10:32 "Gorkut ata" dessanynyñ çeper-taryhy kökleri | |
«GORKUT ATA» DESSANYNYŇ ÇEPER-TARYHY KÖKLERI
Edebiýaty öwreniş
Türkmen halkynyň akyl-paýhasyndan dömüp çykan dürdäneleri adamzadyň uzak taryhy döwürde gazanan ahlak ýörelgelerini, watançylyk, gahrymançylyk, adamkärçilik baradaky duýgy-düşünjelerini milli röwüşde şöhlelendirýän çeper ruhy gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz parçasyna öwrüldi. Türkmenleriň taryhyna, sungatyna, däp-dessuryna, edep-ekramyna we duýgy-düşünjesine degişli taryhy hem-de edebi gymmatlyklar adamzat durmuşynyň ösüş syrlaryny açmaga ýardam edýän gözli çeşme hökmünde dünýä ylmynda ykrar edildi. Zehinli adamlaryň paýhasyndan dömüp çykan çeper gymmatlyklar belent Watançylyga, okgunly gahrymançylyga, egsilmez hyjuwa, ene süýdi ýaly halal ahlaga, tämiz söýgä ýugrulandyr. Olarda halkyň çyn taryhy, sungatydyr medeniýeti jemlenendir, ata-babalarymyzyň çeper-jemgyýetçilik aňy, döredijilikli gözlegleri we şahyrana ukyby dürli çözgütli, çuň many-mazmuny eserlerinde beýan edilendir. Bu babatda türkmenleriň çeper-ruhy ahwalatyny, durmuşydyr ahlagyny töwerekleýin açyp görkezýän dessanlara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi türki halklaryň folklory çeper söz sungatyň örän kämil nusgasyna öwrülen dessanlara baý bolup, hut şu aýratynlygy bilen ol dünýä folklorynda tapawutlanýar. Dessanlaryň, aýratyn hem gahrymançylykly dessanlaryň emele gelşi, ösüşi halkyň taryhy hem-de gahrymançylykly durmuşy, edermenlik, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk baradaky arzuw-islegleri, duýgy-düşünjeleri bilen baglanyşyklydyr, taryh bilen çeper ruhy pikirlenişiň sazlaşygy esasynda dörän özboluşly söz sungatydyr. Şoňa görä olaryň taryhy kökleri gadymyýete siňip gidýär, ata-babalarymyzyň has gadymky durmuşy ahlagy, edim-gylymlary gahrymançylykly miflerde we efsanalarda saklanyp galypdyr. Gadymy hekaýatlaryň esasynda emele gelen «Oguznamada», «Gorkut atada» bolsa, oguzlaryň-türkmenleriň köp asyrlyk durmuşy, ahlagy we gylyk-häsiýeti çeper beýan edilipdir. Dürli çeper çözgütlerden we ykballary, gylyk-häsiýetleri biri-birine meňzemeýän gahrymanlardan ybarat bolan bu eserler örän kämil söz sungaty derejesine ýetirilipdir. Milliligiň aňyrsynda bolsa türki dessançylyga mahsus umumy alamatlaryň ýatýandygy, her bir çeper eseriň özüne mahsus umumytürki ösüşiniň bardygy subut edilen hakykatdyr. Munuň şeýledigine gahrymançylykly dessanlaryň ösüşinde jemgyýetçilik edebi hadysa öwrülen «Gorkut ata» dessany anyk kepilnama bolup bilýär. «Gorkut ata» gadymy dessandyr, onuň ilkinji nusgalary türki halklarda ýaňy dessançylyk däbi emele gelip başlan döwründe kemala gelipdir. Ol Keýumersdir Tumarlydan soňky, Görogludan öňki zamanyň taryhydyr çeper hadysalaryny özünde jemläpdir. «Gorkut atadan» öňki zamandaky halkyň edermenligi Keýumersde, Şirakda, Tumarlyda jemlenipdir. Emma olaryň edermenligi, ýagşylyk ugrundaky hereketleri, mifiki dünýäden, mifiki gahrymançylykdan saplanyp bilmändir. Şol döwrüň adamlarynyň aňy, düşünjesi fetişlerden, totemlerden ybarat bolup, onuň özenini mifiki dünýä emele getiripdir. Şeýle halda ol başgaça pikirlenip biljek däldi. Şoňa görä, oguzlaryň gadymky ata-babalary ýagşylyk bilen ýamanlygyň, haýyr bilen şeriň, namart bilen merdiň aratapawudyny diňe güýç bilen saýgaryp bolýandygyna, ynsan güýjüniň, gaýratynyň rüstemdigini diňe jadyly, gudratly hereketler arkaly ykrar edip bolýandygyna ynanypdyr. Bu ýerde ynsan güýji gudratlydy, hyýalydy, geografiýasy giňdi. Taňry bilen ýeriň arasynda ýaňy emele gelýän ýaşaýyş mifiki düşünjelerden, mifiki hereketlerden doludy. Ynsan durmuşyna müdümilik ornaşan haýyr bilen şeriň gadymy söweşi ýer bilen arşyň arasynda ýaňy ýaýrap başlapdy. Taňrynyň ýeke damjasyndan emele gelen Keýumers ýagşylygyň hatyrasyna özüni gurban edip, adam bilen zenany bu jahana inderipdi. Şeýlelikde, ynsanyň çeper pikirlenişi kem-kemden bekäp, örňäp, emele gelşiň müňde bir çeper çözgüdi ruhy gymmatlygyň akabasyna goşulypdy. Adamzadyň soňky ösüşi toslamalardan, howaýy hyýaldan az-uz daşlaşypdyr, ynsanyň hakyky güýjüne, mähir-muhabbetine sarpa goýup başlapdyr. Şonuň netijesinde Tumarly, Şirak watanyny, halkyny, neslini halas etmek üçin edermenlik, mertlik görkezipdir... Oguz döwründe bu edermen şahslaryň görkezen mertligi, watançylygy has pugtalanypdyr, öňki nesilleriň edebi we taryhy däpleri, şeýle hem mifiki edermenlikleri indi anyk hadysalara, anyk şahslara bagly bolupdyr. Harby hereketleriň ýaýbaňlanmagy, uly we güýçli dinastiýanyň emele gelmegi ynsanyň kämilleşmegine, çeper ruhy gözlegleriň berkemegine, baýlaşmagyna getiripdir. Bu uly dinastiýanyň çeper jemgyýetçilik aňy oguzlaryň-türkmenleriň ruhy gymmatlygyny özüňde jemlemek bilen çäklenmändir. Dinastiýanyň hökümi ýöreýän ýerlerindäki halklaryň folklory we edebi döredijiligi biri-birine ýakynlaşypdyr, umumylaşypdyr, şunuň esasynda baýlaşan edebi gymmatlyk emele gelipdir. Gahrymançylykly hekaýatlaryň we rowaýatlaryň birleşip, bütewi bir esere öwrülmegi hem şu döwürde ýüze çykypdyr. Şu ösüşde taryh bilen edebi hadysanyň sazlaşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirilipdir, täze žanrlar, çeper çözgütlerdir özboluşly beýan etmeler söz sungatyna goşulypdyr. Bu çeper ösüşe oguzlar öndümli goşant goşupdyr. Mälim bolşy ýaly, oguzlaryň çeper taryhy birden döremändir. Ol öňki edebi gymmatlyklardan gözbaş alyp gaýdypdyr we täze çeşmesini oguzlaryň durmuşyndan, edermenliklerinden, ahlagyndan, pähim-paýhasyndan, dünýä we ýaşaýyş hakyndaky pelsepelerinden susup alypdyr. Bu ýerde mifiki edermenlik bilen anyk edermenligiň arasyna çäk goýlupdyr. Şol döwrüň aňy, edermenligi mifiki dünýäni ýeňip, öz agalygyny, öz hökümini edebi hadysa hökmünde ornaşdyrypdyr. Edebi durmuşda bolan bu beýik özgeriş gahrymançylykly dessanlary döredipdir. Ylmyň gelýän netijelerine