGTYÑY TYGŞYTLAMAK
Edebi makalalar
- Işe ýa-da okuwa gatnan wagtyňyzda kitap okasaňyz bir ýylda onlarça kitaby okap bilersiňiz Adamlar her günde ir bilen okuw ýa-da iş üçin öýünden çykyp, ep-esli wagtyny ýolda geçirmeli bolýarlar. Daşary ýurtlaryň birinde geçirilen barlaga görä, her gün iki sagadyny ýolda geçirýän ýolagçylaryň sany 10 ýyl ozalka garanyňda 72 göterim köpelipdir. Bu ýagdaýy şäherleriň giňemegi bilen düşündirýärler. Londonyň ýaşaýjylary hepdede ortaça 6 sagat 10 minut wagtyny işe gatnamak üçin sarp edýär. Bu görkeziji Nýu-Ýorkda 8 minut köp. - Hepdede 5 güniň dowamynda minutda 200 söz okalanda, bir ýylyň dowamynda, diňe işe gatnalanda, onlarça kitaby okamak mümkin. - Geçirilen barlaglar 1980-nji ýyldan soňra dünýä inenleriň ozalky nesle garanyňda has köp okaýandygyny görkezýär. - ABŞ-da 18 — 29 ýaş aralygyndakylaryň 72 göterimi kagyza çap edilen adaty kitaplary okaýar. Şeýle hem geçirilen pikir soraşmada 44 ýaşyndan kiçiler kitap okamagy halaýarlar we elektron enjamlar bilen köp wagt geçirmek islemeýändiklerini belleýärler. - Bu maglumatlar elektron kitaplar çykanyndan soňra belli bir wagtyň dowamynda adaty kitaplara bolan islegiň pese düşendigini we soňky 3 ýylda olara bolan islegiň gaýtadan artyp başlandygyny görkezýär. - Neşirýat edaralary okyjylaryň endiklerini göz öňünde tutup, şoňa görä täze taslamalary taýýarlaýarlar. Mysal üçin, «Penguin» neşirýaty syýahat döwründe ýanyňda götermäge has amatly bolan jübi kitaplaryny çykarýar. «Oxford University Press» bolsa 35 müň sözden ybarat aňsat okalýan kitaplary neşir edýär. • Hepdede bir kitap Her bir okyjy minutda 300 söz okaýar. Şeýlelikde, her hepdede 6 sagatdan gowrak wagtyňy ýolda geçirýän bolsaň, bu wagtyň dowamynda 100 müňden gowrak söz okap bolar. Munuň özi bir hepdäniň dowamynda 300 — 400 sahypalyk kitaby okap çykmagyň mümkindigini aňladýar. Hususy awtoulagy bolan adamlar üçin ses ýazgyly (audiokitaplar) kitaplar amatly bolar. • Wagta görä kitap saýlamak Eýsem, ulagda barýarkaň okamak üçin nähili kitap saýlanyp bilner? Hünärmenler, eger siziň ýoluňyz 15 minutdan az bolsa, onda goşgy, gysga hekaýalar ýa-da täzelikleri okap biljekdigiňizi aýdýarlar. 45 minuta çenli ýolda bolýanlar roman okasalar gowy bolar. Romandyr powestler gazetlerde we žurnallarda bölekleýin çap edilýär. Şeýle žurnallardan hem peýdalanylyp bilersiňiz. 60 minutdan uzaga çekýän ýolda okaýan zadyňa has köp üns berip bolýar. Gysga ýolda iri eserleriň gahrymanlaryny, wakalary öwrenip ýetişip bolmaýar. Sebäbi onuň iň gyzykly ýerinde — wakanyň ortasynda ulagdan düşmeli ýeriňize gelmegiňiz mümkin. • Endik etmek Haýsy kitaby okap başlajakdygyny bilmeýänler öz ýaşyna, ylym-bilim derejesine görä, saýlap bilerler ýa-da birinden kömek soramak bolar. Gysga aralyga gatnaýanlar yzygiderli kitap okasalar, wagtyň geçmegi bilen, ünsüni bölýän zatlaryň täsirinde galmazlygy öwrenýärler. Munuň üçin okamagy endik etmek zerurdyr. Hünärmenler yzygiderli kitap okaýanlarda okamaga bolan höwesiň artjakdygyny we belli bir wagtdan soňra işe gitmegiň ýa-da işden gaýtmagyň onuň üçin iň gyzykly we garaşylýan pursata öwrüljekdigini belleýärler. Amanmyrat BAÝMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |