23:21 Klasdaşlaryma | |
KLASDAŞLARYMA
Goşgular
Bu ýyllaň mizemez kerwenin böwsüp, Bir pursatlyk dolansana, çagalyk. Mähribanym, klasdaşlarym bilen Şol mekdepde okaýyn men azajyk. Syr başymdan dünýäň ähli gamyny, Ýok, meniň başymda birje gam galsyn. O-da kynlyk bilen ýetişýän dersim – Matematikadan öý işim bolsun. Eýýäm gelinlin bolan klasdaş gyzlaň Çekeýin men ýarym garylyk zülpün. Gaharyna zülpi çekilen gyzlar “Şeker şapbat” bilen bersinler merkim. Men şeýle bir, men şeýle bir okaýyn, Getirmäýin mugallymlaň gaharyn... Garaz, hemme zada taýyn men, heňňam, Gaýdyp gelse şol bagtyýar mahalym. 25. 05. 2011 ý. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |