KNÝAZ A.M.GORÇAKOWA
Duşuşýan men on sekizinji ýaz bile.
Belki, seniñ bile iñ soñky ýola,
Gol tutuşyp köl boýundan barýaryn,
Tokaýyñ sesine pikir berýärin.
Nirede ol ýyllar ㅡ gamsyz halymyz?
Umyt ede-ede biz juwan ýaşda,
Dostum, täze günýä bardy ýolumyz,
Aýry-aýry yz goýarys durmuşda ㅡ
Deñ bolmaz bu täleý, bu ykbalymyz,
Saña ýol görkezdi fortunañ goly,
Bagtly, şöhratly görkezen ýoly ㅡ
Meniñ ýodam gamgyn, şeýle garañky,
Näzik hem ajaýyp gözellik señki.
Tebigat baýlygy saña garaşýar;
Döredildiñ erkin ömür sürmäge.
Şan-şöhratyñ hözürini görmäge.
Seniñ ömrüñ altyn ýyllary geldi.
Söýgi çagy, bagt gülleri geldi.
Şeýle bagtly boldy seb düýnki günüñ,
Bu günüñem bolsun bagtly seniñ.
Amur perman berýär. Sen ertir ýene
Täze gül dak gözel gyzlañ döşüne...
Görýän köp gözýaşyñ günäkäri sen!
Ýeñil oýnaş, aldaw, howandary sen,
Bularyñ baryna gaty bejit bol ㅡ
Özüñ täsire düş hemem täsir al.
Meniñ bagtym gara... ýolum dumandyr,
Nä üçin geljegi gizleýän ilden?
Öz-özüñi aldap ýaşamak kyndyr,
Bagty yzlap gitmek bagtsyz ýoldan.
Meniñ ömrüm bütin gaýgy bilen gam.
Bagtly bolandyr ýaşlygym, belki.
Duýman durkam, geçip gidipdir olam,
Undarmyñ ol bagty ㅡ çagalyk ýyly?
Olar geçip gitdi, ömürlik geçdi,
Yzlarynda goýup gysgajyk ýoly.
Çaga ömri oña gyzyl gül açdy,
Ol ýoldan örän şa geçdim ýel ýaly.
Geçmişi arzuwlap gaýgy-gam bilen,
Ömrüm ötýär gözýaşymyñ ýok soñy.
Seniñ dañyñ ýaz dañydyr baý güle,
Dostum, bilseñ, meniñ dañym güýz dañy.
Sessiz söýüp, ejir çekýäm bir özüm,
Söýýärin men, emma meñ umydym ýok.
Samsyk uky gaçyp, açylýar gözüm,
Dumanly hyýaly undup bilemok.
Ýüregim gam bilen gussadan doly,
Durmuş toýña ýeke myhman bolaryn.
Hunabalar ýuwdup misli bir däli,
Gelerin bir sagat, ýalñyz ölerin.
Gözümi ýummaga iñ soñky demde
Gelmez çola baýra, ýalñyz ölemde
Gynanyp uludan almaga demi.
Bagtly bolup söýmek ýatmyka maña?
Neneñ ýaşlyk ömrüm köýerkä, arman?
Näme üçin başda indim jahana,
Ölermikäm şatlyk ýüzüni görmän?
Alaç näme? Unudylan esger men,
Märekede ýitip giden bagşy men.
Geljekde sylagsyz galjak eser men,
Bolarmykam bagt täjiniñ nagşy men?
Nala kylmak utanç, kiçilik maña,
Bize dogry näme kylsa biribar!
Ýagşy gün görmeli dälmi men diñe?
Agynyñ hem gizlin bir höziri bar,
Öz kiçi sowgadym, dostlarmyñ bagty:
Durmuşymda bolar teselli, ýagty.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ KAWERINIÑ PORTRETINE
Onuñ damarlarynda esger gany çapýardy,
Marsow meýdanynda tupan bolup gopýardy.
Dostlaryna wepadar, gözellere jepadar ㅡ
Hemme ýerde gusardy.
■ GOŞGUÇYNYÑ ÖLÜMINE EPIGRAMMA
Merhum Klit geçmez dowzahdan añry,
Günä köpdür onda aýdylşy ýaly.
Onuñ etmişlerni unutsyn tañrym,
Onuñ şygyrlarnyñ ubdulşy ýaly.
* * *
■
Latofen diýipdir: ''Seniñki hem Meñki ㅡ
Bu sözler çaşyrdy dünýäniñ başyn''.
Ýöne meñ özümden soralsa ilki,
Şol ajap sözlere gurbandyr başym:
Men bolmadyk bolsam Klimenañky,
Ýa-da Klimena bolmasa meñki.
Niçiksi bolardy dünýäniñ reñki?
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
■ ÖZÜM HAKDA
Beýikligi küýseýän men,
Söýýän rossiýañ namysyn.
Oña kän zat wada berýän,
Başarýanmy? Hudaý bilsin!
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Goşgular