görä, gahrymançylykly dessanlaryň emele gelmegi üçin möhüm şertler, alamatlar, taryhy we edebi oňaýlyklar gerek. Türkmen dessanynyň emele gelmegi üçin möhüm taryhy wakanyň-söweşiň, şol söweşde edermenligiň nusgasyna öwrülen taryhy şahsyň hem-de halkyň çeper jemgyýetçilik aňynyň, isleg-arzuwynyň, edermenlik, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk baradaky heniz çeper gymmatlyga öwrülmedik duýgy-düşünjäniň bolmagy hökmandyr. Oguzlaryň döwründe gahrymançylykly dessanyň döremegi üçin şeýle şert emele gelipdir. Netijede, oguzlaryň durmuşy, ahlagy we harby-tertip nyzamy, edermenlik, gahrymançylyk baradaky meýilleri birgiden eserler toplumyny döredipdir. Gorkut ata şol eserleriň bir bölegini ýazga geçiripdir. Oguzlaryň taryhy bilen baglanyşykly dessanlar üç sany ugry emele getiripdir. Dessanlaryň bir topary daşa ýazylypdyr, olarda kaganlaryň edermenlikleri, durmuşy çeper beýan edilipdir. Dessanlaryň ikinji topary halkyň dilinde ýaşapdyr. Halk agysyny aglap, toýuny toýlaýan, watanyny, namysydyr aryny keseki duşmanlardan goraýan batyrlar hakda ilki hekaýatlary aýdypdyrlar. Olary dilden-dile geçirip, nesillere ýadygär goýupdyrlar. Şeýle rowaýatlar, hekaýatlar kem-kemden, wagtyň geçmegi bilen, bir eseriň töwereginde jemlenipdir. «Gorkut ata» dessany hem şunuň ýaly ösüşiň, döredijilikli özgerişiň esasynda emele gelipdir. Dessanlaryň üçünji topary söýgi bilen baglanyşykly. Dini dessanlar has soň döräpdir. «Gorkut ata» dessany şu üç akabadan geregini alypdyr. Şol döwürde oguz bilen gypjak aýrylyşypdy, Emma «Gorkut atada» oguz dessançylyk däbi bilen birlikde, gypjak dessançylyk däbi hem saklanyp galypdy. Sebäbi dessan bir asyrda kemala gelmeýär, ol birnäçe asyryň taryhy wakalaryny öz içine alýar. Berk dessançylyk däp yzygiderli berjaý edilýär. Häzirki türkmen dessançylyk däbi oguz-türkmen hem-de gypjak dessançylyk däbinden gözbaş alyp gaýdýar. Şoňa görä «Gorkut atada» oguz-türkmen hem-de gypjak dessançylyk däbi sazlaşykly we döredijilikli saklanyp galypdyr. Oguz dessançylyk däbi (biz diňe bir türkmen dessanlaryny göz öňünde tutýarys), sejireçilik («Oguznamalar»), gahrymançylyk («Gorkut ata», «Görogly», «Keýmir kör», «Ýusup Ahmet», we başgalar), söýgi-sosial («Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» we başgalar) ýaly gadymy ugurlary özünde jemläpdir. Ýeri gelende soňky asyrlarda dessançylyk däbi bu ugurlaryň giňändigini, temalarynyň artandygyny aýdasymyz gelýär. Dessanlaryň şu taryhy köklerine laýyklykda oguz dessançylyk däbinden gadymy ýunan, pars, arap, hindi, hytaý, mongol dessançylyk däpleri, beýan ediş usullary belli derejede saklanyp galypdyr. Şu alamatlar oguz hem-de gypjak dessançylyk däbiniň gadymy ýakynlygyna, garyndaşlyk gatnaşygyna we oňaýly edebi umumylygyna zeper ýetirmändir, tersine, olaryň baýlaşmagyna hem-de dünýä derejesindäki eserler hökmünde ykrar edilmegine getiripdir. «Gorkut atanyň» many-mazmunynyň, şahyrana dünýäsiniň «Manas», «Jangar», «Kyrkgyz», «Alpamyş», «Kozy Körpeş-Baýan Suluw» ýaly iri göwrümli eserler bilen deň goýulýanlygynyň, köp derejede şu eserleriň baýlaşmagynda çeşmelik hyzmaty ýerine ýetirýänliginiň esasy sebäbi bu eseriň gadymda, mundan 1500-2000 ýyl öň döränligindedir. «Gorkut ata» bilen «Manas» dessanlar topary bolsa bir döwürde-kaganlar döwründe dessan görnüşine gelipdir. Şu gadymy döreýiş «Gorkut atada» gypjak dessançylyk däbiniň, ýagny wakany, hereketi, duýgy-düşünjäni ak goşgy bilen beýan etmegiň saklanyp galmagyna sebäp bolupdyr. «Gorkut ata» dessanynyň şygry türkmen şygyr sungatynyň başlangyjydyr. Mahmyt Kaşgarynyň «Sözlügindäki» şygyrlary okap, öwrenip oguz-türkmen şygrynyň nähili çeper ösüşi başyndan geçirendigine göz ýetirse bolýar. Dessanyň kyssa bölümi hem örän çeperdir we ak goşga mahsus serişdelerden, tärlerden püre-pürdür. Dessandaky gahrymanlaryň çeper ahlagy, hereket meýdany oguz-gypjak dessançylyk däbiniň ýakyn edebi gatnaşykda bolandygyna kepilnamadyr. Maryda önüp-ösüp, üç türkmen patyşasyna wezir bolan Gorkut atanyň Oguzlaryň gahrymançylykly dessanyny ýazga geçirmegi, bu kitabyň soňra sowatly, ylymly adamlar tarapyndan birnäçe gezek göçürilmegi, ujypsyz böleginiň biziň döwrümize çenli saklanyp galmagy uly baýlykdyr. Dünýä medeniýetiniň ruhy gymmatlygyna öwrülen «Gorkut ata» dessanynyň baş temasy edermenlikdir, watançylykdyr, päk ahlaklylykdyr. Sebäbi bu dessan adamzadyň edermenlik, watançylyk babatda gazananlaryny taryhy esasda, şeýle hem çeper esasda, özüne siňdiren eserdir. Her bir halky dessanyň döreýşi, ösüşi halkyň döreýşinden, çeper jemgyýetçilik aňyndan, milli özboluşlylygyndan, edermenlik, päk ahlak, arassa söýgi baradaky idealyndan üzňe däldir. Şoňa görä her halkda gahrymançylykly dessanlaryň özüne mahsus ösüş aýratynlyklary bardyr. Taryhylygy, çeperçiligi, obrazlary babatda tutýan orny, ýeri bardyr. Biz gadymy oguzlaryň-türkmenleriň gahrymançylykly dessanlaryny öwrenip, olaryň emele gelmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän edermenligiň umumy ösüşini ýüze çykardyk, gahrymançylykly dessanlaryň döremegine sebäp bolýan çeper hadysalary, şertleri takykladyk. Bize belli bolan häzirki çeşmeler we taryhy ähmiýetli ýadygärliklerde saklanyp galan maglumatlar türkmen halkynyň epiki gahrymançylygynyň dört sany ösüşi başyndan geçirendigine kepil geçýär. Ilkinji epiki gahrymançylyk, belläp geçişimiz ýaly, mifiki gahrymançylyklydyr. Ynsan aňynyň tebigat güýçlerinden asgyn wagty dörän bu gahrymançylyk ýaradylyş, döreýiş bilen baglanyşyklydyr. «Keýumers», «Nuh pygamber», «Adam ata», «Tumarly», «Şirak» baradaky gadymy hekaýatlar epiki gahrymançylygyň ilkinji ösüşine degişli bolup, olarda miflere mahsus edermenlik güýçlüdir. Durmuşyň ösmegi, ynsan aňynyň kämilleşmegi mifiki edermenligi gysypdyr, onuň ýerine feodal ahlaga mahsus edermenlik emele gelipdir. Söweş usullary kämilleşip, ynsanyň anyk edermenligi ýüze çykyp ugrapdyr. Indi ynsan öz edermenligini mifiki güýçlerden däl-de, haýwanlardan gözläp ugrapdyr. Netijede, orta asyrda gahrymançylykly dessanlara tema bolan edermenlik haýwanlaryň we guşlaryň dokuz sany häsiýetiniň bolmagy bilen ölçenipdir, ýagny edermen şahsda horazyňky ýaly mertlik, towugyňky ýaly iňrelik, ýolbarsyňky ýaly ýüreklilik, tilkiniňki ýaly mekirlik, itiňki ýaly sabyrlylyk, laçynyňky ýaly belent pikirlilik, gurduňky ýaly açgözlik, durnanyňky ýaly hüşgärlik bilen ölçenipdir. Şeýle häsiýetleri özünde jemlän şahsyň idealy kanuny şertde häkimligi, ýurdy keseki basybalyjylardan goramak, her hili gara güýçlerden saklamak bolupdyr. Epiki edermenligiň bu ösüşi «Gorkut ata» eposyny döredipdir. «Gorkut ata» mifiki edermenlikden dömüp çykypdyr, irki feodal döwrüne mahsus edermenligi özüne siňdiripdir we soňky döwürlerde dörejek gahrymançylykly dessanlaryň baýlaşmagyna, ösmegine hemaýat edipdir. Orta asyrlaryň soňky ýyllarynda ynsan paýhasynyň ösmegi bilen epiki gahrymançylygyň taryhynda düýpli özgeriş bolup geçýär. Gahrymançylykly dessanlar tema taýdan baýlaşýar, çeper poýetikasy sünnälenýär, obrazlar sistemasy giňeýär. Çeper beýan etmäniň täze usullary peýda bolýar. Esasan hem halkyň jemgyýete, söweşe bolan garaýşy özgerýär. Şu özgerişlere görä, bu döwürdäki epiki şahsyň edermenligi diňe duşmany ýeňmek bilen çäklenmändir. Ol indi tutuş halkyň ykbalyny gerdenide çekmek bilen tireleri birleşdirmek, erkin döwlet gurmak barada-da aladalanypdy. Sebäbi halkyň täze aladalary, täze sosial şert geçen döwrüň, geçen idealyň gahrymanynyň obrazyna siňip biljek däldi. Şu zerurlyk sebäpli täze döwür, sosial şert öz döwrüniň halk ogly Göroglyny orta çykarypdyr. «Gorkut atadaky» gönümel gahrymançylyk Görogluda paýhasly söz söweşi bilen ýerini çalşyrypdyr. Indi halk mümkin bolsa söweşiň üsti bilen däl-de, paýhasly sözüň kömegi bilen duşmandan üstün çykmaga sarpa goýupdyr. Halky söz sungatynyň kämilleşmegi hem öz işini ýerine ýetiripdir. «Görogly» dessanlar toplumy döredilipdir. Gahrymançylykly epiki döredijiligiň taryhynda «Görogly» ymykly ýer alyp, bu ugruň iň ýokary galan döwri bolupdyr. Türkmen halkynyň taryhynda bolan özgerişler, gönümel söweş taktikasy, tehnikasy, tehniki serişdeleriň döremegi, ýazuwyň kämilleşmegi, dini başga ýurda elgarama bolmak, halk döredijiliginiň döreýşine ters täsir edipdir. «Görogly» dessanyndaky harby hereketler we Göroglynyň edermenligi, täze harby ýaraglaryň we ösen hereketiň talabyna jogap berip bilmändir. Halk şeýle halatda täze gahrymanyň gözlegine çykypdyr. Türkmen folklorynda epiki gahrymançylygyň iň soňky nusgalary Keýmir körüň, Seýdiniň, Gökdepe galasynda edermenlik görkezip, şehit bolan gerçekleriň paýyna düşüpdir. Halk Keýmir körüň, Seýdiniň edermenliginde diňe söz söweşini görüpdir. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymy miflerden, Oguzlardan we soňky häkimliklerden alyp gaýdan epiki gahrymançylygy XIX asyryň ortasynda öz döreýşini we ösüşini bes edipdir. Soňky söweşlerde mertlik görkezen şahslar epiki gahrymana öwrülip bilmändirler. Türkmen halkynyň epiki gahrymançylygynyň dört sany çeper-taryhy ösüşi halkyň döredijilikli çeper jemgyýetçilik aňynyň, şahyranalyk we kyssaçylyk gözlegleriniň önümidir. Bu bolsa edermenligiň çeper ewolýusiýasynyň yzygiderli we baglanyşykly ösüşiniň, döredijilikli baýlaşmagynyň netijesinde uzak döwrüň dowamynda kemala gelendigine kepil geçýär. Häzirki türkmen mifologiýasy we gahrymançylykly dessanlary bolsa bu ösüşiň baglanyşykly ösüş bolandygyny ykrar edýärler. Şu ýerde ýene bir möhüm edebi hadysany ýatlamak gerek. Her bir gahrymançylykly halky dessanyň emele gelýän, kämilleşýän, ösýän we dargaýan döwürleri, wagtlary bardyr. Türkmen halkynyň gahrymançylykly dessanlary aşakdaky ýaly ýagdaýda döräpdirler, ösüpdirler we dargapdyrlar. BIRINJI DÖWÜR: Epiki gahrymançylygyň gözbaşynda mifiki gahrymançylyk durupdyr. Emma mifiň ykbaly ýaly, bu edermenlik soňra dörän efsanalara, ertekilere, hekaýatlara, dessanlara siňip gidipdirler. IKINJI DÖWÜR: Epiki gahrymançylygyň özenini düzen «Gorkut ata» eposy bolup, ol şeýle emele gelipdir. Ilki kyssa görnüşli hekaýatlardan ybarat bolup, kem-kemden dessana öwrülipdir. Ýazuwa düşenden soň, ol edebi eser hökmünde ykrar edilipdir we bir bölegi ýazuwda doňup galypdyr. Halk bolsa dessanyň hekaýatlaryny, rowaýatlaryny dilden-dile geçirip, biziň döwrümize çenli saklap galypdyr. «Gorkudyň gabry gazylgy», «Tekemuhammet» we beýleki rowaýatlardyr hekaýatlar muňa mysaldyr. ÜÇÜNJI DÖWÜR: Gahrymançylygyň üçünji ösüşiniň başynda duran «Görogly» dessan toparlary hem birden kemala gelmändir. Ilki dessan rowaýat, hekaýat şekilinde aýdylyp, ondan soň dessan toparlary emele gelipdir. Emma «Görogly» eposy «Gorkut ata» ýaly wagtynda ýazuwa düşüp bilmändir. Bagşyçylyk sungatynyň geçen asyryň ahyrynda we häzirki geçip barýan asyrda gowşamagy bilen «Görogly» dessanlar topary kem-kemden dargap başlapdyr. Şu ýerde dessan toparlarynyň diňe dargap başlamak bilen çäklenmändigini bellemelidiris. Halk Görogly hakyndaky täze hekaýatlary hem döredipdirler. DÖRDÜNJI DÖWÜR: Gahrymançylykly dessanlaryň soňky - dördünji ösüşine degişli Keýmir kör, Seýdi we beýlekiler hakyndaky hekaýatlar bolsa döwür bilen baglanyşykly dessana öwrülip bilmän, diňe hekaýatlar toplumlaryny emele getiripdirler. Türkmen halkynyň gahrymançylykly dessanlarynyň çeper-taryhy esaslary we ösüşi türki halklaryň gahrymançylykly dessanlarynyň döreýşini, ösüşini öwrenmekde möhüm çeşmedir. Türkmenleriň gahrymançylykly söz sungatynyň sakasynda duran «Gorkut ata» dessanlar toplumy bolsa dünýä medeniýetiniň deňsiz-taýsyz eseridir. Mundan 1500 ýyl töweregi öň gadymy Merwde göçürilen bu mukaddes kitap halkyň gadymy Ruhnamasy hökmünde tutuş adamzada hyzmat edip gelýär. Amanmyrat BAÝMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |